logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
GADYMYÝETDEN GÖZBAŞ ALÝAN NOWRUZYM

Kitaphanalar

18.03.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen bilelikde Arkadag şäher medeniýet toplumynda “Arkadag” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Gadymyýetden gözbaş alýan Nowruzym” – atly Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz gününe bagyşlap, edebi-sazly duşuşyk geçirdi. Örän irki taryhy döwürlerinden bäri uly joşgun, ruhubelentlik bilen bellenilip ýeriň janlaşynyň, tebigatyň jana gelişiniň beýik şatlygyna öwrülen Nowruzyň gelmegi bilen baglanyşykly dörän ajaýyp däp-dessurlar halkyň taryhy, özboluşly dünýägaraýşy bilen mäkäm baglanyşykly. Nowruz baýramynyň milli medeniýetiň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetliliginiň dürli-dürliligini gorap saklamak hem-de onuň umumadamzat bähbitli taraplaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Ine şular dogrusynda kitaphana hünärmenleri täsirli gürrüňleri berdiler. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörüte sungat mekdebiniň mugallymlarynyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren halk aýdymlary çärämize aýratyn bezeg berdi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bu baýramyň hormatyna toýlanylýan giň gerimli dabaralara ýokary ruhubelentlik halkymyza mahsus bolan ynsanperwer ýörelgelerden çuňňur ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
ÝAZLAR GÜL DIÝARA TOÝ BOLUP GELÝÄR

Kitaphanalar

18.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Ýazlar gül diýara toý bolup gelýär» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Milli bahar baýramy Garaşsyzlygymyzyň beren ajaýyp miweleriniň biri bolup, onuň kökleri biziň milliligimizden, taryhymyzdan, özboluşly milli mirasymyzdan gözbaş alýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de gözelligiň we joşgunly ýaşaýşyň bu nurana baýramy biziň döwletimizde halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligini rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga we hoşniýetlige çagyrýan halkara baýramlarynyň birine öwrülendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
NOWRUZ GELDI, GÜLE BESLÄP DÜNÝÄNI

Kitaphanalar

18.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybentli «Nowruz geldi, güle besläp dünýäni» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Milli bahar baýramy täzelenişiň, jebisligiň, agzybirligiň, parahatlygyň baýramydygy, 24 döwletiň goldamagynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy hökmünde bellenilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÜLKÄME TOÝ BOLUP GELEN ÝAZLARYM

Kitaphanalar

18.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş institutynyň bilelikde gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Nowruz halklaryň dost-doganlyk baýramy bolup, ýurdumyzda halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligini rowaçlandyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz baýramy parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy hökmünde giňden bellenilýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş institutynyň talyplary ajaýyp aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÝAGŞY GÖRELDE – NESILLERE ÝÖRELGE

Kitaphanalar

18.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 100-nji çagalar bakja-bagynda körpe nesil bilen “Ýagşy görelde – nesillere ýörelge” atly söhbetdeşlik geçirdi. Körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, çeper eserler, tapmaçalar, nakyllar aýdylyp, täsirli söhbet edildi. Birnäçe ertekili kitaplar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri tarapyndan çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap, ondaky gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ULUS-ILIŇ GUWANJY – MILLI BAHAR BAÝRAMY

Kitaphanalar

18.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary, toplamak we milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümleri bilelikde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebinde “Ulus-iliň guwanjy – Milli bahar baýramy” ady bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdiler. Bu baýramçylyk dabarasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Nowruz gününiň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Mundan başga-da Milli Bahar baýramy mynasybetli gutlaglar aýdyldy. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
HOŞ GELDIŇ ÜLKÄME, MILLI BAHAR BAÝRAMY!

Kitaphanalar

18.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary, toplamak we milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümleri bilelikde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebinde bölümi “Hoş geldiň ülkäme, Milli Bahar baýramy!” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da Halkara Nowruz güni bilen bagly edebiýatlar hem ýerleşdirildi. Göçme kitap sergisini görmäge gelen mugallymlar we okuwçylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
GADYMYÝETDEN GÖZBAŞ ALAN NOWRUZYM

Kitaphanalar

18.03.2026

Türkmen halky Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz baýramyny ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bellenilýän bu baýram halkymyzyň agzybirligini we jebisligini dabaralandyrýar. Halkara Nowruz baýramyny mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda “Gadymyýetden gözbaş alan Nowruzym” atly kitap sergisi gurnaldy. Bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary, Nowruzy wasp edýän kitaplar ýerleşdirildi. Halkara Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
DÜNÝÄ DÖWLETLERI – BOLGARIÝA

Kitaphanalar

18.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Dünýä döwletleri - Bolgariýa” atly kitap sergisi gurnaldy. “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Döwlet baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy esasynda, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen birlikde, dostlukly Bolgariýa döwleti bilen hem özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Döwlet kitaphanasyna gelen okyjylar hem bu bolgar dilinde gurnalan kitap sergisiniň üsti bilen Bolgariýa döwletiniň taryhy, geografiýasy, edebiýaty, medeniýeti we sungaty bilen giňden tanyşdylar. Bu sergi bölüme gelen okyjylarda uly täsir galdyrdy. Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

No image
AŞGABATDA HUSUSY PUDAGYŇ GAZANANLARYNYŇ SERGISI GEÇIRILÝÄR

Täzelikler

18.03.2026

17-nji martda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli giň gerimli sergi öz işine başlady. Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan gözden geçiriliş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususy pudagyň depginli ösüşini aýdyň beýan edýär.