logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Garaşsyz, Bitarap eziz Watanda, waspyň sena boldy dillere bedew

Kitaphanalar

24.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Garaşsyz, Bitarap eziz Watanda, waspyň sena boldy dillere bedew» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygy, görkanalygy jahana ýaýylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, behişdi bedewleriň waspyny dünýä ýaýmakda, milli oýunlary, sungatyň ajaýyplyklaryny dabaralandyrmakda asylly maksatlara eýerilip, türkmen ýigitleriniň ahalteke bedewlerine erk etmegi, milli oýunlarda ezberligi bilen öňe saýlanmagy dünýä ýüzündäki şöhratyny ýene-de belent derejelere ýetirilýändigi barada beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýäde belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bedew batly ösüşleriň mekany

Kitaphanalar

24.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” köpugurly stadionynyň bilelikde guramagynda «Bedew batly ösüşleriň mekany» ady bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” köpugurly stadionynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatlary, taýsyz tagallalary bilen badalga berilýän taryhy tutumlaryň rowaçlyklara beslenmegi, ägirt uly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ata Watanymyz, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze üstünlikler ýurdumyzyň beýik ösüşlerini, milli gymmatlygymyz bolan behişdi bedewleriň şöhratyny dünýä ýaýjak ýol-ýörelge bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, bu günki günde bedew bady bilen ösýän ýurdumyzda milli ýörelgelerimize uly üns berilýändigi barada buýsançly sözlerini beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENIŇ MIRASY – DÜNÝÄNIŇ MERJENI

Medeni miras

24.04.2026

#### *Gadymy Mary topragyna ylmy-etnografik ekspedisiýa guraldy* Biziň türkmen halkymyz tutuş adamzat taryhynda gaýtalanmajak medeni-ruhy gymmatlyklary bilen meşhurlyga eýe bolan iň gadymy halklaryň biridir. Nepisligi we reňk sazlaşygy bilen naýbaşy orny eýeläp gelen halylarymyz, bahar ýaýlalaryny ýatladýan keçelerimiz, tebigat gözelliklerine bäs edýän keşdelerimiz, altyn suwy çaýylyp ýasalan şaý-seplerimiz – bularyň hemmesi dünýä medeniýetiniň altyn täjine öwrülen gymmatlyklarymyzdyr. Çeper döredijilige baý, zähmetsöýer we taýsyz ukyp-başarnygyň eýesi bolan halkymyzyň döreden we bize miras bolup gelip ýeten şeýle ajaýyp nepislikler türkmeniň gözelligi döretmäge bolan başarnygyny, çeper ukybyny äleme ýaýdy. Ol gymmatlyklar, şol sanda halk çeper döredijiliginiň aýratyn bir ugry bolan ussaçylyk türkmeniň senedi sungata öwrüp bilýän halkdygyny tassyklap, umumadamzat gymmatlyklaryň hataryny baýlaşdyrdy. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň hiç wagt öz gymmatyny ýitirmejek mirasyny öwrenmek, özboluşly ussatlyga we döredijilik ukybyna eýe bolan senetkärlerimiziň esasyny goýan halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny döredijilikli ösdürmek we miras baýlyklarymyzy özümizden soňky nesillere ýetirmek babatynda ägirt uly işler alnyp barylýar. Halk arasyna aýlanyp, milli gymmatlyklarymyz baradaky maglumatlary toplamak maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ylmy-döredijilik toparynyň döredilmegi we bu topar tarapyndan welaýatlara ylmy-etnografik ekspedisiýanyň guralmagy hem halkymyzyň müň ýyllyklara dowamat boljak mirasy hakyndaky aladadyr. Golaýda bu topar bereketi egsilmejek Mary topragynda, Mary welaýatynda bolup geldi. Biziň ylmy-döredijilik toparymyz öz işini welaýatyň etrapdyr oba-şäherlerinde alyp barmak bilen ýerli ýaşaýjylar, kärine ussat senetkärler, halyçydyr, keşdeçiler, zergärler, palas-kilim önümlerini dokamak bilen meşgullanyp gelýän gelin-gyzlar, halk ussaçylygyny döredijilikli dowam etdirýän ussalar, halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalary baradaky maglumatlary köp bilýän ýaşuly nesiller bilen duşuşdylar. Toparymyz bu gadymy toprakda Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň medeni durmuşy, döredijiligi, senetçiligi, dokmaçylygy, zergärçiligi, milli tagamlary, ussaçylygy, folklory bilen ýakyndan tanyşmaga, baý maglumat toplamaga mümkinçilik tapdy. Biz öz toparymyzyň agzybir agzalary bolup haly-palas dokamak, keçe basmak, agaç ussaçylygy, milli şaý-sepleri ýasamak, halk döredijilik görnüşleri, milli däp-dessurlar, bu ýeriniň aşhana medeniýeti, milli tagamlary baradaky maglumatlary topladyk. Mary welaýatyna guralan bu iş saparymyz biziň ylmy-döredijilik toparymyz tarapyndan guralan dördünji ekspedisiýadyr. Nesip bolsa, bu topar bilen gadymy Ahal topragynda maglumatlary toplamak işi mynasyp derejede dowam etdiriler. Bize şeýle sogaply işe mynasyp goşant goşmaga döredip beren giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerimizdäki alkyşymyz çäksizdir. Halk mirasyny öwrenmekde bize nusgalyk ýoly görkezip, milli gymmatlyklarymyzyň ählitaraplaýyn goraglylygyny üpjün edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, mertebeleri belent, aljaklary diňe alkyş bolsun. Döwletli işlerinde hemişe rowaçlyklar ýar bolsun. Sözümiz gury bolmaz ýaly Mary welaýatyndan toplanan alkyş-dileglerden bir parçasyny size ýetirmegi makul bildik: Saçaňňyz etli bolsun, Düzlermiz otly bolsun, Güne meňzeş nan ýapmaga, Tamdyrňyz otly bolsun, Gadamňyz batly bolsun, Tagamňyz datly bolsun, Dowamyňyz ogul-gyz, Olar gaýratly bolsun, Palaw buglanyp dursun, Döwür çaglanyp dursun, Ýaplardan bal suw aksyn, Suwlar ekini ýaksyn, Saçaklar toýa ýazylsyn, Juwanlar söýenne ýazylsyn, Bedew batly bu mekanda, Topragmyzdan altyn önsün, Bu türkmene döwran dönsün, Berkarar döwletimiziň Bagtyýardyr illeri, Arkadagly Serdar bilen - Galkynýar göwünleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň, Ugur alsyn, ýörän ugurlary, Uzap gitsin ýaşlary, Aman bolsun başlary, Rowaç alsyn işleri! OGULTÄÇ HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ylmy-döredijilik toparynyň ýolbaşçysy

No image
KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

24.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi kitaphana gelip gowşan täze kitaplardan kitaphana syn geçirildi. Bu kitaphana synynda çykyş edenler Döwlet kitaphanasyna dürli pudaklara degişli täze gelip gowşan edebiýatlar bilen okyjylary tanyşdyrdylar,şeýle hem kitaphana synynda kitaplaryň iň gyzykly ýerlerinden okyjylara okap berdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.

No image
Jan saglygyň bolmaz hiç deňi taýy

Kitaphanalar

24.04.2026

Lebap welaýat çagalar kitaphanasy Türkmenabat şäheriniň 65-nji çagalar bagynda “Jan saglygyň bolmaz hiç deňi taýy” ady bilen çagalar ertirligini geçirdiler. Kitap okamak çagalaryň sagdyn, arassa, belent ruhly ösüp kemala gelmeklerine öz täsirini ýetirýär. Körpeler öz arasynda Watanymyzy wasp edýän goşgulary, aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bu ajaýyp pursatlar çagalarda örän täsir galdyrdy. Ýaş körpelerimiz ýerine ýetirilen goşgularyň üsti bilen Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Bedew batly Watanymyz - dünýä içre şan-şöhratly

Täzelikler

23.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Bedew batly Watanymyz - dünýä içre şan-şöhratly» atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi dabaraly açyldy. Sergide Berdisähet Gurbansähedowyň «Bedew», «Çölde», Gülkamar Hojaýewanyň «Wepaly dost», Dürbike Ahmedowanyň «Jahanda», Arzuw Rozyýewanyň «At-myrat», Hemra Nazarowyň «Maksada tarap», Güljemal Nuryýewanyň «Garlawaç», Orazjemal Bäşimowanyň «Asuda asmanyň astynda», Suraý Myradowanyň «Bedew», Aýşat Gulowanyň «Ak han», Enebaý Baýramowanyň «Ak bedew», Pälwan Tirkişowyň «Bedew» atly eserleri bellenmäge mynasypdyr. Ady rowaýata öwrülen «Asman atlary» türkmen şekillendiriş sungatynda belentden çeper beýan edilýär. Ahalteke bedewleri çeýeligi, gözelligi, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Türkmen ýigitleri at üstündäki çylşyrymly oýunlary ezberlik bilen başarýarlar. Türkmen halkynyň taryhy ahalteke bedewleri bilen berk baglanyşyklydyr. Behişdi bedewlerimiziň keşbi ussat suratkeşler tarapyndan kendire müň bir öwüşgünli reňkleriň üsti bilen geçirilýär we ylahy güýç berýän pikirler bilen baýlaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew» atly kitaplarynda halkymyzyň baý medeni mirasy, onuň atçylyk sungaty bilen bagly bolan gadymy däp-dessurlarymyz barada ajaýyp maglumatlar berilýär. Atçylygyň milli däpleri bilen baglanyşykly taryhy we edebi maglumatlar nakyllarda, halk pähimlerinde öz beýanyny tapýar. Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz wepaly dosty bolupdyr. Munuň şeýledigine «Aty baryň – ganaty bar», «Ýyndam atyň bahasy bolmaz» ýaly halk nakyllary aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan bu sergi 10 gün dowam eder.

No image
Dünýä ýaň salan milli gymmatlyklarymyz

Muzeýler

23.04.2026

Ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen birlikde medeniýet ulgamyny ösdürmek, galyberse-de, türkmen medeniýetini we sungatyny döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Watanymyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna, sanly ulgamyň gazananlary arkaly muzeý işini ösdürmek barada uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hereket edýän artmuseum.gov.tm internet sahypasynda ýerleşdirilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar astyndaky onlaýn sergisi halk köpçüligine ýetirildi. Muzeýiň internet sahypasynyň täzelikler bölüminde ýerleşdirilen bu muzeý taslamasynyň ýurdumyzda ilkinji gezek girizilendigini bellenildi. Açylan onlaýn serginiň maksady sanly ulgamyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmek hem-de ýerlikli peýdalanmak bolup durýandygy dogrusynda muzeýiň ylmy işgäri Güljeren Atabaýewa “Altyn asyr Türkmenistan” teleýaýlymynda çykyş etdi. Bu taslamany (onlaýn sergini) durmuşa geçirmekde bar bolan sanly infrastruktura we elýeterli internet mümkinçiliklerine esaslanyldy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň internet salgysynda hereket edýän virtualmuseum.gov.tm internet sahypasy dogrusynda «Dünýä ýaň salan milli gymmatlyklarymyz» atly gepleşikde muzeýiň Mahabatlandyryş neşir edijilik bölüminiň müdiri Aýgül Bekmiýewa «Türkmenistan» teleýaýlymynda çykyş etdi. «Wirtual muzeý» taslamasynyň üsti bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gaýybana syýahat edip, muzeý gymmatlyklary barada giňişleýin maglumat almak mümkinçiligi elýeterlidir.

No image
Gadamy batly – baky şöhratly bedew

Kitaphanalar

23.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde “Gadamy batly – baky şöhratly bedew” atly türkmen edebiýatynda bedew atynyň keşbiniň şöhlelendirilişine bagyşlap çeper okaýyş geçirdi. Çärämiziň hormatly myhmanlary “Behişdi ahalteke atlary” žurnalynyň baş redaktory Narly Nuryýew hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ylmy-usulyýet müdirliginiň usulçy redaktory Baýram Goçmyradow “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly şadessanlarymyzda, “At myrat”, “At münen döwletli bolar”, “At agynan ýerde toý bolar”, “Atdyr ýigidiň myrady”, “Atym bar – ganatym bar”, “At adamyň ganaty – zeminiň görki” ýaly nakyllarda, dünýäniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň “At gazanar goç ýigidiň, owal başda aty gerek” ýaly goşgy setirlerinde bedew atymyza bolan milli garaýyşlaryň öz beýanyny tapyşy barada täsirli gürrüňleri berdiler. “Dal bedewler, döwrüň uçar ganaty” atly göçme kitap sergisi hem guraldy. Çärämize işjeň gatnaşan okuwçylaryň sahnalaşdyrylan sahna eserleri hem-de olaryň türkmen bedew atlarymyzy wasp edip ýerine ýetiren goşgulary çärämize aýratyn bezeg berdi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň atçylyk pudagy ösdürýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Biz erteki gahrymanlaryny gurjaklaryň üsti bilen janlandyrýarys

Kitaphanalar

23.04.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy ýakynda Aşgabat şäherindäki 75-nji çagalar bagynda “Biz erteki gahrymanlaryny gurjaklaryň üsti bilen janlandyrýarys” atly söhbetdeşlik geçirdi. Kitaphananyň hünärmeni körpeje jigilerimize erteki barada gysgaça gürrüň berip, olaryň halaýan ertekileriniň gahrymanlaryny gurjaklaryň üsti bilen hereketlendirip kiçijik sahna oýunlary görkezdiler. Şeýle hem, çagalar uly höwes bilen oýuna gatnaşdylar.

No image
Kitap syny

Kitaphanalar

23.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi Gahryman Arkadagymyzyň iňlis dilinde neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň XVII tomundan syn geçirdi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtorlygynda neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplar toplumy, türkmen topragynyň şypaly baýlyklaryny, halk lukmançylygynyň gadymy ýörelgelerini we häzirki zaman fitoterapiýasyny özünde jemleýän örän gymmatly çeşmedir. Bu kitabyň täze XVII tomunda gadymy türkmen lukmanlarynyň, şol sanda Berdimuhamet Annaýewiň, Magtymguly Pyragynyň we beýleki taryhy şahsyýetleriň dermanlyk ösümlikler baradaky garaýyşlaryna hem orun berilýär. Her jiltde ösümlikler botaniki taýdan suratlandyrylyp, olaryň düzümindäki peýdaly maddalar barada ylmy maglumatlar berilýär. Bu ensiklopediýa diňe bir lukmanlar we dermanşynaslar üçin däl, eýsem, ösümlik dünýäsi bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ylmy ensiklopedik iş hökmünde bu kitap dünýäniň köp dillerine terjime edilip, halkara ylmy jemgyýetçiligine uly gyzyklanmasyny döredýär. Çykyş edenler kitaphana synynyň ahyrynda ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.