logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Parahatçylyk-berkararlyk binýady

Kitaphanalar

29.07.2026

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň, Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Parahatçylyk, abadançylyk, agzybirlik türkmen halkynyň baş ýörelgesi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynyň her bir güni täze wakalara beslenýär. Pederlerimiziň arzuwlan häzirki ajaýyp döwrümiz arzuwlaryň hasyl, maksatlaryň myrat bolýan döwri. Garaşsyzlyk halkymyzyň baky bagtyýarlygy, erkanalygydyr. Çünki Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz agzybir halkymyzyň parahat durmuşynyň, bagtyýarlygymyzyň sarsmaz binýadydyr.

No image
Garaşsyzlygyň we gurluşygyň beýik ýoly

Kitaphanalar

28.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň döwlet ygtyýarlandyrylyş we hile gözegçilik merkezi bilen bilelikde “Garaşsyzlygyň we gurluşygyň beýik ýoly” atly söhbetdeşlik geçirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, eziz Watanymyz Türkmenistan uly ösüşleriň we özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Paýtagtymyz Aşgabat dünýäde deňi-taýy bolmadyk binagärlik sungaty we ak mermerli binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Arkadag şäheri sebitiň deňi-taýy bolmadyk ilkinji “akylly” şäheri bolup, gurluşyk ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň we ekologik arassalygyň ajaýyp nusgasydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda diňe paýtagtymyzda däl, ýurdumyzyň welaýatlarynda ähli amatlyklary bolan täze döwrebap obalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdepler, çagalar baglary, senagat kärhanalary gurlup ulanmaga berildi. Söhbetdeşlige gatnaşan hünärmenler şular hakynda giňişleýin çykyş etdiler.

No image
Eziz Watan bedew batly ösüşlere beslenýär

Kitaphanalar

28.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň döwlet ygtyýarlandyrylyş we hile gözegçilik merkezinde “Eziz Watan bedew batly ösüşlere beslenýär” atly göçme kitap sergisini gurnady. Bu göçme kitap sergisinde, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri, şeýle hem, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň içinde gurluşyk ulgamynda gazanylan üstünlikleri açyp görkezýän neşir önümleri ýerleşdirildi. Sergä gatnaşyjy myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryndaky gymmatly maglumatlary okap, birek-birek bilen sowal-jogap alyşdylar.

No image
Kitaphanalar – dost-doganlyk köprüsi

Kitaphanalar

27.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Gruziýa döwletiniň Ilýa Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasy bilen “Ähtnama” kabul etmegi mynasybetli “Kitaphanalar – dost-doganlyk köprüsi” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga kitaphananyň hünärmenleri gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Baş kitaphanasynyň arasyndaky baglaşylan “Ähtnamanyň” maddalary, olaryň iki ýurduň dost-doganlyk, medeni gatnaşyklarynda eýelejek möhüm orny şeýle-de häzirki wagtda ýurdumyzda kitaphana ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda alnyp barylýan işler barada täsirli gürrüňler edildi. Gurnalan sergi hem aýratyn gyzyklanma döretdi. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleri hem-de dürli neşirler orun aldy. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, şöhratly taryhymyzy giňişleýin wagyz etmäge hem-de dünýä döwletleri bilen parahatsöýüjilik, dost-doganlyk gatnaşyklary has-da berkitmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Ýaş şahyrlaryň döredijiligi

Kitaphanalar

24.07.2026

Ýakynda Türkmenistanyň döredijilik wekilleri Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň II halkara festiwalyna gatnaşyp, sylaglara mynasyp boldylar. Şeýle ajaýyp waka mynasybetli üstünlik gazanan ýaş şahyrlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen söhbetdeşligi ýazga geçirdiler. Söhbetdeşlikde çykyş eden şahyrlar Şuşa şäherinde Azerbaýjan edebiýatynyň nusgawy şahyry Molla Penah Wagifiň muzeý-goraghanasynyň öňündäki meýdançada Wagifiň şygyrýet günlerine bagyşlanyp geçirilen dabarada özleriniň döreden şygyrlary bilen çykyş edendiklerini buýsanç bilen gürrüň berdiler. Olar söhbetleriniň ahyrynda ýaşlarymyz hakynda döredilýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KÖRPELERIŇ MUZEÝE GEZELENJI

Kitaphanalar

24.07.2026

Arkadag şäheriniň 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileri, tejribe geçýän talyplar, bakja-bagynda terbiýelenýän körpeler Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenje geldiler. Gezelençde çagalar milli miras, taryh,medeni we tebigy gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Muzeýde çagalar gadymy durmuş esbaplaryny, milli lybaslary, sungat eserlerini we taryhy tebigy gymmatlyklara uly gyzyklanma bilen synladylar. Bu ýerde dürli haýwanlaryň we guşlaryň gäpleri, ösümlikleriň görnüşlerini hem-de dag-jülgeler, derýalar we çöller barada maglumatlar çagalar üçin täsirli boldy. Muzeý hünärmenleri olara muzeý gymmatlyklary, tebigaty söýmegi, ony goramagy, hem-de daşky gurşawa aýawly çemeleşmek barada ýönekeý we düşnükli maglumatlary berdiler. Çagalar özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler we täze zatlary öwrenmäge höwes bilen gatnaşdylar. Bu gezelenç çagalaryň dünýä garaýşyny giňeltmäge, olaryň öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrdy hem-de milli mirasa, gözel tebigatymyza hormat goýmak duýgusyny ösdürdi. Gezelenç çagalarda ýakymly täsirler galdyrdy.

No image
Garaşsyzlyk – berkarar döwletimiziň binýady

Kitaphanalar

24.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Jemgyýetçilik guramasynyň merkezinde “Altyn asyr” teleýaýlymynyň “Söz mülküniň bossany” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde “Garaşsyzlyk - berkarar döwletimiziň binýady” atly söhbetdeşlikli duşuşygy geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy ýetip gelýän döwründe, ýurdumyzyň gazanan esasy üstünlikleri we özgerişleriniň birnäçe möhüm ugry boýunça täsirli gürrüňler edildi. Türkmenistan öz içerki we daşarky syýasatyny özi kesgitleýän azat we berkarar döwlet höküminde dünýä ýüzünde esassy orun aldy. Garaşsyzlyk–berkarar döwletimiziň binýady, halkymyzyň bagtyýar geljegine açylýan beýik ýol bolup diýarymyzy bu ýyllarda belent ösüşlere ýetdi. Söhbetdeşler şular dogrusynda hem giňişleýin gürrüňleri etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar mukaddes Garaşsyzlygymyzy bagtymyza deňäp, beýik işleri rowana ýollarda öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Tebigat gözellik paýlaýar

Kitaphanalar

24.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaşaýyşyň we sazlaşygyň gözbaşy bolan türkmen tebigatynyň ajaýyp keşbi barada “Tebigat gözellik paýlaýar” atly söhbetdeşlikli duşuşygy geçirdi. Kitaphana hünärmenleri tebigaty we agaçlary söýmegi öwredýän gyzykly hekaýalary, tebigatymyzyň gözelliklerini wasp edýän täsirli goşgulary okap bermegi çagalarda has-da daglar, tokaýlar, sähralar barada täsin maglumatlarynyň baýlaşmagyna getirdi. Tebigat - bizi saklaýan we iýmitlendirýän öýümiz. Ony synlamak, öwrenmek we geljekki nesillere arassa saklamak, gowşurmak her bir adamyň borjudyr. Çünki tebigat - bu diňe bizi gurşap alýan agaçlar ýa-da daglar däl, eýsem Bütindünýäde ýaşaýşyň dowam etmegini üpjün edýän, özara berk baglanyşykly älem-jahan ulgamy. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi. Gözel tebigatyň gujagynda, daglardan akýan çeşmeleriň sesine diň salyp tomusky dynç alyş möwsümini sapaly geçirýän ýas nesiller türkmen tebigatynyň asudalygyny, gözelligini sungat derejesine ýetirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Garaşsyzlyk – bagtymyzyň sakasy

Kitaphanalar

24.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Garaşsyzlyk – bagtymyzyň sakasy” ady bilen söhbetdeşlik gurnady. Bu söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk, alnyp barylýan işler, medeniýet ulgamynyň ösüşi, kitaphanalaryň sanly ulgamy barada giňişleýin gürrüň edildi. Gruziýanyň Milli kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň arasynda baglaşylan Ähtnama barada hem giňişleýin gürrüň berildi. Söhbetdeşlige gatnaşan hünärmenler şular ýaly bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Garagumyň aýdymçysy

Kitaphanalar

24.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Gökderedäki “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde körpeje okyjylaryň arasynda “Garagumyň aýdymçysy” şahyr Kasym Nurbatowyň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmeni Kasym Norbatowyň ömri, nusgawy döredijiligi we çagalara goýan baý edebi mirasy barada körpeje okyjylara şeýle täsirli gürrüňleri berdi. Şeýle hem kitaphana hünärmeni şahyryň körpe okyjylaryň kalbyna barýan iň gysga ýoly tapandygyny aýratyn belledi. Onuň çagalar üçin ýazan eserleri we dünýä edebiýatyndan eden terjimeleri çagalaryň iň söýgüli kitaplaryna öwrülendigini hem belläp geçdi. Körpeje okyjylar hem öz gezeklerinde şahyryň goşgularyndan bölekleri ýatdan aýtdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda edebi, mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, şeýle hem ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil we parahatçylyk söýüji bolup ýetişmekleri üçin uly aladalary etýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.