GARAŞSYZLYK BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
Dünýä ýaň salan Türkmenistan Watanymyzyň mizemez baýramçylygy bolan Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 33 ýylynyň her bir ýyly türkmen halky üçin öçmejek üstünliklere beslendi. Berkarar döwlete ýeten eziz diýarymyz her bir işi maksatnamalaýyn wezipeleriň durmuşa geçirilendigine, olaryň esasynda bolsa döwlet dolanşygynyň her raýatyň agzybirlikde durandygyna göz ýetirýäris. Bu geçen 33 ýylyň içinde medeniýetimizi, ykdysadyýetimizi, senagatymyzy ösdürmekde uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň we edilýän hyzmatlaryň dünýä derejesindäki hilini gazanmaga mümkinçilik berýän esasy şertler döredildi. Şeýle hem senagat pudagynyň, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny pugtalandyrmak, deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlaryny özünde jemleýän halkara häzirki zaman ulag ugurlaryny döretmek maksady bilen, giň möçberli çäreler durmuşa geçirildi we geçirilýär.
Halkymyzyň agzybirligi netijesinde uly ruhubelentlik bilen bellenilýän baýramlaryň naýbaşysy bolan Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň her bir künjeginde halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine eýerilip guralan Döwlet Maslahaty külli türkmeniň göwnüni galkyndyrdy. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Garaşsyzlyk baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden, uly joşgun bilen bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk-bagtymyz» atly kitabynda: «Garaşsyzlyk diňe biziň özbaşdak döwletimiziň barlygyny däl, ozaly bilen, özbaşdak halk hökmünde biziň özümiziň barlygymyzy aňladýandyr. Garaşsyzlyk-barlygymyz. Garaşsyzlyk-bagtymyz» diýlip bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk halkymyzyň şöhratly taryhynyň öçmejek ýazgylarydyr. Geçmişe ýaň salan taryha, altyn harplar bilen ýazylýan şu günümizdir, bu taryhy öňe, diňe öňe alyp gitjek ýagty ertirlerimizdir.
Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz döwletimiz halkara gatnaşyklar ulgamyna, dünýäniň ykdysady aragatnaşyklaryna işjeň gatnaşýar. Hormatly prezidentimiziň syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirilen işleri bu gün dünýä bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan hem-de halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraýy has-da belende galýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ähli pudaklarynda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Her bir üstünlikleriň sakasynda bolsa Gahryman Arkadygymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň netijeli işleri ýola goýulandyr. Gazanylýan üstünlikler türkmen halkyny has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Beýik işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadygymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de bütin türkmen halkymyzy Garaşsyzlyk baýrymy bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys.