logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
ASYLLYLYK-TÜRKMEN ZENANLARYNYŇ ZYNATY

Kitaphanalar

13.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasy, Merkeziň ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde «Asyllylyk-türkmen zenanlarynyň zynaty» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasy, Merkeziň ilkinji zenanlar guramasy şeýle hem Döwlet kitaphanasynyň işgärleri «Asyllylyk-türkmen zenanlarynyň zynaty» atly wagyz-nesihat çäresinde çykyş etmek bilen, türkmen gelin-gyzlarymyzyň ene-mamalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlarynyň,biziň durmuşymyzda uly terbiýe mekdebi bolup gelýändigini nygtadylar.Türkmen zenanlary öz asylly häsiýetlerini maşgalada öz gyzlarynyň-gelinleriniň aňyna guýýarlar. Ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak,köpçülik ýerlerinde özüni asylly alyp barmak, biziň ýaşajyk gyzjagazlarymyzyň çagalykdan aňyna guýulýar. Sebäbi her bir maşgala biziň jemgyýetimiziň bir bölegi bolup durýar. Gelin-gyzlarymyzyň eliniň çeperligi,diliniň süýjüligi,her bir işde öň hatardalygy bizi begendirýär we buýsandyrýar diýip, çykyş edenler öz söhbetlerinde nygtamak bilen bize bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza,Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşlaryny aýtdylar.

No image
KITAP OKAMAÝAN GÖRÝÄNINI GÖRER, KITAP OKAÝAN DÜNÝÄNI GÖRER

Kitaphanalar

13.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri paýtagtymyzyň dürli künjegindäki orta mekdeplerde täsirli söhbetdeşlikleri, wagyz-nesihat işlerini, baýramçylyk dabaralaryny yzygiderli geçirýärler. Geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelerde kitap söýüji ýaşlar bilen has ýakyn aragatnaşyk saklap, olaryň kitaphanamyza yzygiderli gelmegi üçin uly höwes hem-de gyzyklanma döredýärler. Ýaňy-ýakynda hünärmenlerimiz paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň kitaphanasynda kitap söýüji ýaşlar bilen okamagyň, öwrenmegiň ähmiýeti barada «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitabyň gadyr-gymmaty barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphanaçylarymyz höwesjeň we isleg bildirýän okuwçylary kitaphanamyzyň täze okyjylary hökmünde kabul edip, olara okyjy biletlerini gowşurdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ýagty geljegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
DÜNÝÄ GÖZELLIKLERINI ZENANLAR WASP EDENDE

Kitaphanalar

13.10.2025

Arkadag şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Dünýä gözelliklerini zenanlar wasp edende» ady bilen keramikaçy gelin-gyzlaryň döredijiliginiň sergisi açyldy. Bu sergi Gülnara Babaýewa we şägirtleriniň sergisi. Halkyny şeýle eşretli, abadan durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

No image
SAGDYNLYK RUHYBELENTLIGIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Kitaphanalar

11.10.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy we Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynyň bilelikde gurnamaklarynda Saglyk güni mynasybetli «Sagdynlyk Ruhybelentligiň aýdyň ýoly» ady bilen kitap sergi gurnaldy. Gahryman Arkadagymyzyň, saýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkyň saglygy baradaky alada döwlet derejesine çykaryldy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Jemgyýetiň esasy baýlygy hökmünde adamlaryň saglygyny goramak baradaky alnyp barylýan işler ýurdumyzda buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Serginiň dowamynda ýaş nesillerimiziň bagtyýarlygy, sagdynlygy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA KATAR DÖWLETINIŇ MILLI KITAPHANASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY TAN HUISM ŞEÝLE HEM KATAR DÖWLETINIŇ MILLI KITAPHANASYNYŇ HÜNÄRMENI HUSEÝIN ŞEN MYHMANÇYLYKDA BOLDYLAR

Kitaphanalar

11.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Katar döwletiniň Milli kitaphanasynyň ýerine ýetiriji direktory Tan Huism şeýle hem Katar döwletiniň Milli kitaphanasynyň hünärmeni Huseýin Şen myhmançylykda boldylar. Myhmanlar Döwlet kitaphanasynda gezelençde bolmak bilen, kitaphananyň bölümleriniň işleri, şeýle hem okyjylara edilýän döwrebap hyzmat, kitaphanada guralan dürli kitap sergileri bilen giňişleýin tanyş boldylar. Olar gezelenjiň çäklerinde Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň işi bilen tanyşyp, soňra myhmanlar türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan sergini baryp gördiler. Myhmanlar Döwlet kitaphanasynda guralan döwrebap işler, şeýle hem kitaplary tehniki gözegçilik bölüminiň gigiýena bölümçesiniň kitaplary arassalamakda alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyş boldylar. Soňra myhmanlar Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi bilen hem tanyşdylar. Soňra Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümindäki açyk gaznada duran birnäçe dillerdäki kitaplar bilen gyzyklandylar. Gezelenjiň çäginde Seýrek neşirler bölüminde gezelençde bolmak bilen, türkmen halkymyzyň şöhratly taryhyna degişli iň gadymy golýazmalar şeýle hem arap-pars we beýleki Ýewropa dillerindäki iň gadymy edebiýatlar bilen tanyş boldylar.Soňra olar Döwlet kitaphanasynda kompýuter elektron ulgamy arkaly gaznadaky bar bolan neşirler bilen tanyşdylar.

No image
KATAR DÖWLETINIŇ MILLI KITAPHANASYNYŇ WEKILLERI MYHMANÇYLYKDA

Kitaphanalar

11.10.2025

10-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Katar döwletiniň Milli kitaphanasynyň ýerine ýetiriji direktory Tan Huism şeýle hem Katar döwletiniň Milli kitaphanasynyň hünärmeni Huseýin Şen myhmançylykda boldylar. Myhmanlar Döwlet kitaphanasynda gezelençde bolmak bilen, kitaphananyň bölümleriniň işleri, şeýle hem okyjylara edilýän döwrebap hyzmat, kitaphanada guralan dürli kitap sergileri bilen giňişleýin tanyş boldylar. Olar gezelenjiň çäklerinde Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň işi bilen tanyşyp, soňra myhmanlar türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan sergini baryp gördiler. Myhmanlar Döwlet kitaphanasynda guralan döwrebap işler, şeýle hem kitaplary tehniki gözegçilik bölüminiň gigiýena bölümçesiniň kitaplary arassalamakda alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyş boldylar. Soňra myhmanlar Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi bilen hem tanyşdylar. Soňra Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümindäki açyk gaznada duran birnäçe dillerdäki kitaplar bilen gyzyklandylar. Gezelenjiň çäginde Seýrek neşirler bölüminde gezelençde bolmak bilen, türkmen halkymyzyň şöhratly taryhyna degişli iň gadymy golýazmalar şeýle hem arap-pars we beýleki Ýewropa dillerindäki iň gadymy edebiýatlar bilen tanyş boldylar.Soňra olar Döwlet kitaphanasynda kompýuter elektron ulgamy arkaly gaznadaky bar bolan neşirler bilen tanyşdylar.

No image
SAGLYK–BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

10.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda 111-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglyk–bagtyýarlygyň gözbaşy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýandygy, “Saglyk” Döwlet maksatnamasy esasynda häzirki zaman saglygy goraýyş, anyklaýyş, desgalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi, dürli ugurlarda ýöriteleşdirilen hassahanalaryň we şypahanalaryň toplumynyň ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli kitabynda beýan edilen gözel tebigatymyzda ösýän birnäçe melhem otlarynyň hem ynsan saglygyna uly täsiriniň bardygy dogrusynda belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ilatyň saglygyny ähli zatlardan ileri tutýan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
SAGLYK–YNSANYŇ BAÝLYGY

Kitaphanalar

10.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda 13-nji saglyk öýünde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglyk–ynsanyň baýlygy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýandygyny, hem-de lukmançylygyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilen beýik sepgitler raýatlaryň saglygyny goramaga, berilýän lukmançylyk kömekleriniň hil taýdan ýokarlandyrylmagyna gönükdirlendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda ýurdumyzda gurulyp ulanylmaga berilýän häzirki zaman hassahanalary, bejeriş-anyklaýyş hem-de saglygy dikeldiş merkezleri halkymyza ýokary derejede hyzmat edýändigi barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
ÝADYGÄRLIKLER GEÇMIŞ TARYHYMYZYŇ ŞAÝADY

Kitaphanalar

10.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň kitapsöýüji okuwçylarynyň arasynda taryhy ýadygärliklerimiz, olar baradaky rowaýatlar bilen baglanyşykly «Ýadygärlikler geçmiş taryhymyzyň şaýady» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri, olary gorap saklamak barada täsirli gürrüňler edildi. Gurnalan göçme kitap sergisi höwesjeň çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Sergide hormatly Prezidentimiziň «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby hem-de ýadygärliklerimiz baradaky neşirler ýerleşdirildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda kitapsöýüji ýaşlar ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykan alkyş sözlerini beýan edýärler.

No image
SAGLYGYM-BAŞ BAÝLYGYM

Kitaphanalar

09.10.2025

Döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň dünýä derejesine çykarylmagyna aýratyn üns berilýär. Ulgamyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy hem-de hyzmatlarynyň ýokary hilli üpjün edilmegi, hünärmenleriň bilim derejesiniň ýokary bolmagy, maddy-üpjünçilik binýadynyň täze tehnikalar bilen kämilleşdirilmegi we dünýäniň lukmançylyk ylmynyň gazananlary bilen bilelikdäki işleriň möçberiniň artmagy Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän parasatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Bu gün hem biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygym-baş baýlygym» sergi gurnaldy. Bu sergini Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsi atly köp tomluk ensiklopedik kitaby sergimiziň tekjelerini bezeýär.Mundan başgada bu sergimizde saglyga degişli bolan kitaplardyr, žurnallar tekjelerde giň okyjylar köpçüligine hödürlendi. Goý, halkymyzyň saglygyny döwletimiziň baş baýlygyna deňäp, her birimiziň sagat ýaşamagymyz üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!