TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA KOMISSARYNY KABUL ETDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA KOMISSARYNY KABUL ETDI

3-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary hanym Ýutta Urpilaýneni kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi we ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşygyň we onuň çäklerindäki gepleşikleriň üstünlikli geçmegini arzuw etdi hem-de gazanyljak ylalaşyklaryň Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

«Türkmenistan» gazeti