logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI

Muzeýler

03.04.2026

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap – Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýyly, şeýle hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän goşgy we kyssa eserleriniň döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşigiň dowamy aýdym-sazlar bilen utgaşyp gitdi. Bäsleşikde ýer alan talyp ýaşlara sowgatlar gowşuryldy.

No image
TÜRKMENIŇ TARYHY KÖKLERI

Muzeýler

03.04.2026

2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda, pähim-parasat akabasyndan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyzy öwrenmek we gorap saklamak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň medeni däp-dessurlary, sungaty, edep-ekram kadalary birnäçe asyrlaryň dowamynda döräpdir, kämilleşipdir we halkyň ruhy aýnasyna hem-de milliligine öwrülen buýsanjydyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Türkmeniň taryhy kökleri” atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Baýramçylyk sergisi döwlet meýilnamasy esasynda Lebap welaýat häkimliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Sergide çykyş edenler ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde medeniýet ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitlerimiz we ösüşlerimiz, şanly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýlanjak 35 ýyllyk toýuna görülýän ýokary guramaçylykly taýýarlyklary, milli gymmatlyklarymyzyň köp öwüşgünligi bilen muzeýler tarapyndan öwrenilişi, gorap saklanylyşy we geljekki nesillerimize ýetirmekde alnyp barylýan işler hakynda belläp geçdiler. Dabara gatnaşyjylar gadymy taryhymyz we geçmişimiz barada gürrüň berýän muzeýiň arheologiýa bölümine syýahat etdiler. Olar gadymy Lebap topragynda asyrlaryň şaýady bolup, biziň günlerimize gelip ýeten gadymy ýadygärliklerimiz, galalarymyz we olara degişli ylmy maglumatlar hem-de tapylan tapyndylar bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu günki geçirilen baýramçylyk sergisi hem-de muzeýe gurnalan gyzykly gezelenç bolsa oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Baýramçylyk serginiň dowamynda Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini pugtalandyrmakda, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan, ýaş nesillerimizi milli mirasymyza söýgi döretmekde, gorap saklamakda we milli ruhunda terbiýelemekde uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyldy. Ogulgerek AGAJANOWA Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
SPORT – SAGDYNLYGYŇ WE GÖZELLIGIŇ AK ÝOLY

Muzeýler

02.04.2026

2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde 7-nji aprel — Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Sport – sagdynlygyň we gözelligiň ak ýoly» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary Oguljemal Hojakgaýewa alyp bardy. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy Allaýar Omarow, Aşgabat şäheriniň 10-njy saglyk öýüniň bölüm müdiri Sapargül Tirkeşowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň gyşky we suw görnüşleri kafedrasynyň mugallymy Hemra Nurmyradow dagy gatnaşdylar. Çykyş edenler her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglyk gününiň Ýer ýüzünde giňden baýram edilýändigi, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bu baýramçylygyň ýurdumyzda ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna, dürli sport bäsleşikleridir dabaralara beslenýändigi hakynda täsirli söhbet etdiler. Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilmegi, sagdyn nesilleri ýetişdirmek baradaky aladanyň netijesidir. Sagdyn we ruhubelent nesiller dürli ugurlarda, şol sanda abraýly sport bäsleşiklerinde hem üstünlikli çykyş edip, eziz Watanymyzyň at-abraýyny belende götermäge özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti barada söhbet edildi. Söhbetdeşlige gatnaşanlar hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.

No image
HALKYŇ SAGLYGY-DÖWLETIŇ BAÝLYGY

Muzeýler

02.04.2026

Bütindünýä Saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýe we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr. Şonuň üçin her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli «Halkyň saglygy — döwletiň baýlygy» atly sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýewgeniýa Adamowanyň «Donorçylar», Çary Amangeldiýewiň «Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň akademigi Boris Smirnow», Annadurdy Almämmedowyň «Futbolçylar», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň «Medisina ylymlarynyň doktory, professor Aýsoltan Mämmetgulyýewa», «Şepagat uýasy» ýaly ajaýyp nakgaş eserleri görkezilýär.

No image
MUZEÝE GEZELENÇ GURNALDY

Muzeýler

01.04.2026

Her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Bütindünýä guşlar güni mynasybetli talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň gözel ýerlerine gyzykly gezelençler gurnalýar. Şu gün Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyp ýaşlary Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular. Muzeý hünärmenleriniň gyzykly hem-de täsirli gürrüňleri, ülkämiziň haýwanat hem-de ösümlik dünýäsi welaýatymyzyň çägindäki goraghanalar, olarda ýaşaýan haýwanlar, ösümlikler hem-de tebigatymyzyň bezegi bolan guşlar hakyndaky gyzykly maglumat bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimlerini has-da berkidýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myratdyň mekany” ýylynda hem ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmakda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerde gözel tebigatymyza bolan söýgüni döretmekde hem-de daşky gurşawy goramakda netijeli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki tebigata bolan söýgi Watana bolan söýgüdir. Talyplarda ýatdan çykmajak täsirli pursatlary galdyran gezelenç täsirliligi bilen tapawutlandy. Olar muzeýe gurnalan gyzykly gezelenjiň dowamynda halkymyzyň köpasyrlyk buýsançly taryhy we gözel tebigatynyň täsinliklerini giňişleýin öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler. Jennet MYRADOWA, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekskursawody

No image
TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

Muzeýler

01.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli medeni-mirasymyzy ösdürmek, türkmen ýaşlaryna taryhymyzy öwretmek, döredijilik işlerine ruhlandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Şu gün Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda bilim alýan talyp ýaşlar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gezelenje geldiler. Talyp ýaşlar muzeýde saklanylýan gymmatlyklar bilen içgin tanyşdylar, şeýle-de olary gyzyklandyrýan eserler barada muzeý hünärmenleri tarapyndan düşündirişli gezelenç gurnaldy. Bu hem ýurdumyzda ýaşlara okamaga, bilim almaga we döretmäge milli gymmatlyklarymyz bilen tanyşmaga uly mümkinçilikleriň döredilendiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza gezelenje gelen talyp ýaşlar tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«Halkyň saglygy-döwletiň baýlygy» atly sergi

Muzeýler

30.03.2026

2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Halkyň saglygy-döwletiň baýlygy» ady bilen geçiriljek sergimize tomaşa etmäge çagyrýarys. Sergimiz sagat 11:00-da açylýar. Biziň salgymyz: Aşgabat ş. (A.Nowaýy) 2022. köçesiniň 88-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 92-71-69

No image
TÜRKMEN TOPRAGY – BEREKET HAZYNASY

Muzeýler

26.03.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda amala aşyrylýan belent maksatly işler bu günki gün uly üstünliklere, täze rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe wysal bolýan şeýle giň gerimli işlere-de oba zähmetkeşleri özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Şu günler eziz diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gündogar welaýatymyz, gadymy Lebap topragynda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy, il sylagly, dili senaly ýaşulularyň bissimillasy bilen gowaça ekişine girişildi. Bu dabaraly çärä oba hojalykçylar, mehanizatorlar, kärendeçiler uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Bu ýerde oba durmuşyny şöhlelendirýän giň gerimli sergiler ýaýbaňlandyryldy. Şolar bilen bir hatarda muzeý gymmatlyklarymyzdan düzülen göçme sergi gurnalyp oňa tomaşa edenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy. Dabaranyň dowamynda il sylagly ýaşuly nesliň wekilleriniň, işine ezber mehanizatorlaryň, kärendeçileriň gatnaşmagynda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnaldy. Bu gezelenç täsirliligi bilen tapawutlandy. Halkymyzyň gadymyýetden gaýdýan ekerançylyk bilen bagly däp-dessurlarynyň, häzirki zaman oba hojalyk pudagynda ýetilen belent sepgitlerden habar berýän muzeý gymmatlyklary uly gyzyklanma eýe boldy. Olar gezelenjiň dowamynda ýurdumyzda edermen babadaýhanlara, ene ýerden bol hasyl almakda yhlasly zähmet çekýän gallaçy kärendeçilere, halkymyzyň bagtyýar bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler. Gülnur PYGAMOWA Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri

No image
MILLI BAHAR BAÝRAMY- KÖŇÜLLERIŇ AÝDYMY

Muzeýler

18.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen okgunly öňe barýan ezizi diýarymyz, gün-günden ösýär, özgerýär, dünýä derejesinde öňe barýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde her bir günümiz toýdur-baýramlara şanly senelere beslenýär. 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny maksat edinip, her ýylyň 21, 22-nji martynda türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar. ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygy alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylyp, Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri, sergiler, konsertler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmäge hem goşant goşýar. Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Milli bahar baýramy- köňülleriň aýdymy” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetinde zähmet çekýän hünärmenler we Aşgabat şäherindäki baýry ýokary okuw jaýlary bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet Maliýe institutynda zähmet çekýän mugallymlar we bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar. Olar maslahatyň dowamynda yzygiderli çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy dialogyň, medeniýetleriň özara gatnaşygynyň, raýdaşlyk hem-de dost-doganlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň aýdyň mysalydygyny, baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny, topragyň hasyllylygyny, abadançylygy alamatlandyrýan bu baýram halklaryň parahatçylyga, döredijilige ymtylmasyny şöhlelendirýändigini belläp geçdiler. Maslahatyň soňunda Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Hallygözel GURBANGELDIÝEWA Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.

No image
NOWRUZ PARAHATÇYLYGYŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ BAÝRAMY

Muzeýler

17.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Nowruz tämizligiň, sahawatyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, bagtyýarlygyň baýramy hökmünde her ýyl ýurdumyzda uludan bellenilýär. Güneşli Diýarymyzyň çar ýanyny baky bahara, al-elwan güllere, aýdym-sazlara besläp gelen bahar ülkämize Milli bahar baýramynyň halkara Nowruz gününiň dabaraly çäreleriniň toý şatlygyny alyp geldi. Eziz Watanymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Jeýhunyň kenaryny etekläp oturan gojaman Amyderýanyň boýunda ýerleşýän gadymy Lebap ilini toý lybasyna beslendi. Toý ruhuna beslenen dabaraly çäreleriň biri-de ýaňy-ýakynda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz parahatçylygyň we dost-doganlygyň baýramy» atly dabaraly maslahat geçirilip, wagtlaýyn baýramçylyk sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Welaýatyň bilim, medeniýet işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda Halkara Nowruz baýramy, onuň türki halklarynyň durmuşynda tutýan orny, şeýle hem Milli bahar baýramynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenip, giňden bellenilip geçilişi barada täsirli çykyşlar edildi. Soňra bu ýere ýygnananlar baýramçylyk sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar we sergide ýaýbaňlandyrylan muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Milli mirasymyzy şöhlelendirýän amaly-haşam işleri Halkara Nowruz baýramy bilen baglanşykly, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri «Bereketli türkmen saçagy» kitabyna görkezilýän milli tagamlar, welaýatyň suratkeşleriniň bahar paslynyň gözelliklerini wasp edýän işleri sergä gatnaşyjylara ýatdan çykmajak baýramçylyk şatlygyny bagyşlady. Sergi bilen tanyşlygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bedew bady bilen watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler. Gülnur PYGAMOWA Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri