logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
MÜŇÝYLLYKLARYŇ ÝANY

Kitaphanalar

15.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan «Müňýyllyklaryň ýany» atly kitap sergi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylýan ýylymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gymmatly edebi mirasyny öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesillere taryhymyzy- edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölümiň okalga zalynda Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda «Müňýyllyklaryň ýany» atly kitap sergisi gurnaldy. Sergimizde Seýrek neşirler bölüminde bar bolan gadymy kitaplaryň sergisi gurnaldy. Sergimizde gatnaşan talyplarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
MAGTYMGULY PYRAGY-TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ BEÝIK ŞAHYRY

Kitaphanalar

15.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Magtymguly Pyragy-türkmen edebiýatynyň beýik şahyry” atly söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda her ýylymyz mynasyp at bilen atlandyrylýar. 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrlan ýylymyzda Akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde we ony geljeki nesillere ýetirmekde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň gurnamagynda “Magtymguly Pyragy- türkmen edebiýatynyň beýik şahyry” atly tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligimizi Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Magtymguly-dünýäniň akyldary”- atly ajaýyp kitabyndan şeýle diýýär. Magtymguly Pyragy-beýik hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerinde tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip, adamzada söýgini sygdyryp bilen akyldardyr- diýip belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabynda:–Magtymgulynyň şygyrlary ynsan saglygyna zerur bolan ähli gowy närseleri özünde jemleýän jana şypa beriji ruhy melhemdir–diýip, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly baha berilýär. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde hem uly ähmiýete eýe bolup durýar, Türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwlar edildi.

No image
2025-nji ýylyň 17-19-njy oktýabry aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi

Teatr we kino dünýäsi

15.10.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 18.10.2025ý. «Hindi rowaýaty» sagat 19:00 19.10.2025ý. «Gelinler» sagat 19:00 ____________________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 18.10.2025ý. «Päk söýgüniň güýji» sagat 19:00 19.10.2025ý. «Ene» sagat 19:00 ____________________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 17.10.2025ý. «Garaşanym» sagat 19:00 18.10.2025ý. «Gyzyl alma» sagat 19:00 18.10.2025ý. «Gumly gelin» sagat 19:00 ____________________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 17.10.2025ý. «Только о любви» sagat 19:00 18.10.2025ý. «Красная шапочка» sagat 12:00 18.10.2025ý. «Одна Испанская ночь» sagat 19:00 19.10.2025ý. «Бовенджик» sagat 11:00 19.10.2025ý. «Бовенджик» sagat 13:00 19.10.2025ý. «Андро и Сандро» sagat 19:00 ____________________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 18.10.2025ý. «Arşyn mal alan» sagat 19:00 19.10.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 ____________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 18.10.2025ý. «Gumly gelin» sagat 19:00 19.10.2025ý. «Şowhunly tomaşa» sagat 19:00 ____________________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 18.10.2025ý. «Alýaňak» sagat 17:00 18.10.2025ý. «Çagaly öý bazar» sagat 19:00 19.10.2025ý. «Böwenjik» sagat 12:00 19.10.2025ý. «Böwenjik» sagat 17:00 19.10.2025ý. «Çagaly öý bazar» sagat 19:00 ____________________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 17.10.2025ý. «Batyr towşanjyk» sagat 17:00 18.10.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00 19.10.2025ý. «Kämillik ýoly» sagat 19:00 ____________________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 18.10.2025ý. «Synag» sagat 18:00 19.10.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 18:00 ____________________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 18.10.2025ý. «Kalba siňen owazlar» sagat 19:00 19.10.2025ý. «Ene» sagat 19:00 ____________________ MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 18.10.2025ý. «Müneçjim» sagat 19:00 19.10.2025ý. «Garry oýnasa gaý turar» sagat 19:00

No image
KITAP BILIM HAZYNASY

Kitaphanalar

15.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy ýakynda Aşgabat şäherindäki 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde «Kitap bilim hazynasy» atly täze kitaplar barada söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz, kitabyň jadyly dünýädigini we onda sözleriň gudraty bilen bilelikde akyl-paýhasa baýdygyny belläp geçdiler. Magtymguly atamyzyň «Kitap okan gullar magnydan dokdyr» diýmegi hem şondandyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ýaşlaryň ylyma-bilime bolan höwesiniň ýokarlanmagynda kitap okamak ýörelgesinde möhüm orun degişlidir. Ýaşlarymyz kitap söýmelidirler. Kitap geljegimiziň nurlandyrýan, ýörejek ýollaryňa ýagtylyk saçýan şamçyragdyr». Diýmek, ruhy dünýämiziň kämil bolmagy üçin okamaly, okamaly ýene-de bir gezek okamalydygyny hünärmenimiz okuwçylara belläp geçdi. Söhbetdeşligimiziň dowamynda hünärmenlerimiz «Kitap geljege nur» atly täze gelen kitaplara bagyşlanyp sergisini gurnady. Bu sergide çagalar täze kitaplar bilen tanyşyp,uly höwes bilen okap öz aralarynda gyzykly sorag jogaplary alyşdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
«TANGO RITMINDE» ATLY KONSERT

Konsertler

15.10.2025

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda “Tango ritminde” atly ajaýyp we joşgunly konsert geçirildi. Bu agşam sahnada çykyş eden zehinli bagşylar we sazandalar, diňleýjiler üçin tangonyň joşgunly we duýguly ritmlerine bagyşlanan dürli eserleri ýerine ýetirdiler. Konsert Astor Piazzollanyň meşhur “Libertango” atly eseriniň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy. Bu kompozisiýa Perhat Tagiýewiň (akkordeon), Gözel Matkarimowanyň (skripka), Mähri Doliýewanyň (skripka), Ýunus Orazowyň (alt), Ahmet Babagulyýewiň (wiolonçel) we Ysmail Sähetmyradowyň (kontrabas) ýerine ýetirmegi bilen diňleýjileriň ünsüni aldy. Eseriň ilkinji akkordlary, zaly hyjuw we joşgun bilen doldurdy. Soňra R.Nepesowyň täzeden işlemeginde A.Agajykowyň “Türkmen tango” atly eseri diňleýjilerden uly minnetdarlyk aldy. Bu eser gündogar owazynyň we argentin tangosynyň utgaşma täsinligini beýan etdi. Ýusup Öwezowyň (klarnet) we Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň ýerine ýetiren Piazzollanyň “Cмерть ангела” we “Tango-café 1930” eserleri, sazlaryň çuňňur duýgusy we dramatizmi bilen diňleýjilerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. “Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi bolan Bahar Durdyýewanyň ýerine ýetiren “Yo soy Maria” we “Утомленное солнце” atly aýdymlaryny hem aýratyn bellemek gerek. Onuň duýguly ýerine ýetirilişi diňleýjileriň ýüregine çuňňur täsir etdi. 4-nji çagalar sungat mekdebiniň «Saýrak bilbiller» çagalar hory, Gülälek Baýrammyradowanyň ýolbaşçylygynda S.Ekimowyň “Танго мухи” eserini ýerine ýetirip, diňleýjileriň ýüreklerini mähir bilen doldurdy. Aýratyn hem A.Gaýnuliniň “Eýforiýa” atly eseri has uly gyzyklanma döretdi. Bu eseriň ýerine ýetirilmeginde Karina Sultanowa Ýelena Arakelýanyň sazandarlyk etmeginde öz tansy bilen tango duýgusyny we hereketini janlandyrdy. Konsertiň ahyrynda K.Gardeliň “Tango por una Cabeza”, R.Nepesowyň “Tango 13” we H.M.Rodrigesiň “La Cumparsita” ýaly meşhur eserler ýaňlandy. Bu eserler konserti jemläp, diňleýjilerde duýguly täsir galdyryp, batly elçarpyşmalar bilen garşylandy. Bu konsert, ýerine ýetirijileriň ýokary ussatlygyny görkezdi, konsert zaly bolsa tango joşguny, saz we sungaty bilen doly boldy. Her bir çykyş, diňleýjileriň ýüreklerinde güýçli täsir we ýatdan çykmajak owazlary galdyrdy. ______________________ Dünýägözel ALMOWOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň mugallymy

No image
«MEŞREP MEN»

Edebiýat älemi

15.10.2025

«MEŞREP MEN» Kyblamyň telwasynda saýyl awara Meşrep men, Gözi ýaşly, kaddy elip, kalby set para Meşrep men. _________________________________________ Bolmasa-da köňlümde dünýäň zerre deý mähri, Sen diýip iki älemden geçip, ykmanda Meşrep men. _________________________________________ Ölüp gitsem, seniň derdiň soňra-da gitmegeý asla, Lahat içre pygan eýläp, özüm biçäre Meşrep men. _________________________________________ Eneden gaýly gün dogdum, seniň yşkyňda ah urdum, Muhabbet dagynda örtäp, özüm saýýara Meşrep men. _________________________________________ Muhabbet jamyndan meý berdiler, içmezlige çäräm ýok, Gözümden gan ýaşym dynman akar, hunhora Meşrep men. _________________________________________ Başyma müň bela gelse, dilär men wysalyň, sopy, Başym kesseň hossarym ýok diýen görgüli Meşrep men. _________________________________________ Halaýyklar ýaman diýp kowar her säher barsam, Märekeden ýekirilen bir saňsar-a, Meşrep men. _________________________________________ Özümiň halk içre ryswalygmy hiç kes bilmez, Jiger-janym pida eýläp, bir hilegär Meşrep men. _________________________________________ Men sergezdan Meşrebe muhabbeti beýan eýläň, Namaz-rozadan jyda bolan bir diwana Meşrep men. _________________________________________ «DÜNÝÄ GELIP BILMEZDEN MEN LAÝA BATA GALDYM...» Dünýä gelip bilmezden men laýa bata galdym, Mejalym ýok bolsa-da, agyz söz gata galdym. _________________________________________ Gördüm onuň duşmany ruhdur beden ekeni, Seslenip, iki gözüne men birdem baka galdym. _________________________________________ Girdim men bir meýhana, bilsem-de köýjegimi, Ýöne metjide girip, buz ýaly gatap galdym. _________________________________________ Ynan, men bir terkidünýä, a sende ybadat, Müň takwany bir käse men meýe sata galdym. _________________________________________ Ýekelik şerbetini gana-gana içdigim, Mansur kibi men dara başymy asa galdym. _________________________________________ Telbeligmiň şöhraty indi äleme doldy, Bir näzi üçin iki jahanda oda galdym. _________________________________________ Aýyplamaň bihuda men Meşrebi, ýaranlar, Neýleýin, bu aýralyk ýolundan öte galdym. _________________________________________ «EGER AŞYKLYGYMY AÝTSAM...» Eger aşyklygymy aýtsam, köýüp jan-u-jahan örtär, Bu yşk syryn beýan etsem, ýeke-täk hanyman örtär. _________________________________________ Bir kişä yşk odundan sähelçe ýetse bolar girýän, Bolup bisabyr-bitakat, ýürek-bagry ýakan örtär. _________________________________________ Yşka saldyň hanymanym, köýüp-ýandym pyragyňda, «Nigara» diýp adyň tutsam, lezzeti zyban örtär. _________________________________________ Eý, janym, juwan dil bilen seniň waspyň beýan etsem, Dilim laldyr, gözüm girýan, ganatlarym pynhan örtär. _________________________________________ Ne ýowuz gün eken, jana, wysalyňdan jyda bolmak, Meň ahymyň tütünine zemin hem-de asman örtär. _________________________________________ Bu dert bilen harap boldum, gelip halymy sormasaň, Gamyň başga, derdim başga, ýüregimi pygan örtär. _________________________________________ Bu Meşrebiň derdin janym, her kimiň başyna salma, Eger magşarda ah ursam, behişti jawydan örtär. _________________________________________ «BABARAHYM MEŞREP» (TERJIME EDEN A.REJEPOW)

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ «DAEWOO» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

15.10.2025

14-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini hem-de şunda Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly goşandyny belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ähli ugurlar boýunça ösdürilýän koreý-türkmen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykýar. Koreý kompaniýalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri iri türkmen bazarynda, hususan-da, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda netijeli işleri alyp barýarlar. Işewür häzirki wagtda Türkmenistanyň himiýa senagatynyň innowasion ösüşiň aýdyň mysaly bolup durýandygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bu işe goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady. Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň ozalky Baş sekretary Pan Gi Muna, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň ozalky Başlygy Kim Çžin Pýo, şeýle hem Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ozalky ýolbaşçysy Li Dal Gona iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de olara mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda ykdysady ösüş maksatnamalarynyň, senagat özgertmeleriniň amala aşyrylýandygyna ünsi çekip, şunda ekologiýa ugurly “ýaşyl” taslamalara möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda gowaça çöpünden “ýaşyl” metanoly öndürmegiň mümkinçilikleriniň öwrenilýändigini aýtdy. Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän gowaça ekologik taýdan arassalygy we bu önümçilige ýaramlylygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanda işewürlik üçin amatly şertleriň döredilýändigini göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze ugurlarda ösdürmek babatda mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Daewoo» kompaniýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda täze gurulýan desgalaryň gurluşygynda ekologik kadalaryň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, taslamalaryň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Işewür Türkmenistanda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juwa alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi. ________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERINIŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY

Halkara gatnaşyklary

14.10.2025

13-nji oktýabrda Haydar Alyýew Merkezinde Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasynda çykyş eden Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary Myrat Huseýnow Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Azerbaýjanda geçirilmegine minetdarlygyny bildirdi. Ol Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halklarynyň umumy taryh, medeni kökler we sarsmaz dostluk gatnaşyklary birleşdirýändigini belledi. Ministriň orunbasary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň halklaryň has ýakyndan tanyşmagy, özara medeni alyş-çalşygy giňeltmek we geljekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döredýändigini nygtady. Öz gezeginde Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini belledi. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Azerbaýjanda geçirilmegi halklarymyzyň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga hyzmat edýär. Şeýle hem ol medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeljekdigine umyt bildirdi. Soňra myhmanlar türkmen halkynyň baý medeni mirasyny görkezýän surat sergisi bilen tanyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň aýdym-saz nusgalary, bu ýurduň milli lybaslary, bezeg we amaly-haşam sungatynyň eserleri we muzeý eksponatlary görkezildi. Çäräniň çäklerinde türkmen tanslary we aýdym-saz çykyşlary görkezildi. 15-nji oktýabra çenli dowam etjek Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Bakuwda we Gandjada çäreler geçiriler.

No image
PARAHATÇYLYK MEKANY, DOST-DOGANLYK MUKAMY

Kitaphanalar

14.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda «Parahatçylyk mekany, dost-doganlyk mukamy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler eziz Watanymyzda parahatçylyk söýüjilikli ýaşaýşy berkarar etmek ugrunda uly işler alnyp barylýandygy şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň mekany hökmünde tanalýandygy barada belläp geçdiler. Ýurdumyzyň parahatçylyk mukamy dünýäniň dürli künjeklerinde dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk sazlaşygyny döredýändigi, hem-de ýurdumyzda ýaňlanýan parahatçylyk mukamy diňe bir türkmen halkynyň däl eýsem, bütin adamzadyň arzuwlarynyň beýanydygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda asuda asmanyň astynda, bagtyýar döwrüň gujagynda döredilip berilýän ajaýyp şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
TÜRKMEN OJAGYNYŇ WEPALY SAKÇYSY

Kitaphanalar

14.10.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen ojagynyň wepaly sakçysy» atly maslahat geçirildi. Çykyşlarda ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, şan-şöhradyny dünýä ýaýmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýändigi, türkmen alabaýlaryny goramak we köpeltmek, tohum arassalygyny saklamak hem-de ösüp gelýän ýaş nesillere pederlerimizden miras galan itşynaslyk sungatyny öwretmek şeýle il bähbitli işleriň sanawuny artdyrýandygy, asyrlardan aşyp gelýän ýol-ýörelgeler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýändigi barada gyzykly çykyşlar boldy. Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleri tarapyndan guralan «Dünýä meşhur alabaý» atly kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan Türkmen alabaýy atly kitabynyň üç dilde ýerleşdirilmegi gatnaşyjylarda uly tasir galdyrdy.