OWAZYŇ BELENTDE BOLSUN BAGŞY!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygarynyň astynda türkmen halkynyň her güni toýdyr-dabaralara beslenýär.
Ilki bilen biz ýaşlara aýdym-saz sungat äleminde ähli mümkinçilikleri döredip berýän we «Ýaşlar biziň geljegimizdir» diýip uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys.
Ýaňy ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň muzeýinde halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň uly mugallymy Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Mähri Hojaýewanyň ýekelikdäki konserdi geçirildi.
Konserty «Bagşyçylyk sungaty» hünäriniň V ýyl talyby Akjemal Halmyradowa alyp bardy. Dabaranyň dowamynda türkmen milli saz gurallary dutaryň we oňa gyjagyň sazandarlyk etmeginde, birnäçe türkmen halk aýdymlary, Bibi Orazdurdyýewiň, Allaýar Çüriýewiň, Geldi Bäşiýewiň, Berdinazar Hudaýnazarowyň goşgularyna ýazylan ajaýyp eserleri ýerine ýetirdi.
Konsertyň açylşynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Akmyrat Çaryýewiň meşhur «Gyz ýüreginiň aýdymy» eserini mahmal sesli halypa mugallym Mähri Hojaýewa ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Oňa şol kafedranyň ussat mugallymlary Murat Aşyrow dutar saz guralynda, Gurban Baýjykow bolsa gyjak saz guralynda sazandarlyk etdiler.
Dabaranyň dowamynda Akmyrat Çaryýewiň «Garaşsyzlyk aýdymy» atly joşgunly eseri tomaşaçy talyplaryň gyzgyn el çarpyşmalary bilen diňlenildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ajaýyp döwrüni wasp edýän aýdymyň sözleri kalbyňa siňip gidýär.
Konsertyň dowamynda «Ulus-illerde», «Ýigide», «Gözleriň», «Öwezjan», «Ezizim ýok araňyzda», «Apbanepes» ýaly dürli owazly türkmen halk aýdymlary şirin owazly halypa mugallymymyz Mähri Hojaýewa joşgunly kalby bilen ýerine ýetirdi.
Alyp baryjy Akjemal Halmyradowa dabaranyň ahyrynda halypalara, berk jan saglyk, mundan beýläk hem döredijilik işlerinde uly-uly üstünlikler arzuw etdi.