logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
GÖKDEREDÄKI DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Täzelikler

04.07.2025

2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni, ýazyjy Ogulgurban Gaşlakowa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, şahyr Ezizgeldi Helleňow, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Ogultäç Oraztaganowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, ýaş şahyr Süleýman Haýdarow dagy gatnaşdylar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň eziz Watanymyzda hem-de halkara derejesinde giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen döredijilik duşuşygynda çykyş eden ýazyjy-şahyrlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň çagalar barada edýän uly aladalarynyň, döredilýän giň mümkinçilikleriň, şertleriň örän buýsançlydygyny bellediler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/666666.jpg) Döredijilik duşuşygynyň dowamynda ýazyjy-şahyrlaryň çykyşlaryny, okap beren goşgularyny çagalar uly höwes bilen diňlediler. Şeýle hem çagalar öz düzen goşgularyny aýdyp berip, döredijilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Dünýäde bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde tanalýan eziz Watanymyz Türkmenistan dörediji ýaşlaryň hem ýurdudyr. Bu çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşy, ajaýyp geljegi barada uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýtdylar.

No image
PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK DOST-DOGANLYGYŇ BINÝADYDYR

Täzelikler

26.06.2025

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi baý many-mazmuna eýe bolýar. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan dürli çäreler halkymyzyň ruhy döredijilik güýjüni aýdyň açyp görkezýär. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medeniýet köşgünde, ýurdumyzyň žurnalistleriniň gatnaşmagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak dost-doganlygyň binýadydyr» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýäde öňe sürýän parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň döwrüň aýnasy bolan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilmeginiň ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ynamly ösdürýär. Parahatçylyk, hoşniýetlilik ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň paýhasly başlangyjy esasynda, diňe bir ýurdumyzda däl, bütin dünýäde parahatçylygyň, howpsuz durmuşyň höküm sürmegi ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde ýurdumyz dünýäde ykrar edilýär. Ýurdumyzda parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri has-da baýlaşdyrylýar. Parahatçylyk ynsanyýetiň baş küýsegi, tapylgysyz baýlygy. Asudalygyň, parahatçylygyň binýadyny berkitmäge goşant goşmak her bir adam üçin mukaddes işdir. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/sdgrdstr.jpg) Häzirki döwürde dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän döwlet hökmünde halkara giňişligindäki at-abraýyny belende göterýär. Döwletleriň ynanyşmak arkaly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaklary, Ýer ýüzünde parahatçylygyň has-da berkäp, dabaralanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Dünýäde ynamly gatnaşyklaryň dabaralanmagy parahatçylygyň kepiline öwrülýär. Parahatçylyk adamzady gülläp ösüşlere, öňe gidişliklere atarýar. Halkymyz söz sungatyna, söz ussatlaryna hemişe uly sarpa goýupdyr. Ata-babalarymyzdan gelýän bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär. Täze ösüşlere tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda žurnalistikanyň kämilleşdirilmegi üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen žurnalistikasyny döwrebap derejede ösdürmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Maslahatyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda, dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerini dabaralandyrmak ugrunda alnyp barylýan tutumly işleriň gazet-žurnallarda şöhlelendirilişi barada hem çykyşlar edildi. «Parahatçylyk we ynanyşmak dost-doganlygyň binýadydyr» atly maslahata gatnaşan žurnalistleriň belleýşi ýaly, dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerimizi giňden wagyz etmek, baý medeni mirasymyzy nesillere ýetirmek, ýurdumyzyň dünýädäki belent abraý-mertebesini makalalarda hem-de döredilýän eserlerde giňden açyp görkezmek žurnalistleriň esasy wezipeleridir. Halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ynamly bolmagy, parahatçylygyň binýadynyň berk bolup, has-da pajarlap ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Goý, bütin dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak hemişe gülläp össün.

No image
BILDIRIŞ

Täzelikler

26.06.2025

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki iýun aýynyň 29-na sagat 18:00-da Sizi sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlarymyzyň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary, esasan hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary hem-de «Gündogar ýyldyzlary» milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler. Hormatly Ildeşler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde ähliňizi hoş gördük!!! sirk.gov.tm resmi sahypasynda petekleri «onlaýn» görnüşinde hem alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 36-10-95; 36-10-34; 39-80-44; 39-80-45;

No image
MEDENIÝET HEPDELIGIŇ ÇÄGINDE GEÇIRILEN «ŞASENEM-GARYP» OPERASY

Täzelikler

26.06.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz parahatçylyga, agzybirlige, abadançylyga we aýdym-sazly dabaralara beslenýär. Ýurdymyzda her ýyl däbe öwrülip geçirilýän Medeniýet hepdeligi mähriban diýarymyzda giňden bellenilýär. Medeniýet-sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni has joşgunly dabaraly geçirilýär we hepdeligiň çäginde geçirilýän çäreleriň gerimi ýyl-ýyldan artýar, many-mazmun taýdan baýlaşýar. 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda bu hepdelik Ahal welaýatynyň çäginde geçirilýär. 2013-nji ýyldan bäri ýurdymyzyň dürli künjeklerinde bellenilýän bu dabaraly çäreler milli medeniýetimiziň gymmatyny aýdyň açyp görkezýär. Hepdeligiň çäginde dürli medeni çäreler, konsertler, forumlar, döredijilik ýygnaklary, täze filmleriň görkezilişi we birnäçe maslahatlar türkmen medeniýetiniň baýlygyny açyp görkezýär. Şeýle ajaýyp dabaralaryň biri-de 2025-nji ýylyñ 24-nji iýunynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirildi «Şasenem-Garyp» operasynyň görkezilmegidir. Bu sahnalaşdyrylan opera sungat ussatlary, medeniýet ulgamynda zähmet çekýän ildeşlerimiz we myhmanlar tomaşa etdiler. Ösüşiň batly gadamy bilen barýan ýurdymyzda Gahryman Arkadagymyzyñ başlangyjy bilen we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ tagallasy bilen milli teatr sungaty, şol sanda opera sungaty ösüşiň täze derejesine ýetdi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/y5r5etrewty5e.jpg) Ussat türkmen kompozitory D. Öwezowyň we A. Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operasynyň birnäçe ýyllardan soñ sahnalaşdyrylmagy teatryň durmuşynda uly waka öwrüldi. Operanyň libretosyny adybir dessanyň esasynda G. Burunow ýazýar. Operanyň täzeden sahnalaşdyrylmagy bu türkmen opera sungatynyň ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr. Opera saz eseriniň nepisligi, onuň baýlygy, milli öwüşgini hem-de duýgularyň ynandyryjylygy bilen tapawutlanýar. Sahna eseri bu ugruň muşdaklaryna bolşy ýaly, islendik tomaşaçy üçin ýakyn we düşnükli boldy. Özüniň kärine yhlasly çemeleşen Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri A. Batyrow operanyň täzeden sahnalaşdyrylmagyna özüniň yhlasyny siňdirip, halk köpçüligine ýetirmegi başardy. Päk söýgi, adalatlylyk hakynda söz açýan, halk aýdym-sazlaryň esasynda döredilen operada teatryň artistleri hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary, hor topary hyjuwly çykyş etdiler. Baş gahrymanlaryň keşbinde Türkmenistanyň at gazanan artistleri A. Seýitgulyýewa, B. Amanowa, Türkmenistanyň halk artistleri A. Garýagdyýew, A. Berdiýew, A. Amanow, şeýle-de D. Sarykow, B. Çerkezow, L. Orazduryýewa, A. Gylyjowa, P. Bakyýew, T. Saryýewa, B. Gaýypow, K. Esenow, A. Kakaýew, B. Nurmuhammedowa dagylar sahnada özleriniň ussatlyklary bilen çykyş etdiler. Gyzgyn söýgä beslenip tomaşa edilen operany Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri ýerine ýetiren sazlary diňleýjileri bada-bat özüne çekýär we olary sahna oýnunyň dünýäsine aralaşdyrýar. Eseriň sazly dramaturgiýasynda sahnanyň häzirki zaman mümkinçilikleri doly ulanyldy. Onuň dowamynda hor aýdymlary we horeografiýa pursatlary ýaýbaňlandyryldy. Köpugurly sahnanyň mümkinçilikleri onda janlandyrylýan wakanyň has-da ynandyryjy bolmagyny şertlendirdi. Bu görkezilen opera Türkmenistanyň at gazanan artisti R. Gylyjow dirižýorlyk etdi. Dirižýor öz ussatlygyny opera siňdirip, inçe duýgular bilen diňleýjilere ýetirmekligi başardy. Köpçülikleýin dabara sahnasy oýnuň jemleýji tapgyryna öwrüldi. Artistleriň belent ruh bilen ýerine ýetiren aýdymlary milli medeniýetimiziň ösmegine we onuň giňden wagyz edilmegine goşýan goşandy hem-de yzygiderli aladasy üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallygyň nyşanyna öwrüldi. Dabaranyň ahrynda görkezilen opera üçin myhmanlar sag bolsun aýtdylar, şeýle-de opera ussatlaryna gül çemenleri bilen sylagladylar. Dabara gatnaşyjylar türkmen opera sungatynyň täze derejelere ýetmegi, baýlaşmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI JEMLENILDI

Täzelikler

25.06.2025

2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Medeniýet we sungat – kalbyň çyragy, dünýä akyldary dana Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly çuňňur pähim-paýhasly kitaplarynda öňe sürülýän gymmatly pikirleri giňden wagyz etmek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy has-da ösdürmek, Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, döredijiligini çeper wasp etmek maksady bilen guralan bu döredijilik bäsleşigiň ähli ugurlaryna medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri, özleriniň şygyr, kyssa eserleri hem-de makalalary bilen işjeň gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşigine hödürlenen eserlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly paýhasa ýugrulan kitaplaryndaky gymmatly pikir-garaýyşlar, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy has-da ösdürip-kämilleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy, döredijiligi giňden wasp edildi. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň dünýä ýaýylmagynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz uly goldaw-hemaýatlary edýär. Golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk, agzybirlik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri uly orun eýeleýär. Doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-nji ýylda ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde giňden bellenilip geçilen dana şahyryň goşgulary durmuşa dogry düşünmegi, ömri manysyz geçirmezligi, adamkärçiligi, halallygy, rehimdarlygy, ynsaplylygy, kanagatly bolmagy nesihat edýär. Şahyryň döredijiliginiň esasy sütünlerini many, duýgy-düşünje, päklik, ylym, adalat, ynsap düzýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ähli döwürler üçin ýagşy ýol görkeziji şamçyrag bolup, pähim-paýhasa ýugrulan setirleri, türkmen edebiýatynyň ägirdi hökmünde tanatdy hem-de edebi diliň beýik ussady bolmagyna getirdi. Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň ösmegi, halkyň ruhy dünýäsiniň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen medeniýeti, edebiýaty bu gün türkmen dünýäsiniň inçeligini özüne siňdiren eserleri, milli däp-dessurlary, amaly-haşam işleri, şirin owazly aýdymdyr mukamlary bilen tanalýar. Medeniýetimize, edebiýatymyza uly sarpa goýýan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň zehin-başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin, ähli mümkinçilikler, şertler döredilýär. Medeniýetimiz, sungatymyz bu gün dünýä ýaýylýar. Ýurdumyzda halkara sungat festiwallarynyň, Medeniýet günleriniň, Medeniýet hepdeliginiň yzygiderli geçirilmegi, şonuň ýaly-da dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara festiwallara, Türkmenistanyň Medeniýet günlerine sungat ussatlarymyzyň gatnaşyp, medeniýetimizi halkara jemgyýetçiligine äşgär etmekleri buýsançlydyr. Ynsan göwnüniň ganaty bolan aýdym-sazlar adamlaryň ruhunyň belent, kämil bolmagyna oňyn ýardam edýär. Şahyrlarymyzyň döwrümizi wasp edýän şygyrlaryna, aýdymçy-sazandalaryň täze aýdym-sazlary döredip halkymyza ýetirmekleri, ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň sungatymyza siňýändigini ýüze çykarýar. «Medeniýet we sungat – kalbyň çyragy, dünýä akyldary dana Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgatlary dabaraly gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylar türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny gülledip ösdürip, dünýä ýaýmakda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsunlaryny aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI HÜNÄRINIŇ DIPLOM GORAGY GEÇIRILDI

Täzelikler

13.06.2025

2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň talyplarynyň diplom işleriniň goragy geçirildi. Talyplaryň diplom işlerinde nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungaty, grafika, binagärlik, dizaýn ýaly dürli ugurlar boýunça ýüzlenilen temalaryň ähmiýeti seljerilip, halypa mugallymlar tarapyndan şol eserleriň wajyplygy barada bellenildi. Talyplar Ogulgerek Pürsýänowanyň «Häzirki zaman türkmen nakgaşçylygynda täze gözlegler (B.Berkeliýewiň döredijiliginiň mysalynda)», Abdyrahym Berdiýewiň «Türkmen milli at şaý-sepleriniň çeperçilik aýratynlygy (XX – XXI asyr)», Şirin Janekowanyň «Türkmen haly sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesi (A.Islamowa we G.Berdiýewa)», Gurbanmyrat Rejepowyň «Aşgabat şäheriniň metjitleriniň binagärlik aýratynlyklary», Babamyrat Gurbanowyň «Dizaýn suratkeşi Çarymyrat Ýazmyradowyň döredijiligi» atly çykyşlary boldy. Şeýle-de şekillendiriş sungatynda öz döredijiligi bilen giň orun alan ýaş türkmen suratkeşleriniň döredijiligi barada taýýarlanan kitap monografiýalar we görkezme esbaplary synag toparynyň dykgatyna hödürlendi. Diplom goragyna gatnaşan alymlar tarapyndan talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini metbugatyň önümçiliginde ornaşdyrylmagy ýerlikli hasap edildi.

No image
UÇURYMLARYŇ DIPLOM IŞLERI

Täzelikler

11.06.2025

2025-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Binagärlik we dizaýn» fakultetiniň uçurymlaryň diplom işleriniň goragy geçirildi. Birnäçe gün bäri dürli hünärler boýunça dowam edip gelýän diplom işleri boýunça açyk goraglara medeniýet we sungat işgärleri, halk suratkeşleri, sungatda at gazanan işgärler we şekillendiriş sungatyny söýüjiler gatnaşdylar. «Binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenişi», «Binagärlik gurşawynyň dizaýny» hünärleri boýunça bilim alan talyplaryň ýerine ýetiren diplom işleri olaryň öz hünärlerini ýokary derejede ele alandyklaryna şaýatlyk edýär. «Binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenişi» hünärinde bilim alan talyplar, esasan ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerini öwrenip, milli binagärlik alamatlaryny özünde jemleýän dürli maksatlar üçin niýetlenen binalaryň taslamalaryny ýerine ýetirdiler. Olaryň arasynda Guwanç Akgaýew we Nowruz Toýlyýewiñ «Seýit Jemaleddin kümmetiniň portalynyň rejelenen görnüşi», Toýbibi Bäşimowanyň «Dehistan ýadygärlikler toplumy», Şirin Mämmedowa, Şemşat Rejepowanyň «Nusaýyň medeni we syýahatçylyk zolagy», hem-de birnäçe taryhy, medeni ýadygärliklerimize bagyşlanan taslamalary ýokary derejede işlenipdir. Esasanda, häzirki wagtda binagärlik gurluşy, bezeg alamatlary bilen dünýä binagärlik taryhynda mynasyp ornuny alan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherindäki Nejmeddin Kubranyň mawzoleýiniň nagyşlarynyň rejelenen görnüşini talyp Döwletmyrat Oraznobatow tarapyndan işlendi. Binagärlik gurşawynyň dizaýny hünärinde bilim alan talyplardan Oguljemal Ilýasowanyñ «Ahal welaýatynyñ Gökdepe etrabynyñ Gökdepe şäherine niýetlenen Awtomenzil», Baýram Hojanyýazowyñ «Aşgabat şäheriniñ Büzmeýin etrabyna niýetlenen ekologik taýdan arassa önümleri gaýtadan işleýän kärhananyñ taslamasy» we başga-da myhmanhanalaryñ, muzeýleriñ, mekdepleriñ, şäherçäniñ taslama görnüşleriniñ dünýä binagärlik sungatynyň gazananlary bilen bir hatarda, milli binagärlik alamatlarynyň sintezi diplom işlerinde ýerlikli ulanylypdyr. Talyplaryň taslamalary häzirki wagtda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň dürli künjekleri üçin gurulmagy teklip edilýän binalar bolup durýar. Binagärlik kafedrasyny üstünlikli tamamlaýan uçurymlaryň diplom işleri, olaryň döredijilik ýolundaky üstünlikleriniň başlangyjy bolup synag toparynyň agzalary tarapyndan ýokary bahalara mynasyp boldular. Bu hem, talyplara öwredilen hünäri doly ele alandyklaryny, mugallymlaryň çekýän zähmetiniñ ýerine gowşandygyny, çeperçilik akademiýasynyň täze hünärmenleri taýýarlamakdaky üstünliklerine guwanmaga haklydygyny görkezýär. Bagtygül HOJAGELDIÝEWA Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASYNYŇ UÇURYMLARYNYŇ DIPLOM GORAGY

Täzelikler

10.06.2025

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşçylyk» hem-de «Grafika» kafedrasynda bilim alan talyp ýaşlaryň diplom işleriniň goragy geçirildi. Diplom goragyna medeniýet we sungat işgärleri, Türkmenistanyň halk suratkeşleri we sungatda at gazanan işgärleri hem-de şekillendiriş sungatyny söýüjiler gatnaşdylar. Nakgaşçylyk kafedrasynyň stanok nakgaşçylygy, monumental nakgaşçylygy, teatr-dekorasion nakgaşçylygy hünärleri boýunça bilim alan talyplaryň ýerine ýetiren diplom işleri olaryň öz hünärlerini ýokary derejede ele alandyklaryna şaýatlyk edýär. Nakgaşçylyk kafedrasynyň stanok nakgaşçylygy hünärinde bilim alan talyplar esasan ýurdumyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dessanlardaky beýik şahsyýetleri öwrenip, «Türkmen toýy», «Dokmaçy gelin-gyzlar», «Şükür bagşy», «Halyçylar», «Atabeglik mekdebi», «Altynjan hatyn», «Türkmen dessany: Görogly eposy» ýaly sungat eserlerini ýerine ýetirdiler. Monumental nakgaşçylygy hünärinde bilim alan talyplarymyz «Natýurmort», «Gözelligiň nusgasy», «Türkmen gelin-gyzlary» hem-de teatr-dekorasion nakgaşçylygy hünärinde bilim alan talyplarymyz bolsa «Tumarşa», «Turandot», «Nusaý söýgüsi», «Ömür daragty» ýaly temalar boýunça giň mazmuna ýugrulan sungat eserlerini beýan etdiler. «Grafika» kafedrasynyň kitap grafikasy hünärinde bilim alan talyplar hekaýalary, goşgulary, durmuşy, söýgi ýaly dürli temalary wasp edýän döredijilikli eserleri hem-de kitap bezeg işlerini ýerine ýetiripdirler. Olardan Magtymguly Pyragynyň, Sädi Sädiýewiň, Aýgül Garaýewanyň «Zenan dünýäsi» ýaly goşgulary, Şirinjemal Geldiýewanyň hekaýalary, Zenan gözelligi esasynda ýerine ýetirilen kitap bezeg işleri hem-de hemişelik Bitaraplygymyzy, türkmen milli toýuny, Watana, enä bolan söýgüni wasp edýän «Bitarap ýurdumyzyň bagtyýar çagalary», «Bitarap Türkmenistana 30 ýyl», «Türkmen milli toý baýramlary», «Ene Mähri», «Türkmenistanda oba hojalygyň ösüşi» ýaly stanok işleri taslama gurluşy taýdan tapawutlanýar. «Nakgaşçylyk» hem-de «Grafika» kafedrasyny üstünlikli tamamlaýan uçurymlaryň diplom işleri olaryň döredijilik ýolundaky üstünlikleriniň başlangyjy bolup synag toparynyň agzalary tarapyndan ýokary bahalara mynasyp boldular. Bu hem talyplara öwredilen hünäri doly ele alandyklaryny, mugallymlaryň azabynyň ýerine gowşandygyny, çeperçilik akademiýasynyň täze hünärmenleri taýýarlamakdaky üstünliklerine guwanmaga haklydygyny görkezýär. ###### Çemen ANNAMURADOWA ###### Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy

No image
GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ MILLI MIRASYNY ÇUŇLAŞDYRYP ÖWRENMEKLIGIŇ YLMY ÄHMIÝETI

Täzelikler

05.06.2025

Ylym – bu ähli ugurlarda, ulgamlarda gazanylýan ösüşleriň binýadydyr. Arkadagly Serdarymyzyň: «Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýen sözlerinden ruhlanýan bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzyň täze taryhy döwründe ylmy şamçyrag edinip, geljegiň nurana ýoly bilen öňe barýarlar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Ylymlar gününiň giňden bellenilmeginde hem çuňňur many bar. Çünki, ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Ylymlar güni mynasybetli «Garaşsyz Türkmenistanyň milli mirasyny çuňlaşdyryp öwrenmekligiň ylmy ähmiýeti» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Ýaşlaryň ylmy gadamlary», «Suratkeşleriň döredijilik eserlerinde ylym-bilimiň waspy», «Arkadag şäheriniň döwrebap binagärlik taslamalary», «Türkmen dessanlary dünýä ylmynda», «Ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyna bagyşlanan nakgaşlyk eserleri», «Ylym we bilim Watanymyzyň kuwwaty», «Dünýäniň akyldary – Magtymguly Pyragy», «Ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň ösüşi» atly temalar boýunça mugallymlaryň we talyplaryň çykyşlary ýerine ýetirildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda ylmy-barlag institutlary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýan bäsleşik taslamalary ýaş alymlaryň bilim derejesini kämilleşdirmäge we ylmy dünýägaraýşyny ösdürmäge ýardam bermekde ähmiýetiniň uludygyny yzygiderli bellediler.

No image
HASABAT KONSERTI

Täzelikler

03.06.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda medeniýet we sungat, ylym-bilim syýasaty giňden öňe sürülýär. Ýurdumyzda ýaşlary aýdym-saza, sungata höweslendirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Medeniýet hepdelikleriniň geçirilmegi, bäsleşikleriň, festiwallaryň, konsertleriň yzygider gurnalmagy aýdylanlaryň subutnamasyna öwrülýär. Aýdym-saz sungatyndan ýokary bilim berýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda talyplar halypa mugallymlardan tälim alyp, saz barada umumy medeniýet we sungat barada ençeme zatlary öwrenip saza içgin aralaşýarlar. Ýokary okuw mekdebimizde mugallymlar zehinli talyp ýaşlaryň ýerine ýetirijiligini ösdürmekde olary yzygiderli konsert çykyşlaryna taýýarlamak işlerini hem alyp barýarlar. Ýakynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hasabat konserdinde hem zehinli ýaşlaryň birnäçesini öz hünärlerinden ýokary derejede taýýarlygyny görkezmegi başardylar. Konserdiň dowamynda bagtyýar talyp ýaşlary diňe türkmen kompozitorlarynyň eserlerini däl-de, eýsem daşary ýurt kompozitorlarynyň hem dünýä meşhur eserlerini ussatlarça ýerine ýetirdiler Ýerine ýetirilen eserlerden «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Rasul Nagiýewiň we 2-nji ýyl talyby Kerwen Mirzoýewiň F.Mendelsonyň «Trio» eseri, «Kirişli saz gurallary» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ismail Sähetmyradowyň ýerine ýetiren rus kompozitory P.Çaýkowskiniň «Skerso» atly eserini, «Fortepiano» hünäriniň 4-nji ýyl talyby Şaislam Komiljanowyň ýerine ýetiren F.Şopeniň Etýud №24 eseri, «Aýdym sungaty» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Sähra Akmämmedowanyň ýerine ýetiren belli türkmen kompozitory D.Öwezow, A.Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operasyndan Şasenemiň ariýasy ýaly eserleri diňleýjiler köpçüligi üçin ýatda galyjy eserler boldy. Hasabat konserdiniň ahyrynda konserwatoriýanyň bagşylar ansamblynyň ýerine ýetiren «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» atly aýdymy dabara gatnaşyjylaryň adyndan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş bolup ýaňlandy. ###### Altyn ÝANGYÝEWA ###### Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby