logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Ekologiýa abadançylygy- adamzadyň bagtyýarlygy

Muzeýler

10.06.2026

Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli ýurdumyzda her ýylyň 5-nji iýunynda giň gerimli ylmy-amaly maslahatlar we ekologik çäreler geçirilýär. Bu forumlaryň esasy maksady tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, topragy we suw serişdelerini goramak hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly milli strategiýalaryň wagyz edilmegine gönükdirilendir. Tebigaty goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hasaplanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» we beýleki degişli kanunlar durmuşa geçirilýär. Milli Lideriň we Prezidentiň başlangyçlary bilen «Daşky gurşawy goramak» boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu gün Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli "Ekologiýa abadançylygy- adamzadyň bagtyýarlygy” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar we olar ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hem halkara ekologik talaplaryna laýyk gelýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugurda paýtagtymyz Aşgabatda, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly binalardyr desgalary, döwrebap seýilgähleri görkezmek bolar. Bu asylly işler daşky gurşawy goramak, ekologiýany abadanlaşdyrmak işleriniň döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridigine aýdyň şaýatlyk edýändigini belläp geçdiler. Maslahatyň ahyrynda bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen ekologik başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
«Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni» atly sergisi

Muzeýler

06.06.2026

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ilkinji gününde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Sergide Azerbaýjanyň Milli haly muzeýiniň ýygyndysyndan çitme hem-de kakma usulynda ýerine ýetirilen dokma önümleri, metaldan ýasalan bezeg önümleri, keşdeler, başgaplar, dürli görnüşli nagyşlaryň nusgalary görkezilýär. Sergide halylar bilen birlikde gündelik durmuşda giňden ulanylýan horjun we çuwal ýaly önümler hem görkezilýär. Bu eserleriň bezegine öwrülen nagyşlar many-mazmuny we reňk taýdan baýlygy bilen tapawutlanýar. Misden kakma we oýma usuly bilen ýerine ýetirilen gaplary, hammam sandyklary, serpuş, satyl ýaly metal önümleri pähim-paýhasly sözler, kalligrafik ýazgylar bilen bezelipdir. Şeýle-de bu ýerde azerbaýjan milli egin-eşikleriniň tanyşdyryş dabarasy hem boldy. Azerbaýjan milli egin-eşikleriniň döwrebap nusgalarynda taýýarlanan görnüşleri tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

No image
Daşky gurşawyň goraglylygy- abadan ýaşaýşyň kepili

Muzeýler

05.06.2026

Tebigatda Watanymyzyň keşbi bar. Tebigaty söýmegiň Watany söýmegi aňladýandygy bolsa biziň her birimize mälimdir. Adamyň amala aşyrýan işleriniň tebigata edýän täsiri hem ylmy tarapdan öwrenilmegini talap edýär. Tebigat baradaky alada ähli halkyň aladasydyr. Tebigat biziň ýaşaýşymyzyň, ruhubelentligimiziň çeşmesidir, ömrümiziň kepilidir, rahatlygydyr. Adamzadyň tebigy baýlyklardan barha köp möçberde peýdalanmagy tebigatyň deňagramlylygyna öz täsirini ýetirýär. Munuň özi ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge düýpli çemeleşmegi, bu babatda täzeçe çözgütleri kabul etmegi we olary durmuşa geçirmegi talap edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň 1972-nji ýylda Stokgolm şäherinde geçirilen Daşky gurşaw boýunça maslahatynda 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şol maslahatda adamzat taryhynda ilkinji gezek tebigat bilen baglanyşykly meseleler dünýä ähmiýetligi hökmünde ykrar edildi. Şondan bäri Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni ekologiýa senenamasynda iň esasy baýram hasap edilipdir, bu baýram dünýäniň birnäçe ýurdunda bellenilýär. Biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary bilen 2008-nji ýylyň 5-nji iýuny Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni milli baýram diýlip yglan edildi. Ýurdumyzda tebigaty goramak we onuň bilen baglanyşykly kanunçylyk tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak ýörelgelerine esaslanýar. “Tebigaty goramak hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda”, “Döwlet ekologiýa ekspertizasy hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda” we birnäçe suw, ýer, tokaý hakyndaky kanunlary mysal getirmek bolar. Türkmenistanda tebigaty goramak baradaky döwlet syýasaty jemgyýetiň ekologik bähbitleriniň ileri tutulmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir, şunda hojalyk işiniň we beýleki işleriň ösdürilmegi tebigata, onuň baýlygyna aýawly goramak, tebigy resurslary rejeli peýdalanmak bilen, adamyň sagdyn we ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşaw baradaky hukuklarynyň goralmagyny kepillendirýär. Şu gün Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ,,Ekologiýa abadançylygy-adamzadyň bagtyýarlygy” atly maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy, umumyadamzat ähmiýetli wezipelerdigi, bagy-bossan diýarymyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan daşky gurşawyň abadançylygyny goramaga gönükdirilen beýik işleriň mynasyp dowam etdirilýändigi dogrusynda täsirli hem-de buýsançly söhbetlere giň gerim berildi. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar baýramçylyk mynasybetli ,,Daşky gurşawyň goraglylygy-abadan ýaşaýşyň kepili” atly muzeýde gurnalan sergä uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Olar sergide ýerleşdirilen muzeý gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklary, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ,,Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy eseriniň birnäçe tomlary hem-de suratkeşleriň surat eserleri, dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň görnüşleri we olar hakyndaky maglumatlar bilen ýakyndan tanyşdylar. Dabaraly geçen maslahatyň hem-de serginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bagy-bossan ýurdymyza ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygyny, gözel tebigatymyzyň täsinliklerini gorap saklamaga ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Durmuşyň güli, ömrüň dowamy

Muzeýler

02.06.2026

Dünýä halklarynyň durmuşynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup, her ýylyň 1-nji iýunynda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününiň ýurdumyzda hem şatlyk-şowhunly dabaralara beslenmegi, ýaş nesil hakynda edilýän aladalaryň aýdyň beýanydyr. Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guralan “Durmuşyň güli, ömrüň dowamy” atly baýramçylyk sergisinde ýerleşdirilen eserler, ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşy barada ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň açyp görkezdi. Sergä gatnaşyjylar, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli ynsanperwer başlangyçlaryň ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň röwşen ýoluny şöhlelendirýändigini buýsançly bellediler. Ýatdan çykmajak pursatlara baý bolan bu sergide, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly baýlygymyzdyr” diýip, parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, eziz Diýarymyzda durmuşyň güli, ömrüň dowamy bolan mähriban çagalaryň şatlykly gülküleriniň hemişe belentde ýaňlanyp durmagy arzuw edildi.

No image
Türkmenistan — bagtyýar çagalaryň mekany

Muzeýler

01.06.2026

Her ýylyň 1-nji iýunynda dünýä jemgyýetçiligi bilen bir hatarda ýurdumyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk ýaş nesle goýulýan beýik hormatyň, çäksiz aladanyň we söýginiň aýdyň nyşanydyr. Şu baýram mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Türkmenistan — bagtyýar çagalaryň mekany” atly sergi guraldy. Sergide muzeýiň gaznasynda çagalaryň çeken ajaýyp eserleri bilen birlikde, Bäşim Nuraly adyndaky sungat mekdebiniň hem-de 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaş suratkeşleriniň döreden eserleri hem sergilenýär. Ýaşajyk suratkeşleriň döredijilik işleriniň sergä gatnaşdyrylmagy olaryň sungata bolan höwesini artdyrmaga, döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge hem-de geljekde has-da uly üstünliklere ruhlandyrmaga ýardam berýär. Çagalaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmek, olaryň zehinini goldamak döwletimiziň medeni syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ýurt abadançylygyny, il agzybirligini we ýaş nesliň nurana geljegini baş maksat edinýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumlary rowaçlyklara beslensin! Parahat, asuda Watanymyzda çaga gülküsi hemişe belentden ýaňlanyp dursun!

No image
Goý, ýurdumyzda çaga gülküsi belentden ýaňlansyn

Muzeýler

01.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan çagalaryň durmuşda ylymly-bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi, olaryň durmuşda maksadaokgunly, ruhubelent, döredijilikli döwrebap pikirlenip bilmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Çagany altyn aşyga meňzedýän ata-babalarymyz “Çagaly öý bazar” diýip ýöne ýere aýtmaýarlar. Olar adamzadyň durmuşynda iň bir zerur zadynyň biri bolup, nesil dowamatydyr. Çaga-durmuşyň güli, mukaddes ojaklaryň bezegi. Her ýyl 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara gününi uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Türkmenistan-bagtyýar çagalaryň mekany” atly wagtlaýyn sergi we baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabaranyň çäginde muzeýimize gezelenç gurnaldy. Ýaş neslimiz ýurdumyzyň taryhy, baý medeni mirasy, gözel tebigaty bilen tanyşdylar. Geljegimize ynam döredýän, döwrümize ganat bagladýan eziz çagalaryň gözleri şatlykdan, ýüzleri gülkiden doly. Goý, mundan beýläk hem her bir türkmeniň mukaddes ojagynda bagtyýar çagalaryň gülki sesleri mydama ýaňlanyp dursun. Bizi şeýle ajaýyplyklara ýetiren, ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun. Il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin.

No image
Türkmenistan – bagtyýar çagalaryň mekany

Muzeýler

01.06.2026

Çaga – her bir maşgala üçin hem, döwlet üçin hem iň uly gymmatlyk bolup geljegimiziň dowamatydyr. Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly bagtymyzdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalar hakynda edilýän alada tutuş jemgyýeti gurşap alýar. Olaryň sagdyn ösmegi, sowatly, hünärli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara gününiň uly baýram edilip bellenilmegi olara goýulýan hormatyň aýdyň subutnamasydyr. Çagalary goramagyň halkara güni adamzadyň parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan ajaýyp baýramdyr. Bu halkara baýramyň şanyna bagyşlanyp, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde, ak mermere beslenen Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde giň gerimli, baý many-mazmunly, döwrebap öwüşginli medeni-köpçülikleýin çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu ajaýyp dabaralar ýagty ertiriň, röwşen geljegiň nurana dowamaty, döwletli ojaklaryň bagt ganaty bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilýändigini şöhlelendirýär. Şu ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan “Türkmenistan – bagtyýar çagalaryň mekany” atly sergi gurnaldy. Onda mähriban enelerimiziň kalbynyň söýgüsi siňen, çagalar üçin niýetlenip tikilen milli egin-eşikleri: keteni köýnekleri, gyrmyzy donlarydyr ezýaka köýnekleri, çokaýdyr joraplary, oglanjyklar üçin niýetlenip dokalan horjunlary we torbalary, sümmen, ak gaýma we gültahýalary, şeýle hem zergärleriň çagalar üçin niýetläp ýasan gupba, burma, eginlik, bäzbent, goçbuýnuz we ok-ýaý ýaly şaý-sepleri görkezilýär. Mundan başga-da sergide Marguşdan we Nusaýdan tapylan, palçykdan ýasalan çaga oýnawaçlaryna orun berilýär. Şeýle-de çagalaryň irki döwürde we häzirki wagtda hem höwes bilen oýnaýan dürli görnüşli gurjaklary, aşyklary we ýaýlary görkezilýär. Çagalaryň oýun oýnaýan pursatlaryndan arhiw fotosuratlaryna, muzeýiň gaznasynda saklanylýan çagalaryň ýasan el işlerine hem sergide orun berilýär. Bu sergi diňe bir medeni gymmatlyklary däl-de, eýsem, çagalara bolan çäksiz söýgüni we olara goýulýan uly hormaty aýdyň şöhlelendirýär.

No image
Ruhy tämizligiň dabaralanmasy

Muzeýler

26.05.2026

Ruhy tämizligiň dabaralanmasy Mukaddes Gurban baýramynyň asyrlar aşyp, biziň şu günlerimize gelip ýetmeginiň düýp esasy onuň terbiýeçilik many-mazmunyna eýeligindedir. Terbiýeçilik ähmiýeti bolan her bir zat bolsa halklaryň ruhy gymmatlygyna öwrülýär. Halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda we medeniýetinde öçmejek yz galdyran Gurban baýramy agzybirligiň, berekediň, ynsanperwerligiň we rehim-şepagatyň belent dabaralanmasydyr. Bu baýram adamlaryň kalbyna sahylygyň we mähir-muhabbatyň nuryny çaýýar. Bu mukaddes günlerde öýlerimizde bereketli saçaklar giňden açylyp, taýýarlanan milli tagamlar, dogramadyr, pişmeler goňşylar, garyndaşlar bilen paýlaşylýar. Çagajyklaryň şadyýan sesi, beýik hiňňildikleriň töweregindäki şowhun kalplarymyza egsilmez şatlyk eçilýär. Türkmen halky öz taryhy boýunça milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna aýratyn sarpa goýup gelen halkdyr. Gurban baýramy diňe dini däl, eýsem biziň milli medeniýetimiziň, bitewiligimiziň we agzybirligimiziň aýrylmaz bölegidir. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň gahrymançylyga beslenen taryhy ýolunyň çeper ýazgylary bolan “Oguznama” eserinde, Gurban kesmek bilen baglanyşykly wakalar döreýiş taryhy VI-VII asyrlar bilen senelenýän “Gorkut ata” şeýle hem “Görogly” şadessanynyň “Öwez öýlenen” şahasynda Göroglynyň ýalňyz zürýady Öwezi öýlendiren güni Gurban baýramy günlerine gabat gelýär. Toý gününde Görogly joşa-joşa il-ulusyna garap nama aýdýar. Joşgunly namada şeýle setirler bar: On iki aýdan geler gurban, Sallanyşar gyzu-juwan, Ýol üstünde goşa nerwan, Ýol beriň gyzlar geleýdi. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” eseriniň birinji kitabynyň “Nusaýdan Dehistana çenli” atlandyrylan dördünji bölüminde taryhy maglumatlara ýüzlenip, şeýle ýazýar: “XIV asyrda Täze Nusaýyň bir ýarym kilometr çemesi günorta-günbatarynda dag eteginiň beýgelýän künjeginde şäheriň daşynda namazga metjidi bina edilipdir. Bu metjit üç sany uly girelgeli görnükli ymarat bolmak bilen, iki sany uly musulman baýramçylygynda – Gurban baýramynda hem Oraza baýramynda adamlaryň üýşüp, namaz okamaklaryna niýetlenip bina edilipdir”. Gurban baýramyny kalby hujuwly ýaşlaryň ruhy howasy, onuň mynasyp dowam etdirilýändigini mirasgär Atda Gurbangeldiýew “Eşrepi” atly kitabynda şeýle beýan edýär: Gurbanlykda guba gyzlar Gyrmyzy geýer, güle meňzär, Ak gaýmaly jahyllaryň Kükreginde şatlyk dyňzar. Bu setirler Gurban baýramynyň milli lybaslar, milli däp-dessurlar bilen baglanyşykly hem terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygyny görkezýär. Bu mukaddes baýram her bir türkmen ojagyna rysgal-bereket, agzybirlik we bagt getirsin. Milli baýramlarymyzy uly şatlyk-şowhun bilen bellemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin. Gurban baýramyňyz gutly bolsun! Jennet Muradowa – Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiň ekskursawody.

No image
Türkmen halylaryna bagyşlanan söhbetdeşlik

Muzeýler

25.05.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» hem-de «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda türkmen halylarynyň waspy hakynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, «Esger» gazetiniň uly habarçysy, ýaş şahyr Ogulnur Pirjikowa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň muzeý gymmatlyklaryny hasaba alyş we saklaýyş bölüminiň esasy hünärmeni Aýjemal Rahymowa dagy gatnaşdylar. Olar çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyz «Janly rowaýat» hem-de «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplarynda türkmen halylary hakynda gymmatly maglumatlary beýan edýär. Milli halyçylyk sungatymyzyň, nepis türkmen halylarynyň gözelliginiň, owadanlygynyň dünýäde uly meşhurlyga eýedigini parasatlylyk bilen belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Men her gezek törlerimize gelşik, zenanlarymyzyň hereketine ýaraşyk berýän türkmen halysyny synlanymda, oýlarym bilen alyslara gidýärin. Ol ýerden nusganyň galyplaryny düzýän ülüşleri agtarmaga ýykgyn edýärin. Onuň başlangyjy – tebigat diýip hem pikire gelýärin. Tebigata mähir bilen garan pursadyňda, ol öz goýnunda nepesini durlan ynsanlaryň dünýäsinden söz açýar. Şonda olara, goý, näçe aralyk bolsun, düşünip bolýar.» diýmek bilen, türkmen halylaryna bolan çuňňur garaýyşlaryny aýdyň açyp görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dokalýan nepis halylarymyzyň her bir çitimi, her bir öýdümi mähriban Watanymyzyň gözelligini, ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işlerini wasp edýän ajaýyp eserler bolup taryha girýär. Türkmen halysy türkmeniň kalbynyň, milliliginiň, päkliginiň, belent ahlaklylygynyň we gözelliginiň çeper beýanydyr. Nepisligi, öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan bu ajaýyp halylaryň şöhratynyň has-da beýgelmeginde biziň çeper elli enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Muzeýde ussat suratkeşlerimiziň çeper elli halyçylarymyzyň haly dokaýan pursatlaryny açyp görkezýän ençeme eserleriniň bardygyny, bu eserleriň ilkinji nobatda ünsüňi egleýändigini olar çykyşlarynda nygtadylar. Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň sarpasyny belende göterýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Bedew batly zamananyň bagtyýar uçurumlary

Muzeýler

25.05.2026

Dünýäň belent münberinde mynasyp orna eýe bolan ata watanymyz Türkmenistan, röwşen ykbala ýugrulan gadamlary bilen, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Bedew batly, ösüşleri şöhratly ajaýyp zamanamyzda ýurdymyzyň daýanjy bolan bagtyýar ýaşlaryň, nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn ruhy taýdan kämil giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin eziz watanymyzda ähli mümkinçilikler şertler döredilen. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ,,Ýaşlar watanyň daýanjy”atly kitabynda belleýşi ýaly ,,Biz ýaşlara eziz watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdymyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýen dürdäne setirleri ýaşlary nurana gelejege ruhlandyrýar. Toýlara beslenýän zamanamyzda milli senenamamyzda mynasyp orun alan her ýyl ýurdumyzda uludan bellenilýän mekdebi tamamlaýan uçurumlaryň soňky jaň dabarasy ýurdymyzda paýtagtymyzyň döredilmeginiň güni bilen bilelikde goşa baýram goşa toý bolup bellenilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy belleniljek bu ýylymyzda ýurdumyzyň ýüregine deňelýän mermer paýtagtymyzyň döredilmegine 145 ýyl dolýar. Hut şu goşa baýram mynasybetli diýarymyzyň ähli künjegi bilen bilelikde Lebap welaýaty hem baýramçylyk lybasyna beslendi. Şu gün mekdebi tamamlaýan uçurumlaryň soňky jaň dabarasy mynasybetli welaýatymyzyň orta mekdepleriniň uçurumlarynyň birnäçesi Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular. Olar muzeýde ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklary, ülkämiziň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, gadymyýetiň syrlaryny özünde jemläp oturan gadymy galalardyr, ýadygärlikler barada ýakyndan tanyşdylar. Mahlasy baýramçylyk gününde muzeýe gurnalan gezelenç bagtyýar uçurumlara ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyşlady. Diýseň täsirli, ýatda galyjy pursatlara beslenen gezelenjiň dowamynda olar eşretli zamanada döwrebap bilim, terbiýe almaga ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler. Gülälek Batyrowa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.