logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTAN BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ ÝURDY

Kitaphanalar

11.06.2025

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylan meýilnama laýyklykda Türkmen döwlet maliýe institutynda döredijilik işgärleriniň, professor mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde «Türkmenistan bagtyýar çagalygyň ýurdy» atly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda kitaphana hünärmeni «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň düýbüniň tutulmagy bagtly çagalygyň, bilimleriň ýurdy hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrandygy barada buýsançly gürrüňleri berdi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar diýarymyzy bagtly çagalygyň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
GÖKDERE ŞATLYK-ŞOWHUNYŇ MEKANY

Kitaphanalar

11.06.2025

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanýan günlerinde bellenilen meýilnama esasynda «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Gökdere şatlyk-şowhunyň mekany» atly edebiýat ertirligini geçirdi. Ýaş nesliň arzyly möwsümi bolan mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwri başlandy. Okuwda, sportda guwandyryjy netijeleri gazanýan çagalar wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirip sapaly günleri başdan geçirmekleri üçin ýurdumyzyň şypaly, gözel künjeklerinde döwrebap şertler döredildi. Ýurdumyzda aýratyn alada bilen gurşalyp alnan, biziň ertirimiz bolan çagalarymyz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň saýasynda bagtyýar döwrüň hözirini görüp ýaşaýarlar. Çagalar we ýaşlar üçin ähli şertleriň döredilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Ine bular dogrusynda kitaphana hünärmeniniň beren täsirli gürrüňleri ýaş nesillerde uly täsir galdyrdy. Kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan ertekili we çeper eserlerden guran göçme kitap sergimiz ýaş nesillerde uly täsir galdyrdy. Kitap okamaklygyň peýdasy we boş wagtlarynda gyzykly kitaplary okamaklygyň çagalaryň aňyna ýetirýän täsirleri dogrusynda berlen gyzykly gürrüňler ýaşlarda kitap bilen dostlaşmaga endik etmek maksady bilen geçirildi Edebiýat ertirligimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, şadyýan dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize janynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
EKOLOGIK ABADANÇYLYK – ROWAÇ ÝAŞAÝYŞYŇ KEPILI

Kitaphanalar

11.06.2025

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanýan günlerinde bellenilen meýilnama esasynda «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ekologik abadançylyk – rowaç ýaşaýyşyň kepili» atly daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlap, aýdym-sazly duşuşyk geçirdi. Kitaphana hünärmenleri ýaş nesillere ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi barada we bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ylmy-amaly maslahatlar we ilatyň arasynda wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Ýurdumyzda ekologiýa gününiň giňden bellenilmegi daşky gurşawy goramak meselesine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýändigini hem-de halkymyzda, aýratyn-da ösüp gelýän ýaş nesillerde gözel tebigatymyza bolan söýgüni artdyrmakda ähmiýeti barada hem täsirli gürrüňler edildi. Göçme kitap sergimiz hem ýaş nesillerde uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik, haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmak hem-de tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASYNYŇ UÇURYMLARYNYŇ DIPLOM GORAGY

Täzelikler

10.06.2025

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşçylyk» hem-de «Grafika» kafedrasynda bilim alan talyp ýaşlaryň diplom işleriniň goragy geçirildi. Diplom goragyna medeniýet we sungat işgärleri, Türkmenistanyň halk suratkeşleri we sungatda at gazanan işgärleri hem-de şekillendiriş sungatyny söýüjiler gatnaşdylar. Nakgaşçylyk kafedrasynyň stanok nakgaşçylygy, monumental nakgaşçylygy, teatr-dekorasion nakgaşçylygy hünärleri boýunça bilim alan talyplaryň ýerine ýetiren diplom işleri olaryň öz hünärlerini ýokary derejede ele alandyklaryna şaýatlyk edýär. Nakgaşçylyk kafedrasynyň stanok nakgaşçylygy hünärinde bilim alan talyplar esasan ýurdumyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dessanlardaky beýik şahsyýetleri öwrenip, «Türkmen toýy», «Dokmaçy gelin-gyzlar», «Şükür bagşy», «Halyçylar», «Atabeglik mekdebi», «Altynjan hatyn», «Türkmen dessany: Görogly eposy» ýaly sungat eserlerini ýerine ýetirdiler. Monumental nakgaşçylygy hünärinde bilim alan talyplarymyz «Natýurmort», «Gözelligiň nusgasy», «Türkmen gelin-gyzlary» hem-de teatr-dekorasion nakgaşçylygy hünärinde bilim alan talyplarymyz bolsa «Tumarşa», «Turandot», «Nusaý söýgüsi», «Ömür daragty» ýaly temalar boýunça giň mazmuna ýugrulan sungat eserlerini beýan etdiler. «Grafika» kafedrasynyň kitap grafikasy hünärinde bilim alan talyplar hekaýalary, goşgulary, durmuşy, söýgi ýaly dürli temalary wasp edýän döredijilikli eserleri hem-de kitap bezeg işlerini ýerine ýetiripdirler. Olardan Magtymguly Pyragynyň, Sädi Sädiýewiň, Aýgül Garaýewanyň «Zenan dünýäsi» ýaly goşgulary, Şirinjemal Geldiýewanyň hekaýalary, Zenan gözelligi esasynda ýerine ýetirilen kitap bezeg işleri hem-de hemişelik Bitaraplygymyzy, türkmen milli toýuny, Watana, enä bolan söýgüni wasp edýän «Bitarap ýurdumyzyň bagtyýar çagalary», «Bitarap Türkmenistana 30 ýyl», «Türkmen milli toý baýramlary», «Ene Mähri», «Türkmenistanda oba hojalygyň ösüşi» ýaly stanok işleri taslama gurluşy taýdan tapawutlanýar. «Nakgaşçylyk» hem-de «Grafika» kafedrasyny üstünlikli tamamlaýan uçurymlaryň diplom işleri olaryň döredijilik ýolundaky üstünlikleriniň başlangyjy bolup synag toparynyň agzalary tarapyndan ýokary bahalara mynasyp boldular. Bu hem talyplara öwredilen hünäri doly ele alandyklaryny, mugallymlaryň azabynyň ýerine gowşandygyny, çeperçilik akademiýasynyň täze hünärmenleri taýýarlamakdaky üstünliklerine guwanmaga haklydygyny görkezýär. ###### Çemen ANNAMURADOWA ###### Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy

No image
PEKIN ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET ÝYLYNYŇ ÝAPYLYŞ DABARASY

Halkara gatnaşyklary

10.06.2025

Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet ýyly çäklerinde 4-nji iýundan 7-nji iýuna çenli çäreler geçirildi. Ýapylyş dabarasy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň artistleriniň çykyş eden konserti bilen tamamlandy.

No image
YLYM – YNSAN BAÝLYGY

Muzeýler

10.06.2025

Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her ýylyň 12-nji iýuny Ylymlar güni bellenip geçilýär. Bu dabara mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan «Ylym – ynsan baýlygy» atly sergi gurnady. Ylymlar gününe bagyşlanan sergi iki bölümden ybarat bolup, birinji bölümde tebigat ylymlary bilen baglanyşykly dokumental suratlar hem-de dürli muzeý gymmatlyklar giňden görkezilýär. Bu ýerde mikroskop, barlaghana enjamlary, Türkmenistanyň çäginden gazylyp alynýan ýerasty baýlyklary bolan: hek daşlary, mermer oniks, halsedon, kükürt, selestin, angidrit, gips we başga mineral daşlar görkezilýär. Serginiň dowamynda gadymy haýwanlaryň daşlaşan galyndylaryny öwrenýän paleontologiýa ylmyna degişli eksponatlary hem görmek bolýar. Olaryň arasynda ammonitler, balykgulaklar, deňiz kirpiler, daşa öwrülen agajyň böleginiň gadymylygyna garamazdan biziň şu günlerimize ýetip gelendigi, sergä tomaşa etmäge gelenleri haýran galdyrdy. Serginiň ikinji bölüminde Türkmenistanyň taryhy bilen bagly gazuw-agdaryş işlerinden dokumental foto suratlary we ýurdumyzyň çäginden tapylan arheologik gymmatlyklar görkezilýär. Olaryň arasynda keramiki we metal gaplar, bina bölekleri, diwar bezegleri özboluşlylygy, täsinligi, ýerine ýetiriliş taýdan çeperçiligi bilen ünsüňi özüne çekýär. Ýurdumyzda türkmen ylmynyň ösmegine uly goşant goşan belli alymlaryň portretleri, ylmy we ylmy-populýar kitaplar görkezilýär. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professоrу, jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň kafedra müdiri Nurýagdy Suhanow, Türkmenistanyň Döwlet çереrçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniji Azat Annaýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa gatnaşdylar. Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

No image
BITARAPLYK, PARAHATÇYLYK – ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Kitaphanalar

06.06.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda, bu medeni ojagyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Lebap welaýat geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde gurnamagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlap «Bitaraplyk, parahatçylyk – ösüşleriň aýdyň ýoly» atly söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige jemgyýetçilik guramalaryň işjeň agzalary, kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar kitaphanada hemişelik guralan «Bitaraplyk belent maksatlara ruhlandyrýar» atly kitap sergisine syn etdiler.

No image
GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ MILLI MIRASYNY ÇUŇLAŞDYRYP ÖWRENMEKLIGIŇ YLMY ÄHMIÝETI

Täzelikler

05.06.2025

Ylym – bu ähli ugurlarda, ulgamlarda gazanylýan ösüşleriň binýadydyr. Arkadagly Serdarymyzyň: «Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýen sözlerinden ruhlanýan bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzyň täze taryhy döwründe ylmy şamçyrag edinip, geljegiň nurana ýoly bilen öňe barýarlar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Ylymlar gününiň giňden bellenilmeginde hem çuňňur many bar. Çünki, ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Ylymlar güni mynasybetli «Garaşsyz Türkmenistanyň milli mirasyny çuňlaşdyryp öwrenmekligiň ylmy ähmiýeti» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Ýaşlaryň ylmy gadamlary», «Suratkeşleriň döredijilik eserlerinde ylym-bilimiň waspy», «Arkadag şäheriniň döwrebap binagärlik taslamalary», «Türkmen dessanlary dünýä ylmynda», «Ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyna bagyşlanan nakgaşlyk eserleri», «Ylym we bilim Watanymyzyň kuwwaty», «Dünýäniň akyldary – Magtymguly Pyragy», «Ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň ösüşi» atly temalar boýunça mugallymlaryň we talyplaryň çykyşlary ýerine ýetirildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda ylmy-barlag institutlary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýan bäsleşik taslamalary ýaş alymlaryň bilim derejesini kämilleşdirmäge we ylmy dünýägaraýşyny ösdürmäge ýardam bermekde ähmiýetiniň uludygyny yzygiderli bellediler.

No image
TÜRKMEN SURATKEŞLERIŇ DÖREDIJILIK SAPARYNDA TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ GÖZELLIGI

Halkara gatnaşyklary

04.06.2025

2025-nji ýylyň 24-nji maý 01-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradow hem-de «Dizaýn» kafedrasynyň mugallymy Amanmyrat Modyýew Türkiýe Respublikasynyň Erzurum şäheriniň 2025-nji ýylda türki dünýäniň syýahatçylyk paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan geçirilýän Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna gatnaşyp, iş saparynda boldular. Iş saparynyň esasy maksady döwletleriň biri-biri bilen sungat barada tejribe alyşmak, ýaşaýyş durmuşyny hem-de milli däp-dessuryny döredijilik eserlerinde görkezmegi gazanmakdyr.

No image
YLYM – EŞRETLI WE BAGTYÝAR DURMUŞYŇ GÖZBAŞYDYR

Kitaphanalar

04.06.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda, kitaphananyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda Ylymlar güni mynasybetli «Ylym – eşretli we bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr» ady bilen maslahatyny geçirdi. Maslahata Türkmenabat şäherinde ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çykyşlarda ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly bolmagy ugrunda ähli amatly şertleriň döredilýändigi, ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi we gözýetiminiň giňelmegi üçin zerur şertleriň döredilýändigi barada buýsançly gürrüňler edildi. Gatnaşyjylar çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenleri tarapyndan «Ylym ösüşleriň ganaty» atly guralan kitap sergisine syn etdiler hem-de ýurdumyzda döredilýän ähli şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.