logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMEN-AWSTRIÝA DOSTLUK TOPARYNYŇ MEJLISI

Täzelikler

17.12.2025

16-njy dekabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen mejlise türkmen we awstriýa tarapyndan toparyň agzalary gatnaşdylar. Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger duşuşygy açyp, Gahryman Arkadagymyz bilen ýakynda geçiren duşuşygynyň ähmiýetini belledi. Ol 2008-nji ýylda bu toparyň döredilmeginiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa amala aşyran ilkinji resmi sapary bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny aýdyp, medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalara, maglumat alyşmalaryna we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda soňky ýyllarda netijeli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Türkmen tarapyndan çykyş edenler özara ynanyşmak we birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, iki ýurt hem bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan uly mümkinçiliklerden doly peýdalanmaga çalyşýar. Mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we dostluk toparynyň iş ugurlaryny giňeltmäge gönükdirilen birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sanly ulgam arkaly çykyş edenler işewürlik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny aýdyp, täze başlangyçlaryň hem-de durmuşa geçirilýän taslamalaryň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar. Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni diplomatiýa arkaly gatnaşyklary has-da ilerletmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy. Mejlisde 2026-njy ýyl üçin geljegi uly beýleki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Toparyň işini işjeňleşdirmäge, bilelikdäki işe öňdebaryjy türkmen kompaniýalaryny çekmäge degişli meselelere hem garaldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň 17 ýyllygy mynasybetli, iki ýurduň arasyndaky ykdysady we işewürlik taslamalarynyň ösdürilmegine goşan uly goşandy, şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda alyp baran netijeli işi üçin toparyň degişli agzasy Hormat haty bilen sylaglanyldy. Şeýlelikde, 2025-nji ýyl Türkmen-awstriýa dostluk toparyna diňe bir ikitaraplaýyn wezipeleri däl, eýsem, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek üçin öz meýdançasyndan ýokary derejede peýdalanmaga hem mümkinçilik berdi. ____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
PARAHATÇYLYK GELEJEGE MUKADDES MIRASDYR

Kitaphanalar

16.12.2025

Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş Muzeýinde ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Arkadag” gazetiniň redaksiýasy we Arkadag şäher Kärdeşler Arkalaşygy guramasy bilen bilelikde “Parahatçylyk gelejege mukaddes mirasdyr” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Ol bäsleşikde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň usuly kitapnama bölümçesiniň usulçysy Amangözel Gurbandurdyýewa 3-nji orna mynasyp boldy. Bize şeýle eşretli zamanany döredip beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys, goý olaryň janlary sag ömürleri uzak bolsun alyp barýan il ýurt we adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

No image
ROWAÇ EÝLÄR YNSANPERWER ÝOLLARY, BITARAPLYK HEM-DE PARAHATÇYLYK

Kitaphanalar

16.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Rowaç eýlär ynsanperwer ýollary, Bitaraplyk hem-de parahatçylyk”atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda halkara derejesinde toýlanan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, bu uly toý baýramlara beslenen baýramçylygyň türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz her gezek BMG-nyň mejlislerinde umumadamzat bähbitli täze başlangyçlary öňe sürýär diýip bellemek bilen çykyş edenler döwletimiziň alyp barýan dost-doganlyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde giňden dabaralanýandygyny bellediler. Çykyşlarynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mundan buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
DOST-DOGANLYK GÜLLEÝÄR, PARAHATLYK ÝOLY BILEN

Kitaphanalar

16.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen 95-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Dost doganlyk gülleýär, parahatlyk ýoly bilen» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, türkmen medeniýetini, sungatyny äleme ýaýmakda nusgalyk işleri amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy” atly kitaby türkmen halkynyň pelsepewi dünýäsini açýandygy, dost-doganlyk ýaly beýik ýörelgeleri bu günki gün bagtyýarlyk döwrümiziň binýady bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda bagtyýar halkyny asuda durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
BÄSLEŞIGIŇ JEMLERI JEMLENDI

Täzelikler

16.12.2025

2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň bilelikde guramagynda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, «Parahatçylyk we ynanyşmak – Bitaraplygyň binýady» hem-de «Dünýä dursun parahat!» atly döredijilik bäsleşikleriň jemlerini jemlemek dabarasy boldy. Hekaýa, şygryýet, makala ugurlaryny öz içine alan bu bäsleşige, döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiz uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar özleriniň bäsleşige hödürlän eserlerinde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünliklerini, ýetilen belent sepgitleri hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň waspyny ýetirip, çuňňur many-mazmunyny giňden açyp görkezdiler. Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy. Bäsleşige gatnaşyjylar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, dünýä nusgalyk beýik işleri arkaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli ugurlardaky döwrebap ösüşlerini has-da belende götermek ugrundaky giň gerimli işleri üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler. ______________________________ Ogulgurban Gaşlakowa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
RÖWŞEN GELJEGE ROWAÇ GADAMLAR

Kitaphanalar

16.12.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda, ajaýyp binada zähmet çekýän hünärmenleriň we “Türkmen gündogary” gazediniň redaksiýasynyň bilelikde gurnamaklarynda “Täze ýyl ýagşy arzuwlaryň baýramy” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige KAA-nyň Saýat etrap birleşmesiniň wekili, “Türkmen gündogary” gazediniň redaksiýasynyň uly habarçysy we kitaphanaçylar gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde tamamlanyp barýan 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly hakykatdanam hem göwünleri galkyndyryjy, rowaçlyklaryň ýyly bolandygy, bu ýylda ýurdumyzda möhüm ähmiýetli özgertmeleriň durmuşa geçirilendigi, welaýatymyzda medeni durmuş binalar açylyp ulanylmaga berilendigi, her bir ulgamda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada aýdylyp, Garaşsyz, Baky Bitarap Diýarymyza nur bolup geljek 2026-njy ýyl hem beýik ýeňişleriň, parahatçylygyň, ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýän ýyly bolmagyny, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdylyp, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
2025-NJI ÝYLYŇ 19-21-NJI DEKABRY ARALYGYNDA ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GÖRKEZILJEK SAHNA OÝUNLARYNYŇ TERTIBI

Teatr we kino dünýäsi

16.12.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 20.12.2025ý. «Ependi ýa-da gülkünç goňşy» sagat 19:00 21.12.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 ____________________________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 20.12.2025ý. «Sawçy hem sallahlar» sagat 19:00 21.12.2025ý. «Hoş geldiň täze ýyl!» sagat 19:00 _______________________________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 19.12.2025ý. «Sakarja geçi» sagat 11:00 19.12.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00 20.12.2025ý. «Näzli dildarym» sagat 19:00 21.12.2025ý. «Sabyr Ataýewa» sagat 16:00 21.12.2025ý. «Geliň gülşeliň» sagat 19:00 __________________________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 19.12.2025ý. «Счастье туркмен» sagat 19:00 20.12.2025ý. «Проделки Бабы Яги» sagat 12:00 20.12.2025ý. «Свободные бабочки» sagat 19:00 21.12.2025ý. «Гринч, похититель Нового года» sagat 11:00 21.12.2025ý. «Гринч, похититель Нового года» sagat 13:00 21.12.2025ý. «Пять вечеров» sagat 19:00 ___________________________________________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 20.12.2025ý. «Ýediň enesi» sagat 19:00 21.12.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 ___________________________________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 20.12.2025ý. «Ýagyş ýagan gijesi» sagat 19:00 21.12.2025ý. «Älemgoşarly tomus» sagat 19:00 ___________________________________________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 20.12.2025ý. «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» sagat 17:00 20.12.2025ý. «Jüýteniň toýy» sagat 19:00 21.12.2025ý. «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» sagat 12:00 21.12.2025ý. «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» sagat 17:00 21.12.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 ___________________________________________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 19.12.2025ý. «Jadygöýiň agyrly dişi» sagat 17:00 20.12.2025ý. «Gumly gelin» sagat 19:00 21.12.2025ý. «Gumly gelin» sagat 19:00 ___________________________________________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 20.12.2025ý. «Gülmek ömürden» sagat 19:00 21.12.2025ý. «Şygyr diwany» sagat 19:00 ___________________________________________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 20.12.2025ý. «Gelinler» sagat 19:00 21.12.2025ý. «Söýmedige süýkenme» sagat 19:00 ___________________________________________ MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 20.12.2025ý. «Dowamat» sagat 19:00 21.12.2025ý. «Geliň gülşeliň» sagat 19:00

No image
JEMGYÝET WE KANUNÇYLYK

Täzelikler

16.12.2025

15-nji dekabrda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň işgärleri bilen Türkmenistanyň Adminstratiw hukuk bozulmalary hakyndaky Kodeksine girizilen üýtgeşmeleri we goşmaçalary düşündirmek, hukuk sowatlylygyny artdyrmak, hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, kanun bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we giňden wagyz etmek maksady bilen duşuşyk ýygnagy geçirildi. Duşuşyk ýygnagynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleri çykyş etdiler. Çykyş edenler Türkmenistanyň Adminstratiw hukuk bozulmalary hakyndaky Kodeksine girizilen üýtgeşmeleri we goşmaçalar barada giňişleýin beýan edip, syýasy jemgyýetçilik durnuklylygyny gazanmakda, hukuk jemgyýetini berkarar etmekde, Watanymyzy ösdürmekde munuň möhüm ähmiýete eýedigini, her bir raýatyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny bilmelidigini hem-de berjaý etmelidigini bellediler.

No image
ARZUWLAN ZAMANAŇ GELDI PYRAGY–WATANY BEÝGELDÝÄR DÖWRÜŇ ŞYGARY

Kitaphanalar

16.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymynyň «Waspyň dillerde dessan Aşgabat» atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde «Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy–Watany beýgeldýär döwrüň şygary» atly söhbetdeşligi geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» şygary astynda geçýän 2025-nji ýylda dana şahyrymyzyň çoh garaşan ajap eýýamynyň şanly sene ýazgysynyň üstüni ýetiren ajaýyp wakalara baý bolandygy barada täsirli gürrüňler edildi. Geçilen ýola buýsanç, öňde duran menzillere uly ynam täze ýyl baýramynyň şatlygyny has-da artdyrýar. Döwletli döwranly zamanamyzda türkmen halky «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny hem beýik işler bilen şöhratlandyryp taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazdy. Ine şular dogrusynda täsirli gürrüňler giňişleýin beýan edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmeniň döwletli ýoluny ak geljege rowana ýollara alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
GYMMATLY TOÝ SOWGADY

Muzeýler

16.12.2025

Türkmen halky elmydama kitaba gymmatlyk hökmünde seredipdirler.Kitaby gory egsilmeýän gymmatly saýýan halkymyzda kitap paýhas çeşmesi hasaplanýar. «Gahryman Arkadagymyz–Kitap köňülleriň nagşydyr,ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip adamlaryň ýüreklerine ýol salýar» diýip belleýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýunyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň ganatly galamyndan, jöwher paýhasyndan,ýiti zehininden dörän ýene bir täze eseriniň gollarymyza gowuşmagy göwünleri galkyndyran goşa şatlyga öwrüldi. Ajaýyp eseriň Türkmen BMG-sy netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi bölüminde şeýle bellenilýär: Biz dünýä bileleşigi bilen bilelikde örän möhüm şanly senäni Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny giňden belleýäris. Şu mynasybetli paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň ýokary derejede geçirilmegi döwletimiziň parahatsöýüjilik syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň ýene bir ýola äleme aýan edýär. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň Halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrylmamgyna ýurdymyzyň syýasy ykdysady medeni ugurlarda gazanan üstünliklerine uly goşant goşan raýatlarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanmagy möhüm ähmiýete eýedir. Şanly ýylyň wakalarynyň ählisi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy we durnuklulygy goldamaga umumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli daşary syýasat strategiýasyna ygrarlylygyň güwäsi bolup, taryhyň gatlaryndan orun alýar» diýip belleýär. Şanly wakalaryň öňüsyrasynda Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan çuňňur syýasy taryhy durmuşy ykdysady ruhy medeni hem-de ynsanperwer ähmiýetli döwrebap pikirlenişe daýanýan giň dünýä garaýyşly pikirleri özünde jemleýär. Kitapda türkmen bitaraplygynyň gadymy gözbaşlary taryhy ähmiýeti döwletimiziň bitaraplyk syýasaty halkara hukuk derejesiniň esaslary düýpli açylyp görkezilýär.Şeýle hem onda garaşsyz Türkmenistanyň daşary ykdysadyýetiniň syýasy gatnaşyklarynda eýeleýän işjeň orny ählumumy wezipeleri çözmek bilen bagly başlangyçlary giňişleýin seljerilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlary beýan edilýär. Ýurdumyzda ýetilen belent sepgitlerimiziň gazanylan üstünliklerimiziň jemi jemlenilýär.Şonuň bilen birlikde bu ajaýyp eser Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda Türkmenistanyň Bitaraplygyna 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgady boldy. Mazmuny bir kitapda türkmen ,iňlis, rus dillerinde jemlenen eser dokuz bölümden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň «Bitaraplyk türkmen paýhasynda» «Bitaraplygyň taryhy köklerine nazar aýlap» «Türkmenistan BMG-sy netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi» «Parahatçylyk we ynanyşmak döwrüň derwaýyslygy» «Bitaraplygyň ynsanperwer ölçegi» «Türkmenistanyň açyk gapylar syýasaty» «XXI asyr Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady strategiýasy» «Parahatçylyk türkmen swilizasiýasynyň binýady» atly bölümlerinde halkymyzyň paratsöýüjilik pelsepesiniň taryhy kökleriniň gadymyýetiň jümmüşine uzaýandygy açylyp görkezilýär.Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklanýandygy beýan edilýär. Şeýle ajaýyp many-mazmunly eserleri halkymyza serpaý berýän,halkymyzyň parahat, asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin döwlet galamy batly bolsun. _____________________________ Gülälek Batyrowa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy