ALYP BARYJY TALYPLARYŇ BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda talyp ýaşlaryň çeper dilliligini, sözleýiş ukyplaryny, artdyrmak maksady bilen alyp baryjy talyplaryň arasynda bäsleşik geçirildi.
Bäsleşikde konserwatoriýanyň öňdebaryjy talyplary çykyş edip, özleriniň ukyp başarnyklaryny açyk we aýdyň görkezdiler. Bäsleşik jemi üç şertden ybarat bolup, birinji şerte laýyklykda, bäsleşige gatnaşýan talyp akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürli temadaky bir goşgusyny ýatdan labyzly ýerine ýetirmeli. Bäsleşigiň ikinji şertine görä degişli gurmaçy tarapyndan berilen konsert programmasyny dürli dillerde dogry we dürs okamaly. Bäsleşigiň üçünji şertine gatnaşýan talyplar hekaýadyr oýlanmany sazyň astynda täsirli ýerine ýetirmeli.
Bäsleşigiň şertlerini, gatnaşan talyplar doly we dogry ýerine ýetirdiler. Emin agzalary özleriniň adalatly pikirlerini aýtdylar. Bu bäsleşige: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Jemgyýeti öwreniş» kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Gözel Aýnazarowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Jemgyýeti öwreniş» kafedrasynyň mugallymy Altyn Hydyrowa, Türkmenistanyñ telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleýaýlymynyň «Miras» radioýaýlymynyň hazynalar çeşmesi bölüminiň jogapkär kätibi Oguljahan Gurbanowa emin agza bolup gatnaşdylar. Bäsleşikde, «Saz mugallymçylygy» hünäriniň 2-nji ýyl talyby Ataýewa Selbinýaz birinji oruna, «Saz mugallymçylygy» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ýazgylyjow Ýusup ikinji oruna, «Kirişli saz gurallary» hünäriniň 1-nji ýyl talyby Orazowa Aýna üçünji orna mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýaşlar guramasy tarapyndan diplomlar hem-de kitap sowgatlary bilen sylaglanyldy. Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli geçdi. Bu bäsleşik talyplaryň kitaba bolan söýgüsini has hem artdyrdy.
Şu pursatda biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, alan bilimizi kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!