TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «JOHN DEERE» KOMPANIÝASYNYŇ MERKEZI AZIÝADA STRATEGIK HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «JOHN DEERE» KOMPANIÝASYNYŇ MERKEZI AZIÝADA STRATEGIK HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly senesi mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda «John Deere» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony kabul etdi.

Ç.Leýko wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şatlykly pursatlara baý bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Şeýle hem myhman türkmen toýlarynyň gerimine, halkyň agzybirlikde dabaralandyrýan pursatlaryna haýran galandygyny belledi. Bu dabaralar ýurduň sazlaşykly ösüş ýoly bilen gadam urýandygynyň, halkyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygynyň, ähli nurana arzuwlaryň hasyl bolýandygynyň güwäsidir.

«Türkmenistan» gazeti