logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
BILDIRIŞ

Täzelikler

26.06.2025

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki iýun aýynyň 29-na sagat 18:00-da Sizi sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlarymyzyň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary, esasan hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary hem-de «Gündogar ýyldyzlary» milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler. Hormatly Ildeşler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde ähliňizi hoş gördük!!! sirk.gov.tm resmi sahypasynda petekleri «onlaýn» görnüşinde hem alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 36-10-95; 36-10-34; 39-80-44; 39-80-45;

No image
MILLI MEDENIÝETIMIZIŇ BELENT WASPY

Kitaphanalar

26.06.2025

Ahal welaýatynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda medeniýet hepdeligi we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Miras»,«Aşgabat » teleýaýlymlary bilen bilelikde «Milli medeniýetimiziň belent waspy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly bellenilmegi halkymyzyň toýunyň toýlara ulaşýandygyny,toý -baýramlarymyzyň goşa-goşadan toýlanýandygyny uly buýsanç bilen nygtadylar. Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
MEDENIÝET – YNSAN KALBYNYŇ NURY

Kitaphanalar

26.06.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlap «Medeniýet – ynsan kalbynyň nury» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga welaýatymyzyň medeniýet ulgamynda köp ýyllardan bäri tapawutlanyp zähmet çekýän medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar medeniýet we sungat äleminde ýetilen belent sepgitler barada gyzykly gürrüňler berdiler. Çäräniň dowamynda «Medeniýet halkyň ruhy baýlygy» ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler we ajaýyp pursatlarda medeniýet ulgamynda döredijilikli zähmet çekmäne giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
MEDENIÝET HALKYŇ RUHY BAÝLYGY

Kitaphanalar

26.06.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Medeniýet halkyň ruhy baýlygy» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamynda alyp barýan uly işleri barada şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň güni we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän we geçiriljek dabaraly çäreler dogrusynda bellenilip geçildi. Çäräniň ahyrynda ylym-bilim öwrenmekde, medeniýetimizi, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
TÜRKMENISTANYŇ KITAPHANA ULGAMYNY ÖSDÜRMEGIŇ 2025-2029-NJY ÝYLLAR ÜÇIN DÖWLET MAKSATNAMASYNDA BELLENILEN WEZIPELERI ÝERINE ÝETIRMEKDE KITAPHANA IŞINDE ILERI TUTULÝAN UGURLAR

Kitaphanalar

26.06.2025

Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmekde kitaphana işinde ileri tutulýan ugurlar» atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Ahal welaýatynyň çäginde geçirilýän medeniýet hepdeliginiň dabarasy uly toý baýramçylyk şatlyga beslenip, geçirilýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde geçirilmeginde uly ähmiýete eýedir. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Medeniýet merkezinde ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen usulyýet maslahaty bilen uly badalga aldy. «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilen wezipeler maslahatda ara alynyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Maslahata gatnaşyjylar kitaphana işinde öňde baryjy usullar, häzirki zaman gaznalaryny döretmek, medeni, aň-bilim ýaýradyş çärelerini guramak we okyjylaryň işjeňligini ýokarlandyrmak ýaly mowzuklara bagyşlanan çykyşlara giň gerim berildi .Şeýle hem kitaphana işini sanly ulgama geçirmek we bitewi maglumat gurşawyny kemala getirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi hem-de şular dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuň manyly eserleri bu çärede giňişleýin sergilendi. Milli medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak, mundan beýläkde baýlaşdyrmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun.

No image
MILLI MEDENIÝETIMIZIŇ WE SUNGATYMYZYŇ WASPY

Kitaphanalar

26.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň waspy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede dost-doganlygyň ýurdy hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen ata Watanymyz Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýet ulgamyna aýratyn üns berilýändigi, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy ugrunda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, her ýylyň 27-nji iýunynda «Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet» güni uly dabaralara beslenip geçilýändigi, elbetde bu goşa baýramçylygyň utgaşykly bellenilmeginiň uly manysynyň bardygy, ýagny akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri ajaýyp döwrümizde hasyl bolmagy, şahyryň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri bolsa biziň bagtyýar döwrümiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň talyplary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
GÜLLE MEDENIÝETIM, GÜLLE SUNGATYM

Kitaphanalar

26.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Baýram han» seýilgähinde «Gülle medeniýetim, gülle sungatym» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet we sungat işgärleriniň işlerine uly üns berilýändigi, Milli medeniýetimizi açyp görkezmekde, dünýä ýaýmakda birnäçe tagallalar amala aşyrylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň öndümli işlemegi üçin ähli şertler döredilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdymyzda giňden bellenilip, elbetde, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hem medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde bellenilmeginiň aňyrsynda uly sazlaşyk many bardyr diýip, çykyşlarynda beýan etdiler. Çäräniň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymdyr-sazlary çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň hemme taraplaýyn gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
MEDENIÝETIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

26.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Gypjak,Ýasmansalyk medeniýet öýleri bilen bilelikde guramagynda Gypjak medeniýet öýünde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýetiň we döredijiligiň baýramy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen medeniýet we sungat işgärleriniň günini dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigini, milli medeniýet, onuň däp-dessurlaryny we ýörelgelerini, türkmen halkynyň ýaşaýşynyň esasy özenidigi barada gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň öndümli işlemegi üçin ähli şertler döredilýändigi, döwletara gatnaşyklarynda medeniýet milletleri, birek – birege ýakynlaşdyrmakda uly orun eýeleýändigi, ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen ysnyşykly medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Milli medeniýetimizi, däp – dessurlarymyzy giňişleýin öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
KITAP DÜNÝÄŇ AÇARY

Kitaphanalar

26.06.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphanamyzyň halypalary hem-de «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde ýaşlary kitaphanalara çekmek, olaryň kitap okamaklyga bolan höwesini artdyrmak, ýurdumyzda kitaphana ugruny kämilleşdirmek maksady bilen «Kitap dünýäň açary» atly gepleşik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara öwüt-ündew berýän kitaplary, geçirilen maslahatlary barada gürrüň edildi. Bu gepleşigiň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Medeniýet güni hem-de Magtymguly Pyragynyň güni bilen gutlap, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

No image
MEDENIÝET HEPDELIGIŇ ÇÄGINDE GEÇIRILEN «ŞASENEM-GARYP» OPERASY

Täzelikler

26.06.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz parahatçylyga, agzybirlige, abadançylyga we aýdym-sazly dabaralara beslenýär. Ýurdymyzda her ýyl däbe öwrülip geçirilýän Medeniýet hepdeligi mähriban diýarymyzda giňden bellenilýär. Medeniýet-sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni has joşgunly dabaraly geçirilýär we hepdeligiň çäginde geçirilýän çäreleriň gerimi ýyl-ýyldan artýar, many-mazmun taýdan baýlaşýar. 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda bu hepdelik Ahal welaýatynyň çäginde geçirilýär. 2013-nji ýyldan bäri ýurdymyzyň dürli künjeklerinde bellenilýän bu dabaraly çäreler milli medeniýetimiziň gymmatyny aýdyň açyp görkezýär. Hepdeligiň çäginde dürli medeni çäreler, konsertler, forumlar, döredijilik ýygnaklary, täze filmleriň görkezilişi we birnäçe maslahatlar türkmen medeniýetiniň baýlygyny açyp görkezýär. Şeýle ajaýyp dabaralaryň biri-de 2025-nji ýylyñ 24-nji iýunynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirildi «Şasenem-Garyp» operasynyň görkezilmegidir. Bu sahnalaşdyrylan opera sungat ussatlary, medeniýet ulgamynda zähmet çekýän ildeşlerimiz we myhmanlar tomaşa etdiler. Ösüşiň batly gadamy bilen barýan ýurdymyzda Gahryman Arkadagymyzyñ başlangyjy bilen we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ tagallasy bilen milli teatr sungaty, şol sanda opera sungaty ösüşiň täze derejesine ýetdi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/y5r5etrewty5e.jpg) Ussat türkmen kompozitory D. Öwezowyň we A. Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operasynyň birnäçe ýyllardan soñ sahnalaşdyrylmagy teatryň durmuşynda uly waka öwrüldi. Operanyň libretosyny adybir dessanyň esasynda G. Burunow ýazýar. Operanyň täzeden sahnalaşdyrylmagy bu türkmen opera sungatynyň ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr. Opera saz eseriniň nepisligi, onuň baýlygy, milli öwüşgini hem-de duýgularyň ynandyryjylygy bilen tapawutlanýar. Sahna eseri bu ugruň muşdaklaryna bolşy ýaly, islendik tomaşaçy üçin ýakyn we düşnükli boldy. Özüniň kärine yhlasly çemeleşen Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri A. Batyrow operanyň täzeden sahnalaşdyrylmagyna özüniň yhlasyny siňdirip, halk köpçüligine ýetirmegi başardy. Päk söýgi, adalatlylyk hakynda söz açýan, halk aýdym-sazlaryň esasynda döredilen operada teatryň artistleri hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary, hor topary hyjuwly çykyş etdiler. Baş gahrymanlaryň keşbinde Türkmenistanyň at gazanan artistleri A. Seýitgulyýewa, B. Amanowa, Türkmenistanyň halk artistleri A. Garýagdyýew, A. Berdiýew, A. Amanow, şeýle-de D. Sarykow, B. Çerkezow, L. Orazduryýewa, A. Gylyjowa, P. Bakyýew, T. Saryýewa, B. Gaýypow, K. Esenow, A. Kakaýew, B. Nurmuhammedowa dagylar sahnada özleriniň ussatlyklary bilen çykyş etdiler. Gyzgyn söýgä beslenip tomaşa edilen operany Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri ýerine ýetiren sazlary diňleýjileri bada-bat özüne çekýär we olary sahna oýnunyň dünýäsine aralaşdyrýar. Eseriň sazly dramaturgiýasynda sahnanyň häzirki zaman mümkinçilikleri doly ulanyldy. Onuň dowamynda hor aýdymlary we horeografiýa pursatlary ýaýbaňlandyryldy. Köpugurly sahnanyň mümkinçilikleri onda janlandyrylýan wakanyň has-da ynandyryjy bolmagyny şertlendirdi. Bu görkezilen opera Türkmenistanyň at gazanan artisti R. Gylyjow dirižýorlyk etdi. Dirižýor öz ussatlygyny opera siňdirip, inçe duýgular bilen diňleýjilere ýetirmekligi başardy. Köpçülikleýin dabara sahnasy oýnuň jemleýji tapgyryna öwrüldi. Artistleriň belent ruh bilen ýerine ýetiren aýdymlary milli medeniýetimiziň ösmegine we onuň giňden wagyz edilmegine goşýan goşandy hem-de yzygiderli aladasy üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallygyň nyşanyna öwrüldi. Dabaranyň ahrynda görkezilen opera üçin myhmanlar sag bolsun aýtdylar, şeýle-de opera ussatlaryna gül çemenleri bilen sylagladylar. Dabara gatnaşyjylar türkmen opera sungatynyň täze derejelere ýetmegi, baýlaşmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.