logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
OBA HOJALYK ÖZGERTMELERI

Kitaphanalar

06.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Oba hojalyk özgertmeleri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ,oba hojalygy ylmy esasynda ösdürilýändigi,Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi hakynda giňişleýin nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler bize şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ERKINLIKDIR SENIŇ ARZYLY BAGTYŇ, OKA SEN ERTEKI BOŞ BOLAN WAGTYŇ

Kitaphanalar

06.08.2025

«Bagtyýarlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş» merkezinde Lebap welaýat çagalar kitaphanasy dynç alýan çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmegini gazanmak maksady bilen meýilnama esasynda birnäçe köpçülikleýin çäreleri geçirýärler. Çagalar bilen geçirilýän sorag-jogap agşamlary olaryň sagdyn, belent ruhly ösüp kemala gelmeklerine, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegine öz täsirini ýetirýär. Bu ýerde «Erkinlikdir seniň arzyly bagtyň, oka sen erteki boş bolan wagtyň» diýen at bilen kitap sergisi hem gurnaldy. Çagalar sergi arkaly dürli ýyllarda çap edilen ertekiler bilen tanyşdylar. Dynç alyş merkeziň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini beýan edýärler.

No image
KITAP–KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

05.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda «Kitap– kämilligiň gözbaşy» ady bilen göçme kitap sergi gurnaldy we aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ýurdumyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökdere jülgesinde «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýörite çagalar üçin niýetlenip çap edilen kitaplar esasynda göçme kitap sergisi guralyp bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri we Türkmen halk ertekileri ýerleşdirilip, bu ýerde çagalar bilen sorag-jogaplar alyşdylar, bu bolsa halk döredijiliginiň iň meşhur ýörgünli görnüşi bolan ertekilerden bölekleri okap berdiler we Ata-babalarymyzyň paýhasy siňen, asyrlaryň dowamynda kämilleşip, nesilleriň edep mekdebine öwrülen ertekiler ýaşlary milli ruhy gymmatlyklar esasynda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedi barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalaryna, pederlerimiziň wesýetlerine wepaly bolmak bilen, köp okamaklygy endik edinmelidigini nygtap geçdiler we bagtyýar çagalar bu biziň ertirki güne ynamymyz, biziň geljege bolan bagtyýar garaýşymyzdygy we buýsanjymyzdygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda halkymyzy belent sepgitlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BIZ HAÝSY ERTEKILERDEN

Kitaphanalar

05.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Biz haýsy ertekilerden» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we sorag-jogap bäsleşigi geçirildi. Çärede çykyş edenler tomusky dynç alyşa çykan çagalaryň wagtlaryny şatlykly-şagalaňly geçirmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary bilen ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan çagalaryň her bir gününiň, aýratyn hem tomusky dynç alyş möwsüminiň ýokary derejede geçmegini üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigi barada beýan etdiler. Şeýle-de bagtyýar çagalaryň göwünlerini galkyndyryjy şirin aýdym-sazlar we başga-da birnäçe medeni gurnaklar guralmagy, dynç alýan çagalarda ýakymly täsir galdyrandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne daýanmak ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini çagalara gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda asuda, parahat durmuşyň goýnunda erkana ýaşaýan körpelerimiz üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
SPORT–SAGDYNLYGYŇ GIREWI

Kitaphanalar

05.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Sport–sagdynlygyň girewi» ady bilen sport bäsleşigi geçirildi. Çärede çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sport, aýdym-saz, çeper okaýyş ugurlary boýunça bäsleşikleriň yzygiderli guralmagynyň aýratyn ähmiýetiniň bardygy, şeýle çärelere işjeň gatnaşýan çagalary höweslendirilip durulmagy bolsa olarda özboluşly ruhybelentlik döredýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda sport bäsleşikleri çagalaryň dürli ýerlerde zehinini açyp görkezmek, ugur tapmak, çakgan bolmak, güýjiňi we çalasynlygyňy artdyrmak, maksady bilen öz ukyp başarnyklaryny kemala getirmäge gönükdirilendigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda sporty ösdürip, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BAKY BITARAP WATAN

Kitaphanalar

05.08.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň giňden ýaýbaňlanýan günlerinde «Baky Bitarap Watan» atly kitap sergisini gurnady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem-de hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän dürli neşirler ýerleşdirildi. Sergä gatnaşanlar Bitaraplygymyzyň mukaddesligi, gadyr-gymmaty şeýle-de taryhda ata-babalarymyzyň Bitaraplygymyzy arzuwlap geçen şöhratly ýoly barada täsirli gürrüňler etdiler. Otuz ýylyň içinde Diýarymyzyň ýeten belent sepgitleri barada hem uly buýsanç bilen nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy dünýä ýüzünde asuda, parahat, abadan döwlet hökmünde tanadan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
BEÝIK MILLETIŇ HAKYDA GÖWHERI

Kitaphanalar

05.08.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmenistanyň ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we golýazmalar institutynyň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda şeýle hem «Arkadag» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Hakyda göwheri» atly kitabynyň esasynda «Beýik milletiň Hakyda göwheri» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligini giňden beýan edilip, türkmen halkynyň taryhy dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň waspnamasy bolmak bilen, zähmetsöýer halkymyzy täze belentliklerine tarap ruhlandyrýanlygy hakynda buýsançly beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ZENANLAR DIALOGY–ZEMINIŇ DIALOGY

Kitaphanalar

05.08.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Zenanlar dialogy–zeminiň dialogy» atly söhbetdeşlik ýazgy etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdymyzda zenan sarpasynyň mertebelenişi dogrusynda we zenanlaryň hem jemgyýetimizdäki eýeleýän mynasyp orny barada täsirli söhbetler beýan edildi. Şu ýylyň 4-8 nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty bilen ugurdaşlykda «Ygrarlylykdan özgerişe tarap: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji maslahatynyň Hereketler maksatnamasyny öňe sürýän zenanlar» atly zenan ýolbaşçylarynyň forumynyň guraljakdygy bolsa zenanlaryň bu günki gün halkara derejesindäki meseleleriň çözgüdine işjeň gatnaşýandygyny görkezýändigi barada aýratyn täsirli söhbetler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda zenan mertebesini dünýä derejesinde belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.

No image
BERKARARDYR, PARAHATDYR BU MEKAN

Kitaphanalar

05.08.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat geňeşi bilen welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda «Berkarardyr, parahatdyr bu mekan» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Hemişelik Bitaraplygymyzyň ýurdumyza getirýän şan-şöhraty dogrusynda gyzykly gürrüňler edildi. Ýurdumyzyň daşary syýasaty parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, durnukly ösüşiň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmat edýär. Bitaraplygymyzyň dünýädäki ähmiýetiniň artmagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasy gatnaşyklarynyň orny uludyr. Örän täsirli geçen söhbetdeşligiň dowamynda işlemek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
PARAHATDYR WATANYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM

Kitaphanalar

04.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de giňden wagyz etmek, şeýle-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi tarapyndan Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalardan öňdebarjy, ökde, ýaş wagyzçy kitaphanaçylary ýüze çykarmak maksady bilen yglan eden «Parahatdyr Watanym, eziz Türkmenistanym» ady bilen hünär bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamyndan 7 sany kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertleri öňünden taýýarlanyp elektron we taýýar nusgalary eminler tarapyndan seljerildi. Bäsleşige gatnaşýan kitaphana hünärmenleri şertleri esasynda ussatlyk bilen çykyş edip, öz alyp barýan işlerini çeper beýan etdiler we öz hünärlerine ezberligini görkezdiler. Eminleriň gelen netijeleri boýunça ökde çykyş edip saýlanan hünärmenler 1-nji, 2-nji baýrakly orna mynasyp bolup, hormat hatlary gowşuryldy. Şeýle-de çykyş eden kitaphana hünärmenlerine höweslendiriji hormat hatlary we baýraklar gowşuryldy hem-de 1-nji, 2-nji orna mynasyp bolan kitaphana hünärmenleri bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.