WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY


WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk konserwatoriýamyzyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Gözel Aýnazarowanyň ýolbaşçylyk etmeginde alnyp baryldy.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu geçirilen duşuşyk toplumy ýurt abadançylygy saklamaga,ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramaga, şikesler sebäpli döreýän keselleriň we maýyplygyň öňüni almaga gönükdirilendir.

Bu wagyz-nesihat duşuşygyny geçirmek üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň wekili polisiýanyň podpolkownigi Nepesgylyç Halymow, polisiýanyň maýory Daýanç Durdyýew, polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň wekili polisiýanyň maýory Döwran Amanmyradow, Jenaýat agtaryş müdirliginiň wekili, polisiýanyň maýory Serdar Akmämmedow, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň wekili Hajarbibi Handurdyýewa, Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary Döwletgeldi Durdymuhammedow, Türkmenistanyň döwlet merkeziniň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Täçsoltan Kakajanowa, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäheri Talyplar saglyk öýüniň lukmany Şemşat Arabowa, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Parahat Kakajaýew, Türkmenistanyň Baş Prokuraturasynyň wekili, Nurjemal Baýramowa hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmaklarynda guralan wagyz-nesihat, öwüt-ündew we düşündiriş häsiýetli çäräniň uly ähmiýeti boldy. Olaryň her haýsy bu çäräniň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmekde uly ähmiýeti bardygyny belläp geçdiler. Duşuşygyň dowamynda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda kanunyň üstünde durlup geçildi. Bu kanun hukuk bozulmalarynyň öňüni alyş ulgamynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we onuň işleýşiniň umumy kadalaryny, hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, görnüşlerini we öňüni alyş taýdan täsir etmegiň usullaryny belleýär diýip dürli mysallaryň üsti bilen aýdyň düşündirdiler.

Bu düzgünleriň doly berjaý edilmegi diňe bir degişli gulluklara bagly bolman, eýsem her birimiziň raýatlyk borjy bolup durýar. Döwlet derejesinde ýaýbaňlandyrylan ýol hereketiniň howpsuzlygy adam hakyndaky aladanyň çuňňur beýanydyr. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bagtyýar ýaşadýan, biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.



Maral AKMÄMMEDOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyby