logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
YLYM ÖMRÜŇ BINÝADY

Muzeýler

04.06.2025

Türkmen halky hemişe ylyma, bilime, kitaba aýratyn sarpa goýup gelipdir. Aslynda adama göwher ýaly gymmatly baýlyklaryň dördüsi sowgat berlenmiş. Iman, akyl, ylym, sahawatlylyk. Bular ynsan tebigatynyň bezegi saýylýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Alymlara uýsaň, açylar gözüň» diýip, örän jaýdar belläp geçýär. Ylym, bilim, edebiýat, sungat, medeniýet, adamzadyň bahasyny ölçäp bolmajak baýlyklarydyr. Bu günki gün täze taryhy eýýamymyza-da ýaş nesliň ylym-bilim almagy, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ýurdymyzda ähli mümkinçilikler döredilen. Ýurdumyzda ylmyň, tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksadaokgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip bellemek bilen, ýurdumyzda ýaşlara ylym dünýäsinde-de giň ýol açýar. Her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda Ylymlar güni uly dabaralara beslenip baýram edilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda uludan bellenilýän ylymlar güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde muzeý gymmatlyklaryndan düzülen «Ylym ömrüň binýady» atly wagtlaýyn sergi gurnaldy. Diýseň ýatda galyjy pursatlara baý bolan sergä Türkmenabat şäherindäki Maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň mugallymlary we talyplary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Şeýle-de, ýurdumyza ylymly-bilimli ýaşlaryň döwrebap bilim terbiýe almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de ýaşlara uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden alkyşlaryny beýan etdiler. ###### Gülälek BATYROWA ###### Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy. Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň işjeň agzasy.

No image
SÖZ USSADY MAGTYMGULY PYRAGY

Kitaphanalar

04.06.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Söz ussady Magtymguly Pyragy» atly gezelenç geçirildi. Akyldar şahyryň şygyrlarynda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumy adamzat gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar. Päk göwünli, kalby Watanyna bolan söýgä beslenen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyr setirlerini okanyňda, onuň il-ýurduna, dogduk mekanyna söýgüsiniň belent derejede bolandygyna, onuň hakyky watançy hökmünde türkmen ýurduna, onuň gözel tebigatyna guwanandygyna göz ýetirýärsiň. Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň şahyry hökmünde tanalýar, çünki akyldar şahyryň goşgulary ähli ynsanlar üçin paýhasdyr, nesihatdyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Watana, halka wepaly, arassa ahlakly, belent ruhly, ynsanperwer ýaşlary terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, ony dünýä tanatmak babatda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DAŞARY SYÝASATY PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Kitaphanalar

04.06.2025

Türkmenistanyň Senagatçylyk we telekeçiler partiýasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasaty parahatçylygyň we ösüşiň aýdyň ýoly» atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyz parahatçylygyň, abadançylygyň, asudalygyň mekanyna öwrülýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyz daşary syýasatda Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Dünýäniň ähli döwletleriniň we halklarynyň bähbitlerini nazara alyp, Türkmenistanyň ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän başlangyçlary bilen halkara abraýy barha belende galýar diýip uly buýsanç bilen söhbet etdiler. Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

04.06.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda sagat 10:00-da Ylymlar güni mynasybetli «Ylym – ynsan baýlygy» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
BILDIRIŞ!

Teatr we kino dünýäsi

04.06.2025

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki iýun aýynyň 15-ne sagat 18:00-da Sizi sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlarymyzyň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary, esasan hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary hem-de «Gündogar ýyldyzlary» milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler. Hormatly Ildeşler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde hoş gördük!!! www.sirk.gov.tm resmi sahypasynda petekleri «online» görnüşinde hem alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 36-10-95; 36-10-34; 39-80-44; 39-80-45

No image
HYTAÝ ATŞYNASLYK MEDENIÝETINIŇ WE DEHUA AK FARFORYNYŇ SUNGATY

Halkara gatnaşyklary

03.06.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygy ýokary derejede ösdürilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýüzünde parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda dabaralanýar. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan parahatsöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýaly ýörelgelerimiz täze taryhy döwrümiziň altyn sahypasynyň beýik gymmatydyr. Köp asyrlar bäri dowam edip gelýän türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň, hoşniýetli hyzmatdaşlyklaryň ýokary derejede ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda geçirilýän «Medeniýetler bilen tanyşmak we özara dialog» atly medeni çäräniň çäginde 2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Hytaý dehua ak farforynyň sungaty» we «Hytaý atşynaslyk medeniýetiniň sergisi dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu sergide birnäçe eksponatlar – eýerler, bedew atlaryna bagyşlanan suratlar we heýkeller, dehua ak farforynyň häzirki zaman ajaýyp eserleri görkezildi. Sergide görkezilen eýerleriň ählisi haşam bezegliligi bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Dürli materiallardan döredilen bezeglerinde bagt getirýän mifiki jandarlaryň keşbi suratlandyrylan kümüş haşamlanan eýerler has hem täsir galdyryjydyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/hhnj.jpg) Bu sergide örän ussatlyk bilen döredilen dehua farforynyň ajaýyp dünýäsine syýahat boldy. Bedewleriň hormatyna bagyşlanyp birnäçe taslama eserleri ýerine ýetirilipdir. Muňa mysal edip «Rahat seýil», «Tiz şowlulyk», «Möwç urýan akym», «Bilelikde ösüşe tarap», «Şanly syrat», «Dessine gazanylan üstünlik», «Täsir galdyryjy» ýaly sungat eserlerini agzamak bolar. Bu döredilen sungat eserleriň her biri janly suratlandyrma eýedir. Ondan başga-da dürli temada ýerine ýetirilen «Tämizligiň damjasy», «Asman we ýeriň arasynda», «Müň nesliň halypasy», «Çäksiz», «Perişdejigiň süýji ukusy», «Pion telärindäki düýş», «Aý zenan hudaýy», «Uýalar» ýaly her bir taslama çuň mazmuna eýe bolup, gözellik düşünjesi sungatda ajaýyp pikirler bilen beýan edilýär. Arassa we nepis dehua farfory – bu hytaý sungatynyň müdimi gözelligidir. «Hytaý dehua ak farforynyň sungaty» we «Hytaý atşynaslyk» medeniýetiniň sergisi tomaşaçylarda ruhybelentlik duýgularyny oýaryp, ýakymly täsir galdyrdy. ###### Şemşat HEZRETGULYÝEWA, ###### Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy

No image
WELOSIPED SPORTUNYŇ ÖSEN DIÝARY

Kitaphanalar

03.06.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň ähmiýeti dogrusynda kitaphana hünärmenleriniň arasynda «Welosiped sportunyň ösen diýary» atly söhbetdeşlik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda bu senäniň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylandygyny buýsanç bilen diňlenildi. Bu wakanyň ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini kemala getirýän döwlet hökmünde halkara derejesinde parahatçylyk dörediji kuwwatyny dünýä äşgär edendigi barada hem gürrüňlere orun berildi. Söhbetdeşligimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa ýagdaýyny berkitmek ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

No image
DÜNÝÄ SYRY KITAP BILEN AÇYLÝAR

Kitaphanalar

03.06.2025

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde «Dünýä syry kitap bilen açylýar» atly söhbetdeşlik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitaplaryň nesilleri kämilleşdirmeklikde tutýan orny we bu ugurda dünýäniň gazanan iň kämil usullaryny kitaphana ulgamyna giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly döwletimizde alnyp barylýan möhüm resminamalar we ajaýyp maksatnamalar dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» we «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly gymmatly eserleriniň ýaşlary döwrebap terbiýelemeklikde, olaryň öwrenmäge, okamaga bolan höwesini artdyrmakda uly ähmiýete eýedigi barada hem buýsançly söhbetler edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdymyzda kitaphana ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi, ýaş nesillerimiziň ähli taraplaýyn kämil bolup ýetişmegi barada giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.

No image
HASABAT KONSERTI

Täzelikler

03.06.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda medeniýet we sungat, ylym-bilim syýasaty giňden öňe sürülýär. Ýurdumyzda ýaşlary aýdym-saza, sungata höweslendirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Medeniýet hepdelikleriniň geçirilmegi, bäsleşikleriň, festiwallaryň, konsertleriň yzygider gurnalmagy aýdylanlaryň subutnamasyna öwrülýär. Aýdym-saz sungatyndan ýokary bilim berýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda talyplar halypa mugallymlardan tälim alyp, saz barada umumy medeniýet we sungat barada ençeme zatlary öwrenip saza içgin aralaşýarlar. Ýokary okuw mekdebimizde mugallymlar zehinli talyp ýaşlaryň ýerine ýetirijiligini ösdürmekde olary yzygiderli konsert çykyşlaryna taýýarlamak işlerini hem alyp barýarlar. Ýakynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hasabat konserdinde hem zehinli ýaşlaryň birnäçesini öz hünärlerinden ýokary derejede taýýarlygyny görkezmegi başardylar. Konserdiň dowamynda bagtyýar talyp ýaşlary diňe türkmen kompozitorlarynyň eserlerini däl-de, eýsem daşary ýurt kompozitorlarynyň hem dünýä meşhur eserlerini ussatlarça ýerine ýetirdiler Ýerine ýetirilen eserlerden «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Rasul Nagiýewiň we 2-nji ýyl talyby Kerwen Mirzoýewiň F.Mendelsonyň «Trio» eseri, «Kirişli saz gurallary» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ismail Sähetmyradowyň ýerine ýetiren rus kompozitory P.Çaýkowskiniň «Skerso» atly eserini, «Fortepiano» hünäriniň 4-nji ýyl talyby Şaislam Komiljanowyň ýerine ýetiren F.Şopeniň Etýud №24 eseri, «Aýdym sungaty» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Sähra Akmämmedowanyň ýerine ýetiren belli türkmen kompozitory D.Öwezow, A.Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operasyndan Şasenemiň ariýasy ýaly eserleri diňleýjiler köpçüligi üçin ýatda galyjy eserler boldy. Hasabat konserdiniň ahyrynda konserwatoriýanyň bagşylar ansamblynyň ýerine ýetiren «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» atly aýdymy dabara gatnaşyjylaryň adyndan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş bolup ýaňlandy. ###### Altyn ÝANGYÝEWA ###### Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby

No image
EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY - BAGTYÝAR ÝAŞAÝŞYŇ ÇEŞMESI

Kitaphanalar

02.06.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda, kitaphananyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti, Türkmenistanyň Tebigaty goraýyş jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde gurnamagynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ekologiýa syýasatyny wagyz etmek maksady bilen «Ekologiýa abadançylygy - bagtyýar ýaşaýşyň çeşmesi» atly mowzuk agşamy geçirildi. Bu çärä Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Gatnaşyjylar kitaphana hünärmenleri tarapyndan «Ekologiýa abadançylygy-durmuş abadançylygy”» ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler.