logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
DAŞKY GURŞAWY GORAMAK-ÖMRÜŇI GORAMAK

Muzeýler

29.05.2025

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Daşky gurşawy goramak-ömrüňi goramak” atly wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Diýseň köp adamly uly ruhubelentlikde, ýokary guramaçylykda geçirilen sergä talyp ýaşlar mugallymlar Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň işgärleri,muzeý hünärmenleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar . Hormatly Prezidentimiz tebigaty goramagyň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ekologiýa abadançylygy we Daşky gurşawy goramak barada şeýle dürdäne setirleri belleýär:,,Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlük we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär”diýip belleýär Ekologiýa howpsuzlygy meselesi boýunça alnyp barylýan işleriň pugta kanunçylyk binýadynyň bardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.Garaşsyzlyk ýyllarynda bu babatda zerur kanunçylyk namalary işlenilip düzüldi we kabul edildi. Olaryň arasynda “Tebigaty goramak hakynda”, “Ätiýaçlandyryş hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň kanunlary hem bar. Bu kanunlar tebigaty goramak we bu babatda ýüze çykýan dürli meseleleri çözmegiň kanunçylyk esaslaryny kesgitleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň 1972-nji ýylda Stokgolm şäherinde geçirilen Daşky gurşaw boýunça maslahatynda 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şol maslahatda adamzat taryhynda ilkinji gezek tebigat bilen baglanyşykly meseleler dünýä ähmiýetli hökmünde ykrar edildi. Şondan bäri Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ekologiýa senenamasynda iň esasy baýram hasap edilipdir, dünýäniň 150-den gowrak ýurdunda bellenilýär. Türkmenistanda tebigaty goramak baradaky döwlet syýasaty jemgyýetiň ekologik bähbitleriniň ileri tutulmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir, şunda hojalyk işiniň we beýleki işleriň ösdürilmegi tebigata, onuň baýlygyna aýawly goramak, tebigy resurslary rejeli peýdalanmak bilen, adamyň sagdyn we ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşaw baradaky hukuklarynyň goralmagyny kepillendirýär.Häzirki döwürde daşky gurşawy gorap saklamakda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz has-da ösdürilýär. Tebigatda gözel Watanymyzyň nurana keşbi bar.Tebigaty söýmegiň Watany söýmegi aňladýandygy bolsa biziň her birimize mälimdir.Adamyň amala aşyrýan işleriniň tebigata edýän täsiri hem ylmy tarapdan öwrenilmegini talap edýär.Bu işler ýurdumyzyň bütin ekologiýa ulgamyna, şol sanda topragyň, suwuň, howanyň arassalygyna, biodürlüligiň ýagdaýyna zyýan ýetirmeli däldir.Tebigat biziň ýaşaýşymyzyň, ruhybelentligimiziň çeşmesidir, ömrümiziň kepilidir, rahatlygydyr.

No image
WELOSIPED-SAGDYNLYGYŇ GIREWI

Muzeýler

29.05.2025

Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Welosipediň oýlap tapylan döwri 1870-nji ýyllara gabat gelýär. Welosiped diňe bir adam tarapyndan oýlanyp tapylmandyr. ХVIII asyra çenli dürli pikirler we oýlap tapyşlar öňe sürlüpdir. Käbir maglumatlarda, welosipediň käbir çyzgylaryny Leonardo da Winçiniň eserlerinde hem duş gelnendigini belleýärler. Welosiped sporty özüniň taryhyny XIX asyrdan alyp gaýdýar. Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýeti 1894-nji ýylda döredilýär. Bu jemgyýetiň welosipedçileriniň ilkinji ýaryşy 1895-nji ýylda geçirilipdir. “Welosiped” adalgasy “velos” (çalasyn) we “pes” (aýak) diýen latyn sözlerinden gelip çykýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda welosiped sportunyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Welosiped sporty beden we psihiki sagdynlygy, fiziki işjeňligi gowulandyrmagyň möhüm serişdesi bolup hyzmat edýär. Welosiped dünýäde iň köp ýaýran ulag serişdesi hasaplanylýar. Munuň bilen baglanyşykly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2018-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyçlaryny nazarda tutup, her ýylyň 3-nji iýunyny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul etdi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde welosiped sportunyň hyzmaty örän uludyr. Sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanýan adam öz erkini, ukybyny, zehinini çydamlylyk, paýhaslyk, giň göwünlilik ýaly oňat häsiýetler bilen terbiýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda welosport bilen türgenleriň bir topary däl-de, müňlerçe adam meşgullanýar. Çünki ýygy-ýygydan geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişlere her gezek ildeşlerimiziň müňlerçesi uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Toýlaryň toýa ulaşýan günlerinde Türkmenistan döwletimiziň ähli ýerlerinde şeýlede Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Welosiped-sagdynlygyň girewi” atly gurnalan wagtlaýyn sergini guramagyň esasy maksady, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny düýpli özgertmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, şeýle hem ýurdumyzyň ýaşlaryny sporta giňden çekmek, döwletimiziň sport hem-de sagdyn pikirli, zähmetsöýer, ýokary medeniýetli ýaşlary ýetişdirmekden ybarat bolup durýar. Gurnalan sergide Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sporty bilen baglanşykly ýazan kitaplary, Türkmenabat şäherinde geçirilen köpçülik çäreleri barada gürrüň berýän welosipet ýaryşyndaky fotosuratlardan pursatlar görkezilýär. Bu ýerde Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň we Türkmenabat şäheriniň sport mekdepleriniň kubok we medallary, welosipediň taryhy baradaky ylmy maglumatlar ýerleşdirilendir.