TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim sebitiň ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar, ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Döwlet harmanyna tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, organiki we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin ýerleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, sürüm işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim welaýatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi, dekabr aýynda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

«Türkmenistan» gazeti