logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

02.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda sagat 15:00-da Hatyra gününe bagyşlanyp «Pederleriň hatyrasy–halkymyzyň hakydasy» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy. Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAG ŞÄHERINIŇ GURLUŞYGYNYŇ IKINJI TAPGYRY BOÝUNÇA TAÝÝARLANAN TASLAMALAR BILEN TANYŞDY

Täzelikler

02.10.2025

1-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Häzirki döwürde Milli Liderimiziň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha ýokarlanýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Täze şäheriň özboluşly binagärlik aýratynlyklary, onuň gözellik derejesi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede amala aşyrylýandygyny görkezýär. Munuň özi şäheriň gün-günden gözelleşýän keşbinde öz beýanyny tapýar. Şunda Arkadag şäheriniň ilatynyň ýokary derejeli eşretlerden peýdalanyp, maşgala mukaddesligini goramagyny, ýaşlaryň arasynda milli mukaddesliklere bolan söýginiň ösdürilmegini üpjün etmek ugrunda köpçülikleýin tagallalary zerurdyr. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň we beýleki binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. _____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

02.10.2025

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, Milli goşunyň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy. Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň çäklerinde Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de ýokary hünär derejeli harby gullukçylary taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine raýatlary harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak boýunça häzirki wagtda dowam edýän işleriň guramaçylykly geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişini üpjün etmek maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler hem-de prokuror gözegçiliginiň we prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunçylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, kanunçylyk namalarynyň takyk berjaý edilmegini üpjün etmekde prokuror gözegçiligini dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda resminama gol çekdi. Içeri işler ministri M.Hydyrow ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” şygary astynda geçirilen bir aýlygyň jemleri barada aýdyldy. Onuň çäklerinde ýol-ulag hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegini wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler geçirildi. _____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
EDEBI DOSTLUK–EBEDI DOSTLUK

Edebiýat älemi

01.10.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hormatly Prezidentleriniň bilelikdäki goldaw-hemaýatlary netijesinde häzirki döwürde türkmen we özbek halklarynyň arasynda köp asyrlaryň dowamynda däbe öwrülen goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklary barha ösdürilýär. Biziň dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar medeni-ynsanperwer ulgamda hem işjeň häsiýetde ösdürilýär. Medeni ulgamyň hyzmatdaşlygynda toplanan baý tejribe we hoşniýetli däpler bu ugurdaky gatnaşyklary dowam etmäge, iki ýurduň taryhyna, medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna gyzyklanmalary höweslendirmäge ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat şäherinde «Daşkent» seýilgähi, Daşkent şäherinde «Aşgabat» seýilgähi guruldy. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň paýtagtlary doganlaşan şäherler hökmünde dostlukly gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Gündogaryň beýik akyldarlary we danalary Magtymguly Pyragynyň hem-de Alyşer Nowaýynyň paýhasly eserleri dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynda orun aldy. Aşgabat we Daşkent şäherlerinde Magtymguly Pyragynyň hem-de Alyşer Nowaýynyň ýadygärlikleri guruldy. Türkmenistanda özbek ýazyjy-şahyrlarynyň, Özbegistanda hem türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri terjime edilip, yzygiderli neşir edilýär. Ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda özbek ýazyjy-şahyrlary Abdylla Aripowyň, Erkin Wahydowyň, Raul Parfiniň, Hurşyt Döwranyň, Hosiýat Rustamyň, Behzod Fazliddiniň, Zulfiýa Isroilowanyň, Ötgür Haşymowyň Nasyrjan Joraýewiň Tölepbergen Mätmyradowyň, Ybraýym Ýusubowyň, Rahima Şamansurowanyň, Mahfuza Imamowanyň eserleri, şeýle hem, Adyl Ýakubowyň «Ulugbegiň hazynasy» atly romany, Mirzaahmet Norbekowyň «Teýmirleňiň ömrüniň on iki güni» atly traktatlary we başga-da birnäçe eserler çap edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda özbek halkynyň nusgawy we häzirkizaman şahyrlarynyň eserleriniň terjime edilmegi hem, türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlygynyň aýdyň subutnamasydyr. _________________ Akymyrat REJEPOW Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri

No image
DILLERI SENALY, SÖZI PÄHIMLI

Kitaphanalar

01.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli «Dilleri senaly, sözi pähimli» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrýan ajaýyp baýram–Ýaşulylaryň halkara güni biziň ýurdumyzda agzybirlik we ruhubelentlik bilen dabaraly bellenilip geçilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Ýaşululara hormat goýmak, mährem enelerimizden ak pata almak halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, geljekki nesillere görüm-görelde, terbiýe mekdebi bolup durýandygy hakynda belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ÝAŞULULARYŇ DURMUŞ TEJRIBESI–JEMGYÝETIŇ SAZLAŞYKLY ÖSÜŞINIŇ ESASY

Kitaphanalar

01.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Ýaşulularyň durmuş tejribesi–jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň esasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde türkmen döwletinde asylly däbe görä, her ýylyň oktýabr aýynyň 1-ne Halkara ýaşulular güni dabara bilen bellenilip geçirilýär. Bu däbiň bellenilip geçirilmegi-de, gadymy däplerimize ygrarlydygymyzy, ýaşululara hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini ýokary galdyrmak ýaly ýörelgelerimizi täze mazmun bilen baýlaşdyrýandygymyzy, Garaşsyzlyk ýyllarynda her bir döwletli tutumlarda ilki bilen ýaşululara sala salmak, maslahat geçirmek, il içinde ýokary adamkärçiligi bilen görelde bolýan ýaşuly neslimize «Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy» diýen mertebeli atlaryň dakylmagy watandaşlarymyzyň başyny göge ýetirýändigi hakynda gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaşulular jemgyýetiň paýhas hazynasy bolup, bu hazynany aýawly saklaýan, onuň gadyr-gymmatyna belent sarpa goýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
PARAHATLYK, ASUDALYK–ÝÜREKLERIŇ ARZUWY

Kitaphanalar

01.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Parahatlyk, asudalyk–ýürekleriň arzuwy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýändigini hem-de Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenip, halkara derejesinde belent abraýa eýe bolýandygy hakynda gürrüň berdiler. Geçmiş taryhymyzda açyk asmanyň asuda bolmagy pederlerimiziň ynanjy bolup, ynsanperwerlige, hoşniýetli goňşuçylyga, parahatçylyk söýüjilige ýugrulan asylly ýörelgeler häzirki döwürde döwrebap ösdürilýändigi we dünýä ýaýylýandygy barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdymyzyň halkara abraýynyň belende galmagy ugrunda bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
ÝAŞULULAR PÄHIM-PAÝHAS MEKDEBI

Kitaphanalar

01.10.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli «Ýaşulular pähim-paýhas mekdebi» atly maslahat geçirildi. Bu çärä il hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, kitaphana işgärleri we Türkmenabat şäherindäki orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Gatnaşyjylar kitaphana işgärleri tarapyndan guralan «Ýaşulularyň göreldesi-ýaş nesillere ýörelge» atly kitap sergisine syn etdiler şeýle-de döwrebap ýaşamana döredip berilýän şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdylyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTANDA IRLANDIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

Täzelikler

01.10.2025

30-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Irlandiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Kler Brosnandan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Irlandiýanyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Söhbetdeşligiň barşynda diplomat milli parlamentiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri, Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunda Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän döwletler, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň we Irlandiýanyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň çäklerinde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy. Kler Brosnan mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady we netijeli türkmen-irland gatnaşyklaryny dürli ugurlarda has-da ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady. _____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ÝAŞULYLARYŇ GÖRELDESI-ÝAŞLARYŇ ÝÖRELGESI

Muzeýler

30.09.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň» altyn güýziniň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär. Milli senenamyzda mynasyp orun alan her ýyl ýurdymyzda uly şatlyk–şowhun bilen bellenilýän Ýaşulylaryň Halkara güniniň dabaraly, göwün joşdurujy çäreleri gadymy Lebabyň medeniýet ojaklaryny, edara-kärhanalaryny toý lybasyna besläp hemişelik bitaraplygymyzyň barha golaýlaşýan ajaýyp baýramynyň uly joşguna beslenýän çäreleri bilen utgaşýar. Şu gün Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ýaşulylaryň Halkara güni mynasybetli «Ýaşulularyň göreldesi-ýaşlaryň ýörelgesi» atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Il-sylagly ýaşulylaryň, kümüş saçly mährem eneleriň, hem-de eşretli zamanamyzyň bagtyýar nesilleriniň uly ruhubelentlikde gatnaşmagynda muzeý gymmatlyklaryndan düzülen, milli mirasymyzy şöhlelendirýän sergi ýaşuly nesliň wekillerinde bagtyýar zamanamyzyň mährem enelerinde şeýle-de bagtyýar körpelerde uly buýsanç duýgusyny döretdi. Serginiň açylyş dabarasynyň dowamynda muzeýe täsirli gezelenç gurnaldy. Täsirli hem-de ýatda galyjy pursatlara beslenen gezelenjiň dowamynda ýurdumyzda ýaşuly nesliň wekillerine çäksiz sarpa goýýan, halkymyzy toýly günleriň gujagynda, parahatçylygyň, asudalygyň goýnunda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny beýan etdiler. _____________________ Gülüstan HUDAÝAROWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri