logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
SIZIŇ ÜÇIN KÖRPELER

Muzeýler

05.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Şeýle ajaýyp baýramçylyklaryň biri 8-nji mart Halkara zenanlar günüdir. Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly baýramçylyk serginiň çäklerinde «Siziň üçin körpeler» ýörite çagalar üçin niýetlen gepleşigiň baýramçylyk sanynyň ýazgysy geçirildi. Ýazga Aşgabat şäheriniň çäklerinde ýerleşýän birnäçe Çagalar bagynda terbiýelenýän çagalar gatnaşdylar. Ýazga gatnaşan çagalar zenanlara uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

No image
ZENANLAR ZEMINIŇ GÖRKI

Muzeýler

05.03.2026

Mähriban enelerimiziň ösüp gelýän nesillerimizde milli buýsanjy, belent ynsanperwer häsiýetleri terbiýelemekde bitirýän hyzmatyna ýokary baha berilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň zenanlaryna mynasyp durmuş we döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilýär. Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidir. Zenan gözelligi diýlen düşünje diňe bir daşky keşbi däl, eýsem, ruhy päkligi, geýiniş medeniýetini, edep-ekramy we gylyk-häsiýeti hem öz içine alýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly baýramçylyk sergisiniň çäklerinde birnäçe teleýaýlymlaryň ýazgy etmeginde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige gatnaşan myhmanlar zenanlara goýulýan sarpa üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

No image
ZENAN-ZEMINIŇ ZYNATY

Muzeýler

05.03.2026

Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda türkmen zenanlaryna goýulýan hormat, sarpa döwlet derejesinde amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen merdana zenanlarymyzyň çekýän asylly zähmetlerini göz öňünde tutup «Zenan kalby» ordeni hem-de hormatly atlaryň berilmegi, köp çagaly enelere «Ene mähri» medalynyň gowşurylmagy, şeýle-de olara täze döwrebap gurulýan jaýlaryň açarlaryň gowşurylmagy, gyz-gelinlerimize pul sowgatlarynyň berilmegi zenan mertebesiniň has-da belentdedigini görkezýär. Türkmen zenanlary milli gymmatlyklarymyzy, medeni-ruhy mirasymyzyň köp sanlysyny döretmek bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşýarlar. Şol milli gymmatlyklaryň köpüsi biziň günlerimizde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Halkymyzyň medeni däp-dessurlary, sungaty, edep-ekram kadalary birnäçe asyrlaryň dowamynda döräpdir, kämilleşipdir. Ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän 8-nji mart Halkara zenanlar gününe bagyşlap, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti we Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda «Zenan-zeminiň zynaty» atly wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergide goýulan milli gymmatlyklarymyzyň aňladýan many-mazmuny, zenan ellerinden dörän haly we haly önümleri, kilim-palaslar, milli lybaslarymyzyň özboluşly aýratynlyklary, keşdedir-nagyşlaryň taryhy gelip çykyşy we gaýtalanmaýan owadanlyga eýe bolan şaý-seplerimiz barada gyzykly gürrüňler edildi. Sergidäki görkezilýän milli gymmatlyklarymyz özüniň köp öwüşgünligi, biziň günlerimizde gelin-gyzlarymyz tarapyndan dowam etdirilişi, ýaş nesillerimize öwredilişi, durmuşda zenan sarpasy, mertebesi, maşgala mukaddesligi we olara döwletimiz tarapyndan çekýän asylly zähmetleri üçin berilýän hormatly atlar, döwlet sylaglarynyň ähmiýetleri barada durulyp geçildi. Sergide Lebaply suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň bahar paslyny we gelin-gyzlarymyzy wasp edip çeken surat nakgaş eserleri, bezeg küýzeleri, heýkelleri we el işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzda giňden tanalýan heýkeltaraşlar B.Annamyradowyň «Bahar», S.Babaýewiň «Duşuşyk», H.Atajanowyň «Pagtaçy gyz», «Sagymçy zenan», «Ene mähri», D.Umarowanyň «Alaja», «Bagşy zenan» ýaly heýkelleri, suratkeşler H.Allaşükürowyň «Bägüller», M.Amanowanyň «Güller», A.Hudaýberdiýewanyň «Çigildem», H.Nabiýewanyň «Daýahatyn», A.Nuryýewanyň «Ene dogasy» ýaly nakgaş eserleri, tanymal senetkär mugallym O.Öräýewanyň milli nagyşlar bilen owadan edip çeken bezeg okaralary, sandyklary, kädiniň ýüzüne çeken gelinleriniň özboluşly owadan görnüşleri, dekoratiw küýzeler görkezildi. Watanymyzyň ösüşlerini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimizi milli mirasymyza söýgi döretmekde olary milli ruhda terbiýelemekde, zenanlarymyza uly sarpa we hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdýarys! Ogulgerek AGAJANOWA Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
BEDEW BATLY ZAMANANYŇ BAGTYÝAR ZENANLARY

Muzeýler

05.03.2026

Türkmen zenany maşgalanyň sütünidir, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygydyr. Zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz bolup, bu ýörelgeler bedew bady bilen ynamly öňe barýan döwletimiziň deňsiz-taýsyz ösüşleri gazanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Bu gün türkmen gelin-gyzlary watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk, pähim-paýhaslylyk, salyhatlylyk ýaly milli häsiýetleri nusga edinip, halkymyzyň abraýyny, mertebesini dünýäde has-da belende göterýärler. Eziz Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň barha belende galýan döwründe halkymyzy jebisleşdirýän, milli bitewiligimizi has-da berkidýän hem-de belent sepgitlere ruhlandyrýan mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mertebesi hemişe belentdir. Ajaýyp döwrümizde zenan mertebesine uly hormat goýulýandygynyň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşaýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde Halkara zenanlar güni 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň, medeniýet we bilim ojaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri, sergileri, bäsleşikleri, döredijilik duşuşyklary guralýar. Gözel tebigatyň ynsan ýüreklerinde ylham-joşgun döredýän ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Lebap welaýat häkimliginiň hem-de muzeýiň bilelikde gurnamagynda bagtyýar zenanlaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Bu söhbetdeşlik çäresinde eziz watanymyzda zenan sarpasy, maşgalada ene mukaddesligi, edep-terbiýe, hüwdileriň çaga terbiýesindäki ähmiýeti, zenanlarymyz tarapyndan sungat derejesine ýeten milliliklerimiz dogrusynda täsirli söhbetler edildi. Olar özleriniň buýsançly söhbetlerinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen zenanlaryna goýulýan hormat-sarpa, olaryň ýaşaýyş durmuşynyň gowulandyrylmagy üçin döwletimiz tarapyndan döredilip berilýän mümkinçilikler dogrusynda edilen söhbetler çykyşlarynyň içinden erş-argaç bolup geçdi. Ýurdumyzda biz zenanlary eziz diýarymyzyň buýsanjyna deňäp, döwrebap zähmet çekmegimiz, işlemegimiz, döretmegimiz, milli mirasymyzyň müň dürli öwüşgünlerini wagyz etmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaçly menzillerde rowaçlyklara beslensin!. Gülälek BATYROWA Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
Şekillendiriş sungatynda zenan waspy

Muzeýler

04.03.2026

Bahar pasly tebigatyň täzelenýän, gülleriň müşk ysynyň burk urýan döwrüdir. Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidir. Türkmen suratkeşleri öz eserlerinde gelin-gyzlaryň keşbini diňe bir daşky gözellik däl, eýsem mährem ene, wepaly ýoldaş we zähmetsöýer zenan hökmünde uly ussatlyk bilen wasp edýärler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpgyttyyt.jpg) Ýurdumyzyň ähli künjeginde 8-nji mart - Halkara zenanlar gününiň uly dabara, şatlyk-şowhun bilen bellenilýän günlerinde sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly serginiň açylyş dabarasy uly baýramçylyga beslendi. Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden myhmanlar, medeniýet, sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Baýramçylyk sergisinde muzeýiň gaznasynda saklanylýan ussat halypalaryň eserleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň hem-de erkin suratkeşleriň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk eserlerine, keramika, haly, gobelen we zergärçilik önümlerine uly orun berildi. Sergidäki şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleri türkmen zenanynyň mähir-muhabbetini, ruhy dünýäsiniň baýlygyny giňden açyp görkezýär. Manyly sungat eserleri halkymyzyň öçmejek taryhynyň gymmatlyklarydyr.

No image
OGULABAT EJÄNIŇ EL HÜNÄRI TÜRKMEN ZENANLARYNYŇ GÖRELDE MEKDEBIDIR

Muzeýler

03.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde milli we ruhy gymmatlyklarymyza uly üns berilýär. Taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý milli mirasymyzyň bir bölegi biziň gelin-gyzlarymyzyň çeper elleriniň miwesi hasaplanýan keşdeçilik sungaty bolup durýar. Dabarasy dünýä dolan beýik döwletimiziň başlangyjy bilen türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli mirasymyzyň dünýä içre dabaralanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünäri, keşdeçilik sungatynyň naýbaşy nusgasy bolan, 1971-nji ýylda sünnäläp bejeren kürtesiniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde orun almagy türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir. Mähriban käbämiziň sünnäläp, mähir siňdirip bejeren gyzyl kürtesiniň hem-de gülli jorabynyň muzeý gymmatlyklarynyň hataryna goşulmagy medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmekde, gorap saklamakda hem-de giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/muzey-sergi.jpg) Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen «Ogulabat ejäniň el hünäri türkmen zenanlarynyň görelde mekdebidir» atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatyň çäklerinde sergi gurnaldy. Sergide gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan gelin-gyzlarymyzyň inçe we nepis edip bejeren kürteleri, türkmeniň bahar paslyny ýatladýan gül-gülälekli gülleriň reňklerini özünde jemleýän ýaşyl, sary, ak çyrpylary hem-de elde dokalan dürli reňkli ýüpek keteniler görkezilýär. Serginiň dowamynda halypa nakgaşlarymyzyň şeýle-de ýaş suratkeşleriň nakgaş eserlerinde bolsa ajaýyp gülleriň şekili, çeper elli gyz-gelinlerimiziň döreden önümleri öz beýanyny tapýar.

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

27.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026-nji ýylyň 3-nji martynda sagat 10:00-da Halkara zenanlar güni mynasybetli “Ogulabat ejäniň el hünäri türkmen zenanlarynyň görelde mekdebidir”atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
NURANADYR «GALKYNYŞYŇ» ÝOLLARY

Muzeýler

24.02.2026

Bedew bady bilen öňe barýan türkmen halkymyzyň her bir güni toý baýramlara, şanly senelere beslenen. Muňa hut şu ýylymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly diýilmegi hem uly şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň naýbaşysy bolan ahalteke bedewlerine uly hormat we sarpa goýulmagy bilen, halkymyzyň şöhratly taryhynyň has-da müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygy görmek bolýar. Şany dünýä dolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikleri diýseň guwandyryjydyr. Ýaňy ýakynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýynyň barha belende göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem ýurdumyzda bedew batly beýik ösüşleriň, taryhy özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen Lebap welaýatynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň iş saparyna gelmegi hem-de Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinden badalga almagy muzeý işgärleriniň buýsanjyny artdyrdy. Bu topar muzeyde myhmançylykda bolup, gadymy mirasy gymmatlyklarymyzy we gurnalan ajaýyp sergimizi uly gyzyklanma bilen synladylar. Halkymyzyň milli mirasyny, milli sungatyny içgin öwrenip we ony halka wagyz etmekde giň ýol açan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il ýurt bähbitli işleri rowana ýollarda rowaç alsyn. _____________________________ Maral Hojakulyýewa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/p-11.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/p-12.jpg)

No image
TALYP ÝAŞLARYŇ MUZEÝMIZE GEZELENJI

Muzeýler

18.02.2026

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Gökdepe» milli muzeýiniň sergi bölümlerine düşündirişli gezelenç geçirildi. Düşündirişli gezelenji muzeýiň esasy hünärmeni Nurnabat Gurbanmämmedowa alyp bardy. Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar Gökdepe söweşiniň taryhyny üns bilen diňläp, her bir esbaplary synlap bu gün asuda, erkana döwletde okap bilim almaklarynyň esasy özeninde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Bitaraplyk syýasatynyň manysynyň çuňňurlygyna aýdyň göz ýetirdiler. Talyp ýaşlar halkymyzyň baý milli mirasy barada berilýän maglumatlary diňläp, özleriniň dünýägaraýyşlarynyň, gözýetimleriniň giňemeginde düýpli esas bolandygyny aýratyn bellediler. Bu günki çäräniň dowamynda talyp ýaşlar Gökdepe söweşiniň taryhyny, türkmen halkynyň gündelik durmuşda ulanan esbaplarynyň asyl nusgalaryny synlap olar barada aýdylan gymmatly maglumatlary üns bilen diňläp, türkmen döwletiniň halk hökmünde kemala gelmegi üçin çekilen azap ýollaryň aňsat düşmändigine aýdyň göz ýetirdiler. Şol sebäpli çäräniň dowamynda «Miras» teleýaýlymyna birnäçe talyplar tarapyndan interwýular bilen ýazgy edildi. Ýurdumyzda muzeý esbaplaryny ylmy taýdan öwrenmek, rejelemek, muzeý toplumlarynyň sanyny artdyrmak işlerine uly mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il–ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝINDE «ABADANÇYLYK–TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ BINÝADY» ATLY SERGI GURNALDY

Muzeýler

17.02.2026

Ýurdumyzda her ýylyň 18­nji fewralynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellenip geçilýär. Döwletimiziň diplomatik wekilhanalary häzirki döwürde Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurdunda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler. Türkmen diplomatlary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak maksady bilen, öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda yzygiderli işleri alyp barýarlar. Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Abadançylyk–türkmen diplomatiýasynyň binýady» atly sergi gurnaldy. Sergide muzeýiň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklar, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň münberinde çykyş edip duran, Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutany hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşyk pursatlaryna degişli fotosuratlar görkezilýär. Sergide sowgat berlen ajaýyp zergärçilik eserlerine has köp orun berilýär. Türkmen zergärleriniň elinden çykan zergärçilik eserleri many-mazmuny boýunça serginiň temasyny açyp görkezmäge ýardam berýär. Kümüşden, altyn çaýylan we gymmatbaha daşlar bilen bezelen bu eserlerde Türkmenistanyň Döwlet nyşanlary, Türkmenistanyň kartasy, türkmen milliligini alamatlandyrýan haly gölleri, simwoliki manyda gurlan binalar hem-de monumentler oýma, guýma usullarda inçeden nepis edilip ýasalypdyr. Sergide bulardan başga-da hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan syzylyp çykan kitaplary we Türkmenistanyň Bitaraplygyna degişli soňky ýyllarda çap edilen kitaplar, albomlar, žurnallar sergilenýär. Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dabara gatnaşyjylar her ýylyň 18-nji fewralynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli gurnalan «Abadançylyk–türkmen diplomatiýasynyň binýady» atly sergä aýlanyp gördüler hem-de muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.