logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 34 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISI AÇYLDY

Muzeýler

19.09.2025

Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy. Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy bilen ýurdymyzyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Sergi ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdymyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini jemledi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp gurnalan sergide medeniýet ministrliginiň pawilýonynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde goralyp saklanylýan ajaýyp gymmatlyklar goýulan. Bu gymmatlyklar ýurdymyzyň syýasatyny beýan edýän zergärçilik eserleridir. Bu sungat eserleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza daşary ýurtly syýasy wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleri tarapyndan sowgat berlen. Ata Watanymyzyň syýasatyny we paýtagtymyzdaky ajaýyp binalaryň görnüşini beýan edýän bu zergärçilik eserleriniň ählisi gymmat bahaly metallardan ýasalyp, gymmat bahaly daşlar bilen bezelipdir. Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň pawilýonynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň göreldeli talyplary tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplaryny beýan edýän sungat işleri görkezildi. Ykdysady üstünlikleriň sergisi öz işini 20-nji sentýabra çenli dowam eder.

No image
GARAŞSYZLYK-WATANYMYZYŇ ŞÖHRATY

Muzeýler

19.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz merdana türkmen halkynyň at owazasyny äleme ýaýdy, milletiň mertebesini parahatsöýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etdi. Garaşsyzlyk halkyň arşa ganat açmasy, milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem-de parahatlyk mukamy bolup ýaňlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Garaşsyzlyk-Watanymyzyň şöhraty» atly sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň «Güýz aýdymy», Türkmenistanyň at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň «Meniň Watanym», Gennadiý Babikowyň «Aşgabat güýzi», Kakageldi Seýitmuhammedowyň «Garaşsyzlyk toýy» ýaly ajaýyp eserler sergimizde öz mynasyp ornuny tapdy. Ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy aýdyň geljege, belent sepgitlere alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun! Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/12.jpg)

No image
MUZEÝMIZDE GURNALAN GÖÇME SERGI

Muzeýler

19.09.2025

2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Şanly Garaşsyzlyk baýramynyň öňsyrasynda Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi tarapyndan Türkmenistan Watanmyzyň Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli çäre geçirildi. Baýramçylyk çäresinde mugallymçylyk mekdebiniň talyp ýaşlary özleriniň folklýor çykyşlarynda türkmen halkynyň arzuwlap gelen Garaşsyzlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Arkadagly Serdarmyzyň saýasynda bahar-ýazly, aýdym-sazly Diýarymyzyň, bu günki -gün ösüşleri, Garaşsyzlygymyzyň miwesi bolan asuda, abadan Watan goýnunda garşy alýan her günümiziň bagtyýarlygy, özbaşdak millet hökmünde milli däp-dessurlarymyzyň, ýol-ýörelgelerimiziň, urp-adatlarymyzyň dabaralanmagy wasp edildi. Türkmen halky toý tutanda geçmişiň däp-dessuryna eýerip, uludan tutýar. Bu çärede Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri tarapyndan hem göçme sergi gurnaldy we milli mirasymyz bolan haly we haly önümleri, kümüş şaý-sepleriniň dürli görnüşleri, türkmen zenanlarynyň on barmagyndan çykan dürli nagyşlar bilen bezelen zenan lybaslary bolan keteni köýnekler, çabytdyr çyrpy-kürteler ýaly taryhy gymmatlyklaryň birnäçesi sergilendi. Talyp ýaşlaryň arasynda gurnalýan sergiler ata-babalarymyzyň Watany söýmegi öz ömürleriniň manysyna öwrüp, arzuw-umytlaryndan wysal bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gelejegi bolan ýaş nesilleri ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary bilen giňişleýin tanyşdyrmaga ýol açýar. _____________ SEÝIDOWA G. Muzeýiň uly ylmy işgäri

No image
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARYŇ MUZEÝE GEZELENJI

Muzeýler

18.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz hemişelik Bitarap Diýarymyzyň Garaşsyzlyk toýuny uly zähmet üstünliklerine besläp, buýsanç bilen garşy alýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň bellenilýän günleriniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Bu iri jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşyjylar 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine geldiler we muzeýiň ekspozisiýalaryna aýlanyp gördüler. Döwlet muzeýiniň işgärleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmaga gelen myhmanlary ýokary derejede garşyladylar. Myhmanlara Döwlet muzeýiniň ekspozisiýalarynda görkezilýän gymmatlyklar barada muzeýiň hünärmenleri giňişleýin ekskursiýalary berdiler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmaga gelen myhmanlar Döwlet muzeýiniň her bir bölümlerinde görkezilýän gymmatlyklary gyzyklanma bilen synladylar.

No image
WATANYMYZYŇ GARAŞSYZLYGY–HALKYMYZYŇ BAGTYÝARLYGY

Muzeýler

15.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bedew bady bilen ösýän asuda, abadan ýurdumyzyň guwandyryjy ösüşleriniň we şan-şöhratynyň dünýä dolýan döwrüdir. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli “Watanymyzyň Garaşsyzlygy–halkymyzyň bagtyýarlygy” atly sergi dabaraly ýagdaýda açyldy. Sergini Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Bu dabara Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň stomatologiýa okuw önümçilik merkeziniň lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Gurbannazar Ataýew, Edebiýat we sungat gazetiniň habarçysy, şahyr Süleýman Ilamanow, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri Sähra Ýusupowa, Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň Mahabatlandyryş we neşir edijilik bölüminiň müdiri Aýgül Bekmiýewa, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň “Altyn menzil” aýdym-saz toparynyň artisti Zöhre Annaýewa, Türkmenistanyň awtoulaglary ministrliginiň “Awtoulaglary” önümçilik birleşmesiniň baş hünärmeni Kerim Täçmyradow dagylar gatnaşdylar we çykyş etdiler. Sergä gatnaşan myhmanlar Garaşsyzlyk ýyllarynda baý medeni mirasyny, onuň dünýä medeniýetine goşýan goşandy, türkmen medeniýetiniň döwrebap derejede ösdürilip, kämilleşdirilýändigi we bütin dünýä ýaýylýandygy hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gelejegi, şu güni barada örän täsirli giňişleýin gürrüň berdiler. Serginiň ahyrynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan nusgalyk işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. Myhmanlar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gurnalan “Watanymyzyň Garaşsyzlygy–halkymyzyň bagtyýarlygy” atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22gb.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/33gb.jpg)

No image
GARAŞSYZLYK BAGTYMYZ

Muzeýler

15.09.2025

Biziň Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz mukaddes Şöhratly Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk toý baýramçylygyna barýar. Biz Mary welaýatynyň Taryhy we Ülkani Öwreniş Muzeýiniň işgärleri bolup, bu dabaraly baýramçylyga öz zähmet üstünliklerimiz bilen barýarys. Ynha bu gün muzeýmiziň birinji gatynda ýerleşýän wagtlaýyn sergi zalynda baýramçylyga bagyşlanan «Garaşsyzlyk bagtymyz» atly sergi gurnalyp, onuň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara muzeý işgärleri hem-de ýaş talyplar, ýaşuly nesiller uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar. Sorag-jogaplar alyşylyp buýsançly sözler bilen birek-birege gutlag sözleri aýdyldy. Sözleýäs biz bu gün gezek-gezegne Bu gözel döwrümiň edip tarypyn Şeýdip ertirlere ýetirýäris biz Düýniň hem şu günüň beýik taryhyň ! Geçmişi şöhratly, şu güni buýsançly, geljegi nurana türkmen halky ! toýlar mübärek , gutly bolsun! Şu beýik döwri öz halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mertebesi belent bolsun! ___________________________________ GURBANJUMAÝEWA.D Muzeýiň ylmy işgäri ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/26.jpg)

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

12.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli «Watanymyzyň Garaşsyzlygy – halkymyzyň bagtyýarlygy» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy. Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
BRIFING WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY

Muzeýler

12.09.2025

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde Halk Maslahatynyň many-mazmunyny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen «Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly brifing duşuşyk geçirildi. Gepleşige «Aşgabat» teleýaýlymynyň gepleşikleri taýýarlaýjysy we gurnaýjysy Guwanç Çaryýarow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri Hoşgeldi Annageldiýew, Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Osman Aşyrow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Nurgözel Saparowa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Suraý Güljanowa dagylar gatnaşdylar.

No image
GALLA EKIŞI

Muzeýler

11.09.2025

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen 3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzki bugdaý ekilişine başlandy. Bedew bady bilen öňe barýan diýarymyzda beýleki pudaklarda bolşy ýaly, oba hojalygynda hem oňyn netijeler gazanylýar. Döwletimiz ekerançylaryň türkmen topragynda oba hojalygyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üçin hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribaryň geljek tomusda ak bugdaýyň bereketli bol hasylyny eçilmegini dileg edip, her bir dänäniň müň bolsun diýip, ekişe ak pata berdiler. Bu buýsançly dabara gatnaşyjy ýaşulular, ýaşlar we öňde baryjy mehonizatorlar Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenje geldiler. Ak bugdaýyň mekany bolan şu mukaddes topragymyzyň taryhy hakynda, ata-babalarymyzyň ekerançylykda bitiren hyzmatlary we muzeýimizde bar bolan gadymy zähmet gurallary bilen garyşdyrylyp, olar barada ylmy maglumatlar berildi. Zähmetsöýer daýhanlaryň ruhubelent zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar!

No image
MUZEÝE GETIRILEN GYMMATLYK

Muzeýler

11.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Medeniýet ulgamynyň görnükli şahalarynyň biri bolan muzeý işini ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Olar bolsa, taryhymyzy içgin öwrenmekde, milli gymmatlyklarymyza çuňňur söýgi döretmekde uly ähmiýete eýedir. Biz hem muzeýiň ylmy işgärleri hökmünde ata-babalarymyzdan miras galan ajaýyp gymmatlyklarymyzyň sanyny artdyrmak üçin halkyň arasyna gidip, wagyz nesihat işlerini geçirýäris. Bir gün köpçülige baran ýerimde enelerimizden galan gadymy zatlar bar bolsa muzeýe alýandygymyzy, tabşyrylan zatlaryň muzeýde hemişelik durýandygyny aýdyp otyrdym. Şol wagt köpçüligiň içinden: «Gyzym meni bir diňle!» diýip, Soltanjemal daýza maňa ýüzlendi: -Kakam pahyryň maňa tikip beren gelin köwşi bar. Men şony gözümiň göreji ýaly görýän. Şony muzeýe tabşyrsam nähili bolarka? Tabşyrylsa gowy boljakdygyny, gelejekde agtyk-çowluklaryň hem görüp biljekdigini aýtdym. Aradan köp wagt geçmänkä, men Soltanjemal daýzadan gelin köwşi alyp gaýtdym. Ony muzeýimize kabul etdik hem-de bir görnüşli pasport düzüp, muzeýiň gaznasyna kabul edip aldyk. Muzeýiň ylmy işgärleri köwşüň gowy saklanandygyny belläp Soltanjemal daýza sagbolsun aýtdylar. Gelin köwşi deriden bolup, onuň ähli ýerleri elde tikilipdir. Sünnälenip tikilişini synlap, kakanyň öz perzendine bolan söýgüsiniň uly bolandygyna göz ýetirýärsiň. Häzirki wagtda Soltanjemal daýza 85 ýaşynda üstünden şonça ýyllar geçse-de kakasynyň sowgat beren köwşüni aýawly saklapdyr. Ol bolsa onuň öz kakasyna bolan sylag-hormatynyň uludygyny subut edýär. Ata-babalarymyz zenanlarymyzyň gözel bolmagy, olaryň hiç bir zatlarynyň kem bolmazlygy üçin elinde baryny edipdirler. Olaryň ellerinden çykan her bir zady alyp görsek, kemçiliksiz ýerine ýetirilendigine göz ýetirmek bolýar. Bu ajaýyp gymmatlyklar bolsa, ýaş nesillerimize geçmişimizi öwrenmäge uly gollanma bolýar. ###### Şeker MEREDOWA Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri