logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
BILIMLI ÝAŞLAR–WATANYMYZYŇ KUWWATY

Muzeýler

28.08.2025

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň barha golaýlaşýan günlerinde eziz Diýarymyzyň her bir günini bezeýän şanly hem-de taryhy wakalar ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Şu günler milli senenamamyzda mynasyp orun alyp her ýyl ýurdymyzda täze okuw ýylynyň buşlugy bolup bellenýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çärelere giň gerim berilýär. Dabaraly çäreler hoşallyk maslahatlary, syýasy söhbetdeşlikler, aýdym-sazly çykyşlar Gadymy Lebabyň edara-guramalaryna, obadyr-şäherlerine baýramçylyk şatlygyny bagyşlaýar. Şu gün «Bilimli ýaşlar-watan kuwwaty» atly Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, muzeý hünärmenleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanany, asuda we eşretli durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/33.jpg) Gülälek BATYROWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy.

No image
«MEDENI MIRAS» GEPLEŞIGI

Muzeýler

26.08.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere belent sepgitlere ýetilýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir. Her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Bilim ösüşleriň binýady» atly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşik «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, muzeýiň Mahabatlandyryş-neşir edijilik bölüminiň müdiri Aýgül Bekmiýewa çykyş etdi. Gepleşige gatnaşan myhmanlar häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň barha kämilleşýän we döwrebaplaşýan şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwletimizde türkmen halkynyň iň ýokary gymmatlyklarydyr dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagy Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýandygy dogrusynda belläp geçdiler.

No image
«BILIM–ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY»

Muzeýler

25.08.2025

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň özeninde halkymyzyň bagtyýar geljegi, ýaş nesilleriň bilimli, terbiýeli we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi baradaky beýik maksatlar durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilim ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Täze mekdepler, ýokary okuw jaýlary, döwrebap bilim merkezleri gurlup, ýaşlaryň döredijilik mümkinçilikleri giňden açylýar. Munuň özi döwletimiziň alyp barýan beýik syýasatynyň üstünlikleriniň aýdyň beýanydyr. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralan «Bilim–ösüşleriň binýady» atly sergi ýurdumyzyň medeni durmuşynda aýratyn ähmiýetli çärä öwrülýär. Bu serginiň üsti bilen şekillendiriş sungatynyň nusgawy eserleri arkaly bilim-terbiýäniň, mugallyma bolan hormatyň, ýaşlaryň ylyma we zähmete bolan söýgüsiniň beýany görkezilýär. Şeýle sergileriň geçirilmegini üpjün edýän, ýaş nesilleriň ylymda, döredijilikde we sungatda belent sepgitlere ýetmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk bildirýäris. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeli menzilleri rowaçlyklara beslensin! ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/aaaa22.jpg)

No image
SUNGAT-PARAHATÇYLYGYŇ ILÇISI

Muzeýler

23.08.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, saýlap alan hünärleriniň eýesi bolmaklary, döredijilik bilen giňden meşgullanmaklary babatynda örän uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda-da giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda gazanylan üstünlikleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen halkara derejesindäki festiwallar, sergiler, maslahatlar we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Sungat-parahatçylygyň ilçisi» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlik «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, muzeýiň hünärmenleri Sonagül Karaşewa, Aýjemal Gatyýewa dagylar gatnaşdylar. Ýurdumyzda muzeý işiniň kämilleşdirilmegi, muzeý gaznahanalarynyň baýlaşdyrylmagy, halkymyzyň milli mirasyny ýaşlaryň çuňňur öwrenmekleri hem-de ýaş hünärmenleriň iş başarjaňlygyny ýokarlandyrmak üçin giň şertler döredilmegi biz ýaşlaryň işimize bolan höwesimizi has-da artdyrýar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22.jpg)

No image
ÇALSANA, BAGŞY!

Muzeýler

22.08.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça başyny başlan asylly işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Her ýyl geçirilýän bu bäsleşik «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi, gaznahanasynda saklanylýan sungat eserlerinden düzülen ajaýyp göçme sergisini gurady. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ý.Adamowanyň «Birinji sentýabr», Ý.Annanurowyň «Öz Watanymyň gyzy», A.Amangeldyýew «Lukman Saçly Dursunowyň portreti» atly ajaýyp eserleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Milli medeniýetimiziň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!

No image
BELENT ÖSÜŞLERE BESLENEN DIÝAR, ŞANLY GARAŞSYZLYK TOÝUNA BARÝAR

Muzeýler

20.08.2025

«Halkara–parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyza şanly otuz ýyl dolýar.Agzybir we jebis türkmen halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Şu günler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna bagyşlanyp geçirilýän çäreler, maslahatlar, tegelek stoluň başyndaky syýasy söhbetdeşlikler toý şatlygyna buýsanç goşýar. Şeýle dabaraly çäreleriň biri-de Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Saýat etrap, Hojambaz etrap geňeşlikleriniň hem-de Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda «Belent ösüşlere beslenen diýar, şanly Garaşsyzlyk toýuna barýar» atly tegelek stoluň başyndaky syýasy söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Täsirli geçen söhbetdeşligiň dowamynda oňa gatnaşanlar bagtyýar zamanany peşgeş beren, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly sagbolsunlaryny beýan etdiler. Gülüstan HUDAÝAROWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
BRIFING WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY

Muzeýler

18.08.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde yzygiderli ösdürilýär. Bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredilendir. Soňky ýyllarda Awaza iri forumlaryň, halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. 2025-nji ýylyň 5 – 8-nji awgust aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda «Deňze çykalga dünýä çykalga» ady bilen Brifing wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. Bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek üçin Awaza dünýäniň 40-a golaý ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 160-dan gowrak wekiller gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşanlar goňşy döwletler bilen, şonuň bilen bir hatarda dünýäniň ösen döwletler bilen birnäçe halkara derejesinde parahatsöýüjilikli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýanlygy dogrusynda çykyş etdiler.

No image
MILLI GYMMATLYKLARYMYZ TÜRKMEN GÖZELLIGINIŇ NUSGASY

Muzeýler

16.08.2025

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli mirasymyz aýdyňlygy bilen içgin öwrenilýär. Eziz halkymyzyň örän gadymy we baý milli mirasy bar. Türkmen halky öziniň ýaşan dürli döwürlerinde milli medeniýeti, milli mirasysy nesilden-nesile geçirip bilen halkdyr. Onuň şeýledigine biziň günlerimize çenli üýtgewsiz gelip ýeten milli egin-eşikleriň ajaýyp görnüşleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ene-mamalarymyzyň, gyzlarymyzyň, hususanam «gelin» egin-eşigini, olaryň owadan nagyşlaryny, kümüşden ýasalan bezeg şaýlaryny synlanyňda bularyň hemmesi türkmen halkynyň baý milli mirasyna, däp-dessuryna bolan hormatyny artdyrýar. Diňe bir zenan egin-eşikleri däl, eýsem türkmen ýigitleriniň gyrmyzy donlary, ezýaka köýnekleri, seçelenip duran silkme telpekleri, tirme guşaklary – dürli halklaryň nazaryny özüne çekýär. Dürli görnüşli milli egin-eşikleriň içinde pederlerimiziň iň gowy görýän milli lybaslarynyň biri-de milli donlardyr. Don – bu diňe bir egne geýip gidäýmeli eşik däl, ol hormata mynasyp häsiýetli milli maddy gymmatlyk. Halkymyzyň arasynda türkmen milli donlary barada «Gözellik ondur, dokuzy dondur» diýen aýtgy bar. Sebäbi donlar geýimleriň üstki bezegini tamamlaýandygy üçin olara uly ähmiýet berlipdir. Öý şertlerinde oba hojalyk önümlerinden egin-eşikleri tikmek üçin çig mallar ene-mamalarymyzyň öz elleri bilen taýýarlanypdyr. Pileden ýüpek matalar, pagtadan nah matalar düýäniň we goýnuň ýüňünden ýüň matalar dokalyp, olardan donlaryň dürli görnüşleri tikilipdir. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/3.jpg) Gadymdan galan asyl nusgaly milli eşikleriň görnüşlerini has ýakyndan öwrenmeklikde ýurdymyzda öz işini alyp barýan muzeýleriň ähmiýeti örän ulydyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznalarynda saklanylýan täsin, gadymy milli donlary halk köpçüligine görkezmek maksady bilen 2025-nji ýylyň 15-nji awgustynda «Milli gymmatlyklarymyz türkmen gözelliginiň nusgasy» atly milli donlaryň sergisi gurnaldy. Sergide XIX asyryň ahyryna we XX asyra degişli bolup halkymyzyň ähli sebitlerine mahsus bolan erkek adamlaryň, gyz-gelinleriň we çaga donlaryň dürli görnüşleri görkezilýär. Sergide zenanlar tarapyndan geýilen el keşdeli, basma nagyşlar bilen bezelen begresler, keşdelenen we kümüş bezegli çabytlar, kümüş düwmeler we teňňe pisint kümüş bölejikler, bugnama hem-de mata bölejikleri bilen haşamlanan mahmal we küleçe donlary, gyzyl ýaşyl zolakly dokalan sary tagta donlar, ilme nagyşly mawut we baş donlar, içi pagtalanyp syralan hywa donlar, pugtalanyp bezelen çepbetöw, daraýy we maldaýy donlar hem-de erkek adamlar tarapyndan geýilen gyrmyzy don, garma don, hywa don, düýe we goýun ýüňünden dokalan agar hem-de çal çäkmenleriň ajaýyp görnüşleri görkezilýär.

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

14.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 15-nji awgustda sagat 10:00-da «Milli gymmatlyklarymyz türkmen gözelliginiň nusgasy» atly milli donlaryň sergisiniň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy. Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Muzeýler

12.08.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilýän çäreler, wagyz-nesihat duşuşyklary, hoşallyk maslahatlary ajaýyp ýylymyzda bellenilýän şanly seneler bilen utgaşyp her bir raýatyň göwün guşyny ganatlandyrýar. Şeýle ýokary guramaçylykda geçirilen çäreleriň biri-de Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde BMG-nyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynda kabul edilen kararlary we çözgütleri halk köpçüligine wagyz etmek maksady bilen, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Türkmenabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bilelikde gurnamagynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, muzeý hünärmenleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler. Gülälek BATYROWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22.jpg)