logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Garaşsyzlyk, türkmeniň bedew batly mekany

Kitaphanalar

06.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Garaşsyzlyk, türkmeniň bedew batly mekany» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Garaşsyzlyk ýyllary içinde giň möçberli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň işi dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirilip, häzirki zaman türkmen nusgasyny kemala getirendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň milli buýsanjy, bahasyna ýetip bolmajak taryhy, medeni mirasy we ýurduň iň ajaýyp nyşanlarynyň biri hökmünde tutýan orny barada aýtdylar we Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolan “Atda wepa-da bar sapa-da” atly ajaýyp eseriniň many-mazmuny hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy bedew bady bilen beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Il saglygy-ýurt baýlygy

Kitaphanalar

06.08.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara şanly senelere beslenýär, hem-de taryhy wakalara eýe bolýar. Arkadag şäher köpugurly hassahanasynda “Il saglygy-ýurt baýlygy” ady bilen geçirilen, maslahatda hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan eserlerinden kitap sergisini gurnadylar. Maslahatyň dowamynda maslahata gatnaşan ähli lukmanlar hem-de hassahana gelen ildeşlerimiz sergini höwes bilen synladylar we kitaplaryň sahypalaryny açyp içindäki adam saglygy baradaky gyzykly temalary okadylar. Şu pursatdan peýdalanyp bize şeýle eşretli zamanany döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys, goý olaryň janlary sag bolsun alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
Bagtyýar zamananyň bagtyýar nesilleri

Kitaphanalar

06.08.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda “Altyn damja” atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Bagtyýar zamananyň bagtyýar nesilleri” atly gürrüňdeşlik geçirildi. Tomus pasly çagalaryň söýgüli pasyllarynyň biridir. Çünki mekdep okuwçylary bu pasylda okuw ýylyny tamamlap, dynç alyş möwsümine gadam basýarlar. Bu döwürde çagalar wagtlaryny sapaly hem peýdaly geçirmek üçin dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar. Gökderäniň saýaly we pürli agaçlarynyň tokaýlygynda, dag çeşmesiniň kenarynda ýerleşýän döwrebap çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri mekdep okuwçylary üçin gapylaryny giňden açdy. Bu ýerde bagtyýar çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtlaryny şadyýan hem-de şowhunly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi. Çagalaryň zehin başarnyklaryny görkezmek maksady bilen birnäçe gurnaklar hem işleýär. Ondan başgada çagalaryň sagdyn bedenli ýaşlar bolmagy üçin sportuň birnäçe görnüşlerinde türgenleşmäge mümkinçilikler döredilen ýagny çagalar bu ýerde wagtlaryny gaty gyzykly ýagdaýda geçirýärler. Olar dynç alyş merkezinde ýerleşýän kitaphanada hem özleriniň gyzyklanýan temalary boýunça dürli kitaplary hem okaýarlar. Şeýle-de dynç alyş merkezinde birnäçe bäsleşikler gurnalyp çagalara höweslendiriji baýraklar hem berilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylary bolup bu ýerde dynç alýan çagalara öz kitaplarymyz bilen kitap sergilerimizi gurnap olaryň gyzyklanýan ertekilerini okap berip çagalaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrýarys. Bize şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaga, döretmäne şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
Çaga kalbymyň owazy

Kitaphanalar

06.08.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Çaga kalbymyň owazy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde hä¬zir¬ki wagt¬da Be¬ýik Ýü¬pek ýo¬lu¬nyň ýü¬re¬gi ha¬sap¬lan¬ýan ata Wa¬ta¬ny¬myz Türk¬me¬nis¬tan döw¬le¬ti¬miz¬de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda aý¬dym-saz sun¬ga¬ty¬my¬za diý¬seň uly sar¬pa go¬ýul¬ýar. Mil¬li me¬de¬ni¬ýe¬ti¬mi¬ziň ta¬ry¬hy ge¬lip çy¬ky¬şy, onuň ösüş ýo¬lun¬da¬ky yz¬la¬ry dog¬ru¬syn¬da Gahryman Arkadagymyzyň bi¬ze peş¬geş be¬ren ki¬tap¬la¬ryn¬da açyk aý¬dyň¬ly¬gy bi¬len be¬ýan edilýär. Gah¬ry¬man Ar¬ka¬da¬gy¬my¬zyň jöw¬her paý¬ha¬syn¬dan dö¬rän “Me¬de¬ni¬ýet hal¬kyň kal¬by¬dyr”, “Türk¬men me¬de¬ni¬ýe¬ti”, “Pa¬ra¬hat-çy¬lyk sa¬zy, dost¬luk, do¬gan¬lyk sa¬zy” at¬ly ki¬tap¬la¬ry bu gün¬ki gün-de sun¬ga¬ta öm¬rü¬ni bag¬lan ýaş¬lar¬ymyz üçin ýol-ýö¬rel¬ge¬dir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp bagtyýar döwrümiziň ajaýyplyklarynyň waspyny ýetirýän ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň dillerinde aýdym bolup ýaňlanýar. Söhbetdeşligiň dowamynda çagalar watanymyzyň waspyny ýetirýän şirin-owazly aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Türk¬men me¬de¬ni¬ýe¬ti¬ni, sun¬ga¬ty¬ny ösü¬şiň aý¬dyň ýol¬la¬ry bi¬len öňe alyp bar¬ýan, bag¬şy¬çy¬lyk ýo¬lu¬nyň has hem kä¬mil¬leş¬me¬gin¬de çäk¬siz müm¬kin¬çi¬lik¬le¬ri döre¬dip ber¬ýän Gah¬ry¬man Ar¬ka¬da¬gy¬my¬za, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly buýsanç bilen alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Mirasymyz – hazynamyz

Kitaphanalar

06.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda “Mirasymyz–hazynamyz” atly kitap sergi gurnaldy. Sergimizde bölümiň gaznasyndaky bar bolan irki neşirleriň sergisi gurnaldy. Hazynamyzyň kitaplary diňe bir türkmen we rus dilinde bolman, eýsem Gündogar arap, pars, türki dillerinde we Gündogar iňlis, nemes, gadymy latyn, fransuz, italýan dillerindäki neşirler hem saklanýar. Seýrek neşirler bölümiň hazynasyndaky neşirler ХVI asyra degişli bolup örän seýrek gabat gelýän neşirler bolup, olary geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, yzygiderli kitap sergileri gurnalýar. Şeýle-de, bölümiň hazynasynda taryhy ylmy we medeni gymmatly bolan neşirleriň görnüşleri toplanandyr. Seýrek neşirler bölümine täze gelen kitaplar hem gaznamyzy has-da baýlaşdyrýar. Bu edebiýatlaryň ählisi türkmen kitabynyň taryhy we ýadygärlikleri öwrenmek üçin ylmy taýdan örän gymmatly çeşmelerdir. Şeýle-de irki döwürleýin neşirler hem saklanyp okyjy köpçüligine ýetirilýär. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
Oba hojalyk ulgamynyň şöhratly menzilleri

Kitaphanalar

06.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Oba hojalyk ulgamynyň şöhratly menzilleri” ady bilen söhbetdeşlik gurnady. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynyň ösüşleri, ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan gyzgalaňly işler dogrusynda söhbet etdiler we oba hojalyk pudagyna degişli edebiýatlar bilen tanyş etdiler. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Maslahat - geňeşli türkmeniň ýoly

Kitaphanalar

05.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Hyzmat ediş” bölümi “Maslahat- geňeşli türkmeniň ýoly” atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň dabaraly ýagdaýda geçirilmegine garaşylýar. Şeýle ajaýyp toýlar mynasybetli geçirilen dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan maslahatlaşmak, geňeşmek, agzybirlik we jebislik ýaly asylly ýörelgeleriniň täze many – mazmun bilen baýlaşýandygyny belläp geçdiler. Dabaranyň dowamynda ýazyjy-şahyrlar özleriniň döreden ajaýyp goşgularyndan okap berdiler. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine gönükdirilen beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri

Kitaphanalar

05.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi Gökderedäki “Çeşme” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş eden hünärmenler Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýar ykbalyna ösüşleriniň we halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň esasy hökmünde garalyp, çagalara bilim berilişiniň hilini kämilleşdirmek, olary bilime höweslendirmek boýunça ýurdumyzda ýerine ýetirilýän işler dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň durmuşymyzy şatlyk-şagalaňa besleýän bagtyýar neslimiziň beýik geljeginiň hatyrasyna amala aşyrýan beýik işleri bilen bilelikde Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleriniň ylymly-bilimli, bagtyýar edip ýetişdirmek maksady bilen olaryň ylymlar ummanyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagy esasy üns merkezine öwrüldi diýip buýsanç bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda dynç alyşdaky çagalar bilen sorag-jogap alşyldy we beren gyzykly sowallaryna peýdaly jogaplar aldylar. Çäräniň ahyrynda işjeň gatnaşan hünärmenler hem-de çagalar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Röwşen nurly çagalar

Kitaphanalar

05.08.2026

Aşgabat şäherinde ýerleşýän 166-njy çagalar bakja-bagynda “Röwşen nurly çagalar” ady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri bilen bilelikde ýaş nesillerimize milli mirasymyza sarpa goýmagy, keşde çekmegi hem-de kitap okamaklary barada söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri ýaş nesillerimize çagalyk ýaşyndan başlap, nagyşlaryň manysyna düşünmekligi, reňkleri utgaşdyrmagy we çagalarymyzyň dünýägaraýşyny giňeltmekde kitabyň örän uly orun tutýandygyny düşündirdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Ertekiler dünýäsine syýahat

Kitaphanalar

05.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Altyn damja” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Çärede körpe nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, pähim-paýhas, mertlik ruhynda terbiýelemekde türkmen halk ertekileriniň ähmiýetiniň ulydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halk döredijiliginiň bu görnüşinde beýan edilýän wakalar çagalaryň geljek durmuş ýolunda gerek bolan endikleri, gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde aýratyn orun eýeleýändigi hakynda aýtdylar we türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden çeper okap berdiler. Çäräniň ahyrynda tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny şadyýan we hoş geçirmekleri üçin ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, halk bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.