logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«TÄZE ÝYL» GUTLAGLARY ÝAZGY

Kitaphanalar

18.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde kitaphana işgärleriniň “Täze ýyl” gutlaglary ýazgy edildi. Çykyş edenler 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň ajaýyp ösüşleri, biziň ykdysadyýetimiz bilen deň derejede ösýän milli medeniýetimiz we sungatymyz, ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň ösüşleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Soňra teleýaýlymda çykyş edenler ähli türkmen halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy täze 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
TÜRKMEN ALABAÝY HALKYMYZYŇ ÖÇMEJEK GYMMATLYGY

Täzelikler

18.12.2025

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyzyň baý taryhy we medeni gymmatlyklary häzirki güne çenli goralyp saklanylýar. Şeýle gymmatlyklaryň biri hem özüniň akyllylygy, wepalylygy, düşbiligi bilen bütin dünýäni haýrana goýan türkmen alabaýynyň şan-şöhraty üstinliklere beslenen ýylymyzyň altyn sahypasynda uly orun tutdy. Iň gadymy hem naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanýan türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek däpleri BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 16-njy dekabrynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda tegelek stoluň başynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmekde ýurdymyzda alnyp barylýan döwletli işleriň ähmiýeti hakynda şeýle-de ynsanyň ýakyn syrdaş ýoldaşy hasaplanýan türkmen alabaýynyň wepalylygy, edermenligi, gaýduwsyzlygy, barada, onuň ajaýyp keşbiniň sungatda orun tutmagy bilen baglanşykly gyzykly çykyşlar ýerine ýetirildi. Şeýle-de, türkmen alabaýynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünliklere beslenen ýyllaryň biridigini ýene bir gezek äşgär edendigi baradaky buýsançly çykyşlar beýan edildi.

No image
ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY- PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Kitaphanalar

18.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy ýakynda Türkmenistan Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy we Aşgabat säher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy hem-de Ahal welaýat kitaphanasy bilen bilelikde geçirilmeginde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly » atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat eden “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly “ atly gymmatly kitabynyň many -mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle hem nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr diýip bellediler. Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
«PARS, TÄJIK ŞAHYRY» ATLY SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

18.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynyň arasynda Abdylkasym Firdöwsiniň doglan gününiň 1085-ýyllygyna bagyşlap “Pars, täjik şahyry”atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda Pars, täjik halkynyň beýik şahyry Abdylkasym Firdöwsiniň “Şanama” diýen eserinde Rüstemiň şikara çykyşy, onuň Samangan şasy bilen duşuşygy, Suhrabyň Ak galany basyp alşy. Ol Pars, täjik döwletiniň edebiýatynda mynasyp orun almagynda uly goşant goşdy. Beýik şahyryň döreden eserleri, häzirki nesiller üçin buýsanç hem ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ine şular dogrusynda kitaphana hünärmeniniň talyp ýaşlara beren gürrüňlerini uly gyzyklanma bilen diňlediler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli edebiýatymyzy döredijilik ýoluny öwrenmeklikde ägirt uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edildi.

No image
ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY-PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Kitaphanalar

18.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy hem-de Ahal welaýat kitaphanasy bilen bilelikde Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler: Hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden “Türkmenistanyň Bitaraplygy- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze eseriniň many-mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Bu ajaýyp kitap türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik ýoluny, hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik ýörelgesini aýdyň beýan edýär. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler sözleriniň ahyrynda agzybir türkmen halkyny eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY BAŞLANDY

Täzelikler

18.12.2025

17-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Häzirki döwürde däp bolan dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Özara hormat goýmak we deň hukuklylyk ýörelgeleri giň möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty özara ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge güýçli itergi berýär. 2009-njy ýylyň dekabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýa amala aşyran ilkinji resmi sapary döwletara gatnaşyklary düýpli özgerden aýratyn tapgyr boldy. Bu sapar diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açmak bilen çäklenmän, eýsem, uzak möhletleýin senagat hyzmatdaşlygynyň konsepsiýasynyň hem binýadyny goýdy. Türkmenistan we Ýaponiýa halkara guramalaryň meýdançasynda ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine yzygiderli hyzmatdaşlyk edýärler. “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. Milli bähbitleriň özara baglanyşygy häzirki wagtda sebitiň energetika we ekologiýa gün tertibini kesgitleýän ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapýar. “Kawasaki Heavy Industries”, “Mitsubishi Corporation”, “ITOCHU”, “Sojitz” ýaly öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmat daşlygyň netijesinde sebitde deňi-taýy bolmadyk önümçilik kärhanalary döredildi. Ahaldaky tebigy gazdan ekologik taýdan arassa benzin öndürýän zawod şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir. Gyýanlyda polimer zawodynyň, Garabogazda karbamid zawodynyň işe girizilmegi bu strategiýanyň dowamy boldy. Bu taslamalar Türkmenistanyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň senagat taýdan ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrdy. ___________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
GÖWÜNLERI GALKYNDYRAN HOŞ HABAR

Muzeýler

17.12.2025

Bu ajaýyp ýylymyz parahatlygyň we ynamyň ady bilen başlap ,bedew batly ösüşlere rowana bolýar. Asyrlar boýy parahatlyk tuguny parladan türkmen halky bu gün ak arzuwlarynyň wysal bolandygyna buýsanyp ýaşaýar. Ýylymyzyň ösüşlere beslenip tamamlanyp barýan günlerinde “Türkmen alabaý itlerini ösdürüp ýetişdirmek däpleriniň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi ähli halkymyz bilen birlikde biz muzeý hünärmenleriniň buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň ,,Türkmen alabaýy’’ atly kitabynda alabaý itleriniň dürli görnüşleriniň suratlary bilen bezelmegi, rowaýatlaryň, tymsallaryň beýan edilmegi okaýjyny özüne çekýär. Bu kitap diňe bir türkmen halkynyň söýüp okaýan eserleriniň biri bolman, eýsem dünýä halklaryny hem haýrana goýýan eserleriniň biridir. Halkymyzyň asyrlar boýy ýoldaşy bolup gelen alabaýlarymyza belent ýaşulular: ,,Alabaý –eýesine örän wepaly haýwan’’ diýip, ynam bilen aýtýarlar. Öýüň sakçysy, mal yzynda gezýän adamlaryň kömekçisi hem sürini goraýjysy, ýolda wepaly ýoldaşy bolýan alabaý itimiz taryplamaga mynasypdyr. Bir gadymy aýtgyda «Türkmen itiniň bolan ýerinde, ne ýylan bardyr, ne içýan» diýilýär. Erkekler öýden gidenlerinde, aýallaryň we çagalaryň howpsuzlygy üçin jogapkärçilik wepaly alabaý itiniň üstüne düşüpdir. Ata-babalarymyz çydamlylygy, aýratyn wepalylygy bilen tapawutlanýan alabaýlaryň ajaýyp tohumyny döretmegi başarypdyrlar. Köp ýüzýyllyklaryň dowamynda bu tohum itler adamlar üçin ygtybarly garawul bolup hyzmat edipdir. Gadymy türkmen halylarynyň göllerinde tapylan it şekilleri-de, Altyn depeden tapylan terrakotadan ýasalan itiň heýkeljigi, gadymy Marguşdan we Jeýtundan tapylan itiň ystyhanlary, Pessejikdepe ýadygärliginde diwaryň ýüzüne çekilen itiň şekilleri hem muny subut edýär. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň barşynda «Güjük yzy» diýilýän gadymy nagyş tapyldy. Türkmen itiniň penje yzlary IX–XIV asyrlara degişli Şähryslam ýadygärliginiň kerpiçlerinde möhür bolup galypdyr. Gadymy yrymlara görä, bu nagyş tumaryň wezipesini ýerine ýetiripdir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, alabaý halkyň medeniýetiniň möhüm bölegidir. Ol halkymyzyň aňynda sazlaşyk, gözellik, diňe bir maddy däl, eýsem, ilkinji nobatda, ruhy gymmatlyk hökmünde özboluşly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek boýunça alyp barýan maksatnamalaýyn we netijeli işleri biziň edermen, wepaly we kuwwatly alabaýlarymyzyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagyna ýardam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda halkymyzyň baý mirasy aýawly saklanylýar we oňa sarpa goýulýar. Beýleki milli gymmatlyklar ýaly, türkmen alabaýy hem dünýäde şöhrata eýe bolup, türkmen halkynyň gözellik, dostluk, söýgi baradaky garaýyşlarynyň netijesidir. Halkymyz ahalteke bedewlerine, alabaý itlerine diýseň buýsanýar. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan aladalary bilen milli mirasymyza we gymmatlyklarymyza uly sarpa goýulýar. Türkmen alabaýyny gorap saklamak ugrunda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasnyň döredilmegi, ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek boýunça uly işleri alyp barýar. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesiniň Türkmen alabaýynyň baýramy hökmünde yglan edilmegide munuň aýdyň subutnamasydyr. Soňky ýyllarda dünýäniň dürli künjeklerinde türkmen alabaýlarynyň muşdaklaryň sany barha artýar. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy we täze neşir edilýän “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” atly žurnaly itleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça hünärmenleri birleşdirmäge, alymlary hem-de muşdaklary meşhur alabaýyň taryhy dogduk watanynda jemlemäge ýardam eder “Türkmen alabaý itlerini ösdürüp ýetişdirmek däpleriniň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi türkmen medeniýetiniň medeniýetiniň dünýä medeniýetinde eýeleýän mynasyp ornuny görkezýär. Türkmen alabaýlaryna çäksiz sarpa goýýan, taýsyz tagallalary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin! _________________________________ Maral Hojagulyýewa Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
«KITAP-HALKYMYZYŇ RUHY HAZYNASY» ATLY KITAP SERGISI

Kitaphanalar

17.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi ”Kitap-halkymyzyň ruhy hazynasy” ady bilen giňişleýin kitap sergisini gurnady. Bu guralan kitap sergisinde türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýazan gymmatly eserleri, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitaby şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda çap bolan dost-doganlyk, parahatçylyk barada ýazylan edebiýatlar goýuldy. Mundan başga-da bu guralan kitap sergisinde Halkara Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan kitaplar hem ýerleşdirildi.Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY- PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY

Kitaphanalar

17.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr“, ”Ýaşlyk”, ”Türkmenistan”, ”Aşgabat” teleýaýlymlary bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabyndan ýazgy edildi. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly “ atly gymmatly kitaby nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr diýip bellediler. Hormatly Prezidentimiziň öňki ajaýyp kitaplary bolan “Ýaşlar- Watanyň daýanjy”,”Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, “Magtymguly- dünýäniň akyldary” atly kitaplarynyň üstüni ýetirýän “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly ajaýyp kitaby hem Döwlet kitaphanamyzyň kitap hazynasyny baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir diýip, uly buýsanç bilen çykyş etdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY–PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Kitaphanalar

17.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hem-de Ahal welaýat kitaphanalarynyň bilelikde gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy–parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärede çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna «Türkmenistanyň Bitaraplygy–parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyny peşgeş bermegi, halkymyza toý sowgady bolandygyny, bu bolsa ähli ildeşlerimizde buýsanç duýgusyny döredendigi barada beýan etdiler. Şeýle-de bu ajaýyp kitapda türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik ýoluny, Hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik ýörelgesini aýdyň beýan edýändigi barada aýtdylar. Mundan başga-da kitapda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler, toplumlaýyn milli maksatnamalar, taslamalar beýan edilýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary türkmen halkyna peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.