logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Milli mirasymyza we şaý-seplerimize bagyşlanan söhbetdeşlik

Kitaphanalar

20.08.2026

"Bagt köşgi" toý-dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen "Miras" teleýaýlymy bilelikde milli mirasymyza we şaý-seplerimize bagyşlanan söhbetdeşlik gurnady. Söhbetdeşlikde milli mirasymyzyň jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegidigi, gadymy medeni mirasymyzyň, ruhy gymmatlygymyzyň asyrlaryň uzak heňňamlarynyň dowamynda barha baýlaşyp, kämilleşip gelýändigi barada nygtalyp geçildi. Şeýle hem, müňýyllyklardan baý tejribe toplap gelen halkymyzyň dünýä nusgalyk mirasynyň, milli gymmatlyklarymyzyň, edim-gylymynyň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň bardygy we häzirki ýaşlara ýetirmekde uly işleriň amala aşyrylýandygy hakynda söhbetler edildi. Milli şaý-seplerimize bagyşlanan gyzykly rowaýatlardyr, goşgular okaldy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, gadymy milli mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmäge hem-de ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

20.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan ”Türkmeniň beýik ýüpek ýoly: Demir ýoluň taryhyndan” atly kitaphana syny geçirildi. Demir ýol ulgamy ýurdumyzyň ulag-logistika düzüminiň iň möhüm sütünleriniň biridir. Demir ýol ulgamy ýurduň durmuş-ykdysady hem-de goňşy döwletler bilen söwda-üstaşyr gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm orun eýeleýär. Häzirki wagtda demir ýol ulgamynda mehanizmleşdirilen ulag depolar, täze ýolagçy we ýük wagonlary ulanmaga girizilýär. Şeýle hem, ýollaryň gurluşygyny berkitmek we sanly ulgama geçirmek işleri dowam edýär. Ine şular hakynda çykyş edenler giňişleýin söhbet etdiler. Kitaphana synyna gatnaşyjylar, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda amala aşyrýan ägirt uly işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

No image
Kitap - bilimiň açary

Kitaphanalar

20.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň işgärleriniň guramagynda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän 89-njy çagalar bakja-bagynda körpeleriň gatnaşmagynda “Kitap - bilimiň açary” atly söhbetdeşlik geçirildi. Onda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, çeper eserler, tapmaçalar, nakyllar aýdylyp, ene-mamalarymyzdan galan milli mirasymyz bolan alajadyr, el-işlerimiziň gymmaty barada täsirli söhbet edildi. Birnäçe ertekili kitaplar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap, gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Keçe – gadymy sungat

Muzeýler

19.08.2026

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda, «Miras» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda, türkmeniň keçe sungaty barada söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň irginsiz zähmeti bilen gül keşbine meňzäp duran keçeleriň güneşe baý ýurdumyzyň ähli ýerinde öýlerimiziň törüni bezeýändigini, gadymy döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten keçäniň ynsanyň saglygy üçin örän ýaramlydygyny açyp görkezýän many-mazmunly çykyşlar edildi. Şeýle hem, keçäniň taýýarlanyş usuly ähli ýerde birmeňzeş bolsa-da onuň nagyşlarynda, ölçeginde we agramynda tapawudynyň bardygy, meselem, ýurdumyzyň günbatar künjeklerinde taýýarlanylýan keçeler özüniň diňe bir nagyşlary boýunça däl, eýsem, göwrümi, hili bilen hem beýlekilerden tapawutlanýandygy muzeý hünärmenleriniň çykyşlarynda bellenilip geçildi. Şeýle hem çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr

Kitaphanalar

19.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölüminiň işgärleri tarapyndan Aşgabat şäherinde ýerleşýän Daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 28-nji çagalar bakja-bagynda “Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr” atly körpeleriň arasynda söhbetdeşlik gurnaldy. Çagalar bagynda terbiýelenýän çagalaryň kitap okamak endigini has-da ösdürmek maksady bilen, ertekileriň gahrymanlaryndan sowal-jogap alşylyp, birnäçe goşgular okaldy. Çagalara öý haýwanlarynyň atlaryny, olaryň ses aýratynlyklaryny öwretdiler. Şeýle hem, körpeleriň wagtyny hoş geçirmekleri üçin birnäçe peýdaly oýunlar gurnaldy. Kitaphana işgärleri ýaş nesliň ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty

Muzeýler

18.08.2026

Häzirki wagtda parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň mekany hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Täze taryhy döwürde döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň barha golaýlaşýan bagtyýar günlerinde eziz Diýarymyzyň her bir günini bezeýän şanly hem-de taryhy wakalar, ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Baýramçylyk lybasyna beslenen eziz Watanymyzda ýokary guramaçylykda geçirilýän çärelere işjeň häsiýet mahsus. Dabaraly çäreler hoşallyk maslahatlary, söhbetdeşlikler, aýdym-sazly çykyşlar gadymy Lebabyň edara-guramalaryna, obadyr-şäherlerine baýramçylyk şatlygyny bagyşlaýar. Golaýda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamagynda, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli ,,Garaşsyzlyk-baky bagtymyz” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri tarapyndan muzeý gymmatlyklaryndan düzülen baýramçylyk sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten derejesini milli gymmatlyklaryň üsti bilen beýan edýän bu sergi, il sylagly ýaşulularda, medeniýet we bilim işgärlerinde, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinde, muzeý hünärmenlerinde, myhmanlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Dabaraly maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanany, asuda we eşretli durmuşy peşgeş beren, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler. Gülälek Batyrowa, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.

No image
Türkmenistanyň Halk Maslahaty: aýdyň maksatlar, anyk wezipeler-röwşen geljegiň hatyrasyna

Kitaphanalar

18.08.2026

2026-njy ýylyň 18-nji awgustynda Mary welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, Mary welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda, Mary welaýat kitaphanasynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty: aýdyň maksatlar, anyk wezipeler-röwşen geljegiň hatyrasyna” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde toý ruhunda geçirilýän, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini dabaralandyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine şu günlerden görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary depginler bilen alnyp barylýandygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahaty - halk demokratiýasynyň dabaralanmasy bolup, onda ýurdumyzyň ýakyn we uzak geljegini nazarlaýan dürli meseleleriň oňyn işleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli işleriň halkyň bähbidine gönükdirilýändigini buýsançly bellediler. Şeýle hem, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň işine şowlulyklary arzuw etdiler.

No image
Medeni miras – halkyň ruhy baýlygy

Kitaphanalar

18.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Medeni miras – halkyň ruhy baýlygy» atly aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Bu çärede çykyş edenler, medeni miras her bir halkyň geçmişinden geljege uzalyp gidýän gymmatly hazynasy bolup, halkyň taryhyny, däp-dessurlaryny, sungatyny, edebiýatyny we milli aýratynlyklaryny özünde jemleýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, ene-mamalarymyzdan gelýän inçe, nepis sungatymyz döwrebap hem-de gadymy nusgalarda dowam etdirilýär. Häzirki wagtda keşdeçilik sungatynyň ussat gelin-gyzlarymyzyň çeper gözlegleri bilen has-da baýlaşdyrylýandygy, owadan nagyşlar bilen bejerilen milli lybaslaryň, kürteleriň, çyrpylaryň, gyňaçlaryň, tahýalaryň halkyň arasynda giňden ýaýrandygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Çäräniň dowamynda sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy.

No image
“Bilim - belentlige badalga” atly kitap sergisi

Kitaphanalar

18.08.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölümiň okalga zalynda “Bilim - belentlige badalga” atly kitap sergisi gurnaldy. Bu sergi oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. “Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys”diýip, ýaşlara uly ynam bildirýan hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän her bir tutumly işlerinde ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigine aýdyň göz ýetirýäris. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilikler döredip beren, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
Söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

18.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň guramagynda “Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr, dramaturg, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Orazguly Annaýewiň doglan gününiň 80 ýyllygyna” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde Orazguly Annaýewiň ömri we döredijiligi, ýazan eserleri, şeýle-de “Girdap” hakyndaky goşgulary barada täsirli söhbetler edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda şahyryň eserleri barada sowal-jogap alşyldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphanaçylar kitaphana işini ösdürmekde hem-de aýawly saklap, kitaplary ýaş nesillere ýetirmekde uly aladalar edýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.