TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

RF-niň Baştutany hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandyny belläp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän ünsi üçin Prezident Wladimir Putine minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzda Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar. Hyzmatdaşlyk ýyllarynda ýokary netijeler gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

«Türkmenistan» gazeti