logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
MERKEZI AZIÝADA ÝITMEK HOWPY BOLAN MIRASY GORAMAK BOÝUNÇA SEMINAR: TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI

Halkara gatnaşyklary

11.10.2025

2025-nji ýylyň 6-8-nji oktýabry aralygynda Almaty şäherinde “Merkezi Aziýada mirasyň ýaşaýşyny goramak mümkinçiligini güýçlendirmek” atly seminar-maslahat geçirildi. Bu seminar-maslahat Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Almaty şäherindäki ÝUNESKO-nyň sebit bölümi tarapyndan gurnaldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň wekilinden ybarat bolan türkmen wekiliýeti, maddy däl medeni mirasy goramagyň mehanizmlerini gowulandyrmaga gönükdirilen diskussiýalara we amaly gönükmelere işjeň gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar gyssagly gorag sanawyna girizmek üçin täzelenen anketalar bilen tanyşdylar, beýleki ýurtlaryň üstünlikli tejribelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň çäginde Almatydaky “Qazaq Oner” senetçilik merkezine syýahat edildi. Bu ýerde merkeziň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen milli keçe, keramika we metal önümleriniň öndürýän ussahanalaryň öý goşlaryny we şaý-sepleri öndürmek prosesi bilen tanşyldy. Bu seminar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda maddy däl medeni mirasy gorap saklamakda we halkara medeni mirasy goramak ülňülerini durmuşa geçirmekde hem-de tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. _________________ Güljan NOBATOWA Maddy däl medeni miras müdirligi.

No image
KITAP DOST-DOGANLYK KÖPRÜSI

Halkara gatnaşyklary

11.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet Kitaphanasynda Täjigistan respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary dolyygtyýarly ilçisi Niýatbekzoda Wafonyň, şeýle hem şol ilçihananyň üçünji sekretary Raşidow Mahmaşarifyň gatnaşmagynda “Kitap dost-doganlyk köprüsi” ady bilen täjik edebiýatlarynyň sergisi guraldy. Bu guralan kitap sergisinde, Täjigistan Respublikasynyň ýazyjy-şahyrlarynyň döreden eserleri, Gahryman Arkadagymyzyň täjik diline terjime edilen ajaýyp kitaplary, şeýle hem täjik edebiýatlarynyň türkmen diline geçirilen nusgalary bu guralan kitap sergisini bezedi.Kitaphana gelen okaýjylar türkmen we täjik dillerindäki kitaplar bilen giňişleýin tanyş boldular. Serginiň açylyşynda çykyş edenler iki doganlyk ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösmeginde kitabyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.Şeýle hem kitap sergisiniň çäklerinde olar döwlet kitaphanasyna täjik dilindäki birnäçe edebiýatlary sowgat berdiler.Bu bolsa iki doganlyk halkyň medeniýetiniň we sungatynyň has hem ösmegine öz täsirini ýetirer.

No image
WENA ŞÄHERINDE GARAŞSYZLYGYNYŇ 34 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALY MEDENI KABUL EDIŞLIK GEÇIRILDI

Halkara gatnaşyklary

07.10.2025

2-nji oktýabrda Awstraýa Respublikasynyň Wena şäheriniň merkezinde ýerleşýän «Grand Hotel Wien» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan dabaraly syýasy-medeni çäre geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy Awstriýa-Türkmen Jemgyýetiniň goldawy bilen gurady. Bu medeni kabul ediş çäre Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň, Wena şäher häkimliginiň, Wenada akkreditlenen diplomatik korpusyň we halkara guramalarynyň wekilleri, Awstriýanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Awstriýanyň Ykdysadyýet palatasynyň ýolbaşçylary, kompaniýalaryň ýolbaşçylary, türkmen talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Agşamyň aýdym-saz maksatnamasy türkmen sazandalarynyň we aýdymçylarynyň halk sungatynyň eserleri bilen çykyşlary boldy. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň milli sungatynyň sergisi guraldy we milli tagamlar hödürlendi.

No image
NETIJELI GEÇEN DUŞUŞYK

Halkara gatnaşyklary

07.10.2025

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Medeniýet ministriniň we syýahatçylyk müdirliginiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Irlandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda bellenen Ilçisi Kler Brosna hem-de Irlandiýa Respublikasynyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ikinji sekretar-konsuly Karen Winsent arasynda iş duşuşygy geçirildi. Iş duşuşygynyň dowamynda Medeniýet ministri Türkmenistanyň Medeniýet ulgamynyň işi barada şeýle-de ýurdumyzyň medeniýeti, taryhy, aýdym-saz sungaty barada durup geçdi. Şeýle-de ýurtlaryň arasynda syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek üçin iki ýurtda syýahatçylyk boýunça geçirilýän sergilere we maslahatlara gatnaşmak teklip edildi. Myhman Kler Brosna öz çykyşynda ýurdumyzyň däp-dessurlarynyň, taryhynyň we Aşgabat şäheriniň arhitekturasynyň örän owadandygyny we özünde uly täsir galdyrandygyny belledi. Şeýle-de bu duşuşykdan soňra iki ýurduň arasynda medeni gatnaşyklaryň işjeň häsiýete geçjekdigini, iki döwletiň arasynda medeni we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda örän wajyp bolup durýandygyny belledi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/36SAM.jpg)

No image
GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNA AGZA DÖWLETLERINIŇ MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI

Halkara gatnaşyklary

17.09.2025

2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Medeniýet ministri wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň Duşenbe şäherinde geçirilen Medeni hyzmatdaşlyk boýunça nobatdaky 40-njy geňeşiniň mejlisinde bu döwletleriň arasynda alnyp barlan we geljekde meýilleşdirilýän medeniýet babatdaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu Gurama agza döwletleriň Gumanitar ugurda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşi 2019-njy ýylda Aşgabat şäherinde geçirildi. Şonuň ýaly hem, Mary şäheri 2012-nji ýylda, Daşoguz şäheri bolsa 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi we şol ýyllarda ýurdumyzda agza döwletleriň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ençeme medeni çäreler geçirilendigini bellemek gerek. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/bhuj.jpg) Ýurdumyzyň medeniýet, sungat, döredijilik wekilleri Gurama agza döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyklaryň çäklerinde birek-biregiňkide geçirilýän medeni çärelere işjeň gatnaşýarlar. Mejlisiň işine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan Türkmenistanyň Medeniýet ministri hem öz gezeginde Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyna hem uly ähmiýet berilýändigi barada belläp geçdi. Şeýle hem ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça nobatdaky 40-njy geňeşiniň mejlisiniň gün tertibinde seredilen meseleleri Türkmen tarapynyň goldaýandygy, geljekde bu dostlukly döwletler bilen medeniýet babatdaky hyzmatdaşlygy işjeň ýagdaýda dowam etdiriljekdigi barada aýtdy we mejlisiň işine gatnaşanlara işlerinde üstünlik arzuw etdi.

No image
GYRGYZ RESPUBLIKASYNDA HALKARA SYÝAHATÇYLYK FORUMY GEÇIRILDI

Halkara gatnaşyklary

17.09.2025

2025-nji ýylyň 15-16-nji sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Jalal-Abad şäherinde Türk döwletleriniň Guramasynyň Halkara Syýahatçylyk forumy geçirildi. Forumda durnukly syýahatçylygy ösdürmäge, türk ýurtlarynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmäge we öňdebaryjy tejribe alyşmaga bagyşlandy. Foruma döwlet edaralary, syýahatçylyk kärhanalary, halkara guramalary we Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Wengriýanyň 150-den gowrak wekili gatnaşdy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/25.jpg)

No image
«TÜRKSOÝ» AGZA ÝURTLARYŇ HEMIŞELIK MINISTRLER GEŇEŞINIŇ 42-NJI MEJLISINE TAÝÝARLYK

Halkara gatnaşyklary

21.08.2025

2025-nji ýylyň 18-20-nji awgusty aralygynda Türki medeniýetiniň halkara Guramasynyň (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň hemişelik ministrler geňeşiniň 42-nji mejlisine taýýarlyk görmek üçin 5-nji ýokary derejeli wekiller ýygnagy Türkiýe Respublikasynyň Trabzon şäherinde geçirildi. 2025-nji ýylda ýerine ýetirlen hem-de 2026-njy ýylda ýerine ýetirilmäge degişli çäreleri ara alnyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkiýe Respublikasynyň Trabzon şäherinde geçirilýän TÜRKSOÝ-yň Hemişelik wekiller derejesindäki maslahatyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Maýa Saparowa gatnaşdy. 2026-njy ýylda meýilleşdirilýän medeni çäreleri, şeýle hem türki dünýäsinde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ugrundaky tagallalary ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda geljekki hemişelik geňeşiň gün tertibinde esasy meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda: türki halklarynyň umumy medeni mirasyny wagyz etmek; ýaşlaryň arasynda medeni alyş-çalyş maksatnamalaryny ösdürmek; sungat we edebiýat pudagyndaky taslamalara goldaw; «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty -2026» çäginde çärelere taýýarlyk işleri barada boldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22.jpg)

No image
«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA BMG-niň DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLER BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MASLAHATYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY

Halkara gatnaşyklary

05.08.2025

2025-nji ýylyň awgust aýynyň 5-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa foruma gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary, hökümet ýolbaşçylary, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri, ýokary derejeli wekiliýetleriň agzalary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda bu forumyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi. Daşary ýurtly myhmanlar öz çykyşlarynda halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini nygtadylar.

No image
BMG-NIŇ MASLAHATYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝAŞLAR FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY

Halkara gatnaşyklary

04.08.2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde geçirilýän Ýaşlar forumynyň açylyşy boldy. Forum BMG-a agza döwletleriň we BMG-niň guramalarynyň ýokary derejeli wekillerini, şeýle hem Ýaşlar geňeş toparynyň agzalaryny we beýleki ýaş aktiwistleri öz içine alýan ýaş wekilleri bir ýere jemleýär. Forumyň esasy maksatlary, ýaşlary LLDC üçin täze Hereket Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, Durnukly Ösüş Maksatlaryna (SDG) ýetmek üçin tejribe alyşmak we deňsiz-taýsyz ýurtlaryň sosial-ykdysady ösüşine gönükdirilen çözgütleri we başlangyçlary işläp düzmekdir.

No image
«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA BMG-nyň DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLER BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MASLAHATYNYŇ ÇÄKLERINDE PARLAMENT FORUMY GEÇIRILDI

Halkara gatnaşyklary

04.08.2025

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi. Foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we onuň wekilleri gatnaşdy. Parlamentara gatnaşyklar ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy berkitmegiň, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň öňe sürýän parlament diplomatiýasy häzirki wagtda parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň netijeli guraly bolmalydyr. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli halk parlamentarizminiň düýp mazmuny we häsiýeti barada aýdylanda, möhüm, ykbal çözüji çözgütleri kabul etmek üçin iň mynasyp, parasatly, döwleti dolandyrmakda tejribesi bolan, jogapkärli, öňdengörüji adamlary saýlamagyň halkymyzda asyrlaryň dowamynda ýörelge bolup gelýändigini bellemeli. Halk wekilçiliginiň öňden gelýän baý mirasyna daýanyp, ýurdumyzda häzirki zaman şertlerinde bu tejribäniň dowam etdirilmegi üpjün edilýär. Häzirki wagtda Mejlis häkimiýetiň diňe bir kanun çykaryjy şahasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, asyrlaryň dowamynda synagdan geçen taryhy däpleriň hem mynasyp dowam etdirijisidir. Onuň netijeli işi döwlet gurluşynyň berkararlygynyň, syýasy ulgamyň kämilleşdirilmeginiň, sazlaşykly jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, okgunly durmuş-ykdysady ösüşiň esasy sütünleriniň biri bolup durýar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/01.jpg) Soňky döwürde milli parlamentiň alyp barýan işi hil taýdan täze derejä çykaryldy. Kanun çykaryjylygyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek bilen bir hatarda, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy berkitmäge, özara düşünişmäge, dürli milletden bolan adamlaryň arasynda deňhukuklylyga hem-de hormata esaslanýan dialogy ýola goýmaga, medeniýetleriň arasynda aragatnaşyk köprülerini gurmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge-de uly ähmiýet berilýär. Parahatçylyk döredijilikli strategiýa laýyklykda, dostlukly ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň iş gurallaryny işläp düzmek we kämilleşdirmek ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenendir. Bu babatda Türkmenistanyň Mejlisiniň alyp barýan işi dürli ugurlardaky, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Parlamentara Birleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy ýaly iri halkara institutlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri öz içine alýar. Garaşsyz Türkmenistanyň üýtgewsiz garaýyşlary ýurtlaryň we halklaryň arasynda deňhukukly, özara hormata esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda dünýä giňişliginde BMG-niň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam bermekde jemlenýär. Şu nukdaýnazardan, dünýäniň birnäçe döwletleriniň parlament ýolbaşçylarynyň, ugurdaş halkara we sebit guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awazada geçirilýän köptaraply duşuşyk ägirt uly ähmiýete eýe boldy. Sebäbi Türkmenistan dürli syýasy ulgamly we garaýyşly ýurtlaryň açyk, netijeli gepleşikleri geçirip biljek ählumumy parlament meýdançasy bolup çykyş edýär. Garaşylyşy ýaly, parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň dowamynda häzirki zaman parlamentarizmini ösdürmek barada pikir alyşmalar geçirildi. Olarda halklaryň we döwletleriň, olaryň ykdysady, durmuş-medeni ösüşiniň bähbidine mundan beýläk-de bilelikde işleşmek üçin anyk ugurlar kesgitlenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän, Watanymyzyň okgunly ösüşini üpjün etmäge, Türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, dünýäniň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändigine aýdyň göz ýetirýärler. Umuman, parlament ýolbaşçylarynyň Awaza duşuşygy parlamentara hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini, onuň ösüşiniň geriminiň giňdigini we dürlülige baýdygyny görkezmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, bu forum kanun çykaryjylygyň iň gowy tejribelerini we parlament işiniň usullaryny alyşmakda abraýly meýdançalaryň biri bolýar.