ÝURDUMYZDA «GORKUT ATA» HALKARA KINOFESTIWALY ÖZ IŞINI TAMAMLADY


ÝURDUMYZDA «GORKUT ATA» HALKARA KINOFESTIWALY ÖZ IŞINI TAMAMLADY

15-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal öz işini tamamlady. Bu medeni çäre myhmansöýer türkmen topragynda türki döwletleriň kino sungatynyň wekillerini bir ýere jemläp, ony geçirmek başlangyjynyň esasynda goýlan parahatçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik ýörelgeleriniň mizemezliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Kinofestiwalyň üçünji güni Türkmen halysynyň milli muzeýine guralan tanyşlyk çäresi bilen başlandy. Muzeýde maddy we medeni mirasymyzyň gymmatlyklary, gölleriň üsti bilen halkymyzyň şöhratly taryhyny şöhlelendirýän bahasyna ýetip bolmajak haly eserleriniň ýüzlerçesi görkezilýär. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen, çeperçilik gymmaty we özboluşly dokalyş aýratynlyklary boýunça örän seýrek duş gelýän haly önümleriniň jemlenmegi muzeýiň el halylaryny gorap saklamaga, öwrenmäge, wagyz etmäge ýöriteleşen edara hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigini subut edýär. Häzirki wagtda bu naýbaşy sungat eserleri daşary ýurtly myhmanlarda çuňňur gyzyklanma döredip, bütin dünýäde meşhur bolan türkmen halylarynyň gözelligini we kämilligini açyp görkezýär.

Soňra festiwala gatnaşyjylar halkymyzyň geçmişini we şu gününi şöhlelendirýän sergi, medeni we ruhy mirasymyzy, gadymy däp-dessurlarymyzy gorap saklamak üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Jemleýji günde myhmanlar üçin «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gezelenç hem guraldy.

«Türkmenistan» gazeti