logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM

Kitaphanalar

07.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli «Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, şeýle-de parahatçylyk hem-de Bitaraplyk baradaky edebiýatlar ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen mugallymlardyr-talyplar, özlerine gerek bolan maglumatlaryny tapyp bildiler. Mugallymlar hem talyplar bu sergini görüp örän hoşal boldular. Bizi şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
BILIM–BAGTYÝARLYGYŇ BINÝADY

Kitaphanalar

07.05.2025

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 52-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi, «Bilim–bagtyýarlygyň binýady» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri hem-de Magtymguly Pyragynyň eserleriniň neşir edilen kitaplary we çeper eserler ýerleşdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini ylmy maglumatlaryň üsti bilen beýan edýän kitaplary bilen okyjylary özüne çekýän kitaplarynyň mähriban halkymyzyň, aýratynda, ýaşlaryň ruhy baýlygyny, Watana, halkymyza bolan söýgüsini artdyrmakda ähmiýeti örän uludyr.Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri hem-de Magtymguly Pyragynyň neşir edilen eserlerine bagyşlanyp gurnalan bu sergä kitaphananyň işgärleri hem-de mugallymlardyr, okuwçylar işjeň gatnaşdylar we olarda uly gyzyklanma döretdi. Sergä gatnaşyjylar bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY

Kitaphanalar

07.05.2025

Aşgabat şäherindäki 74-nji orta mekdebi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde ýylymyzyň ady «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleri çykyş etdiler. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Watan mukaddesligi barada hem-de ýylymyzyň ady bilen baglanyşykly birnäçe maglumatlary we goşgulary aýtdylar. Bu aýdylan goşgular mekdep okuwçylarda örän uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.

No image
ÝEŇIŞ GÜNINE BAGYŞLANDY

Kitaphanalar

07.05.2025

1941-1945-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk dabaralary bellenilýär. Magtymguly adyndaky türkmen Döwlet Uniwersitetinde aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda weteran Antenina Pawlowna birnäçe sorag-jogap arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda weteranlarymyzyň gazanan ýeňişleri barada gürrüň edildi.

No image
KITAPHANALARA GATNAŇ ÝADAMAN, AGRAS KÄMIL BORY ÝALY PIKIRIŇ

Kitaphanalar

07.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde kitap we kitaphanalaryň adamzat durmuşynda tutýan möhüm ornynyň ähmiýeti dogrusynda söhbetdeşlik geçirdi. Kitaplary we beýleki maglumat çeşmelerini okyja elýeterli etmek, kitap bilen işlemegiň tärlerini kämilleşdirmek, ýaş okyjylaryň kitaphanady her bir neşirden höwesli peýdalanmagy üçin kitaphanada alynyp barylýan işer barada täsirli gürrüňler edildi. Okyjylary milli ruhda terbiýelemek, olaryň aň-düşünjesini giňeltmek maksady bilen kitaphanamyzda guralýan hemişelik we döwürleýin kitap sergileriniň ähmiýeti barada hem täsirli söhbetler edildi. Duşuşygyň ahyryna kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek boýunça döwletimizde parasatly başlangyçlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.

No image
AJAÝYP TÜRKMEN AÝDYMÇYSY

Kitaphanalar

07.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri kitaphananyň sungat bölüminde Türkmenistanyň halk artisti, opera aýdymçysy Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlap, «Ajaýyp türkmen aýdymçysy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ussat opera aýdymçysy Maýa Kulyýewanyň türkmen aýdym-saz sungatyna bagyşlanan manyly ömri, nesillere nusga bolan döredijilik ýoly barada täsirli söhbet edildi. Şeýle-de häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen medeniýetini, sungatyny has-da ösdürmek, ömrüni medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge bagyş eden sungat ussatlarymyzy hormatlamak, sarpalamak, olaryň ölmez-ýitmez döredijiligini ýaş nesillere ýetirmek babatda alyp barýan beýik işleri dogrusynda buýsançly nygtadylar. Sungat bölüminde gurnalar sergi hem bölümiň sungaty söýýän, höwesjeň okyjylarynda aýratyn täsir galdyrdy. Bagtyýar zamananyň kitaphanaçylary döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
DÜNÝÄ GÖZELLIGINE SOLTAN HALYLAR

Kitaphanalar

07.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda «Dünýä gözelligine soltan halylar» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Täze taryhy eýýamymyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» şöhratly ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halyçylyk senedi has-da ösdürilýär. Bu günki gün türkmen gelin-gyzlary gadymy, Milli haly senedimiziň täzeden-täze nusgalaryny döredýärler. Şol ajaýyp halylarymyzy döredýän gelin-gyzlarymyza bolsa bu günki gün Şa serpaýlary bilen sylaglanylýar, hormatly atlary dakylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda belleýşi ýaly: «Haly-halkymyzyň gadymy hem müdümi, owal-ahyr ygrarly sungatydyr» diýmek bilen beýle sungat bolsa elmydama sarpalanmaga, tarypyny belent tutmaga mynasypdyr. Öňki döwürlerde bolşy ýaly, häzirki döwürde-de daşary ýurtlylar türkmen halylaryny örän sarpalaýarlar. Milli haly sungatymyz bu günki gün daşary ýurtlarda we öz ýurdumyzda geçirilýän halkara sergilere gatnaşdyrylýar. Türkmen halylary halkara sergilerinde daşary ýurtly halyşynaslaryň söýgüsine, ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Ululygy boýunça dünýäde iň äpet haly hökmünde «Altyn asyr» atly türkmen halysynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna, türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa ähli türkmenistanlylar üçin juda ýakymlydyr we buýsançlydyr. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ajaýyp halylarymyzyň asylky şöhratyny dünýä dolduran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
PEDERLERIŇ RUHUNA TAGZYM

Kitaphanalar

07.05.2025

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň 47-nji çagalar bagynyň usulçylary bilen bilelikde welaýat çagalar kitaphanasynda körpe çagalarynyň gatnaşmaklarynda sesli okuw çäresi geçirildi. Beýik ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli kitaphananyň kitap gaznasyndan «Pederleriň ruhuna tagzym» atly wagtlaýyn sergisi gurnaldy. Bu serginiň üsti bilen ýaşlarymyza watan mukaddesligi, edermen pederlerimiziň gaýduwsyzlygy, Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylygy hakynda gürrüňler berildi. Gahryman Arkadagymyzyň mertlik hakynda «Mertler watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eserlerinden täsirli gürrüňler edildi. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýörelgelerini durmuşa geçirýän ýurdumyzy dünýä derejesine parahat alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ÝEŇIŞ GÜNÜNIŇ AÝDYMLARY

Kitaphanalar

06.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebinde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Ýeňiş gününiň aýdymlary» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watan üçin şirin janyny orta goýan gerçekler barada şeýle-de tylda zähmet edermenligini görkezen gyz-gelinler, ýetginjekler barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de söweş ýyllarynyň hem-de Beýik Ýeňşiň aýdymlary, şol ýyllaryň wakalaryny beýan edýän teatr hem-de kino sahnalary, olarda beýan edilýän türkmen halkynyň Watan söýgüsi, mertligi, edermenligi, gaýduwsyzlygy barada buýsançly gürrüňler edildi. Mekdebiň okuwçylary Beýik Ýeňşe bagyşlanan gysgaça sahna oýunlary, aýdymdyr, sazlary, täsirli tanslary, ajaýyp şygyrlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watan üçin, il-halk üçin edermenlik görkezen gahrymanlary hormatlaýan, sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
WATAN GAHRYMANLARY BAKYDYR

Kitaphanalar

06.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 45-nji orta mekdebinde «Watan Gahrymanlary bakydyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Beýik Watançylyk urşunda ýeňiş gazanan weteranlarymyza we olaryň ojagyny saklan enelerimize goýulýan sarpanyň örän ýokarydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň edermen ogul-gyzlary, beýleki doganlyk halklar bilen bilelikde, urşuň agyr synagyna döz gelip, dünýäde parahatçylyk we asudalyk, abadan durmuş ugrunda bolan söweşde belent ahlak häsiýetlerini, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, gahrymançylygyň nusgasyny görkezendikleri barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.