logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSY» ATLY AJAÝYP KITABYNDAN ÝAZGY

Kitaphanalar

04.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”atly ajaýyp kitabyndan ýazgy edildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly edebi-filosofik eseri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly ajaýyp kitapdyr. Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän bu kitapda esasy ahlak kadalary we ýörelgeler beýan edilýär. Olar häzirki döwürde-de möhüm ähmiýet berilmegi pederlerimiziň däpleriniň, ahlak kadalarynyň dowamat-dowam bolýandygynyň subutnamasydyr diýip, nygtadylar.Olar çykyşlarynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň ömrümize bezeg berýän şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

No image
«TÜRKMENISTAN» TELEÝAÝLYMY BILEN BILELIKDE «BITEWI ELEKTRON KITAPHANA ULGAMY» HAKYNDA ÝAZGY EDILDI

Kitaphanalar

04.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy kitaphanada alnyp barylýan işler we “Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň” işi hakynda ýazgy etdiler. Onda çykyş edenler medeniýet ulgamynyň esasy şahasy hasaplanýan ýurdumyzyň kitaphanalaryna we kitaphana işine uly üns berilýändigini nygtap geçdiler.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaba, kitaphana işine goýýan belent sarpasyny döredip berýän ajaýyp eserleriniň üsti bilen hem görmek bolýar.Bu eserler ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji, maksada okgunly ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin görelde mekdebi bolup, ýurdumyzyň kitaphanalarynyň tekjelerini bezäp dur. Ylym ojagy hasaplanýan Döwlet kitaphanasynda hereket edýän bitewi elektron kitaphana ulgamynyň üsti bilen çalt gözleg etmäne, diňe bir kitabyň asyl nusgasyny däl, eýsem onuň elektron görnüşini okamaga ýardam berýänligi hakynda söhbet etdiler. Milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda, ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAPLAR KÖŇÜLLERIŇ KÜÝSEGI

Kitaphanalar

04.02.2026

Lebap welaýat kitaphanasynda “Kitaplar köňülleriň küýsegi” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige saglyk ulgamynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Bu ýerde esasanam türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ensiklopedik kitaplarynda nygtaýşy ýaly, pederlerimiziň asyrlarboýy sünnäläp, türkmeniň milli gymmatlyklaryna öwrülen halk lukmançylygynda ulanulýan dermanlyk ösümlikler baradaky däp-dessurlary we dürli tärleri ylmy esasda öwrenip, türkmen topragynda ösýän 2000 müňden gowrak dermanlyk ösümlikler türkmen halk lukmançylygynda ulanylýandygy barada bellediler. Şeýle-de türkmen halkynyň saglygy ugrynda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERINDE TÜRKMEN BEDEWINIŇ WASPY HAKYNDA ÝAZGY EDILDI

Kitaphanalar

03.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymy tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde türkmen bedewiniň waspy hakynda kitaphana işgärleri bilen ýazgy edildi.Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlygymyz bolan ahalteke atlarymyzyň sarpasynyň belentde tutulyp,bedewlerimize goýulýan hormatyň has-da artýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke-bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar,sapa-da”atly eserlerinde bedewlerimiziň şan-şöhratyny,atçylygyň taryhy,seýisçilik sungaty barada maglumatlardyr,rowaýatlar hakynda çykyş etdiler. Söhbetleriniň ahyrynda ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, bagtyýarlyk döwrüniň bagtyna guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyza döwletli-döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY MYNASYBETLI ÝAZGY EDILDI.

Kitaphanalar

03.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat teleýaýlymy bilen bilelikde “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ýazgy edildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde kitaphana işgärleri “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda döwlet ähmiýetli alnyp barylýan işler hakynda, bu ýylda ýurdumyzyň baş baýramynyň-mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň giňden bellenilmegi, baýramçylyk mynasybetli Döwlet kitaphanasynda geçiriljek çäreler dogrusynda täsirli söhbet etdiler we işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
ÖSÜŞLERE BESLENEN AK ŞÄHERIMIZ AŞGABAT

Kitaphanalar

03.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat teleýaýlymy bilen bilelikde “Ösüşlere beslenen ak şäherimiz Aşgabat” barada ýazgy edildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde kitaphana işgärleri ýurdumyzyň arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrülendigini, aýratyn binagärlik gurluşy bilen tapawutlanýan paýtagtymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz uly işleri amala aşyrýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«ATALAR SÖZI» GEPLEŞIGINDE GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ TAGALLASY BILEN NEŞIR EDILEN «PAÝHAS ÇEŞMESI» KITABYNDAN ATA-ENÄ HORMAT GOÝMAK WE TÜRKMEN BEDEWINE DEGIŞLI BIRNÄÇE NAKYLLARY HAKYNDA ÝAZGY

03.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilýän ”Atalar sözi“ gepleşiginde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” kitabynda ýerleşdirilen ”Atanyň ojagy gymmat, enäniň gujagy” hem-de “Agaç ekeni biler, at bakany” diýen nakyllar hakynda giňişleýin düşündiriş berdiler we ata-babalarymyzdan miras galyp, biziň şu günlerimize çenli gelip ýeten atalar sözüniň, nakyllaryň ýaşlary watansöýüji ruhda terbiýelemekde görelde mekdebi bolup hyzmat edýändigi dogrusynda gürrüň etdiler. Söhbetleriniň soňunda maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÝYLYŇ ÝUBILÝAR ÝAZYJY-ŞAHYRLARY

Kitaphanalar

03.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynda «Ýylyň ýubilýar ýazyjy-şahyrlary» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde ýurdumyzyň görnükli ýazyjy şahyrlaryň döredijiligi, halkyň jemgyýetçilik, ahlak we ruhy taýdan kemala gelmeginde möhüm ornunyň bardygyny, bu bolsa ýazyjy şahyrlaryň eserleri halkyň duýgularyny, düşünjelerini we öňe sürýän pikirlerini beýan etmek bilen, ýaşlaryň terbiýelenmegine, jemgyýetde has kämil nesiller bolup ýetişmegine giň ýol açýandygy barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda ýazyjy şahyrlaryň eserleri-bu halkyň ruhy dünýäsiniň, ýaşaýyş durmuşynyň, arzuw-islegleriniň hem-de taryhy tejribesiniň aýnasy bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
BEDEW BATLY TÜRKMENISTAN BERKARAR

Kitaphanalar

03.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 130-njy orta mekdepde «Bedew batly Türkmenistan berkarar» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir güni uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýändigi, ýurdumyzyň ösüşüni gazanýan Türkmeniň ahalteke bedewleri, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monoko Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, şahadatnamalaryň gowşurylmagy bütin türkmen halkyny begendirendigi, buýsandyrandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren “Gadamy batly bedew” atly ajaýyp eserinden birnäçe maglumatlar okap berdiler we kitapda ýerleşdirilen foto suratlar bilen tanyşdylar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi,behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýäde belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞINIŇ ÝYLYŇ–ÝYLYNDA GEÇIRÝÄN «ÝYLYŇ ZENANY» BÄSLEŞIGINIŇ AŞGABAT ŞÄHER TAPGYRY GEÇIRILDI

Kitaphanalar

03.02.2026

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýylyň–ýylynda geçirilýän “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige dürli pudaklarda üstünlikli zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Şol sanda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan hem öz işinde ussat kitaphanaçy zenanymyz gatnaşyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinden ruhlanyp, alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin çykyş etdi we baýrakly orunlara mynasyp boldy. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredijilikli işlemäge,okap bilim almana döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.