logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
SANLY MEDENIÝET-YKDYSADY ÖSÜŞIŇ MÖHÜM ŞERTI

Muzeýler

12.07.2025

2025-nji ýylyň iýul aýynyň 5-ne hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň wideo aragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny esasan-da muzeýlerde sanly ulgamy ornaşdyrmak baradaky beren tabşyryklary bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrylýar. Muzeýlerde audiogid, QR kodlar, multimediýa enjamlar, muzeýleriň internet saýdlary, gologramma ýaly sanly ulgamyň enjamlary ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýinde Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek boýunça beren tabşyryklaryny amala aşyrmaga degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de ýurdumyzda “Elektron hökümet hakynda” we “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryndan ugur alyp ýurdumyzyň ähli muzeýlerinde internet hyzmatlaryndan peýdalanmaklyk üçin ähli şertler döredildi. Şu jähtden ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýiniň wirtual muzeý saýdyny kämilleşdirmek boýunça işler ýola goýuldy. Dünýäde ylmy-tehnikanyň ösmegi bilen häzirki zaman habarlar we aragatnaşyk tehnologiýasynda wirtuallaşdyrmak dünýäsi giň gerim alýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň buýsançly taryhyny, milli mirasyny, medeniýetini we sungatyny wirtual görnüşe geçirmek arkaly wagyz etmeklige ägirt uly ähmiýet berýär. Wirtuallyk (Wirtual–gurşaw)-kompýuterde sintezlenen üç ölçegli ulgam bilen adamyň baglanyşygydyr. Wirtual gurşaw adamyny habarlar ulgamy bilen baglanyşdyrýar. Bu adamyň kompýuter bilen we onuň emele getirýän dünýäsi bilen gatnaşygyň modelirlemesidir. Häzirki döwürde internetiň wirtual dünýäsinde muzeýleriň uly mümkinçilikleri nazara alnyp, bütin dünýäde Internet muzeýleri döredilýär. Internet ulgamynda diňe bir maglumat alyşma bilen çäklenmän, muzeýara maslahatlary geçirmek, taslamalary işläp taýýarlamak, hyzmatdaşlyk birleşiklerini döretmek hem mümkindir. Bulardan başga-da muzeýler öz saýtyny mahabat hökmünde ulanmak hukugyna hem eýedir. Wirtual muzeýiň üsti bilen wirtual ekskursiýalary (gezelençleri) syýahaty hakyky muzeýde syýahat gurnandan hem gyzykly görnüşde gurnamak mümkinçiligi hem bar. Şeýle hem wirtual muzeýiň kömegi bilen wirtual sergileri, muzeý gymmatlyklaryny hem görkezip bolýar. Şeýle hem wirtual medeni ýadygärlikleriň döredilmegi we görkezilmegi, taryhy dikeltmeler, interaktiw eksponatlar, bir wagt ýitirilen desgalaryň we eksponatlaryň (gymmatlyklaryň) täzeden döredilmegi, medeni mirasyň we nesillere tabşyrylyşynyň düýbünden täze derejä geçmgine hem mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýiniň hemişelik sergi zallarynyň wirtual görnüşe geçirilmegi muzeýiň inetrnet torundaky adamlar bilen gatnaşygynyň has-da ýygjamlaşmagyna özüniň täsirini ýetirýär. Bu bolsa adamlarda sanly medeniýet diýen düşünjäniň has-da ösmegine itergi berýär. Ogulşat DÄDEBAÝEWA Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
MUZEÝ IŞLERI KÄMILLIGIŇ ÝOLUNDA

Muzeýler

11.07.2025

Milli mirasymyza medeniýetimize, sungatymyza sarpaly Arkadagdan arkaly ýurdymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzyň her bir güni şatlykly taryhy wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde muzeý işini kämilleşdirmäge aýratyn uly üns berilýär. Bu babatda muzeýimizde tutumly işler wagyz-nesihat duşuşyklary, baýramçylyk çäreleri yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky Mejlisinde halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde ýurdumyzyň muzeýlerine aýratyn ornuň degişlidigini, şeýle-de muzeý işini has-da döwrebaplaşdyryp, kämilleşdirip halkymyzyň şöhratly taryhyny dünýä ýaýmaga hem-de muzeýlere sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak dogrusynda birnäçe anyk wezipeleri kesgitledi. Halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň muzeýlerine aýratyn orun degişlidigini belläp geçmegi, biz bagtyýar zamanamyzyň milli mirasyny wagyz edýän muzeý hünärmenleriniň buýsançly başymyzy göge ýetirdi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/M-2.jpg) Hut şu nukdaýnazardan, şu gün Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde welaýatymyzyň medeniýet sungat işgärleriniň hem-de muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Muzeý işleri kämilligiň ýolunda» atly dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi, şeýle-de hoşallyk maslahatynyň dowamynda milli mirasymyzdan söz açýan, ata-babalarymyzyň dünýä medeniýetine goşan goşandynyň subutnamasy bolan taryhy tapyndylary, medeniýetimizi beýan edýän ajaýyp sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu sergi özünde birnäçe tomaşaçylary jemläp ýatda galyjy ajaýyp pursatlar beslendi. Bize işlemäge, döretmäge, ýurdymyzyň bedew batly ösüşlerine özümiziň mynasyp goşantlarymyzy goşmaga, milli medeniýetimizi, milli gymmatlyklarymyzy, baý edebi mirasymyzy halkymyzyň arasynda wagyz etmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman bolsun. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmeniň medeniýeti, sungaty, milli mirasy has-da gülläp gül açsyn.

No image
TARYH SAHYPASYNDA BAKY ÝAŞAR ADYŇYZ, ARKADAGLY SERDARYMYZ ÖÇMEZ ŞAN-ŞÖHRATYŇYZ

Muzeýler

10.07.2025

Hormatly Prezidentimiziň muzeý gaznalaryny baýlaşdyrmak we olary gorap saklamak hem-de ylmy taýdan öwrenmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi «Taryh sahypasynda baky ýaşar adyňyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz öçmez şan-şöhratyňyz» ady bilen halk arasyndan toplanan gymmatlyklary sergileriň üsti bilen halk köpçüligine ýetirdi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/b2.jpg)

No image
PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNDA ÇAGANYŇ HUKUGY

Muzeýler

09.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň “Şekillendiriş sungaty” we “Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag” bölümleriniň işgärleri tarapyndan Gökderedäki “Ýaşlyk” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda çaganyň hukugy” atly çäräniň çäginde göçme sergi gurnaldy. Ol merkezlerde çagalar üçin peýdaly duşuşyklar yzygiderli geçirilip durulýar. Bu sergide türkmen halkynyň gadymdan galan egin-eşikleri, haly önümleri, durmuş esbaplary we ýurdumyzda duş gelýän birnäçe haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň dürli görnüşleriniň gäpleri görkezildi. Çagalar serginiň dowamynda gelin-gyzlaryň gadymy egin-eşikleri barada gyzykly maglumatlary diňlediler şeýle hem haýwanlaryň biologiki aýratynlygy, olaryň ýaýran ýerleri we iýmitlenişi baradaky täsin maglumatlar bilen tanyşdylar. Bu sergi çagalaryň türkmen halkynyň miras galdyran we nesilden nesle geçip gelýän medeni gymmatlyklary, gözel tebigatymyzyň haýwanat dünýäsi barada maglumat almaklaryna we öz bilimlerini artdyrmaklaryna, dünýägaraýyşlaryny giňeltmeklerine ýardam berer. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2.jpg)

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝINDE MUZEÝARA MASLAHAT GEÇIRILDI

Muzeýler

07.07.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli pudaklarda bolşy ýaly muzeý işini sanly ulgama geçirmek, ýurdumyzyň muzeýleriniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine daýanýan sanly ulgam, muzeý işinde hem özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Muzeýlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy innowasion tehnologiýalar arkaly medeni mirasymyzy, taryhymyzy, medeniýetimizi, türkmen halkynyň geçmişini öwrenmäge, gorap saklamaga hem-de olary dünýä ýaýmaga uly ýardam berýär. 2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň muzeýlerine aýratyn ornuň degişlidigi barada aýdan sözlerinden ugur alyp muzeýara maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Döwlet muzeýine täze kabul edilen gymmatlyklaryň sergisi guraldy. Onda Orta asyr ýadygärliklerine degişli täze kabul edilen arheologiýa tapyndylary, şeýle hem şu ýylyň dowamynda toplanan etnografiýa degişli gymmatlyklar görkezildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/home/22.jpg) Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow, «Watan mukaddesligi» muzeýiniň direktory Maksat Kerimow, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň Ýadygärlikleri öwrenmek we rejelemek bölüminiň başlygy Maksatmyrat Amanow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Maral Hojagulyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir işleri bölüminiň müdiri Bossan Ataýewa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Okuw mekdepleri, muzeýler we kitaphanalar bölüminiň esasy hünärmeni Durdymyrat Atdaýew, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiriniň orunbasary Güljemal Annamyradowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini taýýarlygy ugrunyň 3-nji ýyl talyby Bilbil Saparowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzyň muzeýleriniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada, esasan hem muzeýlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy we olaryň aýratynlygy barada giňişleýin durup geçdiler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň iri muzeýlerine «Wirtual muzeý» sanly ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gaýybana syýahat etmäge, muzeýlerde bar bolan gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Muzeý gymmatlyklaryny toplamak, muzeý gaznasyny baýlaşdyrmak muzeý işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bular barada hem çykyşlarda giňişleýin durlup geçildi. Şeýle hem çykyşlarda sanly ulgamyň bize döredýän giň şertleriniň hatarynda, gymmatlyklaryň her biri üçin aýratynlykda anyk maglumat almaga mümkinçilik döredýän QR kod ulgamyna geçmeklik işleriniň yzygiderli dowam etdirilýändigi barada hem giňişleýin durlup geçildi. Maslahata gatnaşyjylar milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä wagyz etmäge ýurdumyzyň muzeýlerinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Maslahat tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar muzeý gymmatlyklaryndan guralan sergini aýlanyp gördüler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/home/33.jpg)

No image
ŞOWHUNLY GÜNLERIŇ ŞATLYGY

Muzeýler

04.07.2025

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi, Türkmenistanyň Içeri işleri ministrligi hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Çagalaryň bagtyýar durmuşy — parahatçylygyň we abadançylygyň aýdyň kepili» atly şygar astynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi tarapyndan çagalaryň netijeli dynç almaklary, boş wagtlaryny täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyp, çagalar muzeýe wirtual syýahat etdiler. Guralan sergide çagalygy, beýik döwrümizi, tebigatymyzy, medeni hem-de ruhy gymmatlyklarymyzyň waspyny ýetirýän nakgaş, grafika, amaly-haşan sungat eserleri görkezildi. Çagalaryň arasynda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Şeýle-de olar surat çekmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňiji bolan hem-de tapawutlanan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. «Ýaşlyk» teleýaýlymy tarapyndan alnyp barylýan işler dogrusynda söhbetli gürrüňdeşlik boldy. «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik guraldy.

No image
Gözel tebigatym we milli mirasym

Muzeýler

02.07.2025

Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjeklerine öwrülen Gökdere jülgesindäki «Nesil» we «Çeşme» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 2-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölümi tarapyndan «Gözel tebigatym we milli mirasym« atly sergi gurnaldy. Bu sergide ülkämiziň baý tebigatynda duş gelýän birnäçe guşlaryň gäplerini, ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli egin-eşiklerini, haly we haly önümlerini, dokmaçylyga degişli, gündelik durmuşyna degişli esbaplary görkezildi. Tomusky dynç alyşdaky çagalara muzeýiň ylmy işgärleri Şirin Karaýewa we Aýgül Maşrykowa dagylar muzeý işi barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi tebigatymyzyň gözellikleri we baý medeni mirasymyz bilen tanyşdyrmak, olarda watançylyk terbiýesini ösdürmekde muzeý hünärmenleri birnäçe işleri alyp barýarlar.

No image
«ÇYNAR» ÇAGALAR DYNÇ ALYŞ WE SAGALDYŞ MERKEZINDE SERGI GURNALDY

Muzeýler

01.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri dürli gymmatlyklary muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergiler hem gurnaýarlar. 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 1-na Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ylmy işgärleri tarapyndan Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Türkmenistanyň tebigy we milli gymmatlyklary» atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnaldy. Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri çagalara Türkmenistanda duş gelýän birnäçe haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň görnüşleri we olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary barada gyzykly gürrüňler berdiler. Serginiň dowamynda Türkmen halkynyň milli egin-eşikleri we haly önümleri bilen tanyşdylar. Çagalar bilen sorag-jogap alyşylmagy olarda uly täsir galdyrdy.

No image
ONLAÝN DUŞUŞYK

Muzeýler

24.06.2025

Suratkeşler özboluşly dünýäsi bilen hemişe döredijilik gözleglerinde bolýarlar. Olar eser beýanynyň täze ýollaryny tapyp, kämil sungat eserleri bilen ussatlaryň arasynda öz mynasyp orunlaryny tapýarlar. Dünýä sungatynyň gazananlaryny öz döredijiliginde eserleriniň üsti bilen görkezip, türkmen suratkeşleri milli sungatyň ösüş tejribesinden peýdalanýarlar. Şeýlelikde, ajaýyp sungat eserleriniň döremegine, ýurdumyzyň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna mynasyp goşant goşýarlar. 24-nji iýunda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Rus muzeýiniň arasynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn duşuşyk geçirildi. Bu onlaýn duşuşygynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan türkmen suratkeşleriniň döredijiligi bilen tanyşdyryldy. Iki muzeýiň arasynda muzeý işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça özara pikir alşyldy. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler muzeý işini ösdürmekde, geljekki ýaş nesillere ýetirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
«TÜRKMENIŇ AK ÖÝI» BINASYNDA GÖÇME SERGI

Muzeýler

24.06.2025

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giň¬den bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy guraldy. Hepdeligiň çäklerinde milli ruha beslenen çäreler geçirilip, olar Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleriniň, halkyň ruhubelentliginiň, abadan durmuşynyň çeper beýanyna öwrülýär. Her ýyl geçirilýän bu medeni forumda Watanymyzyň ösüşleri opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty, edebiýat ýaly ugurlarda belentden wasp edilýär. 2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy mynasybetli «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerini, muzeýiň gaznalarynda saklanýan gymmatlyklary özünde jemleýän göçme sergisini gurady. Bu eserler asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan özboluşly däp-dessurlarymyz, halkymyzyň baý medeni mirasy we sungaty barada gürrüň berýär.