logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Syýahatçylyk gezelenji guraldy

Syýahatçylyk

03.08.2026

Ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine syýahatçylary çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da artdyrmak hem-de içerki syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň bilelikde guramagynda, şu ýylyň 31-nji iýulynda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Seýit Jemaleddin orta asyr binagärlik toplumyna, Köne Nusaý galasyna içerki syýahatçylyk gezelenji guraldy. Syýahatçylyk gezelenjine «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň medeniýet müdirliginiň hünärmenleri gatnaşdylar. Syýahatyň dowamynda syýahatçylara Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri gadymy ýadygärlikleriň taryhy hem-de ähmiýeti barada örän täsirli gürrüňleri berdiler.

No image
Brifing geçirildi

Syýahatçylyk

25.07.2026

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2026-njy ýylyň iýul aýynyň dowamynda ýurdumyzyň we daşary ýurt döwletleriniň degişli ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň gatnaşmaklarynda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň bellenilen tertipde ylalaşylan sanawyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guramagynda, Özbegistan Respublikasynyň syýahatçylyk pudagyndaky ösüşleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen brifing geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de ýurdumyzyň syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda syýahatçylyk babatdaky gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmak iki ýurda gezelenç etmek isleýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmak barada söhbet edildi. Şonuň ýaly-da Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi Ilçihana tarapyndan Özbegistan Respublikasyna gitmek isleýän syýahatçylar üçin wizalary resmileşdirmekde, ilçihananyň işgärleriniň resminamalary kabul edişinde, bilelikdäki syýahatçylyk bukjalaryny döretmekde duşuşyga gatnaşyjylardan tekliplerini we maslahatlaryny sorady. Şeýle-de Ilçi öz çykyşynda Hywa-Köneürgenç-Aşgabat-Mary-Türkmenabat-Buhara ugurlary boýunça bilelikdäki bukjalary döretmegi teklip etdi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi syýahatçylyk kärhanalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi. Türkmen tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherindäki Halkara Ýüpek ýoly uniwersitetiniň binýadynda ýurdumyzyň syýahatçylyk ugrundan bilim berýän okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary üçin tejribe we hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň guralmagy teklip edildi.

No image
Syýahatçylyk gezelenji

Syýahatçylyk

23.07.2026

Ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine syýahatçylary çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da netijeli bolmagyny gazanmak hem-de içerki syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň bilelikde guramagynda 2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Ahal welaýatynyň çägindäki, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy Abiwerd galasyna we Abu Seýit Abul Haýryň kümmetine (Mäne baba) içerki syýahatçylyk gezelenji guraldy. Syýahat gezelenjine Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk kärhanasynyň hünärmenleri, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary, şeýle-de Kaka hem-de Altyn asyr etraplarynyň orta mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Syýahatyň dowamynda syýahatçylara, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri gadymy ýadygärlikleriň taryhy hem-de halkyň durmuşyndaky möhüm ähmiýeti hakynda giň maglumatlary özünde jemleýän örän täsirli gürrüňleri berdiler.

No image
«Malaýziýa syýahatçylyk üçin ugur» atly okuw maslahaty geçirildi

Syýahatçylyk

18.07.2026

2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda «Malaýziýa syýahatçylyk üçin ugur» atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de ýurdumyzyň syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň we Malaýziýa döwletiniň arasynda syýahatçylyk babatdaky gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmak, iki dostlukly ýurda gezelenç etmek isleýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmak barada giňişleýin söhbet edildi. Şeýle-de okuw maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň we Malaýziýa döwletiniň syýahatçylyk mümkinçilikleri giňden mahabatlandyryldy. Okuw maslahatyň ahyrynda ýurdumyza gelen myhmanlar habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler hem-de olary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdiler.

No image
Seul halkara syýahatçylyk sergisi

Syýahatçylyk

06.06.2026

2026-njy ýylyň 4-7-nji iýuny aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde COEX atly Sergi merkezinde, Seul halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär. Bu Aziýa sebitinde uly halkara syýahatçylyk sergisi dünýäniň ençeme ýurtlaryndan syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalary, awiakompaniýalary, işewür we saglyk syýahatçylygy boýunça hünärmenleri giň meýdançada jemledi. Serginiň esasy mowzuklary halkara we içerki syýahatçylyk, lukmançylyk we saglyk syýahatçylygy, ekosyýahatçylyk we syýahatçylykda innowasiuýalar, tehnologiýalar bolup durýar. Ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalary bolan «Eşretli syýahat», «Gadymy mirasa syýahat» hem-de başga-da birnäçe syýahatçylyk kärhanalary, bu iri syýahatçylyk sergisine öz mahabat önümleri bilen gatnaşyp, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini sergä gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlara mahabatlandyrýarlar.

No image
Hoşboý ysly baýyrlar sammiti

Syýahatçylyk

04.06.2026

2026-njy ýylyň 1-4-nji iýuny aralygynda Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň guramagynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde “Hoşboý ysly baýyrlar sammiti” atly syýahatçylyk maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygy Akynyýaz Agamyradow gatnaşdy. Maslahata dünýäniň ençeme döwletlerinden we SŞBF agza şäherleriň wekilleri hem gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde Pekin şäheriniň innowasiýalar merkezinde SŞBF agzalaryň merkezi öýüniň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasyna Ýaponiýa, Gresiýa, Indoneziýa, Koreýa, Russiýa Federasiýasy, Iordaniýa, Marokko, Senegal, Tunis hem-de beýleki ençeme döwletlerden jemi dünýäniň 36 döwletinden 81 sany agza şäherleriň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygy Akynyýaz Agamyradow “Hoşboý ysly baýyrlar sammiti” atly syýahatçylyk maslahatynda eden çykyşynda: -2020-nji ýylda Aşgabat şäheri Bütindünýä Syýahatçylyk şäherleriniň Federasiýasynyň sanawyna girizildi. Aziýanyň merjeni hasaplanýan Aşgabat şäheri soňky ýyllarda halkara derejesinde maslahatlaryň, forumlaryň, medeni we sport çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şonuň bilen bir hatarda syýahatçylary kabul etmekde we olara ýokary derejede myhmanhana we syýahatçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde hem ösen talaplara laýyk gelýän şertleri bilen dünýäde tanalýar. Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara maslahatlar, sergiler we forumlar munuň aýdyň şaýadydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Köneürgenç, Mary, Türkmenabat, Awaza we beýleki şäherlerini Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasyna agza etmek ugrunda degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi syýahatçylyk babatda Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende göterer – diýip bellemegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýahat etmek üçin iň bir amatly ýurtlaryň biridigine, syýahatçylygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigine aýdyň subutnamadyr. Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.

No image
SYÝAHATÇYLYK – DOST-DOGANLYGYŇ ŞUGLASY

Syýahatçylyk

15.04.2026

14-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Turkmentravel— 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagynyň okalmagy bilen bu halkara çäresi dabaraly ýagdaýda öz işine başlady. Häzirki döwürde tutuş dünýäde syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzyň syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, halkymyzyň özboluşly milli däp-dessurlary, şäherlerimiziň gaýtalanmajak binagärlik keşbi dünýä syýahatçylarynda, jahankeşdelerinde uly gyzyklanma döredýär. Halkara sergide Medeniýet ministrliginiň pawilýonynda halkymyzyň şan-şöhratly geçmişi hem-de bedew batly ösüşleri sazlaşykly beýan edilýär. Halkara çäräniň çäklerinde daşary ýurtlaryň syýahatçylyk edaralarynyň, institutlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen, ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyklaryň, şeýle hem, syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak boýunça özara pikir alyşmak, syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekişmek çäreleriniň guralmagy halkara çäräniň ähmiýetini has-da artdyrýar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/syyahat2.jpg) Şonuň ýaly hem, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk ugry boýunça okadýan mugallymlarynyň we ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda, BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda syýahatçylygy dolandyrmak boýunça okuw maslahatynyň, daşary ýurtly myhmanlar bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk ugry boýunça okadýan mugallymlarynyň, bu ugurdan bilim alýan talyplarynyň gatnaşmagynda «Syýahatçylyk — medeniýetleriň köprüsi: syýahatçylykda durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, maslahatda syýahatçylyk ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak, syýahatçylygy dolandyrmak, onuň akymyny köpeltmek we beýleki meseleler boýunça çykyşlara uly orun berilmegi bellenmäge mynasypdyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/syyahat1.jpg) Türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklary, taryhy ýadygärlikleri, baý medeni mirasy, däp-dessurlary umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda orun aldy. Milli sungatymyzyň naýbaşy nusgalarynyň, gadymy gymmatlyklarymyzyň birnäçe görnüşleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň we ÝUNESKO-nyň adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawlaryna girizildi. Munuň özi örän buýsançlydyr. «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar üçin syýahatçylyk gezelençleriniň guralmagy halkara serginiň hem-de maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly üns berýär. Häzirki döwürde syýahatçylyk halklary birleşdirýän köpri bolup hyzmat edýär. 14-16-njy apreli aralygynda geçirilýän bu halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň taryhy-medeni, tebigy ýadygärliklerini, gözel ýerlerini mahabatlandyrmaga, daşary ýurtly syýahatçylary ýurdumyza çekmäge hem-de dürli ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary we guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, täze şertnamalary baglaşmak boýunça tejribe alyşmaga uly ýardam berer. «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilmegi özboluşly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde ýurdumyz bedew batly ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwletimizde syýahatçylyk ulgamynda gazanylýan uly üstünlikler bolsa, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Taýýarlan: Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
«TURKMENTRAVEL - 2026» ATLY HALKARA SYÝAHATÇYLYK SERGISI WE MASLAHATY GEÇIRILER

Syýahatçylyk

28.03.2026

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda, 2026-njy ýylyň 14-16-njy apreli aralygynda «Turkmentravel - 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. «Turkmentravel - 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna Halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk ministrlikleriniň, syýahatçylyk we myhmanhana ugry boýunça hünärmenleri, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň, halkara ylmy institutlaryň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzyň hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň, olaryň hyzmatdaşlary bolan daşary ýurtly syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Bu geçiriljek halkara derejesindäki sergi we maslahat geljekde, Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, ýurdumyzyň gözel ýerlerini mahabatlandyrmaga hem-de daşary ýurtly syýahatçylary ýurdumyza çekmäge uly ýardam berer. Dürli ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary we guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de tejribe alyşmaga mümkinçilik berer.

No image
«ITB BERLIN – 2026» HALKARA SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ SYÝAHATÇYLYK MÜMKINÇILIKLERI BILEN TANYŞDYRYLDY

Syýahatçylyk

13.03.2026

Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 3-5-nji marty aralygynda, Germaniýanyň paýtagtynda geçirilen «ITB Berlin – 2026» halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdylar. «ITB Berlin» – dünýädäki iň iri sergi bolup, oňa her ýyl ýüzlerçe ýurtlardan 10000 golaý adam gatnaşýar. Bu sergi syýahatçylyk pudagynyň soňky gazananlaryny, tehnologiýalaryny we hyzmatlaryny görkezmek, şeýle hem işewürlik duşuşyklaryny geçirmek, syýahatçylyk pudagynda täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin meýdança hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanda häzirki döwürde syýahatçylyk işini döwrebaplaşdyrmaga we kämilleşdirmäge uly ähmiýet berlip, geljegi uly pudak hökmünde ösdürilýär. Türkmenistanyň gözel ýerleri, milli we medeni-taryhy gymmatlyklary özünde jemleýän muzeýleri, taryhy ýadygärlikleri özboluşlylygy hem-de milliligi bilen dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr. Bular halkara derejesinde geçirilýän çärelerde giňden mahabatlandyrylýar.

No image
ÜSTÜNLIKLI DOWAM EDÝÄN SERGI

Halkara gatnaşyklary

26.02.2026

2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde dabaraly açylan, 2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli dowam etmeli «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi häzirki wagtda üstünlikli dowam edýär. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde, bu serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu sergide sergilenen, Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýan ýurdumyzyň arheologik ýadygärliklerinden ýüze çykarylan gadymy gymmatly tapyndylar syýahatçylarda, muzeý öwrenijilerde, taryhçylarda, giň halk köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär. Türkmen we italýan arheologlarynyň arasynda häzirki wagtda arheologiýa we binagärlik mirasyny öwrenmek boýunça özara gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlan bu gatnaşyklar häzirki döwürde has-da üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde, ata-babalarymyzyň miras goýan medeni gymmatlyklarynyň nusgalyk görnüşleriniň ençemesi ýüze çykaryldy we öwrenildi. Bu arheologik tapyndylarynyň bir bölegi Kapitoliý muzeýinde guralan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergide hem görkezilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/85274.jpg) Bu sergi Türkmenistan bilen Italiýanyň arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda alyp baran köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir. Italiýanyň arheologlary türkmen kärdeşleri bilen bilelikde ýurdumyzyň çäginde gazuw-agtaryş işlerini geçirip gelýärler. Bu netijeli hyzmatdaşlyk gymmatly taryhy tapyndylary ýüze çykarmaga, öwrenmäge we olary halk köpçüligine tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. Serginiň dünýäniň iň gadymy muzeýleriniň birinde guralmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrýar we Türkmenistanyň baý taryhy mirasyny dünýä ýaýýan medeni diplomatiýanyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň Rim şäherinde geçirilmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşde gaýtadan dikeldilýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Gündogaryň we Günbataryň arasynda köpri hökmünde çykyş edýändigini hem-de gadymy döwürlerden bäri medeniýet merkezi bolup gelýändigini görkezýär. Bu sergi 2025-2026-njy ýyllarda halkara medeniýet senenamasyna möhüm wakalaryň biri hökmünde girip, baý taryhy mirasy bolan döwlet hökmünde, Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Serginiň açylan döwründen bäri, Türkmenistanyň baý medeni taryhy bilen gyzyklanýanlaryň müňlerçesi bu sergä tomaşa etdiler.