logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Ýaş zehiniň ýürek joşguny

Täzelikler

04.08.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere beslenýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda çagalykdan arzuwlan maksadymyň amala aşmagy meniň durmuşymda ýatdan çykmajak pursada öwrüldi. Çünki men Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň kitap grafikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby boldum. Meniň muňa begenjimiň çägi ýok. Meniň Ahal welaýatynyň Nury Saryýew adyndaky welaýat çagalar sungat mekdebinde çeperçilik hünäri boýunça ilkinji sungat bilimimi kämilleşdirmek maksadym söýen kärimiň bagtyýar talyby bolmaklygyma getirdi. Türki medeniýetiniň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň geçiren surat bäsleşigine gatnaşyp, özümiň döredijilik başarnygym bilen üstünlikli çykyş etdim. Bize bilim almaga, döredijilik zehinimizi açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Amandursun Bäşimowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň kitap grafikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby

No image
BEDEW BATLY, DÖREDIJILIK RUHY BILEN

Täzelikler

07.07.2026

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis boldy. Onda ýurdumyzyň täze taryhynyň ajaýyp sahypalaryna öwrülen şanly wakalara, aýratyn-da, şu ýylyň dowamynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine, olaryň guramaçylyk derejesine hem-de ähmiýetine bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Munuň özi Watanymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän baýramçylyk çäreleriniň guramaçylygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 35 ýyllygy türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň nurana sahypalarynyň birine öwrüler. Dabaraly mejlise gatnaşyjylar ilki Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleri görkezildi. Sergide hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän ajaýyp kitaplara giň orun berlipdir. Aýratyn-da, Milli Liderimiziň ahalteke bedewleriniň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny wasp edýän kitaplary serginiň bezegine öwrüldi. Mukamlar köşgüniň kaşaň binasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at–myradyň mekany” ýylynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis öz işine başlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek, ony dünýä ýaýmak meselelerine bagyşlanan dabaranyň dowamynda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler bedewlere aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilmegi netijesinde bedewleriň dünýädäki abraýynyň belende galýandygyny bellediler. Behişdi bedewlerimiz, nepis halylarymyz, wepaly alabaýlarymyz we beýleki gymmatlyklarymyz halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden buýsançly milli mirasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasaty türkmen halkynyň gymmatlyklaryny äleme ýaýmagy esasy ugur edinýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at–myradyň mekany” ýyly mynasybetli atçylyk we atçylyk sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň tassyklanylmagy şanly ýylyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Garaşsyzlyk baýramçylygynyň giň gerimde bellenilmegi häzirden sazlaşykly işiň alnyp barylmagyny talap edýär. Bu çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine mynasyp goşant goşmak her birimiziň öňümizde durýan möhüm wezipedir. Bedewlerimize bagyşlanýan eserler hem kämil we nepis bolmalydyr. Garaşsyzlyk döwletimiziň binýady hasaplanýar. Garaşsyzlyk baýramy bilen bagly her bir işimiz, döredýän sungat eserimiz hem şol belent derejä mynasyp bolmalydyr. Dabaraly mejlisiň dowamynda 2016-njy ýylyň aprel aýynda düşürilen, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň taryhy pursatlaryny beýan edýän wideoýazgylar görkezildi. Olardan görnüşi ýaly, baýramçylyk mynasybetli Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan sowgat berlen Miras atly mele bedewe atlanyp, dabaranyň çäklerinde şanly sene mynasybetli guralan ak öýleriň ýanynda milli däp-dessurlara laýyklykda guralan toýlary synlaýar. Bu ýerde guralan ak öýleriň ýanynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň durmuş toýy şol günki çäräniň bezegine öwrülipdi. Gyz çykarmak, ogul öýermek ynsan durmuşynyň iň ýakymly pursatlary hasaplanýar. Gelnalyjy dessury türkmen toýlarynyň tapawutly aýratynlyklarynyň biridir. Onda paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýagşy dessurlary her döwrüň ruhuna kybap derejede dabaralandyrylýar. Häzirki bagtyýar zamanada bolsa bu ýörelgeleriň dabarasy has-da belende göterilýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky durmuş toýy babatda dünýä nusgalyk ýörelgeleri döredipdir. Munuň özi toý dessurlarynyň derejesini artdyrmak bilen bir hatarda, ýaşlary agzybirlige, birek-birege düşünişip ýaşamaga gönükdirilen çagyryş hökmünde kabul edilýär. Soňra dabaraly mejlis “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda meşhur ahalteke bedewlerine, atçylyga we atşynaslyk sungatyna bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çäreleri baradaky çykyşlar bilen dowam etdi. Çykyşlarda şu ýylyň dowamynda türkmen seýisleriniň yhlasyndan dörän ahalteke bedewlerini giňden wasp etmek we olary halkara giňişlikde tanatmak boýunça giň möçberli çäreleriň ýaýbaňlandyrylandygy aýdyldy. Aýratyn-da, atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenler toparlary ýurdumyzda, daşary döwletlerde geçirilýän halkara festiwallara, maslahatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, öz ussatlyklaryny görkezýärler. Ahalteke bedewleri taryhyň dowamynda şahyrlaryň goşgularynyň, bagşylaryň aýdym-sazlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçipdir. Dürli döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny emele getiren bedewleriň çeper keşbini döretmek ýörelgeleri häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň bedewlere bolan ählumumy söýgüsi, buýsanjy sungat eserlerinde öz beýanyny tapýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirýärler, Soňra Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabaraly mejlis sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Belli estrada ýyldyzlarynyň, bagşy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk senesini mynasyp garşylamak ugrunda zerur tagallalar edýän, täze eserleri döredýän medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler, türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň waspy öz beýanyny tapdy. Artistleriň, bagşy-sazandalaryň, ýaş ýerine ýetirijileriň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!” atly aýdymynyň ýaňlanmagy dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

No image
Nagyşlaryň soňsuz söhbedi

Täzelikler

30.06.2026

Şu ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, haly suratkeşi Güljahan Töräýewanyň şahsy döredijilik sergisi geçirildi. G.Töräýewa sungatyň bu görnüşi bilen köp ýyllardan bäri meşgullanyp gelýär. Onuň döreden sungat eserlerini, ýagny, ýantorbalary synlamak sungat muşdaklaryny haýrana goýdy. Gobelenden dokalan ýantorbalar gözelligi, nagyşlarynyň nepisligi we reňk sazlaşygynyň çeperçilik taýdan ýerlikli çözlendigi bilen tapawutlanýar. Ýantorbalara salnan nagyşlar suratkeşiň owadan dünýäsini baý dünýägaraýşyny we türkmen milliligine çäksiz söýgüsini açyp görkezdi. Gadymy milli “tegbent”, “gülýaýdy”, “älem”, “saýlan”, “goçak” ýaly nagyşlar döwrebap äheňler bilen baýlaşdyrylyp dokalypdyr. Ýantorbalardaky reňkler öz arasynda söhbet edýän kibi dokalypdyr. Sergi köp adamly, täsirli we gyzykly geçdi. Serginiň dowamyndaky çykyşlar bolsa suratkeş G.Töräýewanyň bu sungata bolan zehininiň we söýgüsiniň üstüni ýetirdi. Türkmen döwlet medeniýet institutynda G.Töräýewa sungatyň bu görnüşini ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde we dokalyşynyň inçe tilsimlerini öwretmekde irginsiz zähmet çekýär. Gobelen suratkeşi G.Töräýewa halypa hökmünde köp şägirtleri ýetişdirdi. Gobelen sungaty el bilen ýa-da ýörite stanoklarda dokalyp, dürli reňkli sapaklar arkaly şekil döredilýän nepis amaly-haşam sungatydyr. Köplenç halyçylyk sungaty bilen utgaşýan bu ugur, suratkeşligiň we dokmaçylygyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär. Gobelen dokalanda köp sanly reňkli sapaklar ulanylýar. Suratkeş ilki bilen surat taýýarlaýar, soňra şol surata laýyklykda ýüpek, ýüň ýa-da pagta sapaklarynyň üsti bilen, her bir çyzygyň we reňkiň geçişi gaýtadan janlandyrylýar. Gobelenler öýleriň we binalaryň içini bezemek üçin uly göwrümli diwar halysy, örtük ýa-da dekoratiw eser hökmünde ulanylýar. Gobelen dokalyş usuly taýdan türkmen halyçylyk sungatyna juda meňzeşdir. Maýa Halykberdiýewa, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.

No image
Halypanyň döredijiliginde tebigatyň çeper çözgütleri

Täzelikler

30.06.2026

2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Natalýa Kaluginanyň hem-de Gennadiý Osipowyň şahsy döredijilik sergisi geçirildi. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Natalýa Kaluginanyň hem-de Gennadiý Osipowyň döreden “Güller”, “Gülälekler”, “Dagdaky ýol”, “Dag peýzažy”, “Çöl peýzažy”, “Gyş”, “Köpetdag”, “Jülge”, “Ýaz”, “Änew metjidi”, “Bahar pasly”, “Güýz”, “Gaýa”, “Kert gaýa”, “Köl” ýaly peýzaž eserleri bellenmäge mynasypdyr. Suratkeş Natalýa Kaluginanyň we halypanyň ogly suratkeş G.Osipowyň ähli eserleri diýen ýaly türkmen tebigatynyň gözelliklerini çeper beýan edýär. Halypanyň peýzaž eserleri diýseň özboluşly, suratkeş diňe tebigatyň özüni suratlandyrýar. Suratkeşiň peýzažlary ähli toparlaýyn sergilere gatnaşýar. Tebigaty çekýän suratkeşleriň arasynda Natalýa Kaluginanyň işleri özüniň reňk öwüşginleri, hakykaty şahyranalyk bilen beýan edýändigi bilen tapawutlanýar. Bu eserleri synlanyňda suratkeşiň sergisine we sungatyna hormatyň has-da artýar. Peýzaž eserleri nakgaşçylyk sungatynda beýan edilende has-da owadan bolýar. Nakgaşçylyk sungatyndaky peýzaž eserleriniň nesil terbiýesinde uly orny bar. Ýaşlarda Watana bolan söýgüni oýarmakda we gözellik duýgusynyň inçeligini açmakda uly ähmiýete eýedir. Garagumuň sähralyklary we olarda bitýän ösümlikler, dag we sähra gözellikleri göz öňüňde janlanýar. Watanymyzyň tebigy gözelliklerini sungat eserlerinde beýan etmekde sungat işgärleri döredijilikli zähmet çekýärler. Bu sergi öz işini 10 gün dowam eder.

No image
Milli medeniýetiň köpöwüşginli baýramçylygy

Täzelikler

29.06.2026

Medeniýet hepdeliginiň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylar irden Balkanabat şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine ter gül çemenlerini goýup, söz ussadyny sarpaladylar. Soňra Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Dabarada çykyş eden medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri şu ýyl Balkan welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň netijelerini jemläp, onuň dowamynda guralan çäreleriň, şol sanda döredijilik duşuşyklarynyň, sungat ussatlarynyň konsertleriniň, kinofilmleriň we sahna eserleriniň görkezilişleriniň, sergileriň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ajaýyp wakalarynyň üstüni ýetirendigini nygtadylar. Döredijilik forumynyň dowamynda geçirilen çäreler ruhy joşgunyň we milli ýörelgeleriň sazlaşygyny aýdyň görkezdi. Çykyş edenler giň gerimli sungat baýramçylygynyň geçirilmegi babatda döredilen ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Soňra dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagy okaldy. “Türkmen medeniýetini we sungatyny gülledip ösdürmek, dünýä derejesine çykarmak maksady bilen geçirilýän medeni çäreler, bäsleşikler, sergiler täze, döwrebap many-mazmuna eýe bolýar. Ähli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler medeniýet we sungat işgärlerini has kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Häzirki döwürde medeniýet ulgamynda gazanylýan ösüşler jemgyýetimizde ruhy galkynyşy artdyrmaga, bagtyýar raýatlarymyzyň watansöýüjiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen bilelikde bellenilmegi akyldar şahyrymyzyň berkarar döwlet baradaky arzuwlarynyň häzirki ajaýyp döwrümizde hasyl bolýandygynyň, dana Pyragynyň sarpasynyň belent derejä göterilendiginiň aýdyň güwäsidir” diýlip, Gutlagda nygtalýar. Soňra 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeliginiň Daşoguz welaýatynda geçiriljekdigi barada hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary okaldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy. Ajaýyp tomaşa zalynda ruhubelent aýdymlar ýaňlandy. Dabara artistleriň, meşhur tans toparlarynyň türkmen halk dessanlarynyň äheňinde döreden folklor çykyşlary bilen dowam etdi. Baýramçylyk gününde Magtymguly Pyraga bagyşlanyp döredilen döredijilik eserleri hem mynasyp orna eýe boldy. Aýdym-sazlarda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ýeten derejesine, dana Pyragynyň ussatlygyna bolan ählihalk buýsanjy öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen “Kalbymda sen” atly aýdym konserte gatnaşyjylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Ýurdumyzyň birleşen folklor toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren “Küştdepdi” tansy hem uly joşgun döretdi. Konsert oňa gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde “Size şöhrat, Size şan, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!” atly ajaýyp aýdym bilen tamamlandy. 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligini kabul etjek sebit hökmünde Daşoguz welaýatynyň wekillerine göçme kubok gowşuryldy. Soňra medeni foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. #### *** ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/ggggggggggggg.jpg) Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Agşamlyk «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada söz ussadynyň şygryýet toýy mynasybetli geçirilen döredijilik agşamy aýratyn täsirliligi bilen tapawutlandy. Oňa medeniýet, sungat, döredijilik, bilim işgärleri, talyplar, görnükli şahyryň eserleriniň köp sanly muşdaklary gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Köpetdagyň bu gözel künjegi medeniýet işgärleriniň duşuşyklarynyň ýygy-ýygydan guralýan ýerine öwrüldi. Döredijilik agşamynda çykyş edenler şahyryň öz döwrüniň öňdebaryjy pikirlerini öňe sürmek arkaly şygryýet dünýäsini baýlaşdyryp, döredijilik äleminde täze sahypany açandygyny bellediler. Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň belent pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp goşgular halkymyzyň hasyl bolan köpasyrlyk arzuw-hyýallarynyň senasy hökmünde ýaňlandy. Bular barada döredijilik agşamyna gatnaşan ýazyjy-şahyrlaryň çykyşlarynda täsirli beýan edildi. Dag eteginde guralan çäräniň aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşmagy onuň ähmiýetini artdyryp, mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Aşgabat, Arkadag şäherlerindäki, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky medeni ojaklarda hem baýramçylyk çäreleri geçirildi, çeper filmleriň, sahna oýunlarynyň, sirk tomaşalarynyň görkezilişleri boldy.

No image
MEDENIÝET BAÝRAMY DABARALANÝAR

Täzelikler

26.06.2026

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde “Gadymy Dehistan” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda “Taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmeginiň we rejelenmeginiň häzirki zaman usullary” atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de onuň garamagyndaky goraghanalaryň hünärmenleri, alymlar gatnaşdylar. Bu çäräniň geçirilmeginiň hepdeligiň meýilnamasyna girizilmegi häzirki innowasiýalar we düýpli özgertmeler eýýamynda “medeni miras” diýen düşünjäniň barha giň many-mazmuna eýe bolýandygyny ýüze çykarýar. Çünki taryhy we medeni ýadygärlikleri, türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamak baradaky alada döwletiň hem-de jemgyýetiň örän möhüm wezipeleriniň hataryna çykaryldy. Türkmenistan — taryhy-medeni ýadygärliklere baý ýurt. Olar gadymy zamanlarda-da gurluşygyň ýokary derejede bolandygyna, senetçiligiň ösendigine şaýatlyk edýär. Balkan welaýatyndaky “Gadymy Dehistan” goraghanasynyň çäkleri hem şeýle gymmatlyklaryň biridir. Meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahatynda türkmen arheologlary tarapyndan gadymy Balkan topragynda saklanyp galan arheologik, binagärlik ýadygärliklerinde ýerine ýetirilen işler hem-de öňde durýan wezipeler barada pikir alşyldy. Balkan welaýat kitaphanasynda täze neşir edilen we sesli kitaplaryň, täze döredilen elektron kitaplaryň saýtynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar kitabyň ähmiýeti barada aýratyn durup geçdiler. Kitap halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Ähli döwürlerde hem ol medeni we aňyýet ösüşiniň esasy guraly hasaplanypdyr. Ýokary hilli neşir önümleri kitap okamak medeniýetini ýokarlandyryp, ilatyň, hususan-da, ýaşlaryň milli we dünýäniň ruhy gymmatlyklaryna aralaşmagyna ýardam edýär. Çünki ynsanyň durmuşynda kitabyň orny örän uludyr. Hepdeligiň maksatnamasyndaky çäreler Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde dowam etdi. Bu ýerde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň konserti boldy. Onda ýaş zehinler çeper döredijilige, milli sungata bolan höwesini görkezdiler. Olaryň belent ruha beslenen aýdym-sazly, joşgunly tanslar bilen utgaşan çykyşlary ýaşlaryň bu ugra gyzyklanmalarynyň ýokarydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda edilýän yzygiderli aladalaryň netijesidir. Çagalaryň baýramçylyk konserti medeni dynç alşy özünde jemlemek bilen, sungatyň döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny emele getirýändigini äşgär etdi. Balkanly ýaş zehinleriň çykyşlary döwrebaplygy bilen tapawutlanyp, konserte tomaşa edýänlere ýakymly pursatlary bagyşlady. Balkan welaýat kitaphanasynda Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, žurnalistleriň, şol sanda ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Brifingiň başynda ilkinji gezek emeli aň esasynda taýýarlanylan hem-de saz we ses serişdeleri bilen bezelen wideorolik görkezildi. Ol Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine bagyşlandy. Wideoroligiň emeli aňyň mümkinçilikleri bilen taýýarlanylmagy we çärä gatnaşyjylara görkezilmegi duşuşygyň mazmunyna laýyk gelýär. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çykyşlarynda Medeniýet hepdeliginiň üstünlikli geçýändigini beýan etdiler.

No image
DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Täzelikler

25.06.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň her bir güni şatlykly wakalara beslenýär. 24-nji iýunda Türkmenbaşy etrap medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Arkadagly Watanymyz–dillerde dessanymyz!» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyny «Biznes reklama» gazetiniň esasy ugurlar boýunça utgaşdyryjy redaktory, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýew alyp bardy. Täsirli guralan duşuşykda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa, okuw–önümçilik merkeziniň lukmany, Aşgabat şäher Halk maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbannazar Ataýew, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Bazar Şalyýew, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Göwher Ahmedowa, «Maru-Şahu jahan» gazetiniň uly habarçysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Bahargül Mejidowa, Türkmenbaşy şäherindäki ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Gültäç Orazjanowa dagy çykyş etdiler. Döredijilik duşuşygynda ýerine ýetirilen çykyşlarda mähriban Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy giňden wasp edildi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Dursunjemal Gazakowanyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Mekan Nurmedowyň ýerine ýetiren aýdymlaryny tomaşaçylar şowhunly garşyladylar. «Arkadagly Watanymyz – dillerde dessanymyz!» atly döredijilik duşuşygy Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň many-mazmunyny baýlaşdyran özboluşly çäreleriň biri boldy. Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Akmyrat Rejebow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.

No image
Medeniýetiň hem sungatyň belent sarpasy

Täzelikler

25.06.2026

![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/jjjjjjjjjjj.jpg) “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan ösüşleri, halkymyzyň ruhy dünýäsi öz beýanyny tapýar. Medeniýet hepdeliginiň her ýylda geçirilmegi ýurdumyzda medeniýetiň, sungatyň hem-de edebiýatyň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň oňyn netije berýändigini aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Bu çare milli medeniýetimizi ösdürmekde, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir. Medeniýet hepdeligine gatnaşýan döredijilik işgärleri Hazar deňzinde gämili gezelenç etdiler. Munuň özi soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgeren “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gözel görnüşini we bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny, gojaman deňziň giňişliklerini synlamak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Medeniýet we sungat işgärleri ýurdumyzda çeper döredijiligi hemmetaraplaýyn ösdürmäge we täze sungat hem-de çeper eserleri döretmäge gönükdirilen şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Medeniýet hepdeliginiň köpöwüşginli çäreleri welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde ýurdumyzyň suratkeşleriniň “Sungat gözelligi — ylham çeşmesi” atly şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň suratkeşleriniň dürli ugurlar boýunça döreden eserleri bu ýerde guralan serginiň täsirli pursatlara baý bolmagyny şertlendirdi. Sergä gatnaşyjylar özboluşly suratlary we amaly-haşam sungatynyň eserlerini synlap, çeper döredijilige gol beren döredijilik işgärleriniň zehininden dörän işleriň ýokary baha mynasypdygyny nygtadylar. “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Türkmenbaşydaky medeni-sport toplumynda çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary guraldy. Balkan welaýatynyň çagalar döredijilik toparlarynyň “Bagtyýar nesilleriň owazy” atly aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Munuň özi ýurdumyzda sungat ussatlarynyň täze nesliniň kemala gelýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Şeýle hem bu ýerde medeniýet we sungat ulgamy boýunça baý tejribe toplan sungat ussatlarynyň ýaş nesiller bilen duşuşygy geçirildi. Sungat ussatlary körpe artistlere özleriniň iş we durmuş tejribeleri barada gürrüň berdiler. Ýurdumyzyň şahyrlarynyň deňziň kenarynda aýdyşyk görnüşindäki çykyşlary hem täsirli boldy. Bu çare döredijilik işgärleriniň göwnüni galkyndyryp, olary täze, döwrebap eserleri döretmäge ruhlandyrdy. Türkmen halkynyň köpasyrlyk medeniýeti we sungaty, bagşyçylyk däpleri jemgyýetde agzybirligiň we ruhy sazlaşygyň berkarar bolmagyny esasy ugur edinýär. Bagşy-sazandalaryň çykyşlarynda hut şu ugra degişli asylly ýörelgeler öz beýanyny tapdy. Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesindäki Medeniýet öýünde ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň “Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!” atly konserti hepdeligiň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan çärelerde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işler, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ýeten derejesi, dürli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapdy. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzyň halk teatrlarynyň arasynda guralan “Şadyýan şahandazlar” atly döredijilik bäsleşiginiň jeminiň jemlenmegi taryhy pursatlaryň üstüni ýetirdi. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda halk teatrlarynyň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy. Onuň dowamynda saýlap alan hünärine söýgüsi çäksiz bolan artistleriň döreden keşplerine, ussatlyk derejesine mynasyp baha berildi. Ajaýyp keşpleri janlandyryp, ýokary baha mynasyp bolan artistler ýurdumyzda çeper döredijiligiň, teatr sungatynyň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmegi ugrunda yzygiderli tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Bäsleşigiň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, bu ýerde “Ene wesýeti” atly sahna oýny görkezildi. Ýurdumyzyň halk teatrlarynyň işgärleri milli medeniýetiň we sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, türkmen sungatyny dünýä giňişligine çykarmak ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Türkmenbaşy etrap medeniýet merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Arkadagly Watanymyz — dillerde dessanymyz” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Medeniýet hepdeligi Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde Lebap we Mary welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bilen dowam etdi. Joşgunly aýdym-sazly çykyşlarda ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanylýan üstünlikleriň waspy ýetirildi. Medeniýet hepdeliginiň giň gerimli çäreleri üstünlikli dowam edýär.

No image
Daňdanakan galasynda tomusky tejribelik okuw sapagy geçirildi

Täzelikler

25.06.2026

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 23-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik we dizaýn” fakultetiniň mugallymlary we talyplary Mary welaýatynda ýerleşýän Daňdanakan galasynda tejribelik okuw sapagyny geçdiler. Talyplar bu ýerde binagärlik bezegleriniň we gurluşynyň aýratynlygyny öwrendiler. Tejribe sapagynyň dowamynda orta asyrlarda duş gelýän bezegleri, olary düzýän geometrik we ösümlik nagyşlary barada täsirli maglumatlar berildi. Sapagyň dowamynda ylmy barlaglary netijesinde 3D skaner görnüşli gural arkaly Juma metjidiniň rejelenen ýagdaýyny öwrenmek hem-de anyk mysallarda çyzgylara geçirmek göz öňünde tutulyp amala aşyryldy. Orta asyrlara degişli Daňdanakan galasynyň Juma metjidiniň gurluşy talyplarda uly gyzyklanma döretdi. Alym Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseri ýan kitabyna öwren talyp ýaşlar binagärlik ýadygärlikleriň gurluşyny we bezeg aýratynlyklaryny öwrendiler. Tejribe sapagyň dowamynda talyplar umumy sapaklarda alan nazary bilimlerini tejribäniň üsti bilen berkitmäge mümkinçilik aldylar. Eziz Diýarymyzyň ýaşlaryna okamaga, döretmäge, işlemäge döredip beren mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ata Watanymyzy ösdürmekde alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edildi. BILBIL ÇARYÝEWA Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy

No image
Medeniýet hepdeligi üstünlikli dowam edýär

Täzelikler

24.06.2026

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda her ýylyň iýun aýynda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň günleri bu ýyl hem uly şatlyga, ýakymly wakalara beslenýär. Onuň çäginde meýilleşdirilen dabaralar, halkymyza türkmen toýlarynyň şowhunyny eçilýär. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guralýan aýdymçy-sazandalaryň konsertleri, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň döredijilik agşamlary, şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergileri türkmen medeniýetiniň döwrebap ösüşlerini açyp görkezýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/mmmmmmm.jpg) Ýurdumyzyň Balkan welaýatynda üstünlikli dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni hem dabaralardyr çärelere baý boldy. Irden Gyzylarbat etrabyndaky medeniýet merkezinde “Hatyrasy belent halypalar” atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda belli sungat ussatlarynyň we döredijilik işgärleriniň milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň barha baýlaşmagyna mynasyp goşant goşandyklary nygtaldy. Şeýle hem, birnäçe ussatlar barada giňişleýin durlup geçildi. Baýram şahyryň, Türkmenistanyň halk artistleri Sary Garryýewiň, Giçgeldi Amanowyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Baýramguly Aýjanowyň döredijiligi, ömür ýoly barada täsirli söhbet edildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda aýdym-sazlar hem ýaňlandy. Çykyşlarda Baýram şahyryň döredijilik mirasyndan aýdymlara, döwrebap eserlere uly orun berildi. Bagşy-sazandalar joşgunly aýdym-sazlary bilen ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, tebigat gözelligini wasp etdiler. Şeýle-de “Türkmennebit” Döwlet konserniniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Türkmenbaşy şäherindäki Medeni-sport toplumynda geçirilen Balkan welaýatynyň çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň döreden eserleriniň sergisi hem-de ýurdumyzyň çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini kämilleşdirmek boýunça “Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly döwrebap okatmagyň usulyýeti” atly maslahat geçirildi. Ondaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň döwrebap usullary, häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze dersler özleşdirilýär. Bu bolsa ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň baş şertini emele getirýär. Häzirki zaman zähmet bazary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak üçin bilim bermegiň döwrebap ugurlary, okuw maksatnamalary we usulyýeti boýunça pikir alyşmalar maslahata gatnaşyjylaryň aýratyn üns merkezinde boldy. Günüň ikinji ýarymynda Balkan welaýat kitaphanasy köp adamly boldy. Bu ýerde “Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet” atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy, şeýle hem ýurdumyzyň halypa we ýaş şahyrlarynyň “Ylham joşguny” atly edebiýat agşamy geçirildi. Dabarada bu bäsleşigiň döredijilik bilen meşgullanýanlaryň arasynda uly gyzyklanma döredendigi aýdyldy. Döredijilik bäsleşiginiň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýän ýylynda geçirilmeginiň çuňňur manysy bar. Ýeňijileriň sylaglanylmagy bu ýerde guralan dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Ýeňijiler ýurdumyzda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, dürli derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmak ugrunda döredilýän giň şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Halypa we ýaş şahyrlaryň “Ylham joşguny” atly edebiýat agşamy has-da täsirli bolup, häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Watanymyzyň abadançylygynyň, türkmen bedewleriniň waspy ýetirildi. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde belent ruha beslenen ajaýyp wakanyň şaýady boldular. Bu ýerde Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onda halk aýdym-sazlarynyň, estrada aýdymçylarynyň çykyşlarynyň folklor toparlarynyň özboluşly tanslary bilen utgaşmagy medeni çäräniň maksatnamasynyň döwrebap derejede taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn çemeleşilendigini görkezýär. Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilik çykyşlarynyň täsirli pursatlara beslenmegi dabaranyň döwrüň ruhuna kybap derejede guralýandygyna aýdyň subutnamadyr. Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy alkyşlap ýerine ýetirilen çykyşlar halkymyzyň Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize çuňňur hormatynyň nyşany boldy. Hepdeligiň ikinji gününiň çäreleri Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda jemlendi. Bu ýerde “Bedew rowaýaty” atly sahna oýnunyň görkezilişi boldy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu sahna eseri ahalteke bedewlerine bagyşlanýar. Sahnalaşdyrylan eserde türkmen bedewiniň wepadarlygy dürli wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilýär. Küştdepdiniň gaýtalanmajak öwüşginleri siňdirilen sahna eserinde behişdi bedewleri ýetişdiren türkmen topragy, ahalteke bedewleriniň owadanlygy çeper wasp edilýär.