DÜNÝÄ SUNGATYNDA SARAGT BABAÝEWIŇ DÖREDIJILIGINIŇ ORNY


DÜNÝÄ SUNGATYNDA SARAGT BABAÝEWIŇ DÖREDIJILIGINIŇ ORNY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly dabaralanýan ýylymyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryhy çykyşlary etdiler we milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde köp işleri alyp barýan ussatlarymyza hormatly atlar dakyldy. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulusy, ussat heýkeltaraşymyz Saragt Babaýewe hem Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy türkmen şekillendiriş sungaty üçin uly taryhy waka öwrüldi.

2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada mynasyp bolan halypamyz, ussat heýkeltaraşymyz Saragt Babaýewiň döredijiligine bagyşlanyp «Arkadag Serdarly bagtyýar döwür» atly döredijilik maslahaty geçirildi. Halypamyz Saragt Babaýewiň döredijiliginiň köp ýyllaryň dowamynda Magtymguly Pyragynyň çeper keşbini döretmek boýunça ençeme işler kiçi we uly göwrümli heýkeltaraşlykda ýerine ýetirildi. Magtymguly atamyza bagyşlanyp äpet heýkeliň döredilmegi bolsa, Saragt Babaýewiň ýene-de bir ýola döredijilik üstünlikleriniň biri bolup, halypamyzyň türkmen sungatyny ösdürmekde alyp barýan uly gerimli işleriň aýdyň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen beýik şahyrymyzyň ömri döredijiligini, edebi mirasyny halkara derejesinde şöhratlandyrmak we dost-doganlyk gatnaşyklary berkitmek maksady bilen Magtymguly Pyragymyza bagyşlanyp, ýagny dünýäniň dürli künjeklerinde Saragt Babaýewiň we onuň şägirtleriniň ýerine ýetirilmeginde heýkel ýadygärlikler dikeldildi.

2008-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Stawropol sebitiniň Edelbaý türkmen obasynda Magtymguly Pyragymyzyň ýadygärliginiň açylmagy şol ýerdäki türkmen ildeşlerimiz üçin ýatdan çykmajak taryhy waka öwrüldi. Soňra halypamyzyň ýene-de bir ajaýyp döredijilik eseri 2009-njy ýylyň maý aýynda Magtymguly Pyragynyň paýhasly keşbini dabaralandyrýan monumental heýkeli Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäheriniň merkezinde, ýagny Astrahan döwlet uniwersitetiniň öňündäki seýilgähde oturdylyp, birnäçe döwlet wekilleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.

2012-nji ýylda dostlukly Türkiýede hem beýik türkmen nusgawy söz ussady Magtymguly Pyragymyza ýadygärlik ebedileşdirildi. Ankara şäherinde «Türkmenistan» seýilgähinde oturdylyp, dabaraly ýagdaýda açyldy. Akyldaryň milli häsiýetli, paýhasly keşbini hem ussat halypamyz Saragt Babaýew tarapyndan bürünç materialyndan ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň 4-nji iýul aýynda bolsa Gazagystanyň paýtagtynda, ýagny Astana şäheriniň merkezinde Saragt Babaýewiň ýerine ýetiren Magtymguly Pyragymyzyň dana keşbini suratlandyrýan ýene-de bir ajaýyp ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýadygärlik özboluşly iki dost-doganlyk halklarynyň baky gatnaşyklarynyň we ruhy agzybirliginiň nyşanyna öwrüldi.

Ýaňy ýakynda-da hem 1-nji sentýabr aýynda Täjigistan Respublikasynyň Dusti etrabynyň Magtymguly Pyragynyň ady dakylan 500 orunlyk orta mekdebiniň öňünde Saragt Babaýewiň şägirtleriň biri bolan çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň müdiri, heýkeltaraş Polat Mämiýewiň ýerine ýetiren Magtymguly Pyragymyzyň heýkel ýadygärligi açyldy.

Ýakynda türkmen halkymyz üçin hem-de Saragt Babaýewiň halal zähmetiniň ýerine düşendigini tassyklaýan uly buýsançly taryhy waka boldy, ýagny Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda Moskwa şäherinde daşary ýurt diller Döwlet kitaphanasynyň howlusynda halypanyň şägirdi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, zehinli heýkeltaraş Zahit Babaýewiň döreden «Magtymguly» atly heýkeliň açylyş dabarasy geçirildi.

Görşümiz ýaly, daşary ýurtlardaky Russiýada, Türkiýede, Täjigistanda we Gazagystanda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanyp döredilen ýadygärlikleri türkmen edebiýatymyza, şahyrymyza we heýkeltaraşlyk sungatymyza uly hormat-sarpanyň hem-de dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanydyr.

Türkmen ussatlarymyza ýokary derejeli atlary dakyp, belentden sarpalaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn! Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!



Aýjan KADYROWA



Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy