logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
“Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň hepdeligi

Täzelikler

29.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Şeýle şanly wakalaryň hatarynda aprel aýynyň 27-sinden maý aýynyň 2-si aralygynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň hepdeliginiň dowam edýändigini bellemek bolar. Hepdeligiň açylşynda “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri Kerimguly Garowow özüniň giriş sözleri bilen çykyş edip, kafedranyň taryhy, ençeme ýyllaryň dowamynda ýeten sepgitleri we gazanan üstünlikleri barada gürrüňleri paýlaşdy. Şeýle-de, ol dabara gatnaşyjylary hepdeligiň çäginde geçiriljek çäreleriň meýilnamalary bilen tanyşdyrdy. Dabaranyň dowamynda “Kompozisiýa hünäri boýunça okuw derslerini okatmagyň käbir aýratynlyklary” atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi has-da täsirli boldy. Onda ussat kompozitor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew “Tеория туркменской музыки” atly monografiýasy bilen tanyşdyrdy we onda beýan edilýän türkmen halk aýdym-sazlaryna mahsus bolan aýratynlyklar barada aýdyp geçdi. Munuň bilen bir hatarda kompozitorlar Meret Annamyradow we Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrow öz döreden eserleri hakynda gürrüň berdiler. Çykyşlaryň dowamynda kompozitorlaryň tälim alan halypalary N.Halmämmedow, D.Nuryýew, A.Kulyýew baradaky gyzykly ýatlamalary dabaranyň ýürek tolgundyryjy pursatlaryna öwrüldi. Türkmen kompozitorlarynyň döreden eserleriniň saz ýazgylarynyň diňledilmegi bolsa, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri Kerimguly Garowowyň gurnamagynda geçirilen bu ylmy-amaly maslahat ýaş kompozitor we sazşynas talyplar üçin nusga alarlyk mekdep boldy. Maslahatyň jemleýji pursatynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýändigi çäksiz alkyş aýdyldy. Aýna ÇARYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby

No image
USSAT KOMPOZITOR ÝOLAMAN NURYMOW, ESERLERIŇ NESILLERE GÖRELDE

Täzelikler

29.04.2026

Ussat bagşy-sazandalar asyrlar boýy dowam edip gelýän halypa-şägirtlik ýoly bilen milli saz sungatymyzy nesilden-nesilу geçirip, biziň günlerimize ýetirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa” atly kitabynda “Türkmen sazyny diňläniňde, ondan ünsüňi sowup bolanok. Onuň özüne çekiji gözelligi we şireli öwüşgini hiç kimi biparh goýmaýar. Halk sazy özüne bendi edýär, hyýaly arzuw-islegleriň dünýäsine alyp gidýär. Bu bolsa diňe biziň beýik sungatymyza, türkmen halkynyň söýgüli we iň giň ýaýran saz guraly bolan dutara mahsusdyr” diýip belleýşi ýaly, türkmen dutaryndan çykýan şirin owazlary halkymyzyň gymmatly mirasy bolup, öwrenilmäge mynasypdyr. Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çarymyrat Ahunowyň gurnamagynda “Ýolaman Nurymowyň döredijilik ýoly” atly ussatlyk sapagynyň geçirilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr. Türkmen saz sungatyny professional derejede ösdürmek ugrunda kompozitorlar tarapyndan ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýolaman Nurymow Türkmenistanyň halk artisti, ussat halypa, kämil sazanda, mukamçy kompozitor hökmünde tanalýan sungat ussatlarynyň biridir. Ussatlyk sapagynda mugallym Ç.Ahunow Ýolaman Nurymowyň döredijilik ýoly, onuň türkmen saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary hakynda gyzykly gürrüňleri tomaşaçylar bilen paýlaşdy. Sapagyň dowamynda Ý.Nurymowyň sazyna döredilen aýdymlaryň nota ýazgysyna geçirilişi barada hem bellenip geçildi. Munuň bilen baglylykda edilen işleriň hatarynda Ç.Ahunow tarapyndan nota ýazgysyna geçirilen kompozitoryň Nowruz Gurbanmyradowyň goşgusyna döreden birnäçe aýdymlarynyň sanawy hakynda gürrüň edildi. Olardan “Eziz Türkmenistan”, “Türkmen Altyn Asyrda”, “Garaşsyzlyk saýasynda”, “Garaşsyz illi türkmen”, “Garaşsyzlyk toýy külli türkmeniň”, “Şan getirdi”, “Bitarap Türkmenistan”, “Watan saňa ýarasam”, “Türkmenistanym meniň” atly şirin owazly aýdymlary aýtmak bolar. Halypa mugallymymyz Ç.Ahunow nota ýazgysyna geçiren aýdymlarynyň ölçegini, ritmik gurluşyny, saz bezeglerini kada laýyk ýazmakda nähili usullaryň ulanylýandygyny belläp geçdi. Ussat kompozitoryň sazyna döredilen “Ýaşlyk joşguny”, “Bagtyýar Watan” ýaly ajaýyp aýdym-sazlaryň ýerine ýetirilmegi bolsa, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň mukamçy kompozitor Ýolaman Nurymowyň döredijiligine bagyşlap gurnan kitap sergisini aýlanyp gördüler. Talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça pikir alyşdylar. Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetiniň gülläp ösmegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklar aýdyldy. Maral NURYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri

No image
Türkmenistanyň halk artisti, mukamçy kompozitor Ýolaman Nurymowyň döredijilik ýoly

Täzelikler

27.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda gadymy hem müdimi sungatymyza, ony dowam etdirýänlere has-da uly üns berilýär, sarpa goýulýar. Türkmen saz sungatyny professional derejede ösdürmek ugrunda kompozitorlar tarapyndan ägirt uly işler amala aşyryldy. Çünki olar prossional sazlary, dürli žanrdaky eserleri döretdiler. Bu ajaýyp eserler Türkmenistanyň gymmatly sazlary jemlenen altyn hazynasyny emele getirdi. Ýolaman Nurymow Türkmenistanyň halk artisti, ussat halypa, kämil sazanda, mukamçy kompozitor hökmünde tanalýan sungat ussatlarynyň biridir. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professory Ýolaman Nurymow 1943-nji ýylyň awgust aýynyň 10-na Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häzirki “Täze oba” daýhan birleşiginde dogulýar. Onuň saza bolan söýgüsi çagalykdan başlanýar, şonuň üçin hem ol obalaryndaky sazçylyk gurnagyna gatnap başlaýar. Onuň ilkinji saz mugallymy, kakasynyň inisi Hommat Gapurow bolýar. Soň bolsa obalaryndaky çeper höwesjeňler toparyna gatnaşýar. Ol ýerde mugallymy Nurmyrat Ýazgulyýewden öz agasy Gurbannazardan hem birentek sazlary öwrenip, bilýän sazlarynyň sanawyny artdyrýar. Ussat sazanda Ýolaman Nurymow 1960-njy ýylda paýtagtymyzda ýerleşýän Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebine okuwa girýär. Ol bu ýerde ady belli sazandadyr kompozitorlaryň elinde okap, olardan tälim alýar. Ol halypalardan Aşyr Kulyýew, Allaberdi Allaberdiýew, Çary Täçmämmedow dagylary aýtmak bolar. 1964-nji ýylda Ýolaman Nurymow sazçylyk mekdebini tamamlanyndan soň, Aşgabady etekläp oturan Köşi obasyndaky umumy bilim berýän 8-nji orta mekdebinde aýdym-saz mugallymy bolup işe başlaýr. Ol birnäçe ýyllar mugallymçylyk kärinde işäninden soň, 1971-nji ýylda Çary Täçmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky, Türkmen radiosynyň we telewideniýesiniň halk saz gurallary toparyna işe çagyrylýar. Şeýlelik bilen, Ýolaman Nurymow, Çary Täçmämmedowyň ýakyn şägirdi bolýar. Ýolaman Nurymow ansamblda birnäçe ýyl işläp özüniň ussatlygyny artdyrýar, bilýän sazlarynyň sanawyny has baýlaşdyryp, döwletimizde iň bir ussat sazandalaryň hataryna goşulýar. 1981-nji ýylda ussat kompozitor Ýolaman Nurymowa türkmen halk aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly at dakylýar. 1980-1985-nji ýyllar aralygynda Ýolaman Nurymow Türkmen döwlet pedagogik sungat institutyna okuwa girip, öz bilimini artdyrýar we ony üstünlikli tamamlanyndan soň, şol ýerde dutar ugry boýunça mugallymçylyk kärinde işe başlaýar. 1986-njy ýylda Ýolaman Nurymow sungat institutynyň halk saz gurallary kafedrasynyň müdirligine saýlanýar. 1987-nji ýylda halypamyza “dosent” diýen ylmy derejesi, 1991-nji ýylda bolsa “professor” diýen ylmy at berilýär. Ýolaman Nurymow dürli ýyllarda Turkiýede, Şwesariýada, Ýaponiýada, Şri-Lankada, Indoneziýada, Eýranda we başga-da ençeme daşary döwletlerde çykyş edip, türkmen halk sazlarynyň özboluşly ýerine ýetirijik ayratynlyklaryny, gurluş taýdan has kämilligini, ýerine ýetirijilik tarapdan bolsa ussatlygy talap edýänligini äşgär etdi. Mukamçy kompozitor Ýolaman Nurymow Türkmenistanyň dürli bagşyçylyk ýollaryndan aýdýan Gaýgysyz Çaryýew, Hangeldi Annamyradow, Aşyrmämmet Dawudow, Dörtguly Durdyýew, Mustak Aýmedow, Gurbandurdy Jeňow, Oraz Begnyýazow ýaly ençeme bagşylara sazandarlyk edýär. Ussat halypanyň ylham çeşmesinden dörän: “Ýaşlyk joşguny”, “Ussat eller”, “Watana söýgi”, “Alkyş”, “Şadyýan çagalar”, “Sähra mukamy”, “Bagtyýar Watan”, “Säher şapagy”, “Ene toprak”, “Mukaddes mukam” ýaly onlarça aýdym-sazlary döredýär. Halypanyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin 1994-nji ýylda “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly at dakyldy. Ussat halypamyz Ýolaman Nurymow Garaşsyz, baky Bitaraplygymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlary döretdi. Olardan: Nowruz Gurbanmyradowyň sözlerine “Watan saňa ýarasam”, “Şan getirdi”, “Garaşsyz illi türkmen”, “Eziz Türkmenistanym!”, “Garaşsyzlyk toýy külli türkmeniň”, “Türkmenistan Bitarap”, “Türkmen Altyn asyrda”, Hudaýguly Allamyradowyň sözlerine “Garaşsyzlyk saýasynda”, Hajy Kakalyýewiň sözlerine “Türkmenistanym meniň” diýen aýdymlary döretdi. 1991-2001-nji ýyllar aralygynda M. Täçmyradow adyndaky Türkmen Döwlet filarmoniýasynyň bagşy-sazandalar toparynyň çeper ýolbaşçysy bolup işledi. Halypa, ussat sazanda Ýolaman Nurymow 2009-njy ýylda “Gaýrat” medaly bilen sylaglanýar. Mukamçy kompozitor Ýolaman Nurymowyň ýetişdiren şägirtleri: Türkmenistanyň halk artistleri: Nepesmyrat Meredow, Orazmyrat Annanepesow, Myratgeldi Baýramberdiýew, bagşy Kyýas Durdyýew. Türkmenistanyň at gazanan artistleri: Orazgeldi Seýitgeldiýew, Çarymyrat Ahunow, Aýgül Ýagşyýewa, mugallymlar Annadurdy Allaberdiýew, uly mugallym Gunça Muhammetberdiýewa, sazanda Bäşim Eýeberdiýew ýaly başga-da birnäçe sazanda oglan-gyzlary ýetişdirdi. Milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde uly işleri bitiren ussatlarymyzy ýatlamaga, olaryň döredijiligini, ýerine ýetirijiligini, olaryň bize miras goýan aýdym-sazlaryny öwrenmäge uly mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza taňryýalkasyn aýdýarys. Çarymyrat AHUNOW, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy

No image
Ýaş mugallymlaryň döredijiliginde bedewleriň çeper keşbi

Täzelikler

24.04.2026

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dürli dabaralar behişdi bedewlerimiziň hormatyna bagyşlanýar. Şeýle dabaraly çäreleriň biri-de türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen şeýle hem «Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda Ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda, çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky bäsleşigi ýokary derejede geçirildi. Döredijilik bäsleşiginde alty sany ugur boýunça has tapawutlanan eserlere ýokary baha berildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda zähmet çekýän ýaş mugallymlaryň baýrakly orunlara mynasyp bolmagy ýatdan çykmajak wakalara besledi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň mugallymy Ahat Mälikowyň «Türkmen bedew aty – Toýly» atly heýkel eseri döredijilik tarapdan täsir galdyryjy owadan hereketi bilen taraşlanýar. Sungat ojagynyň «Dizaýn» kafedrasynyň mugallymy Rustam Kurbanowyň «Toýly Watanym» atly nakgaş eserinde milli at-şaýsepleri bilen bezelen gözelligi, ýyndamlygy, wepalylygy bilen haýran galdyrýan behişdi bedewimiziň keşbi ak mermere beslenen Aşgabat şäherimiziň çeper sazlaşygynda beýan edilýär. Şeýle-de «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymy Begençgeldi Amanowyň «Türkmen bedew aty şaý-sep toplumy» döwrebap öwüşgin berlen inçeden sünnäligi, nepisligi, ganatly bedewlerimiziň gözelligine ýaraşykly hem-de sazlaşykly ýasalandygy bilen tapawutlandy. Ýaş mugallymlarymyz ajaýyp döredijilik eserleri bilen aýratyn tapawutlanyp Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa Serpaýyna mynasyp boldular. Ata – Watanyňa, milli gymmatlyklaryňa bolan hormatyňy kämil eserler bilen dünýä ýaýmak ýaş mugallymlar üçin uly bagtdyr. Bilbil ÇARYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy

No image
Bedew batly Watanymyz - dünýä içre şan-şöhratly

Täzelikler

23.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Bedew batly Watanymyz - dünýä içre şan-şöhratly» atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi dabaraly açyldy. Sergide Berdisähet Gurbansähedowyň «Bedew», «Çölde», Gülkamar Hojaýewanyň «Wepaly dost», Dürbike Ahmedowanyň «Jahanda», Arzuw Rozyýewanyň «At-myrat», Hemra Nazarowyň «Maksada tarap», Güljemal Nuryýewanyň «Garlawaç», Orazjemal Bäşimowanyň «Asuda asmanyň astynda», Suraý Myradowanyň «Bedew», Aýşat Gulowanyň «Ak han», Enebaý Baýramowanyň «Ak bedew», Pälwan Tirkişowyň «Bedew» atly eserleri bellenmäge mynasypdyr. Ady rowaýata öwrülen «Asman atlary» türkmen şekillendiriş sungatynda belentden çeper beýan edilýär. Ahalteke bedewleri çeýeligi, gözelligi, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Türkmen ýigitleri at üstündäki çylşyrymly oýunlary ezberlik bilen başarýarlar. Türkmen halkynyň taryhy ahalteke bedewleri bilen berk baglanyşyklydyr. Behişdi bedewlerimiziň keşbi ussat suratkeşler tarapyndan kendire müň bir öwüşgünli reňkleriň üsti bilen geçirilýär we ylahy güýç berýän pikirler bilen baýlaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew» atly kitaplarynda halkymyzyň baý medeni mirasy, onuň atçylyk sungaty bilen bagly bolan gadymy däp-dessurlarymyz barada ajaýyp maglumatlar berilýär. Atçylygyň milli däpleri bilen baglanyşykly taryhy we edebi maglumatlar nakyllarda, halk pähimlerinde öz beýanyny tapýar. Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz wepaly dosty bolupdyr. Munuň şeýledigine «Aty baryň – ganaty bar», «Ýyndam atyň bahasy bolmaz» ýaly halk nakyllary aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan bu sergi 10 gün dowam eder.

No image
Döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

Täzelikler

23.04.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gözelligi, owadanlygy, ýyndamlygy bilen älem-jahany haýran galdyrýan behişdi bedewlerimiziň şanyna toý- dabaralary uludan tutulýar. Her ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilip, yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri dabaraly jemlenýär. 23-nji aprelde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de “Medeniýet we syýahat” žurnalynyň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýaş şahyrlaryň arasynda yglan edilen «Waspyň sena boldy dillere, bedew!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri dabaraly jemlenip, ýeňijiler Hormat hatlary bilen sylaglandylar. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan bedewlerimiz dabaraly toýlarymyzyň bezegidir, halkymyzyň ruhy syrdaşydyr. Owadanlygy, ýyndamlygy, gözelligi, eýesine wepalylygy bilen dünýäni haýran galdyrýan türkmen bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr, dünýä dolan gymmatlygydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew» atly kitabynda: «Bedewlerimiz halkymyzyň geçmişiniň, şu gününiň hem geljeginiň, sözüň doly manysynda daýanjy bolup, durmuşymyzyň ýaraşygydyr. Magtymguly atamyzyň «Aty meýdan tanyr, hümmeti - myhman», «Çyn bedewler meýdanynda bellidir», ýaly setirleri türkmen bedewiniň durmuşa aýratyn gyzyk çaýýandygyna şaýatlyk edýär» diýip, parasatlylyk bilen nygtaýşy ýaly, behişdi bedewler milletimiziň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Şonuň üçin hem, bagtyýar halkymyzyň şöhratly taryhyny bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmeniň ýelden ýüwrük dal bedewleriniň waspy indi ençeme asyrlar bäri dilleriň senasyna öwrüldi. Nusgawy edebiýatymyzda, halk döredijiligimizde, aýdym-saz sungatymyzda tarypy ýetirilen bedewler, seýkin basyp ýöreýşi, eýesine wepaly häsiýetleri arkaly indi ençeme asyrlar bäri dünýä halklaryny haýran galdyrýar. Häzirki döwürde behişdi bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak, atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek, milli atçylyk sportunyň gadymy däplerini üstünlikli dowam etmek babatda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at myradyň mekany» ýylymyzda ýazyjy-şahyrlarymyz hem döredýän eserlerinde, goşgularynda behişdi bedewlerimiziň tarypyny çeper sözleriň üsti bilen ýetirýärler. Ýaş şahyrlaryň goşgularynda hem toý-baýramlarymyzyň bezegi bolan bedewlerimiziň waspy belentden ýetirildi. Dabara gatnaşyjylar behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä doldurmak ugrundaky taýsyz tagallalary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlar aýtdylar. Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.

No image
Kompozitor Rejep Allaýarowyň döredijiliginiň häsiýetnamasy (halypanyň şanly 90 ýyl ýubileýine bagyşlanýar)

Täzelikler

22.04.2026

Türkmenistanyň halk artisti, Ýaşlar baýragynyň eýesi, ýiti zehinli kompozitor, professor Rejep Allaýarow türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň orta nesline degişlidir. Ol özboluşly döredijilik aýratynlygyna eýe bolan ussat hökmünde 1970-nji ýyllaryň başlarynda kompozitorlar birleşiginiň döredijilik ulgamyna gelýär. Öz eserlerinde möhüm ahlak meselelerine üns bermegi kompozitoryň hakykata filosofik garaýyşlary bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli hem onuň eserlerindäki keşpler ýiti täsir edijidir. Ol öz döredijiliginde türkmen halk sazyny häzirki zaman kompozitorçylyk ýazuwynyň dürli usullary, gurluşlary, kakuwlary we sazlaşyklary bilen baglanyşdyrýar. Kompozitor skripka we orkestr üçin konsert-poemasynda, kamera orkestri üçin simfoniýasynda, R.Tagoryň goşgularyna oratoriýasynda, wiolonçel we orkestr üçin konsertinde, A.Atabaýewiň goşgusyna solistler, garyşyk hor we simfoniki orkestri üçin “Türkmenistan – ata mekan” atly odasynda, Garajaoglanyň we Nesiminiň goşgularyna wokal toplumynda özüniň döredijilik oý-pikirlerini beýan etmek üçin täze saz gurluşlary we täze beýan ediş serişdelerini oýlap tapýar. R.Allaýarow türkmen simfonismiň täze şahasynyň düýbüni tutujysydyr. R.Allaýarow sazanda hünärini saýlap almaklyga adaty bolmadyk ýol bilen gelýär – Daşoguzyň mugallymçylyk institutynyň fizika-matematika fakultetini tamamlandan soň we mekdep mugallymy bolup işländen soň, Türkmen döwlet sazçylyk uçilişesiniň hor-dirižýory bölümine okuwa girýär. Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynda kompozisiýa hünäri boýunça (1969-njy ýyl, Şnitkäniň synpy) we Azerbaýjan döwlet konserwatoriýasynda (1976-njy ýyl, professor K.Karaýewiň synpynda assistentura-stažirowka) saz ugrundan alan düýpli bilimi, Gündogaryň milli mirasyna we medeniýetleriniň irginsizlik we çuňňurlyk bilen aralaşmagy, saz diliniň täze beýan ediş serişdeleri boýunça hemişe gözlegde bolmagy kompozitoryň aýdyň şahsyýetiniň kemala gelmeginiň düýp esasy bolup durýar. R.Allaýarow estetiki we çeperçilik gözýetimleri öňki Jamy, Nyzamy,Saady, Faraby, Hafiz, Haýýam çaly ägirtleriň, gadymy Gresiýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň sungatynyň çuňňur adamsöýüjilikli ideýalarynyň täsiri astynda kemala gelýärler. Türkmen eposy, klassikleriniň şygyrýeti, edebiýatyň we sungatyň häzirki zaman ussatlarynyň eserleri kompozitoryň saz ugrundan gözýetiminiň iň bir gymmatly bölekleri bolup durýar. Umumadamzat gymmatlyklarynyň we ajaýyplygynyň mizemez kanunlarynyň tassyklanmagy, adamyň we ony gurşap alýan dünýäniň gatnaşyklarynyň çylşyrymlylygy baradaky filosofiki pikir ýöretmeler kompozitoryň uly göwrümli eserleriniň we kamera-instrumental sazynyň, şol sanda “Nesiminiň ýadygärligine elegiki sazyň”, “Gadymy galanyň owazlary” eserleriniň keşp mazmunyny düzýärler. R.Allaýarowyň sazy “Ýow bagşy”, “Agyr ýük”, “Türkmen atlary” ýaly kinolentanyň we beýleki gysgametražly çeper filmleriň, “Riçard III”, “Jadyly nagyşlar”, “Leýli we Mejnun”, “Türkmennnama”, “Nesimi” we beýleki drama spektakllarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Kompozitoryň eserleri Amerikada, Fransiýada, Türkiýede we beýleki ýurtlarda ýaňlanýarlar, türkmen sazandalarynyň repertuarlaryna girýärler. R.Allaýarow döredijiligine häzirki zaman kompozitorlaryň – Lütoslawskiýniň, Penderetskiýniň, Şnitkeniň, K.Karaýewiň eserleri uly öndürijilikli täsir edýärler. Ýöne awtoryň stili örän özboluşlydyr hem çylşyrymlydyr. Onuň eserleri çuň filosofiki hem ähmiýetli. Ol öz döredijiliginden baky hemişeki filosofiki soraglara ýüzlenýär: adam we ykbal, söýgi we ölüm, ynsan we durmuşyň manyly maksady, ruhubelentli, çuň manyly durmuş hakynda oý pikirler. Ol dürli temalara ýüzlenýär. Olaryň hemmesini Watana bolan söýgi birikdirýär. Gülbahar ÝAZMÄMMEDOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy

No image
Konserwatoriýada myhmançylykda

Täzelikler

22.04.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Saz mugallymçylygy-hor dirižýorlygy, aýdym aýtmak sungaty hem-de kirişli we üflenip kakylyp çalynýan saz gurallary” bölümleriniň mugallymlary Arazmyrat Myradowyň, Akgül Ataýewanyň, Gülhanym Lametowanyň, Merdan Nobatgeldiýewiň uçurym talyplarynyň hem-de hor we orkestr toparlarynyň çykyş etmeginde “Konserwatoriýada myhmançylykda” atly konserti geçirildi. Konsertde birnäçe daşary ýurt we türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýerine ýetirildi. “Hor dirižýor” bölüminden Akgül Ataýewanyň hora ýolbaşçylyk etmeginde, IV ýyl talyplary Gülsuwa Döwletowa we Aýzada Döwletgeldiýewa P.Çaýkowskiniň “Bilbiljik”, S.Taneýewiň “Serenada” eserleri bilen çykyş etdiler. Soňra “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminden Merdan Nobatgeldiýewiň ýolbaşçylyk etmeginde II ýyl talyby Halmyrat Gylyjow, III ýyl talyplary Resul Meretmämmedow, Bägül Akyýewa, IV ýyl talyby Kamila Ziýadzade Adolf Şreýneriň “Immer-Kleiner”, Maýkl Manganiň “Blýuz”, Astor Piazaollanyň “Adios Nonino” we “Obliwion” eserlerini ýerine ýetirdiler. Soňra “Kirişli saz gurallary” bölüminden Arazmyrat Myradowyň ýolbaşçylyk etmeginde solist IV ýyl talyby Merjen Meredowa A.Wiwaldiniň skripka üçin kirişli kwartet “Konsert g-moll” op.4 eseri bilen çykyş etdi. “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminden Gülhanym Lametowanyň ýolbaşçylygynda III ýyl talyby Moskwa şäheriniň N.Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly IX halkara festiwal-bäsleşiginiň laureaty Aýlar Arnageldiýewa D.Nuryýewiň “Gunça” sazly-komediýasyndan Gunçanyň aýdymyny we Juzeppe Werdiniň “Bal-maskarad” operasyndan “Oskaryň ariýasyny” ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Kamera orkestryň ýolbaşçysy Arazmyrat Myradowyň we Akgül Ataýewanyň dirižýorlyk etmeginde, N.Halmämmedowyň “Şüküriň gelişi” we “Haýrana galar” eserleri ýaňlandy. Hor we kamera orkestriň ýerine ýetirmeginde Juzeppe Werdiniň “La traviata” operasyndan “Brindisi”, Luigi Denzanyň “Funiculi-Funicula” eserleri bilen konserda has hem joşgun berdiler. Konserdiň ahyrynda ýerine ýetirilen Hudaýnazar Amangeldiýewiň “Balkanym”eseri batly owazlar bilen ajaýyp jemlenmä öwrüldi. Konsertda görkezilen ähli çykyşlar gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Konserde gatnaşyjylar pursatdan peýdalanyp, okamaga, öwrenmäge, taryhymyzy, sungatymyzy, milliliklerimizi dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän, sungatymyzyň, medeniýetimiziň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlaryny aýtdylar. Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler. Orazbagt ARSLANOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby

No image
Bedew batly diýarym, aýdym-sazly mekanym

Täzelikler

22.04.2026

Bedew bady bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Ynha, bu gün hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň guramagyndaky ahalteke bedewiniň baýramy mynasybetli Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde “Bedew batly diýarym, aýdym-sazly mekanym” baýramçylyk konserti geçirildi. Bu dabara ýurdumyzyň ähli ýokary okuw jaýlarynyň zehinli talyplary gatnaşdylar we joşgunly çykyşlar etdiler. Dabara Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Resul Nurowyň ýerine ýetirmeginde we Türkmenistanyň at gazanan artisti Omar Igamowyň dirižýorlyk etmeginde, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallar orkestriniň sazandarlyk etmeginde “Türkmen Bedewi” atly aýdym bilen açyldy. Soňra konsertiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Serdar Jumaýewiň ýerine ýetirmeginde “Säher aýdymy”, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Merdan Gurbandurdyýewiň ýerine ýetirmeginde “Çapar arlaýa, arlaýa”, Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Gurbanjemal Baýçyýewanyň ýerine ýetirmeginde “Ýarymeý”, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Erkin Gurbanberdiýewiň ýerine ýetirmeginde “Gyratym”, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby Merdan Janmyradowyň ýerine ýetirmeginde “Özgeleri diňledim”, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Döwlet Işbaýewiň ýerine ýetirmeginde “Keremiň aýdymy”, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Remezan Işankulyýewiň ýerine ýetirmeginde Aýgytly ädim kinofilminden “Artygyň aýdymy”, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Kakageldi Akmyradowyň ýerine ýetirmeginde “Çapyksuwaryň aýdymy”, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Gurbangözel Gurmanmyradowanyň ýerine ýetirmeginde “Arkadagym bedew ata atlansa”, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Rejepgeldi Mukamowyň ýerine ýetirmeginde “Meleguş” kinofilminden Altynyň aýdymy, Türkmen döwlet binagärçilik-gurluşyk institutynyň talyby Aýnur Gurbanmyradowanyň ýerine ýetirmeginde “Armanym”, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Kakaguly Öwezowyň ýerine ýetirmeginde “Çap bedewim”, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Nazar Garaýewiň ýerine ýetirmeginde “Iki agaç”, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Alym Taýyrowyň ýerine ýetirmeginde “Diýarym”, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Orazguly Jollyýewiň ýerine ýetirmeginde “Gyrat meni çandybile sen ýetir”, Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň talyby Alp Arslan Handurdyýewiň ýerine ýetirmeginde “Bedewim”, Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň talyby Selbi Bazarowynyň ýerine ýetirmeginde “Galdym Armanly” ýaly ajaýyp aýdymlar ýaňlandy. Konsertiň ahyrynda bolsa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Güljemal Taýlyýewanyň, Gözel Annaýewanyň, Nazar Garaýewiň, Pälwan Bakyýewiň, Çynar Ataýewanyň, Döwletmyrat Gurbangeldiýewiň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýylyň şygaryny wasp edýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly aýdymy bilen tamamlandy. Bu konsert ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşygynyň has-da berkeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle ajaýyp dabaraly çäreleriň geçirilmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä derejesine göterýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys! Leýli GARÝAGDYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türken milli konserwatoriýasynyň “Fortepiano” hünäriniň I ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY

Täzelikler

22.04.2026

21-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. «Türkmenistan» gazeti