logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
ARZUWLAN ZAMANAŇ GELDI PYRAGY–WATANY BEÝGELDÝÄR DÖWRÜŇ ŞYGARY

Kitaphanalar

16.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymynyň «Waspyň dillerde dessan Aşgabat» atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde «Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy–Watany beýgeldýär döwrüň şygary» atly söhbetdeşligi geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» şygary astynda geçýän 2025-nji ýylda dana şahyrymyzyň çoh garaşan ajap eýýamynyň şanly sene ýazgysynyň üstüni ýetiren ajaýyp wakalara baý bolandygy barada täsirli gürrüňler edildi. Geçilen ýola buýsanç, öňde duran menzillere uly ynam täze ýyl baýramynyň şatlygyny has-da artdyrýar. Döwletli döwranly zamanamyzda türkmen halky «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny hem beýik işler bilen şöhratlandyryp taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazdy. Ine şular dogrusynda täsirli gürrüňler giňişleýin beýan edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmeniň döwletli ýoluny ak geljege rowana ýollara alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
GYMMATLY TOÝ SOWGADY

Muzeýler

16.12.2025

Türkmen halky elmydama kitaba gymmatlyk hökmünde seredipdirler.Kitaby gory egsilmeýän gymmatly saýýan halkymyzda kitap paýhas çeşmesi hasaplanýar. «Gahryman Arkadagymyz–Kitap köňülleriň nagşydyr,ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip adamlaryň ýüreklerine ýol salýar» diýip belleýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýunyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň ganatly galamyndan, jöwher paýhasyndan,ýiti zehininden dörän ýene bir täze eseriniň gollarymyza gowuşmagy göwünleri galkyndyran goşa şatlyga öwrüldi. Ajaýyp eseriň Türkmen BMG-sy netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi bölüminde şeýle bellenilýär: Biz dünýä bileleşigi bilen bilelikde örän möhüm şanly senäni Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny giňden belleýäris. Şu mynasybetli paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň ýokary derejede geçirilmegi döwletimiziň parahatsöýüjilik syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň ýene bir ýola äleme aýan edýär. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň Halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrylmamgyna ýurdymyzyň syýasy ykdysady medeni ugurlarda gazanan üstünliklerine uly goşant goşan raýatlarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanmagy möhüm ähmiýete eýedir. Şanly ýylyň wakalarynyň ählisi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy we durnuklulygy goldamaga umumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli daşary syýasat strategiýasyna ygrarlylygyň güwäsi bolup, taryhyň gatlaryndan orun alýar» diýip belleýär. Şanly wakalaryň öňüsyrasynda Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan çuňňur syýasy taryhy durmuşy ykdysady ruhy medeni hem-de ynsanperwer ähmiýetli döwrebap pikirlenişe daýanýan giň dünýä garaýyşly pikirleri özünde jemleýär. Kitapda türkmen bitaraplygynyň gadymy gözbaşlary taryhy ähmiýeti döwletimiziň bitaraplyk syýasaty halkara hukuk derejesiniň esaslary düýpli açylyp görkezilýär.Şeýle hem onda garaşsyz Türkmenistanyň daşary ykdysadyýetiniň syýasy gatnaşyklarynda eýeleýän işjeň orny ählumumy wezipeleri çözmek bilen bagly başlangyçlary giňişleýin seljerilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlary beýan edilýär. Ýurdumyzda ýetilen belent sepgitlerimiziň gazanylan üstünliklerimiziň jemi jemlenilýär.Şonuň bilen birlikde bu ajaýyp eser Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda Türkmenistanyň Bitaraplygyna 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgady boldy. Mazmuny bir kitapda türkmen ,iňlis, rus dillerinde jemlenen eser dokuz bölümden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň «Bitaraplyk türkmen paýhasynda» «Bitaraplygyň taryhy köklerine nazar aýlap» «Türkmenistan BMG-sy netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi» «Parahatçylyk we ynanyşmak döwrüň derwaýyslygy» «Bitaraplygyň ynsanperwer ölçegi» «Türkmenistanyň açyk gapylar syýasaty» «XXI asyr Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady strategiýasy» «Parahatçylyk türkmen swilizasiýasynyň binýady» atly bölümlerinde halkymyzyň paratsöýüjilik pelsepesiniň taryhy kökleriniň gadymyýetiň jümmüşine uzaýandygy açylyp görkezilýär.Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklanýandygy beýan edilýär. Şeýle ajaýyp many-mazmunly eserleri halkymyza serpaý berýän,halkymyzyň parahat, asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin döwlet galamy batly bolsun. _____________________________ Gülälek Batyrowa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI–GÖRELDE MEKDEBI

Kitaphanalar

16.12.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri–görelde mekdebi» atly gezelenç geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasynyň miweleri bolan kitaplary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, orta okuw mekdepleriniň okuwçylary hem-de dürli edara kärhanalarda zähmet çekýän zähmetkeşler üçin gymmatly çeşme bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir eserinde türkmen halkynyň we Watanymyzyň geljegi barada çuňňur pikirler jemlenýär. Bu ajaýyp kitaplardaky pikirler, ýaşlaryň öz Watanlaryny söýmegi, milli mirasyny gorap saklamagy üçin ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Gezelenjiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş berýän ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolup, döwlet galamy elmydama ýiti bolsun diýip ýagşy arzuw etdiler.

No image
KITAPHANALARA GATNAŇ ÝADAMAN, AGRAS KÄMIL BOLAR ÝALY PIKIRIŇ

Kitaphanalar

16.12.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplarynyň gelmeginde «Kitaphanalara gatnaň ýadaman, agras kämil bolar ýaly pikiriň» atly gezelenç geçirildi. Ýaşlarda kitaba bolan söýgüni döretmek maksady bilen guralan gezelenç çäresinde ýaşlar kitaphananyň dürli bölümleri bilen içgin tanyş boldular. Olar kitaphananyň ýaşuly nesiller üçin gündogar äheňinde gurnalan we syýasy jemgyýetçilik edebiýatlar ýerleşdirilen okalga otaglary, kiçi ýaşly nesillerimiz üçin niýetlenen dürli ertekili kitaplar bilen bezelen okalga otaglary, taryhy kitaplary öz içine alýan muzeý otagy, asman jisimlerini ýakyndan öwredýän obserwatoriýa otagy hem-de dürli temalara degişli kitap sergileri bilen hem giňişleýin tanyşyp geçdiler. Oňa gatnaşan ýaşlarda bolsa ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary galdyrdy. Ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmekde we kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan gezelenjiň dowamynda ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryny okadylar. Bu bolsa, bagtyýarlyk nuruna beslenen ata Watanymyzda kitaba we kitap okamak sungatyna aýratyn sarpa goýulýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Gezelenjiň ahyrynda ýaşlarymyzyň okamagy, öwrenmegi we döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. *

No image
GELIŇ ERTEKI DIŇLÄLIŇ!

Kitaphanalar

15.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynyň merkezinde hasapda duran mümkinçiligi çäkli bolan körpejeleriň arasynda “Geliň erteki diňläliň” atly göçme kitaphana hyzmatyny gurnady. Kitaphanamyzyň baý hazynasyndan çagalaryň söýgüli ertekili kitaplaryndan hem-de hemişelik okyjylarymyzyň öz elleri bilen ýasan erteki gahrymanlaryny suratlandyrýan gurjaklaryndan ybarat bolan göçme sergimiz çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Kitaphana hünärmeni körpejeleriň haýyşy boýunça birnäçe ertekileri labyzly okap berdi. Hem-de özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogap bermek bilen çagalarda kitap okamaklygyň ähmiýeti barada sorag-jogap alyşdylar. Döwletimizde kitap we kitaphana işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işer durmuşa geçirilýär. Şeýle döwletli maksatnamalardan ugur alyp bu günki geçiren çärämiz hem çagalara, ýaşlara, maýyplygy bolan adamlara edilýän kitaphana hyzmatyny ösdürmeklik maksady bilen geçirildi. Kitaphanamyzyň okyjylarynyň sanynyň üstüni ýetiren körpeje okyjylarymyzyň, söýýän kitaplaryna bolan islegleri öwrenilip, kitaphana düzgüni esasynda 10 gün möhlet bilen okamaklyga berildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň kitap okamaklyga bolan isleglerini kanagatlandyryp döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary aýtdylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2025.jpg)

No image
TÜRKMENISTAN JENNET MEKAN

Kitaphanalar

15.12.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphananyň ýaş okyjylarynyň gatnaşmaklarynda Aýazbaba bilen agtyjygy Garpamygy garşyladylar. Bu ýerde Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Täze ýyl baýramyny wasp edýän goşgular uly höwes bilen okadylar we aýdymlary ýerine ýetirdiler. Täze ýyl her birimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi, arzuwlary we täze maksatlary täsinlik bilen bir ýere jemleýän baýramçylygydyr.Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňladyrylýan baýramçylyk dabaralary bu gün welaýat kitaphanasynda hem uly şatlyk-şowhun bilen guraldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/20.jpg)

No image
NEBITGAZ SENAGATY WE GEOLOGIÝA IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK DABARASY

Täzelikler

15.12.2025

14-nji dekabrda ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni dabaraly bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň mejlisler zalynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler” atly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Halkara Bitaraplyk gününiň yzysüre bellenilýän hünär baýramçylygy mynasybetli guralan maslahat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda nebitçileriň, gazçylaryň we geologlaryň yhlasly, tutanýerli zähmeti netijesinde nebitgaz pudagynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny, pudakda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň ýurdumyza uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny berkitmäge ýardam edýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, bu ugurda halkara derejeli iri taslamalara badalga bermek bilen, uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, halkymyzyň eşretli durmuşyna, geljek nesillerimiziň hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň abadançylygyna hyzmat etmegini gazanmak ugrunda möhüm wezipeler öňde goýulýar. Pudagyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Durmuşa geçirilýän bu işler energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, sebitiň ýurtlarynyň abadançylygyna, ykdysady taýdan durnukly gurşawy emele getirmäge gönükdirilendir. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Soňra maslahata gatnaşyjy myhmanlara we nebitgaz toplumynyň işgärlerine söz berildi. Olar çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň açylyp ulanmaga berlip, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan şol senäniň ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde bellenilmeginiň özboluşly many-mazmuna eýe bolandygyny nygtadylar. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze nebitli we gazly ýataklaryň açylmagyny, Türkmenistan — Hytaý, Gündogar — Günbatar gaz geçirijilerini, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasyny pudakda gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu taslamanyň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna ak pata bermegi ýurtlaryň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge hem-de sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge ygrarlylygyň nobatdaky mysalyna öwrüldi. _________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
BELENT MAKSATLAR

Kitaphanalar

12.12.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen «Türkmenistan-parahatlyk, ynanyşmak Watany» hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýurdumyzyň äleme ýaň salan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýy berkarar Diýarymyzyň bagtyýar raýatlarynyň, şol sanda döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň kalbynyň kelamyna, dilleriniň senasyna öwrüldi. Şanly ýylda tutuş adamzada aklyk, älem-jahana asudalyk, parahatçylyk ündeýän türkmen bitaraplygynyň çuňňur mazmunyny açyp görkezmek, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleri wasp etmek, bagtyýar raýatlarymyzda halkymyzyň gadymyýetden gelýän mukaddes ýörelgelerine söýgi döretmek maksady bilen bu bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara dabaraly ýagdaýda «Hormat hatlary» we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

No image
BITARAPLYK MEKANY, BAKY BAGTYŇ MUKAMY

Kitaphanalar

12.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk mekany, baky bagtyň mukamy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler şu ýyl döwletimiziň taryhyndaky möhüm şanly senä–hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilendigine 30 ýyl dolýandygyny uly buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de Bitaraplyk türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köprüdigini we ol milletiň bütin ruhy durmuşynyň yzygiderli ösüşiniň netijesidigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de gurnalan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem-de nusgawy ýazjy-şahyrlarymyzyň eserleri ýerleşdirildi. Bu bolsa çärä gatnaşýan talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda halkymyza bagtyýarlygy peşgeş edýän, ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
BAKY BITARAPLYK-BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

12.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Baky Bitaraplyk-bagtyýarlygyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uly dabara bilen bellenilýändigini, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistan beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň mekanyna öwrülendigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň taryhy Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek tassyklanmagy, eziz Diýarymyzyň halkara abraýy has-da belende göterilendigi, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde ýokary derejä eýe bolandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.