ÇAGALARYŇ ŞATLYGY–DÜNÝÄŇ PARAHATLYGY
Kitaphanalar
16.07.2025Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda “Çagalaryň şatlygy–dünýäň parahatlygy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy. Çärede çykyş edenler häzirki wagtda körpeje nesillerimiziň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde, salkyn saýaly Gökdere jülgesinde paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan dynç almaga gelen çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de many-mazmunly geçirýändikleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalary gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy we sergide ýerleşdirilen kitaplar esasynda sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda tebigatyň sapaly hem şypaly künjeklerinde şadyýanlykda dynç alýan çagalara, ýaş nesiller hakda ähli taraplaýyn mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.