logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ŞÜKÜR BAGŞYNYŇ 195 ÝYLLYK ÝUBILEÝI

Täzelikler

24.03.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda taryhy owazlar ýaňlandy. Bu döredijilik dabarasy dutaryň ussady, parahatçylyk ilçisi Şükür bagşynyň doglan gününiň 195 ýyllygyna bagyşlandy. Konsertde ýaňlanan eserler türkmen ruhunyň we milli mirasynyň belent dabaralanmasyna öwrüldi. Konserwatoriýanyň kiçi zalynda başlanan çäräniň açylyşy örän täsirli we dabaraly boldy. Alyp baryjy Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewa dabarany açyp, Şükür bagşynyň türkmen medeniýetindäki ornunyň üýtgeşikdigini belledi. Ol öz sözünde: «Şükür bagşy — bu biziň milli buýsanjymyz, sazyň güýji bilen uruşlary togtadan beýik ynsanperwer şahsyýetdir» diýip nygtady. Konsertiň başynda Nury Halmämmedowyň «Şükür bagşy» kinofilminden meşhur Giriş eseri ýerine ýetirildi. Kamera orkestriniň ýolbaşçysy Tahyr Ataýewiň ussatlygy we Türkmen sazy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Nyýazow Kerimiň ýekelikdäki çykyşy diňleýjilere täsirli boldy. Orkestriň we dutaryň sazlaşygy, taryhyň gatlaryndan gelýän owaz bolup diňleýjileriň kalbynda çuňňur yz galdyrdy. Dabarada diňe bir sazlar ýaňlanman, eýsem halypalaryň we professorlaryň gyzykly gürrüňleri hem diňlenildi. Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewa söz berlip, ol Şükür bagşynyň ýerine ýetirijilik mekdebiniň aýratynlyklary barada giňişleýin durup geçdi. Şükür bagşynyň çalýan her bir perdeleriniň aňyrsynda uly pelsepäniň we halkymyzyň gadymy däpleriniň ýatandygyny talyplara düşündirdi. Halypa Akmyrat Çaryýewiň «Salmadan bökdüren» diýen sazy ýerine ýetirende çalasyn barmaklaryndan dörän her bir ses zaldaky dymyşlygy bozup, halkymyzyň taryhy ýoluna uly hormat hökmünde ýaňlandy. Konsertiň iň joşgunly pursatlarynyň biri hem Türkmenistanyň halk artistleri Akmyrat Çaryýew sazandarlyk etmeginde Läle Begnazarowanyň belent owazy bilen ýerine ýetirilen «Dutarym» aýdymy diňleýjileriň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Döredijilik duşuşygynyň aýratyn gymmatly tarapy, taryhy maglumatlar bilen baýlaşdyrylmagy boldy. Taryhçy mirasgär, Gaýrat medalynyň eýesi Nurnazar Jumanazarowa söz berildi. Ol Kaka etrabynyň Şükür bagşy obasynyň taryhy, bagşynyň ýaşan döwri we şol meşhur «bäsleşik» barada täze ylmy maglumatlary orta goýdy. Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Çarymyrat Ahunowyň ýerine ýetirmegindäki «Şadilli» sazy we uly mugallym Aganazar Öwezgeldiýewiň «Aýralyk mukamy» eseri ýaňlanyp, milli saz medeniýetimiziň kämilliginiň nyşanyna öwrüldi. Dabaranyň iň täsirli pursady — Şükür bagşynyň agtygy Gurbandurdy Işanowyň sahna çykmagy boldy. Kaka etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň halypa mugallymy bolan bu ýaşuly öz atasynyň adyny götermegiň we onuň mirasyny gorap saklamagyň uly jogapkärçilikdigini aýtdy. Agtygynyň çykyşy talyplarda we mugallymlarda uly gyzyklanma döretdi, sebäbi diri taryhyň wekili bilen duşuşmak her kime miýesser etmeýär. Konsertiň jemleýji böleginde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dutarçy talyplar topary sahna çykdy. Işanguly Gündogdyýewiň çeper ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilen «Sallana» sazy dabaranyň ahyrynda belent ruhda jemledi. Şükür bagşynyň 195 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilen bu medeni çäre, türkmen halkynyň öz köklerine, medeniýetine we taryhy şahsyýetlerine bolan sarsmaz söýgüsiniň beýanydyr. Gurnalan bu dabara tomaşaçylaryň kalbynda öçmejek yz galdyrdy. Şükür bagşynyň parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri bolsa biziň häzirki bagtyýar döwrümizde hem özüniň gymmatyny ýitirmän, ýüreklerde ýaşamagyny dowam edýär. Halypa-şägirtlik ýolunyň kämilleşmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. Hudaýguly HANOW, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby

No image
TÜRKMEN ILI TOÝ TUTDY

Täzelikler

24.03.2026

Bahar paslynyň gelmegi bilen ene topraga ýyly gidip, tebigat janlanýar. Sähra-düzlerimiziň ýaşyl begrese beslenip, gülälekdir jümjümeleriň, kömelekleriň, älemgoşaryň peýda bolmagy, türkmen tebigatynyň läle-reýhanlygynyň ajaýyp görnüşidir. Halkymyz durmuşyny tebigat bilen hemişe baglanyşdyrypdyr. Janly tebigatdan ylham almak, adamyň Watanyna bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Ýaşyl don geýnen sähra çykanda, ynsan kalby ruhy joşguna eýe bolýar. Halkymyzyň kalbynyň şahyranalygy bolsa, gözel tebigatymyzyň serpaýydyr. Jümleýi-jahany gözellige besläp, bereketli türkmen topragyna Nowruz geldi. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň «Duman peýda» atly şygrynda: Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda, Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda. diýip, beýan eden Nowruz baýramy, özi bilen ýaz durmuşyny alyp gelýär. Nowruzdan soň babadaýhanlar ekerançylyk işlerine gyzgalaňly girişýärler. «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir», «Nowruz geçiniň şahyny ezse, hasyla garaş» diýen pähimlerem bu baýramyň ekerançylyk ähmiýetlidigini aýan edýär. Täze ýylyň berekediniň düýbi ýagşy arzuw-niýet bilen tutulýar. Nowruz her bir adamy täze tutumlara ruhlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň taryhy, ruhy-medeni gymmatlyklary döwlet tarapyndan goralyp, aýawly saklanylýar. Olaryň iň görnükli nusgalaryny ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizmekde uly işler alnyp barylýar. 2016-njy ýylda Owganystan, Azerbaýjan, Hindistan, Eýran Yslam Respublikasy, Yrak, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe döwletler topary tarapyndan hödürlenen Nowruz baýramynyň ajaýyp däp-dessurlarynyň ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilmegi muňa aýdyň subutnamadyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpgnowruz1.jpg) Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz bu gün halklaryň arasyndaky agzybirligi, dost-doganlygy berkitmekde möhüm orna eýedir. Şoňa laýyklykda, 21-nji mart Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni Türkmenistan döwletimizde dabaraly bellenýär. Türki halklaryň ählisinde diýen ýaly giňden bellenýän, Nowruz baýramy ynsanlaryň birek-birege bolan hoşniýetli gatnaşygyny, agzybirligini, halklaryň medeni hyzmatdaşlygyny we özara düşünişmegini üpjün edýän baýramdyr. Ruhy medeniýetiň ýitip gitmezliginde hem Nowruz baýramynyň orny uludyr. Bu baýramçylykda milli däp-dessurlarymyz, aýdym-sazlarymyz, tans, folklor-etnografik eserlerimiz ýerine ýetirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden bellenýän, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Nowruz ýaýlasynda» baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Nowruz ýaýlasynyň» baş girelgesiniň öňünde, ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagy okaldy. Derwezäniň dabaraly açylmagy bilen, ýurdumyzyň körpe nesilleri çeper okaýyş çykyşlaryny joşgunly ýerine ýetirdiler. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli guralan dabaralar birnäçe ugry öz içine aldy. Ýurdumyzyň artistleri hem-de tans toparlary Nowruz baýramy bellenýän ýurtlaryň dost-doganlygyny belentden wasp edýän milli dap-dessurlary, tanslary ezberlik bilen ýerine ýetirdiler. Bu çykyşlar halklaryň parahatçylyga, dost-doganlyga, jebislige goýýan hormat-sarpasynyň çäksizdigini dabaralandyrdy. Milli usul-tärlere laýyklykda, ýüň saýmak, egirmek, keçe basmak hem-de haly dokamak ýaly el işlerimiziň, myhmansöýerlik däplerimiziň, gelnalyja gelen myhmanlara duz-tagam hödür etmek hem-de gyzy göçürmek bilen bagly toý däp-dessurlarymyzyň dabaralandyrylmagy, milli tagamlaryň taýýarlanyşynyň, bagşy-sazandalaryň çykyşlarynyň, zenanlaryň tikin-çatyn, öý işleri bilen meşgullanyşynyň görkezilmegi baýramçylygyň ähmiýetini hem-de giň many-mazmunyny açyp görkezdi. Türkmen ojagynda tutulýan durmuş-bagt toýunyň gelnalyjy dessurynyň milli ýörelgeleriniň, süýjilik seçilip, aýdym-sazly tomaşa, şowhun bilen gelniň garşy alnyşyny, toý gününde pişme, gatlama ýaly milli tagamlaryň taýýarlanyp, bagşy-sazandalaryň çykyşlaryny, zenanlaryň toý aýdymlaryny ýerine ýetirişlerini daşary ýurtly myhmanlar we dabara gatnaşyjylar uly joşgun bilen synladylar. Dabarada dessançy bagşy-sazandalaryň, folklor-etnografik döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna uly orun berildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpgnowruz2.jpg) Milli saz gurallaryň we neçjarçylyk önümleriniň sergisi, gelni çörege çagyrmak dessurynyň berjaý edilişi, «türkmen göreşi», «ýüzük bukdy», «tanap çekdi», «ýaglyga towusdy», «çilik», «aýterek-günterek», «göz daňdy» we beýleki halk oýunlary, darwazlaryň çykyşlary toýuň gyzygyny has-da artdyrdy. Türkmen atşynaslyk sungaty bilen bagly amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň we at esbaplarynyň sergisine, seýisçilik sungatynyň ajaýyp däp-dessurlaryna hem-de at çapyşygyna tomaşa edildi. Tüýdükleriň owazy çarwadarlygyň gadymy ýazlag däpleri ak sähranyň goýnunda janlandyrylyp, owlak-guzy möwsüminiň, gyrkym dessurynyň, türkmen tebigatynyň gözellikleriniň çygrynda tazy, towşan, türkmen alabaýy ýaly jandarlaryň elguş, käkilik, sülgün, ýaly guşlaryň idedilişine, keremli topragymyzda ýetişýän dermanlyk ot-çöpleriñ sergisi, şeýle hem çal tutmak, süýt önümlerini taýýarlamagyň tejribeleri görkezilip, «Çopan tansy» hem-de gelin-gyzlar ýaýla sanawaçlaryny ruhubelent ýerine ýetirdiler. Dünýäniň sirk festiwallarynda Altyn kuboga hem-de beýleki ýörite baýraklara eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary, Nowruz desserhanynyň datly milli tagamlary, türkmen aşpezleriniň hem-de dostlukly döwletleriň aşpezlik sungatynyň täsin tejribeleri, nahar taýýarlanyşyň milli özboluşlylyklary dabara gatnaşýan myhmanlara görkezildi. Sergi meýdançasynda oba hojalyk, söwda toplumynyň we balyk hojalygynyň önümleriniň (gök, ter, miwe, azyk, iýmit, balyk, çörek) sergisi guralyp, sahawatly türkmen saçagynda myhmanlara hödür-kerem edildi. Medeniýet we sungat ussatlarymyzyň aýdym-sazly çykyşlarynda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgesini dabaralandyrmakda alyp barýan dünýä nusgawy işleri, rysgal-bereket eçilýän ene topragymyz, goýny gül-gülüstan eziz Watanymyz belentden wasp edildi. Gadymy baýramyň dessuryna laýyklykda, Şaman ody ýakyldy. Ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň, tans we döredijilik toparlarynyň, bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetiren şatlyk-şagalaňly şowhunly çykyşlary Nowruz ýaýlasyny toýhana öwürdi. Halkymyzyň medeniýetini, baý sungatyny, däp-dessurlaryny beýan edýän dabaralar ýurdumyzyň abadançylygyny, gülläp ösüşini, döredijilik ýoly bilen öňe barýan ynamly gadamlaryny alamatlandyryp, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň dabarasyna öwrüldi. Milli medeniýetimiziň gülläp ösmegi, ata-babalarymyzyň däp-dessurlarynyň dowamat dowam bolmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli tutumlary rowaçlyklara beslensin, eziz Watanymyzda toýlar-toýa ulaşsyn! Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
NOWRUZ ÖWÜŞGINLERI

Täzelikler

18.03.2026

Golaýda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň sergi jaýynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli, ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň «Nowruz geldi bedew batly Watana!» atly sergisi açyldy. Sergidäki eserleriň arasynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Çary Ýazmyradowyň «Ylham perişdesi», «Melike», Rustam Kurbanowyň «Sähranyň bezegi», «Türkmen bedewi», Döwlet Berdiýewiň «Bedew», Gutlymyrat Töräýewiň «Obada bahar», Berdisähet Gurbansähedowyň «Çölde», Bahar Pirgulyýewanyň «Mährem ojak», Abdylla Mämmetberdiýewiň «On dördi gije», «Monjugatdy», Myrat Hojagulyýewiň «Gülälekli gyz», Aýgözel Çakanowanyň «Narly natýurmort», Merdan Babajanowyň «Ak tawus», Guwançmyrat Hojaniýazowyň «Garpyzly natýurmort», Annageldi Jumaniýazowyň «Galkynyş», Maýsa Amangylyjowanyň «Türkmen gyzlary», Maral Hojagulyýewanyň «Toý» ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr. Suratkeşleriň döreden sungat eserleriniň ählisinde bahar paslynyň gözelligi we halkymyzyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary çeperçilik akymlary bilen sazlaşyp, baý mazmunda öz beýanyny tapypdyr. Nowruz topragyň janlanýandygyny aňladyp, täzelenişiň we gülleýşiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi emele getirýär. Bu gadymy baýram 2016-njy ýylda ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şekillendiriş sungatynda Nowruz baýramy açyk, ýagty reňkleriň sazlaşygynda baýramçylyk şowhuny bilen çeper suratlandyrylýar. Taryhyň dürli döwürlerinde bu baýramyň däpleri halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemegine täsir edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň Nowruz baýramy bilen baglanyşykly däp-dessurlaryny dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyrlar. Nowruz baýramy halkymyzyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurleryny özünde jemleýär. Milli bahar baýramy—Halkara Nowruz güni ýurdumyzda giňden dabaraly bellenilýär. Maýa HALYKBERDIÝEWA, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji

No image
DÖWREBAP LYBASLARDA MILLI ÖWÜŞGÜNLER

Täzelikler

18.03.2026

Döwrebap bilim ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen ýaşlaryna şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda bilim berilýär. Bu ajaýyp ýokary okuw mekdebinde döredilen şertler we mümkinçilikler ýaşlara saýlap alan hünärleri boýunça bilim we ylym derejesiniň kämilleşmegine badalga berýär. Zehinli talyp ýaşlarymyzyň ylmy döredijilikde we döwlet bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri diýseň buýsandyryjy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýola goýlan halypa-şägirtlik ýörelgesiniň ýokary derejede alnyp barylmagy netijesinde häzirki zaman şekillendiriş sungaty uly ösüşlere eýe bolýar. Sungat dünýäsine ykbalyny baglan ynsanlaryň döredýän eserleri her bir adamda ýatdan çykmajak ajaýyp duýgulary galdyrýar. Sungatda beýan edilýän gözelliklerde ýagty geljegiň dünýäsi açylýar. Sungat dünýäsinde döredijiligini yzygiderli dowam edýän zehinli talyp Jennet Agaýewanyň “Döwrebap lybaslarda milli öwüşginler” atly Milli Bahar baýramyna bagyşlanan döredijilik sergisi halk köpçüligine ýetirildi. Sergide medeniýet hem-de sungat işgärleriniň çykyşlaryna orun berildi. Çykyşlarda zehinli talyp Jennet Agaýewanyň çuň mazmunly döredijilik dünýäsiniň özboluşly aýratynlygy baradaky halypalaryň beýan eden gymmatly pikirleri serginiň ähmiýetini artdyrdy. Suratkeşiň döredijilik eserleriniň goruny baýlaşdyran özboluşly hem gyzykly taslama eserleriniň ençemesi bu sergide giňden ýaýbaňlandyryldy. Älemgoşaryň nurana reňklerini özünde jemleýän milli lybaslaryň bezeglerinde talyp Jennet Agaýewanyň inçe sungatynyň ussadydygyny ykrar edýär. Ýaş suratkeşiň milli lybaslarynda ene-mamalarymyzdan nesillere nusga galan el keşdeleri, ak gaýmalar döwrebap nusgalar bilen sepleşip gidýär. Ezber on barmagyndan dür dökülýän Jennet Agaýewanyň dürli biçüwdäki milli lybaslarynyň yzy üzülenok. Üýtgeşik nagyşly we nepis bejerilen owadan keşdeler görenleriň höwesini artdyrýar. Lybaslardaky millilik zamanabap geýinmek medeniýeti bilen sazlaşanda lybaslaryň gözelligi has-da artýar. Bu sazlaşyk türkmen zenanlaryň ajaýyp dünýäsini, edebini, näzik duýgularyny belent mertebesini görkezýär. Zehinli suratkeş Jennet Agaýewanyň döwlet hem-de halkara derejesinde gurnalýan döredijilik duşuşyklaryna, bäsleşiklerine, sergilere öz döredýän eserleri bilen işjeň gatnaşyp, milli sungatymyzyň häzirkizaman ösüşini dünýä tanadýar. Şemşat HEZRETGULYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy

No image
AŞGABATDA HUSUSY PUDAGYŇ GAZANANLARYNYŇ SERGISI GEÇIRILÝÄR

Täzelikler

18.03.2026

17-nji martda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli giň gerimli sergi öz işine başlady. Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan gözden geçiriliş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususy pudagyň depginli ösüşini aýdyň beýan edýär.

No image
TÜRKMEN SURATKEŞLERINIŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI

Täzelikler

17.03.2026

Türki dünýäniň çeperçilik akademiýasynyň her ýylda gurnamagynda türki halklarynyň sungat wekillerini bir ýere jemlemeginde 2026-njy ýylyň 12-15-nji marty aralygynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde türki halklarynyň wekilçilik edýän suratkeşleriň eserlerini öz içine alýan Türk Dünýäsiniň suratkeşleriniň sergisi geçirildi. Bu sergä Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Dizaýn” kafedrasynyň müdiri Amanmyrat Modyýew hem-de “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradow döredijilik işleri bilen gatnaşdylar. Serginiň çäginde Amanmyrat Modyýew Türki dünýäniň çeperçilik akademiýasynyň habarçy agzasy we nyşany bilen sylaglandy.

No image
FORTEPIANO SUNGATYNYŇ GELJEGI: TEJRIBE WE TÄZEÇILLIK DUŞUŞYGY

Täzelikler

17.03.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Fortepianoda çalmagy öwretmegiň usulyýetiniň döwürleýin tapgyrlary” atly fortepiano sungatynyň ösüşine bagyşlanan ylmy-usuly maslahat geçirildi. Bu giň gerimli çäre, fortepiano öwretmegiň ähli basgançaklaryny- başlangyç, orta we ýokary bilimi öz içine aldy. Maslahata ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, şol sanda Türkmen milli konserwatoriýasynyň, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýörite sungat mekdepleriniň, şeýle hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Çykyş edenler fortepiano öwretmegiň dürli ugurlary boýunça gymmatly pikirlerini paýlaşdylar. Geçirilen gyzykly söhbetdeşlikler, pikir alyşmalar fortepiano sungatynyň ähmiýetiniň diňe bir saz çalmak endiklerini ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem şahsyýetiň intellektual we ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda hem möhümdigini aýan etdi. Maslahatda W.Koçkarýowa Sankt-Peterburg konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň usulyýet aýratynlyklaryna ünsi çekdi. Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti W.S.Mkrtumow fortepiano usulyýet garaýşynyň aýratynlyklaryny beýan etdi. Ş.Allabaýewa ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerinde okatmagyň usulyýeti dersiniň esasy maksatlaryny düşündirdi. A.Annaýewa başlangyç bilim döwründe fortepiano tehnikasyny ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. L.Türjanowa “skaffolt” usulyýeti esasynda wizual algoritmleri we kartoçkalary ulanyp, pianinoçynyň özbaşdak taýýarlygyny kämilleşdirmegiň ýollaryny görkezdi. S.Mämmedow we G.Ýuldaşewa tehnikanyň üstünde işlemekde hereket apparatynyň we gammalaryň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. N.F.Pälwanowa fortepiano ýerine ýetirijilik sungatynda nota boýunça ýüzugra okamak dersiniň wajyp meselelerini gozgady. E.G.Nuryýewanyň ýolbaşçylygynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyplary fortepiano öwretmegiň başlangyç okuw kitaplarynyň häzirki döwürde ösüşi we sazly oýunlar, animasiýalar arkaly okuwyň kämilleşdirilmegi barada çykyş etdiler. M.N.Orazowa fortepiano usulyýetinde intellektual ösüşiň ähmiýetini nygtady. Maslahatyň dowamynda fortepiano usulyýet garaýşynyň aýratynlyklary, fortepiano tehnikasyny ösdürmegiň ähmiýeti, fortepiano ýerine ýetirijilik sungatynda nota boýunça ýüzugra okamak, fortepiano öwretmegiň başlangyç okuw kitaplarynyň häzirki döwürde ösüşi we kämilleşdirilişi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz alkyşlaryny aýtdylar. Aýgözel NURMÄMMEDOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Ýörite fortepiano” hünäriniň I ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

17.03.2026

16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

No image
DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY

Täzelikler

16.03.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ýurdumyzda medeni-köpçülikleýin çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlaryndaky Medeniýet öýleriniň we medeniýet merkezleriniň işini kämilleşdirmek, oba ilatyna medeni taýdan hyzmat etmek, oba ýaşaýjylarynyň dynç alyş wagtlaryny täsirli geçirmek maksady bilen, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň 13-14-nji martynda Mary welaýat kitaphanasynda, Ýolöten, Wekilbazar etraplarynda geçirilen aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary hem örän täsirli we gyzykly boldy. Bu duşuşyklarda Türkmenistanyň halk artistleri Suhanberdi Orazberdiýew, Läle Begnazarowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Ata Täzebaýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri – şahyrlar Aşyrmät Garlyýew, Çemen Annaberdiýewa, Muhammetjuma Hydyrow, Bahargül Mejidowa dagy çykyş etdiler. Bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetiren aýdym-sazlaryny, şahyrlarymyzyň okan goşgularyny tomaşaçylar şowhunly garşyladylar. Döredijilik duşuşyklarynda edilen çykyşlarda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ösüşleriniň jemgyýetimiziň döredijilik kuwwatyny artdyrýandygy, watandaşlarymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýandygy, ýaş nesillerde medeni-ruhy gymmatlyklarymyza söýgi döredýändigi buýsançly nygtaldy. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde, häzirki döwürde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek, kämilleşdirmek üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini, başarnygyny kämilleşdirmek, döwrebap eserleri döretmek, il içinden täze, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Medeniýetiň kämilligi jemgyýetiň ruhy taýdan ösüşini belende götermäge ýardam berýär. Raýatlary halal we döredijilikli zähmete ruhlandyrmakda, ilatyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda, halka döwrebap medeni hyzmatlary hödürlemekde Medeniýet öýlerinde geçirilýän döredijilik duşuşyklary örän ähmiýetlidir. 14-nji martda halypa şahyrlar Atajan Annaberdiýewiň we Gurt Näzliýewiň doglan günleriniň 80 ýyllygy mynasybetli Murgap etrabynyň medeniýet merkezinde aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu halypa şahyrlaryň goşgulary okyjylaryň kalbynda orun alan, türkmen edebiýatynyň ösmeginde uly goşant bolan eserlerdir. Duşuşykda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, halypa şahyr Ata Täzebaýew, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan Akmyradowa, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, şahyr Annamyrat Hotjyýew, «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýew, Murgap etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň taryh mugallymy, şahyr Ahmet Çarykulyýew, şahyr Ezizgeldi Helleňow, ýazyjy Kakamyrat Ataýew, şahyr Atajan Annaberdiýewiň gyzy, Çemen Annaberdiýewa, şahyr Gurt Näzliýewiň agtygy, «Belent bilim» okuw merkeziniň hünärmeni Merjen Berkeliýewa we başga-da birnäçe adamlar çykyş etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeni syýasaty, taryhy-medeni mirasy wagyz etmäge gönükdirilen maksatnamalary türkmen halkynyň köp asyrlyk medeni-ahlak gymmatlyklaryny, ruhy bitewüligini aýawly saklamakda, jemgyýetiň ruhuny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň özleri hakyndaky aladalaryndan ruhlanýan döredijilik işgärleri medeni ulgamyň ösüşini täze belentliklere götermekde joşgunly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda, Medeniýet öýlerinde medeniýet işgärleriniň alyp barýan köp ugurly işleri watandaşlarymyzy belent maksatly işlere höweslendirmäge, ilatyň medeni isleglerini kanagatlandyrmaga uly ýardam berýär. Döredijilik duşuşygynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda, çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şöhratly wakalary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan giň gerimli işleri, beýik ösüşlere beslenýän Watanymyz giňden wasp edildi. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler türkmen edebiýatyny, medeniýetini we sungatyny ösdürmek, dünýä çykarmak ugrundaky belent maksatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Akmyrat Rejebow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri

No image
ÝÜREKLERDE ÝAŞAÝAN KEŞPLER

Täzelikler

16.03.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Maýa Weligylyjowa bilen aýdym sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga konserwatoriýanyň talyplary we mugallymlary gatnaşdy. Söhbetdeşligi “Halk saz gurallary” hünäriniň III ýyl talyby, Ýaş alymlar geňeşiniň ýanyndaky talyp döredijilik toparynyň agzasy Jennet Myradowa alyp bardy. Duşuşygymyzyň başynda Maýa Weligylyjowa özüniň döredijilik ýoluna gelişi barada gyzykly gürrüňleri berdi. Onda talyp ýaşlar dürli temalarda özlerini gyzyklandyrýan birnäçe soraglary berdiler. Maýa Weligylyjowa talyplaryň beren soraglaryna özüniň baý durmuş we döredijilik tejribesinden ugur alyp, birnäçe mysallaryň we tejribeleriň üsti bilen jogap berdi. Duşuşygyň dowamynda “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň II talyby Sahydursun Mätiýewanyň ýerine ýetiren birnäçe ajaýyp aýdymlary ýaňlandy. Soňra myhman talyp ýaşlara hünäriňiziň daşyndan döredijilik bilen meşgullanýanlaryňyz barmy diýen soragyna “Saz mugallymçylygy” hünäriniň II ýyl talyby Ýusup Meredow öz döreden goşgularyndan okap berdi. Maýa Weligylyjowa talyp ýaşlaryň hünärine bolan söýgüsini artdyrmak babatynda beren gymmatly maslahatlary has hem täsirli boldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda beren gyzykly gürrüňleri we maslahatlary üçin konserwatoriýanyň mugallymlary, talyplary tarapyndan myhmana hoşallyk sözleri aýdyldy. Aýjahan ABALAKOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby