logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Medeniýet sözünden döwür gülleýär

Kitaphanalar

24.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet sözünden döwür gülleýär» atly Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda söhbetdeşlik geçirildi hem-de göçme kitap sergisi gurnaldy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalara, Medeniýet hepdeliginiň uly toý-baýramlara beslenip geçirilýändigi hakynda söhbet etdiler. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän dabaralar halkymyzda, aýratyn hem, medeniýet we sungat ussatlarynda täze ýeňişleriň ruhy joşgunyny döredýändigi, ýazyjy-şahyrlaryň kalbynda ylham joşup, bagşy-sazandalaryň ýüreklerinde buýsanç duýgusyny artdyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň many-mazmunynyň gymmaty hakynda söhbet edilip, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde watançylyk duýgusyny has-da ösdürmekde kitaplaryň gymmatly gollanma bolup durýandygyny buýsanç bilen beýan etdiler.

No image
Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň rowaç menzilleri

Kitaphanalar

24.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Bagyr medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň rowaç menzilleri» atly çäre hem-de kitap sergisi geçirildi. Çärede çykyş edenler her ýylyň iýun aýynda giň gerime eýe bolup geçirilýän Medeniýet hepdeligi, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny gülledip ösdürip, giňden dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Medeniýet hepdeliginde halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň, milli ýörelgeleriniň, halk döredijiliginiň giňden dabaralanýandygyny nygtadylar. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmekde uly işleri alyp barýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek we kitaphanalarda elektron neşirleriň goruny döretmek işiniň esasy ugurlary

Kitaphanalar

24.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda Balkan welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet günine gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Balkan welaýat kitaphanasynyň Çagalar üçin kitap okalýan otagynda körpeje kitapsöýüjiler bilen “Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek we kitaphanalarda elektron neşirleriň goruny döretmek işiniň esasy ugurlary” atly okuw-tejribe maslahaty geçirildi. Häzirki döwürde ýaş nesilleriň kitap okamaga bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak we bilim derejesini ýokarlandyrmak barada alynyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Olar bilen söýgüli ertekileri esasynda sorag-jogap alşyldy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tejribe alyşmak, täze pikirleri orta atmak we geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen şeýle okuw-tejribeli maslahatlary geçirmeklige mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Medeniýet günleri – birleşdirýär illeri

Kitaphanalar

24.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda Arkadag şäheriniň “Märkaw” myhmanhanasynda “Arkadag” teleýaýlymynyň “Bagt şäheriniň säheri” atly gepleşiginiň ýazgy etmekliginde “Medeniýet günleri – birleşdirýär illeri” atly söhbetdeşlik duşuşygyny Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet günine bagyşlap geçirdi. Milli medeniýetde halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, gadymy gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýär. Medeniýetiň ösen ýerinde milletiň döredijilik ukyby artýar. Medeniýetiň ösdürilmegi sungatyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, edebiýaty döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Ýurdumyzda dabarasy uludan tutulýan baýramçylyklar, medeni çäreler bagtyýar watandaşlarymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar, ýaş nesilleriň halkymyzyň şöhratly taryhyna, däp-dessurlaryna, medeni gymmatlyklaryna buýsanjyny artdyrýar. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi we sungatymyzy pajarladyp ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Medeniýet kalplary ýakynlaşdyrýan gymmatlyk

Kitaphanalar

24.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Ylham” seýilgähinde Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň Şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet kalplary ýakynlaşdyrýan gymmatlyk» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiz, halkymyzyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýändigi, häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary derejeli medeni çäreleriň geçirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi, onuň çäklerinde-de medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi, milli medeniýetimizi giňden ösdürmäge mümkinçilik berýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri esasynda gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Milli medeniýet öçmejek sungat

Kitaphanalar

24.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýet öçmejek sungat» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ildeşlerimizi täze ýeňişleriň ruhy joşgunyna besläp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda medeniýetiň we sungatyň bu baýramynyň Balkan welaýatynda ýaýbaňlandyrylandygyny barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Medeniýeti baý bolan halk, öz sungatynyň gözelliklerini, aýratynlygyny dünýä ýaýmak üçin milli döredijilikli däplerini, gymmatlyklaryny, mirasyny çuňňur özleşdirýändigi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz diýarymyzy toý-baýramlaryň mekanyna öwüren, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Medeniýet halklary dostlaşdyrýar, sungat halklary baýlaşdyrýar

Kitaphanalar

24.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Büzmeýin medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda “Aşgabat” medeni dynç alyş merkezinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet halklary dostlaşdyrýar, sungat halklary baýlaşdyrýar» ady bilen aýdym – sazly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda medeniýete we sungata aýratyn sarpa goýulýandygyny, bu ugurda durmuşa geçirilýän uly işleriň netijesinde-de türkmen medeniýeti, sungaty has-da kämilleşip, onuň köpöwüşginliligi bilen giňden tanalýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda medeniýet we sungat ussatlary birnäçe ajaýyp aýdy-sazlary ýerine ýetirdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Meniň çeken suratym – başlangyjy sungatyň

Kitaphanalar

24.06.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bellenilen meýilnama laýyklykda tomusky dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesindäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda “Meniň çeken suratym–başlangyjy sungatyň” ady bilen surat çekmek boýunça bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda höweslije çagalar okan ertekileriniň gahrymanlarynyň suratyny çekmek esasynda özara bäsleşdiler. Ýeňijilere sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan zehinlije çagalar özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Sagdyn durmuş ýörelgämiz

Kitaphanalar

23.06.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda tomusky dynç alyşdaky çagalaryň dynç alşyny gyzykly, täsirli we şadyýan geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hyzmat ediş bölümi, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi, Aşgabat şäher PM-niň Berkararlyk etrap PB-niň KÝÝIBB - niň bilelikde guramaklarynda Gökderedäki “Altyn damja” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Sagdyn durmuş ýörelgämiz” diýen şygar astynda sportuň futbol, woleýbol, uzak aralyga ylgamak, tanap çekmek görnüşleri, asfaldyň ýüzüne surat çekmek we göçme kitap sergisi, sergide goýlan edebiýatlara syn boýunça çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda ýaş nesilleriň bilim-terbiýesi, kitap okamagyň ähmiýeti, milli gymmatlyklarymyza hormat goýmak hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek meseleleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Çagalar türkmen halk ertekileri, çagalar edebiýatynyň iň gowy nusgalary bilen tanyşdyrylyp, olarda beýan edilýän dostluk, adamkärçilik, dogruçyllyk we zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetleriň ähmiýeti düşündirildi. Dag eteginiň ajaýyp tebigatynyň goýnunda geçirilen bu çäre çagalaryň uly gyzyklanmasyna eýe bolup, olaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmaga, boş wagtlaryny peýdaly geçirmäge hem-de ruhy dünýasini baýlaşdyrmaga ýardam etdi. Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilime, medeniýete we ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine döredilýän giň mümkinçilikler üçin, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Nurana geljegi gurujylar

Kitaphanalar

23.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 86-njy çagalar bakja-bagynda “Nurana geljegi gurujylar” atly körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden çeper okaýyş geçirdiler. Ýurdumyzda körpe nesliň asylly terbiýe almagy, geljekde ata Watanymyza, il-günümize wepaly bolup ýetişmegi üçin “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Çeper okaýyşda çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary bilen tanyşdyryldy. Bakja–bagyndaky çagalar okap berlen ertekileri ünsli diňläp özlerinde täsir galdyran gahrymanlary gyzyklanma bilen sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy, olarda kitaba bolan söýgüni has-da artdyrdy. Şeýle-de geçirilen çeper okaýyşyň çäginde göçme kitap sergisi hem gurnaldy. Kitap sergisi ýaş nesliň her birinde kitaba bolan düşünjäni artdyrdy. Şeýle-de çagalara, kitap okan çaganyň jemgyýetde öz ornuny tapyp, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin ýol-ýörelgedigi hakynda giňden maglumatlar berildi. Bagtyýar nesillerimizi milli ruhda terbiýelemäge uly mümkinçilikler döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri mydama rowaçlyklara beslensin!