logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr

Kitaphanalar

15.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Gökderedäki “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr» ady bilen “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa, gyzyklanma eýe bolan döwlet syýasatymyzda ýaş nesliň bagtyýarlygy, eziz Watanymyzyň egsilmez kuwwaty hasaplanýandygy, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek, yhlasly okamaklary, döredijilik işleri, sport bilen meşgullanmaklary, şol sanda dynç alyş möwsümlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin hem ähli şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Çagalar ýylgyrsa – zemin ýylgyrýar

Kitaphanalar

13.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Çeşme” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Çagalar ýylgyrsa – zemin ýylgyrýar” ady bilen medeni çäre geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe körpe nesillerimiziň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan geçirmekleri üçin uly aladalaryň edilýändigini, bagtyýar çagalaryň joşgunly sesleri belentden ýaňlanyp, dürli medeni hem-de sport çärelerine gatnaşyp, öz wagtlaryny gyzykly, şatlykly geçirýändikleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda kitaplaryň orny örän uly bolup durýandygy, aýratyn hem türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşpleri çagalarda uly täsir galdyrýandygy hakynda aýtdylar. Çäräniň ahyrynda durmuşymyzyň guwanjy bolan körpeleriň şatlygy hem-de bagtyýarlygy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Ylym gymmatly hazyna

Kitaphanalar

13.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Ylym gymmatly hazyna” ady bilen sergi gurnady. Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky ösüşleri hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiz uly sepgitlere tarap ynamly öňe barýar. Jemgyýetiň hem-de adamzat durmuşynyň her taraplaýyn ösmeginde ylym – bilimiň orny örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan kämilleşmegi üçin bu ulgama aýratyn üns berilýär. Döwrebap tehnologiýalar we multimediýa–interaktiw usullary okadyş işine işjeň ornaşdyryp, ýokary derejeli hünärmenler ýetişdirilýär. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ylym we tehnologiýalar geljekki ösüşlerimiziň esasy sütünleri hökmünde kesgitlenildi. Bu bolsa sanly bilim ulgamynyň we mümkinçilikleriniň has-da giňelmegine ýol açdy. Ylym-bilime sarpa goýmak halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däbidir we munuň taryhy köklerini biz Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserlerinde hem görýäris. Şu günki günde şol ajaýyp ýörelgeler ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde mynasyp dowam etdirilýär. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başgada ylym bilen bagly edebiýatlar ýerleşdirildi. Kitap sergisi her bir okyjylar üçin edebiýatlary görmäge, öwrenmäge mümkinçilikler döredildi.

No image
Bagtyýar nesiller–aýdyň geljegimiz

Kitaphanalar

13.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Bagtyýar nesiller–aýdyň geljegimiz” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede ýaş nesilleriň tomusky dynç alyş möwsüminiň şatlyk-şowhuna, täsirli pursatlara beslenmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, çagalaryň köptaraply ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda hem möhüm ähmiýetli çäreleriň geçirilýändigi barada aýtdylar. Çagalary milli ruhda terbiýelemek we olaryň aňynda sadalyk, päklik, hoşniýetlilik duýgularyny oýarmakda kitaplaryň ornunyň uludygy, olaryň terbiýesiniň kemala gelmeginde ertekileriň, tapmaçalaryň, nakyllaryň, atalar sözleriniň, rowaýatlaryň aýratyn ähmiýetiniň bardygy hem-de näçe köp kitap okasalar, dünýägaraýşynyň giňelýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan kitap sergisi ýaş nesillerde kitap okamaklyga bolan söýgüni artdyrdy. Çäräniň ahyrynda çagalaryň şatlygy hem-de bagtyýarlygy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Medeniýetiň, sungatyň–mekanydyr bu Diýar

Kitaphanalar

13.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Medeniýetiň, sungatyň–mekanydyr bu Diýar» ady bilen kitap sergisi we aýdym-sazly çäre geçirildi. Çärede çykyş edenler milli medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz we ýol-ýörelgelerimiz türkmen halkynyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup, asyrlaryň dowamynda has berkäp, sünnälenip biziň döwrümize gelip ýetendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý mirasymyzyň düýpli öwrenilmegine, wagyz edilmegine hem-de geljekki nesillerimize ýetirilmegi ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy we gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Ösüşleriň ýoly bilen

Kitaphanalar

12.06.2026

Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan baý taryhy we medeni mirasy ýaş nesilleriň terbiýesinde möhüm orun eýeleýär. Ata – babalarymyz bilimli, edepli we zähmetsöýer bolmagy ynsanyň iň uly bezegi hasaplapdyrlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler örän giňdir. Döwrebap mekdepler, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar, ylmy merkezler, elektron maglumat ulgamlary ýaşlaryň hyzmatyna berilýär. Bu mümkinçilikler ýaşlaryň diňe bir bilim almaklaryna däl, eýsem öz ukyp – başarnyklaryny ösdürip, geljekde ýokary hünärli işgärler bolup ýetişmeklerine hem uly ýardam berýär. Ýaş nesilleriň bagtyýar geljegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, olaryň döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

No image
“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik

Kitaphanalar

12.06.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri mynasybetli türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Döwletmämmet Azadynyň hem-de XIX asyr azerbaýjan şahyry we akyldary Seýid Azim Şirwanynyň döredijiligine bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäginde, Arkadag şäherinde dürli medeni çäreler geçirildi. Magtymguly Pyragynyň pederiniň adyny göterýän Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Döwletmämmet Azadynyň we Seýid Azim Şirwanynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahatyň dowamynda, kitaphana hünärmenleriň gurnamagynda “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi, eserleri edebiýat ylmynda orta asyr dilimizi öwrenmekde hem gymmatly çeşme bolup durýar. Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” eseri ýaş nesilleri terbiýelemekde uly mekdep bolup hyzmat edýär. Şeýle hem, Azerbaýjanyň ussat mugallymy, belli ýazyjysy Seýid Azim Şirwany satiriki goşgularynda we ertekilerinde aň-bilimli, medeniýetli bolmaga çagyrýar. Ussat ýazyjynyň terbiýeçilik ähmiýetli eserleri bu günki gün türkmen edebiýatynda hem öwrenilmäge giň ýollaryň açylandygynyň aýdyň beýanydyr. Azerbaýjan halkynyň medeniýetini, sungatyny, nusgawy edebiýatyny öwrenmäge uly orun berilýändigi barada söhbetdeşlikde buýsanç bilen gürrüň berdiler. Maslahatyň ahyrynda dost-doganlyk döwletleriň ajaýyp medeniýetini, gymmatly edebiýatyny öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.

No image
Ylym-bilim ýolumyzyň çyragy

Kitaphanalar

12.06.2026

Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesilleri ylymly-bilimli bolmagynda uly aladalar edilýär. Ýurdymyzda her ýylyň 12-nji iýun Ylymlar güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Şol mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp “Ylym-bilim ýolumyzyň çyragy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi –atly kitabynyň “Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar“ atly bölümde ylym-bilim barada şeýle belläp geçýär “Ylym tükeniksiz ýoldur, ol köňül gapylaryny açýar. Her bir ýürekde gämik bardyr, ony şineletmek üçin gerek. Şol ýagtylyk zehindedir. Zehin her adamyň özünde bardyr. Alan bilimi bilen kanagat edip, özüniň ukybyny we başarjaňlygyny ösdürýän adam dürli hünärlere gol berer. Hünäri kämilleşdirmekde ukyp hem-de endik esasy orny eýeleýär. Ylymda bolsa, pikir birinjidir. Ylymyň miwesi dünýägaraýşyň çuňlugynda, köp bilmekde we ýaşaýşyň akymyna sazlaşykly goşulmakdadyr” diýip belläp geçýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
Ilçi Döwlet kitaphanasy bilen tanyşdy

Kitaphanalar

12.06.2026

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Wonje Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda bolup kitaphana bilen tanyşdy. Ilçi ”Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar” bölüminde ýerleşdirilen Koreýa Respublikasy tarapyndan sowgat berlen kitaplar hem-de dürli dillerde neşir edilen kitaplaryň sergisi bilen, “Seýrek neşirler” bölüminde ýerleşdirilen seýrek duş gelýän gadymy kitaplar, ilkinji döredilen neşir önümleri bilen tanyşdy. Kitaphana bilen tanyşlygyň dowamynda myhmanlar Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy L.Nurmuhammedowa bilen geljekde dostlukly ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem, Döwlet kitaphanasynyň kitap hazynasynyň üstüni koreý dilindäki kitaplar bilen baýlaşdyrmak boýunça söhbet etdiler. Soňra ilçi Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysyna Gahryman Arkadagymyzyň koreý dilinde çap edilen “Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyny sowgat berdi. Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy hem öz gezeginde kitaphananyň adyndan Arkadag şaherine bagyşlanan “Arkadag şäheri” atly kitaby sowgat berdi.

No image
Magtymguly Pyraga bagyşlap eser döreden ýazyjylaryň döredijilik duşuşygy

Kitaphanalar

12.06.2026

Şu ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli söz ussady Magtymguly Pyraga bagyşlap eser döreden ýazyjylar bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda geçirilen bu çärede, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, halypa şahyr Süleýman Ilamanow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň alym-kätibi, halypa ýazyjy Goçy Annasähedow, «Zenan kalby» žurnalynyň bölüm redaktory, ýazyjy Amangül Nurmyradowa dagy gatnaşdylar. Olar çykyşlarynda söz äleminiň çuňluklaryny boýlan akyldar şahyr Magtymguly Pyragy nusgalyk döredijiligi bilen dünýä edebiýatyna saldamly goşant goşan, türkmen edebiýatyny bolsa şöhratlandyran beýik şahsyýetdir. Şahyryň manydan dok şygyrlary nesillerden nesillere geçip, adamzada mekdep bolup hyzmat edýär. Söz ussadynyň Jemşidiň jamyna deňelýän döredijiligi ähli sowallara makul jogap bolup biljek gymmatly mirasdyr. Şahyryň dür sözlerden düzülen goşgulary döwürlere paýhas nuruny saçyp ýaşap gelýär. Biziň döwrümiz bolsa şahyryň sarpasyny has-da belende göterdi. Magtymgulyny okap, onuň döredijiligine maýyl bolýarsyň hem-de sözüň güýjüne aýdyň göz ýetirýärsiň. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar we çäreler ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde giň gerimde bellenildi. Akyldaryň köptaraply döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, maşgala mukaddesliklerine wepalylyk, päk ahlaklylyk ýaly ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde egsilmez hazynadyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygryndaky manyly setirler dünýäniň danasy Magtymguly Pyraga umumadamzat şahyry diýmäge esas döredýär. Ol dünýäniň akyldarlarynyň dürdäne poeziýasynyň many-mazmunyny öz şygyrlaryna siňdirip halkymyza hem-de dünýä halklaryna ýaýan beýik ynsandyr. Şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyndan mynasyp orun alan şygyrlary çeperçiligi, manysynyň çuňlugy, mazmunynyň baýlygy, ynsanperwerlige ýugrulandygy bilen tapawutlanýar- diýip, çykyş edenler nygtadylar. Bu döredijilik duşuşygynda ýazyjy-şahyrlar türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan hekaýalary barada giňişleýin söhbet etdiler. Şahyrlar dana şahyra bagyşlap döreden goşgularyny okadylar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen bu döredijilik duşuşygyň çäklerinde, oňa gatnaşan myhmanlar, kitaphana işgärleri kitaphananyň baý gaznasyndan gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdylar. Duşuşygyň ahyrynda çykyş eden ýazyjy-şahyrlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.