TÜRKMENISTAN BAGY-BOSSAN
Kitaphanalar
05.03.2025Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Türkmenistan bagy-bossan» ady bilen wagtlaýyn kitap sergisini gurnady.
Kitaphanalar
05.03.2025Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Türkmenistan bagy-bossan» ady bilen wagtlaýyn kitap sergisini gurnady.
Kitaphanalar
05.03.2025Balkanabat şäheriniň 12-nji orta mekdebinde Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan «Biz-Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly göçme sergi gurnaldy. Sergide serilen Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döreden eserleri we çeper eserleri mekdep okuwçylara bagyşlandy.
Kitaphanalar
04.03.2025Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň dogulan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli
Kitaphanalar
04.03.2025Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene mukaddesligi–keramatyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Kitaphanalar
04.03.2025Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna «Bäşim Nuralyýew adyndaky çeperçilik mekdebiniň» okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gezelenji guraldy we olar Döwlet kitaphanasynyň bölümleri bilen tanyş boldylar.
Kitaphanalar
04.03.2025«HALYPANYŇ ÝOLY-ŞÄGIRTLERE ÝÖRELGE» Şeýle at bilen 27-nji fewralynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Medeniýet öýünde Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Mustak Aýmedowyň ömri-döredijiligine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde geçiren maslahaty Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ören Atakowyň «Halypa hatyrasy belentdir», Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Öwezowyň «Ärsary ýolunda ýerine ýetirilýän aýdymlar», mekdebiň mugallymlary Umyt Mustakowyň «Mustak Aýmedowyň ýerine ýetirijilik aýratynlyklary», Humaý Döwranowanyň «Mustak Aýmedowyň döredijiligi», Mährem Jumaýewiň «Ärsary ýolunyň aýratynlyklary» atly ýörite taýýarlan çykyşlary bilen dowam etdi. Maslahatda ussat bagşa bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Ussat bagşynyň nebereleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahat onuň ýoluny dowam edýän Ö.Atakow, J.Orunow, G.Öwezow, T.Atakow, U.Mustakow, L.Resulowa ýaly bagşylar «Mama sen», «Getirdim», «Kylan işime», «Sazy bagşynyň» ýaly aýdymlary belent heňde ýerine ýetirdiler. Mekdebiň dutarçylar ansambly «Öwez jan», «Gözüm düşdi», «San bolsaň», «Mala seretmez», «Zöhre nalyşy» ýaly türkmen halk aýdym-sazlary bilen bezediler. Bu ýerde guralan sergide milli bagşyçylyk sungatymyzyň ärsary ýolunyň ussady Mustak Aýmedowyň ömri we döredijiligine bagyşlanan döwürleýin neşirlere we fotosuratlara uly orun berildi.
Kitaphanalar
04.03.2025Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi «Siz Diýaryň, siz dünýäniň bezegi!» atly kitap sergisini gurady we «Enelere tagzym» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Kitaphanalar
04.03.2025Mary welaýat kitaphanasynyň guramagynda Marynyň Ýo.Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde «Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy.
Kitaphanalar
04.03.2025Maşgalanyň sütüni ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýtýan milli ýörelgesidir.
Kitaphanalar
04.03.2025Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.