logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Kitaphanalar

15.04.2025

Eziz Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär, şanly wakalar halkymyzyň ruhuny belende göterýär, kalplary joşdurýar. Ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ýokarlandyrmak, olaryň arasynda ykdysadyýetimiz bilen bir hatarda sazlaşykly ösýän milli medeniýetimize we

MILLI MIRASYŇ TERBIÝEÇILIK GÜÝJI

Kitaphanalar

15.04.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 28-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen milli mirasymyzy ýaş nesillere wagyz etmek maksady bilen «Milli mirasyň terbiýeçilik güýji» atly

PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM

Kitaphanalar

14.04.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde «Halkara parahatçylyk

PARAHATLYK–DÖWRÜŇ BEÝIK MUKAMY

Kitaphanalar

14.04.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Parahatlyk–döwrüň beýik mukamy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

MAGTYMGULY PYRAGY–AGZYBIRLIK WE WATANSÖÝÜJILIK MEKDEBI

Kitaphanalar

14.04.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy–agzybirlik we watansöýüjilik mekdebi» ady bilen wagyz-nesihat çäre geçirildi.

TEBIGAT DÜNÝÄNIŇ GÖRKI

Kitaphanalar

14.04.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy (FAO) bilen bilelikde «Suw serişdelerini howanyň üýtgemeginiň täsirine durnukly

No image
KITAP–RUHY BAÝLYGYŇ ÇEŞMESI

Kitaphanalar

11.04.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Kitap–ruhy baýlygyň çeşmesi» atly söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Diýarymyzda ýaşlaryň kämil bilim almagy, kitaplar dünýäsine aralaşmagy üçin giň şertler döredilýär. Döwrebap tilsimatlar esasynda gurulýan okuw merkezlerinde, umumy bilim berýän mekdeplerde şeýle-de ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda kitap gory ýeterlik bolan kitaphanalar hereket edýär. Häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň ösmegi bilen, islendik kitaby diňe okamak däl, eýsem diňlemek mümkinçiligi hem döredi. Türkmen kitap söýüjileri üçin internet ulgamy hem-de sanly tehnologiýalaryň üsti bilen elektron kitaplary okamak we diňlemek usullary üstünlikli amala aşyrylýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ruhy baýlygymyz bolan gymmatly eserleri okamaga, öwrenmäge, giň okyjylara ýetirmäge uly mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
PARAHATDYR DIÝARYM EZIZ TÜRKMENISTANYM

Kitaphanalar

11.04.2025

Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta okuw hünär mekdebinde Mary welaýat kitaphanasy tarapyndan “Parahatdyr Diýarym eziz Türkmenistanym” atly göçme kitap sergisi gurnaldy. Kitap sergide Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri”, “Atda wepa-da bar, sapa-da bar”, “Ömrümiň manysy”, “Ömrümiň manysynyň dowamaty”, “Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy”, “Garaşsyzlyk–bagtymyz”, “Türkmenistan–Bitaraplyk mekany”, “Enä tagzym–mukaddeslige tagzym”, “Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eserleri, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly–dünýäniň akyldary”, “Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, “Magtymguly dünýä akyldary”, “Ýaşlar Watanyň daýanjy”, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri” atly edebiýatlardan gurnalan bu adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bolan kitaplar barada Jemagat hojalygy orta okuw hünär mekdebiniň talyplary bilen bilelikde söhbetdeşlik geçirildi. Geljegimiz bolan ýaşlara, bütin halkyna edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan çykan eserleriniň sany köp bolsun, il-ýurt bähbitleri işleri mundan beýläkde rowaç alsyn!

No image
BAKY BITARAPLYK–PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞINI NUSGALY ÝOLY

Kitaphanalar

11.04.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Baky Bitaraplyk–parahatçylygyň we ösüşini nusgaly ýoly» atly söhbetdeşlik geçirdi. Hemişelik Bitaraplygymyzy we onuň gazananlaryny pugtalandyrmakda parahatçylyk, söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine öňe sürýän Diýarymyzda alynyp barylýan beýik işler hakynda hem buýsançly söhbetler edildi. Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ynsan ömürleriniň, nesilleriň geljeginiň ygtybarly goragy bolan parahatçylygy dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan edildi.

BAŞ SAGLYGYM–ALTYN JYGAM

Kitaphanalar

11.04.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin Des-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat seýilgähinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Baş saglygym–altyn jygam» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.