logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

«YŞBU DÜNÝÄ-REÝHAN BU GÜN!» ATLY KITAP SERGISI

Kitaphanalar

18.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi «Yşbu dünýä-reýhan bu gün!» ady bilen kitap sergisini gurnady.

WATANMYZDA ÄHLI PASYL BAHAR-ÝAZ, BIZIŇ ILLERMIZIŇ ÝAZY SOWULMAZ

Kitaphanalar

18.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Watanmyzda ähli pasyl bahar-ýaz, Biziň illermiziň ýazy sowulmaz» ady bilen Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.

YLYMLAR DÜNÝÄSINIŇ ALTYN DERWEZESI

Kitaphanalar

18.03.2025

Dünýäniň akyldarlarynyň, syýasatçylarynyň, alymlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň barlygyň goýnunda bar bolan ähli zady özünde jemleýän oý-pikir, aňyýet düwünçekli dünýäsine geýdirilen zer-zynatly lybasa meňzeýän kitaphana binasy iň bir gelim-gidimli ýerleriň biri.

BU GÖZEL ILIME NOWRUZ GELIPDIR

Kitaphanalar

18.03.2025

Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde Milli bahar baýramyna bagyşlap «Bu gözel ilime Nowruz gelipdir» ady bilen maslahat geçirdiler.

HÜNÄRIM-YKBALYM

Kitaphanalar

18.03.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde paýtagtymyzdaky «Aýdyň ädim» kitap dükanynda «Hünärim-ykbalym» atly söhbetdeşlik geçirdi.

AÇYLMYŞDYR LÄLE REÝHAN, NOWRUZ GELSE DIÝARYMA

Kitaphanalar

17.03.2025

Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi, Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli «Açylmyşdyr läle reýhan, Nowruz gelse Diýaryma» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi.

NOWRUZ–MILLILIGIŇ WE YNSANPERWERLIGIŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

17.03.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar maýramy mynasybetli

NOWRUZ GELDI GÜLE BESLÄP DÜNÝÄNI

Kitaphanalar

17.03.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli Bahar baýramy mynasybetli

PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM!

Kitaphanalar

17.03.2025

Mary welaýat kitaphanasynyň guramagynda Marynyň S.A.Nyýazow adyndaky Lukmançylyk orta okuw mekdebinde «Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» atly göçme kitap sergi gurnaldy. Bu sergi mart aýynyň 17-den mart aýynyň 20-si aralygynda dowam eder.

«MILLI BAHAR BAÝRAMY–MÄHIR BAÝRAMY» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY

Kitaphanalar

17.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine çuňlaşdyrylan 84-nji orta mekdebinde «Ulus-iliň guwanjy Milli bahar baýramy» ady bilen