logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
KITAP KALBYŇ AÇARY

Kitaphanalar

14.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde «Kitap kalbyň açary» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz, häzirki ajaýyp döwrümizde täze edebiýatlaryň yzygiderli neşir edilip okyjylar köpçüligine ýetirilýän eserleriň ähmiýeti we ýaş nesilleriň, watansöýüjilik ruhynda terbiýelemekde kitabyň tutýan orny barada gyzykly gürrüňler aýdyldylar. Şeýle hem kitaphanamyzyň öz okyjylaryna ýokary derejede kitap we beýleki neşirler esasynda hyzmat edişi, barada aýtaryn aýdyp geçdiler. Ýaşajyk kitap söýüjileriň kitaba, okamaklyga bolan höwesini has-da aýtdyrmak üçin alnyp barylýan işler barada hem gyzykly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda kitap we kitaphana işine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI IŇ AJAÝYP SENADYR

Kitaphanalar

14.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi “Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tomus paslynda çagalara ýatdan çykmajak günleri bagyş edýän Gökderedäki “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Serginiň dowamynda wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalar bilen gyzykly sorag-jogap alşyldy. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan bu göçme kitap sergisi ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitaba bolan islegleriniň has-da artmagyna uly täsir etdi. Çäräniň dowamynda ýaş nesliň bagtyýar durmuşy barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
HALKARA GATNAŞYKLARYNYŇ PARAHATÇYLYKLY ÝOL BILEN ÖSDÜRILMEGI

Kitaphanalar

14.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Döwlet ygtyýarlandyryş we hile gözegçilik merkezi, Döwlet kitaphanasy hem-de “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen,ynanyşmak parahatçylygyň kepili taglymatyndan ugur alyp, “Halkara gatnaşyklarynyň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegi” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz ösüşlere beslenip,parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiz dünýä ýaýylýar.Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň belentligini nazarlaýan ýurdumyz toý-baýramlara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyz ýurdumyzyň ösüşlerine, rowaçlyklaryna buýsanýar.Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylýan ösüşler,belent üstünlikler bagtdan paýly ,päk zähmetden serpaýly ildeşlerimiziň kalbynda ýokary ruhubelentlik döredýär diýip nygtadylar. Çykyş edenler bular hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
AWAZADA BMG-niň DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN ÝURTLAR BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MASLAHATYNA TAÝÝARLYK GÖRMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Täzelikler

14.07.2025

13-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Onda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berlip, öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda bu iri halkara çärä taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň yzygiderli mejlislerinde agzalan halkara maslahata degişli soraglaryň hem giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnamanyň kabul edilendigini we dünýäniň 57 döwletiniň şol resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş edendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň«Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekendigi we onda bu maslahaty hem-de onuň çäklerindäki ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň bellenilendigini aýtdy. Şeýle hem Karary ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşygyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy we bu resminama Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilendigi bellenildi.

No image
SANLY MEDENIÝET-YKDYSADY ÖSÜŞIŇ MÖHÜM ŞERTI

Muzeýler

12.07.2025

2025-nji ýylyň iýul aýynyň 5-ne hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň wideo aragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny esasan-da muzeýlerde sanly ulgamy ornaşdyrmak baradaky beren tabşyryklary bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrylýar. Muzeýlerde audiogid, QR kodlar, multimediýa enjamlar, muzeýleriň internet saýdlary, gologramma ýaly sanly ulgamyň enjamlary ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýinde Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek boýunça beren tabşyryklaryny amala aşyrmaga degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de ýurdumyzda “Elektron hökümet hakynda” we “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryndan ugur alyp ýurdumyzyň ähli muzeýlerinde internet hyzmatlaryndan peýdalanmaklyk üçin ähli şertler döredildi. Şu jähtden ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýiniň wirtual muzeý saýdyny kämilleşdirmek boýunça işler ýola goýuldy. Dünýäde ylmy-tehnikanyň ösmegi bilen häzirki zaman habarlar we aragatnaşyk tehnologiýasynda wirtuallaşdyrmak dünýäsi giň gerim alýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň buýsançly taryhyny, milli mirasyny, medeniýetini we sungatyny wirtual görnüşe geçirmek arkaly wagyz etmeklige ägirt uly ähmiýet berýär. Wirtuallyk (Wirtual–gurşaw)-kompýuterde sintezlenen üç ölçegli ulgam bilen adamyň baglanyşygydyr. Wirtual gurşaw adamyny habarlar ulgamy bilen baglanyşdyrýar. Bu adamyň kompýuter bilen we onuň emele getirýän dünýäsi bilen gatnaşygyň modelirlemesidir. Häzirki döwürde internetiň wirtual dünýäsinde muzeýleriň uly mümkinçilikleri nazara alnyp, bütin dünýäde Internet muzeýleri döredilýär. Internet ulgamynda diňe bir maglumat alyşma bilen çäklenmän, muzeýara maslahatlary geçirmek, taslamalary işläp taýýarlamak, hyzmatdaşlyk birleşiklerini döretmek hem mümkindir. Bulardan başga-da muzeýler öz saýtyny mahabat hökmünde ulanmak hukugyna hem eýedir. Wirtual muzeýiň üsti bilen wirtual ekskursiýalary (gezelençleri) syýahaty hakyky muzeýde syýahat gurnandan hem gyzykly görnüşde gurnamak mümkinçiligi hem bar. Şeýle hem wirtual muzeýiň kömegi bilen wirtual sergileri, muzeý gymmatlyklaryny hem görkezip bolýar. Şeýle hem wirtual medeni ýadygärlikleriň döredilmegi we görkezilmegi, taryhy dikeltmeler, interaktiw eksponatlar, bir wagt ýitirilen desgalaryň we eksponatlaryň (gymmatlyklaryň) täzeden döredilmegi, medeni mirasyň we nesillere tabşyrylyşynyň düýbünden täze derejä geçmgine hem mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýiniň hemişelik sergi zallarynyň wirtual görnüşe geçirilmegi muzeýiň inetrnet torundaky adamlar bilen gatnaşygynyň has-da ýygjamlaşmagyna özüniň täsirini ýetirýär. Bu bolsa adamlarda sanly medeniýet diýen düşünjäniň has-da ösmegine itergi berýär. Ogulşat DÄDEBAÝEWA Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
KITAP SERGISI

Kitaphanalar

12.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi «Halkara ulag ulgamy» atly kitaba sergi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan eserleri, şeýle-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar we halkara ulag ulgamy barada kitaplar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň dürli yklymlaryna ýakyn, ösen ykdysady merkezleriň aralygynda ýerleşmek bilen, ýurdumyzda ulag aragatnaşygynyň ähli görnüşlerini ösdürmäge uly mümkinçilikler bar. Bu okuw kitabynda halkara ulag guramalarynyň esasy görnüşleri, alyp barýan işleri, ösüş ugurlary, olaryň döremegine täsir edýän sebäpler görkezilýär. Halkara guramalaryna düşünje we kesgitleme berilýär, guramaçylyk-hukuk we dolandyryş meselelerine seredilýär, olaryň döwletara gatnaşyklary ösdürmekdäki orny, şeýle hem köpugurly sebit we sebitara halkara guramalarynyň aýratynlyklary beýan edilýär. Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynda tutýan ornuna aýratyn we giňişleýin häsiýetnama berilýär. Sergä gatnaşan talyp ýaşlar okuw kitabynyň içinde getirilen gyzyldan gymmatly maglumatlary okap özlerine gerekli maglumatlary alyp, şol pursatda birek-birek bilen sorag-jogap alyşdylar hem-de şu bagtyýar durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
«ÇAGALARYMYZYŇ BAGTYÝARLYGY-WATANYMYZYŇ KUWWADY» ATLY KITAP ŞÜWELEŇI

Kitaphanalar

12.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi bilen bilelikde, tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtyny gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda «Çagalarymyzyň bagtyýarlygy Watanymyzyň kuwwady» atly kitap şüweleňi geçirdi. Kitap şüweleňiň dowamynda kitaphana hünärmenimiz çagalaryň iň köp okaýan kitaplary, ertekileri boýunça sorag-jogap alşyldy gyzykly gürrüňler edildi. Şeýle-de dürli görnüşli bäsleşikler hem geçirildi we ýeňiji bolan çagajyklara kitap sowgatlary bilen gutlanyldy. Kitap şüweleňiň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar çagalara ýaş nesilleriň dynç alyş günlerini ýatdan çykmajak wakalar bilen, gyzykly hem-de şadyýan geçmegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2b.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/3b.jpg)

No image
TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ, DOSTLUGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MEKANY

Kitaphanalar

11.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Köpetdag etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň, dostlugyň hem ösüşiň mekany” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Türkmen halkynyň dost-doganlyga wepalylyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryna hormat goýmak ýörelgeleri özüniň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandygy, adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer däplerini dowam etmek hem-de dabaralandyrmak parahatçylyga, özara düşünişmäge we dostluga belent sarpa goýýan milletimiziň ebedi ýörelgesidigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de dünýä giňişliginde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ähmiýetiniň örän ýokary bolan döwründe döwletimiziň daşary syýasatynyň binýadynda duran Bitaraplyk nusgalyk taglymyna öwrülendigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Watanymyzyň dünýädäki abraýyny şöhratlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
GOÝNUŇDA DYNÇ ALDYM GYZYKLY GEÇÝÄR, GYZGALAŇLY PASLYM, ŞADYÝAN PASLYM

Kitaphanalar

11.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Gökderedäki “Nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Goýnuňda dynç aldym gyzykly geçýär, gyzgalaňly paslym, şadyýan paslym” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly medeni çäresi geçirildi. Çärede güneşe baý tomus paslynda bagtyýar çagalaryň şatlykly owazlary ýurdumyzyň tutuş giňişligine gaýtalanmajak gözellik çaýýandygyny şeýle-de okuw möwsümini tamamlan çagalary ýurdumyzdaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gujak açyp garşylandyklary barada söhbet etdiler. Bagtyýarlygyň bar ýerinde çagalaryň şatlyk-şowhuny has belentden ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesilleriň oňaýly şertler döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýändikleri barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamalary ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÖWÜT ÜNDEWLERI TERBIÝE MEKDEBI

Kitaphanalar

11.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Gökdere çagalar sagaldyş we dynç merkezindäki Altyn sümmül sagaldyş we dynç merkezinde “Magtymguly Pyragynyň öwüt ündewleri terbiýe mekdebi ”- atly söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda her ýylymyz mynasyp at bilen atlandyrylýar. 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrlan ýylymyzda Gökdere çagalar sagaldyş we dynç merkezinde ýerleşýän Altyn sümmül sagaldyş we dynç merkezinde Akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde we ony geljeki nesillere ýetirmekde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň gurnamagynda “Magtymguly Pyragynyň öwüt ündewleri terbiýe mekdebi ”- atly tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligimizi Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Magtymguly-dünýäniň akyldary”- atly ajaýyp kitabyndan şeýle diýär. Magtymguly Pyragy-beýik hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerinde tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip, adamzada söýgini sygdyryp bilen akyldardyr- diýip belläp geçýär. Şeýle-de söhbetdeligimizde çagalaryň bilesigeljigini artdyrmak hem-de dogry pikirlenmekleri üçin ýörüte krosswordlary taýýarladyk. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabynda: – Magtymgulynyň şygyrlary ynsan saglygyna zerur bolan ähli gowy närseleri özünde jemleýän jana şypa beriji ruhy melhemdir – diýip, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly baha berilýär. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde hem uly ähmiýete eýe bolup durýar, Türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwlar edildi.