logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY KITAP

Kitaphanalar

04.08.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam, edýän günlerinde, «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan ýaş nesilleriň arasynda «Kämilligiň gözbaşy kitap» ady bilen duşuşyk geçirdi. Kitaphana hünärmenleriniň kitap okamaklygyň adamzat durmuşynda tutýan orny we boş wagtlaryňda gyzykly kitaplardan peýdalanmaklygyň ähmiýeti dogrusyndaky beren gürrüňlerini dynç alyşyny sapaly geçirýän ýaş nesiller uly höwes bilen diňlediler. Göçme kitap sergimizdäki neşir önümleri ýaşlarda kitap okamaklyga höwes döretdi. Duşuşygymyzyň ahyrynda oňa gatnaşanlar adamzadyň köňül nagşyna deňeýän kitaplary döwrebap usullarda neşir edip, okyjylar köpçüligine ýetirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly |Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
HAZARYŇ TÜRKMEN KENARY-GIŇ MÖÇBERLI HALKARA FORUMYŇ GEÇIRILÝÄN MERKEZI

Täzelikler

04.08.2025

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Baýdak galdyrmak dabarasy möhüm çäräniň başlanýandygyny aňlatmak bilen, adatça, çäräni kabul edýän ýurduň hem-de BMG-niň baýdaklarynyň galdyrylmagyny öz içine alýar. Şu gezekki dabara Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň ählumumy abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen maksatlaryna ygrarlydygyny hem-de bu ugurda tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek görkezdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna, Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenýän şu ýylda şeýle wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmegi wajyp ähmiýete eýedir. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnukly energetika, ulag, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Giň gerimli foruma ençeme döwletleriň Baştutanlarynyň, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejeli çäreleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigini alamatlandyrýar. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahat Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açar. Onuň giň gerimli maksatnamasy ösüş üçin zerur bolan wezipeleri çözmäge, uzak möhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir. Bu bolsa Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek subut eder.

No image
TÜRKMENISTAN-BMG: HYZMATDAŞLYGYŇ TARYHYNDA TÄZE TAPGYR

Täzelikler

04.08.2025

3-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza geldi. Möhüm halkara forum Türkmenistanyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Belent mertebeli myhman Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde mähirli garşylanyldy. Asylly däbe görä, oňa gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary bilen mähirli salamlaşyp, ony mukaddes türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany howa menzilinde mähirli garşylap, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny görkezýän çözgüde öwrülendigini aýtdy. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda geçirilýän tutuş adamzat ähmiýetli halkara foruma gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Häzirki döwrüň möhüm meselelerini öz içine alýan maslahatyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça gazanyljak ylalaşyklaryň dünýä döwletleriniň ykdysadyýetiniň ösüşine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi. Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň geljekki ösüşi boýunça oňyn meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň we degişli çözgütleri kabul etmegiň ähmiýeti barada aýdyp, Milli Liderimiz BMG-niň howandarlygyndaky ýokary derejeli forumy guramagyň Türkmenistana bildirilýän ählumumy ynam hökmünde kabul edilýändigini belledi. Bu forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, söwda-ykdysady ulgamda sebitara we halkara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berer. Şeýle hem onuň çäklerinde ugurdaş çäreleriň, degişli düzümleriň arasynda duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigi aýdyldy. Aýratyn-da, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagyň 30 ýyllygynyň, BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyna üns çekildi. Bu forum Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurtlaryň hyzmatdaşlyk strategiýasynyň işjeňleşdirilmegini üpjün eder.

No image
SPORT–SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

31.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Çeşme» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda «Sport–sagdynlygyň gözbaşy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda sporty ösdürmek, adam saglygy berkitmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy barada aýtdylar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirmäge giň ýol açylandygy, munuň özi ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek meselesine örän uly ähmiýet berilýändiginiň subutnamasy bolup durýandygyny, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülendigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda sporty ösdürmekde beýik işeri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
GETIRÝÄR ÄHLI ÝOLLAR, BU GÜN TÜRKMENISTANA

Kitaphanalar

31.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Getirýär ähli ýollar, bu gün Türkmenistana» atly gepleşigi ýazgy etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň biziň ýurdumyzda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi halkymyzyň dünýädäki abraýyny belende göterýänligi barada buýsançly gürrüňler diňlenildi. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bu babatdaky meselelerini oňyn çözmekde ýurdumyzyň geografik, geosyýasy we geoykdysady ýerleşişiniň iňňän amatly şertleri döredýändigini, aýratyn hem berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň dünýäniň dürli sebitlerinde ýerleşýän deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň kiçi ada döwletleriň hem-de az ösen ýurtlaryň dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklaryny sazlaşykly ýola goýmakda uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn bellenildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan döwletimizi parahatçylygyň we ynanyşmagyň watanyna öwrüp dünýä halkaryny bir supranyň başynda jem edip beýik döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan edidi.

No image
HALYPALARYŇ NUSGALYK ESERLERI

Kitaphanalar

31.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tarapyndan «Halypalaryň nusgalyk eserleri» ady bilen «Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şaguluýewa (Doglan gününiň 85 ýyllygyna)», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Tuwakgül Gylyjowa (Doglan gününiň 70 ýyllygyna)», «Taryh ylymlarynyň kandidaty Agamyrat Baltaýew: geçmişden şu güne–taryhy ýazgylar» atly ýazylan bibliografiýa görkezijilerine syn geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ata Watanymyza uly ösüşleriň we özgerişleriň buşlugyny getiren «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda täze eýýamyň Galkynyşy döwri özüniň ajaýyp pursatlaryny bolluk bilen eçilýär. Her bir ulgamda bolşy ýaly, medeniýet-sungat ugurlarynda hem, täze badalgalar amala aşyrylýar. Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi hem şöhratly, bagtyýar ýyllarymyzda ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekip, taryhda yz goýan şahsyýetleriň, ýazyjy-şahyrlaryň bibliografiýa görkezijilerini taýynlap okyjylara ýetirilýändigi hakynda aýdyldy. Çykyşyň dowamynda ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligini giňden öwrenmäge hem-de beýik şahsyýetleri dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini kitaphana synyna gatnaşan işgärler arzuw etdiler.

No image
EDEBI MIRAS-EBEDI MIRAS

Kitaphanalar

31.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, Döwlet kitaphanasy, «Mir 24» teleýaýlymy bilen bilelikde «Edebi miras-ebedi miras» ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Şeýle ajaýyp günlerde «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalmaýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibini tassyklamak hakynda» Karara gol çekilmegi halkymyzyň baý taryhyna, milli mirasyna, nepis sungatyna bolan söýgümizi artdyrdy diýip, nygtap geçdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda gadymy medeni mirasymyzy gorap saklamaga öwrenmäge we ony dünýäde wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak bolmagyny,alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ROWAÝATLAR UMMANY AÇAR SYRLY DÜNÝÄNI

Kitaphanalar

31.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi, Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi bilen bilelikde «Nebitçi» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Rowaýatlar ummany açar syrly dünýäni» atly göçme sergi gurady. Gökdere jülgesinde guralan sergidäki kitaplar, rowaýatlar we ertekiler-sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalarda uly täsir galdyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda nesilleriň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar. Hormatly Prezidentimiz «Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär» diýip belleýär. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmaklary, döwrebap dynç almaklary üçin şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
AJAP DÖWRÜŇ BAGTYÝAR NESILLERI

Kitaphanalar

30.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda «Ajap döwrüň bagtyýar nesilleri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan umumybilim berýän orta mekdeplerde döwrebap bilim-terbiýe almagy, sport bilen meşgullanmagy, göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreler, dürli görnüşli ýaryşlar, döredijilik we zehin bäsleşikleri, sport ýaryşlarynyň, gezelençleriň yzygiderli gurnalýandygy barada hem belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalaryň gülki sesleriniň belentden ýaňlanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Muzeýler

30.07.2025

Şan-şöhraty älem-jahany haýrana goýýan eziz Diýarymyzyň her dogýan nurly güni taryhyň sahypalaryna ebedilik ýazylýar. Hemişelik ýurt Bitaraplygymyzyň şanly toýunyň halkara derejede belleniljek bu şanly ýylymyzda geçirilýän çärelere işjeň häsiýet mahsus. Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Çärjew etrap komitetleriniň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistanyň Halk maslahaty-döwletliligiň aýdyň ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly ýagdaýda geçen bu maslahata muzeý hünärmenleri, ýaşuly nesiliň wekilleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, bilim we medeniýet işgärleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda ajaýyp ýylymyzyň taryhy wakasyna öwrüljek nobatdaky Halk maslahatynyň ähmiýeti, şanly senelere görülýän taýýarlyklar dogrusynda birnäçe çykyşlar edildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eşretli zamanada ýaşamaga, döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly sagbolsunlaryny beýan etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/00.jpg)