logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÄZE OBA-ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY KUWWATYNYŇ NYŞANY

Täzelikler

18.09.2025

17-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap obanyň açylyş dabarasy boldy. Täze ilatly ýeriň “Bagtly zamana” diýlip atlandyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar. Garaşsyz Diýarymyzda täze, döwrebap şäherleri, şäherçeleri we obalary gurup ulanmaga bermek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň sebitlerinde ilaty döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça işler batly depginde dowam edýär, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumlary, obalardyr şäherçeler bina edilýär. Olarda ilata durmuş taýdan hyzmat edýän dürli maksatly desgalar gurulýar, abadan durmuş, netijeli zähmet çekmek, göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda Bagtly zamana obasynyň açylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Ir bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ýygnandylar. Dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, türkmen topragynyň dürli künjeklerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümleriň döredilmegi, ähli pudaklara ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilýän ägirt uly maýa goýum serişdeleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna we ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzy, beýleki şäherlerimizi bezeýän ajaýyp binagärlik toplumlary, önümçilik kärhanalary, saglygy goraýyş, medeni, sport desgalary, ýokary we orta okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň täze binalary soňky ýyllarda batly depginler bilen öňe barýan Watanymyzyň artýan ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edip, döwletimizde adam baradaky aladanyň ileri tutulýandygyny görkezýär. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. «Türkmenistan gazeti»

No image
SUNGAT ÄLEMINIŇ USSATLARY

Täzelikler

17.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen sungaty we medeniýeti taryhy ösüşiň täze basgançaklaryna göterildi. Ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň alynmagy netijesinde ýaş sungat we döredijilik işgärleri halkyň durmuşynda we aňyýetinde watançylyk duýgularyny oýarmaklyk bilen öz döredijiliklerinde has erkin işläp başlaýarlar. Ýurdumyzda bilimli-ylymly ýaşlary kemala getirmek ugrunda öňe sürülýän esasy maksatlaryň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ussat halypalar, mugallymlar, talyp ýaşlar bilen yzygiderli okuw maslahatlaryny, tegelek sollaryny gurnap gyzykly duşuşyklary geçirýärler. Bu gün hem Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uly mugallymy Saragt Babaýew we nakgaşçylyk kafedrasynyň uly mugallymy Polat Garryýewiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada talyplaryň arasynda sowal-jogaply brifing duşuşygy geçirildi. Bu duşuşygyň dowamynda talyp ýaşlar ussat halypalara biri-birinden gyzykly döredijilik we sungat ýoly dogrusynda sowallary berdiler. Ussatlarymyz bolsa öz döredijilikleri we sungat ýolunyň inçe syrlary barada talyp ýaşlara gyzykly gürrüňleri berdiler. Brifingde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Halk maslahaty, ondaky ara alnyp maslahatlaşylýan halk bähbitli, ýurt ähmiýetli meseleler, ýurdumyzda şol esasynda alnyp barylýan syýasatlar, syýasy-ykdysady, medeni-durmuş, ylym-bilim, sungat we medeniýet ugurlarynda ägirt uly ösüşleri, öňegidişikleri gazanylýanlygy barada köp sanly mysallary getirip, talyp ýaşlara biri-birinden täsirli maglumatlary berdiler. Ussat halypalar Saragt Babaýew we Polat Garryýew ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän sepgitleri ýüreklerini has-da joşduryp, täze sungat eserleriniň döremegine itergi berýändiklerini, talyp ýaşlara bolsa öz saýlap alan ugurlarynda üstünlik arzuw etdiler. Bu duşuşyk ussat halypalar we talyp ýaşlar üçin täsirli we ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi. __________________ Amangül GOÇMYRADOWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby

No image
ARKADAG ŞÄHERI GELJEGIŇ ŞÄHERI

Kitaphanalar

17.09.2025

Binýady berkden gurlan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň eşretini görüp ýaşaýan halkymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Biziň ajaýyp baýramlarymyz goşa-goşadan gelýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň öňi syrasynda Arkadag şäherimizde täze jaýlaryň birnäçesi açylyp ulanmana berildi. Täze jaýa göçen ildeşlerimiziň ýürek buýsançlary joşgunlary gözlerinden okalýar. Bize şeýle bagtly durmuşda ýaşamana ajaýyp şertler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, bolmagyny, döwletli işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris.

No image
GARAŞSYZLYK-PEDERLERIMIZIŇ HASYL BOLAN ARZUWY

Kitaphanalar

17.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk-pederlerimiziň hasyl bolan arzuwy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary ýogy 34 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Mähriban Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere göterilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe boldy. Şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamyndaky arzuwy bolan Garaşsyzlyk bu gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Garaşsyzlyk döwletimiziň binýadyny berkidip, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy asuda awadan, parahat ýurtda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNA AGZA DÖWLETLERINIŇ MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI

Halkara gatnaşyklary

17.09.2025

2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Medeniýet ministri wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň Duşenbe şäherinde geçirilen Medeni hyzmatdaşlyk boýunça nobatdaky 40-njy geňeşiniň mejlisinde bu döwletleriň arasynda alnyp barlan we geljekde meýilleşdirilýän medeniýet babatdaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu Gurama agza döwletleriň Gumanitar ugurda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşi 2019-njy ýylda Aşgabat şäherinde geçirildi. Şonuň ýaly hem, Mary şäheri 2012-nji ýylda, Daşoguz şäheri bolsa 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi we şol ýyllarda ýurdumyzda agza döwletleriň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ençeme medeni çäreler geçirilendigini bellemek gerek. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/bhuj.jpg) Ýurdumyzyň medeniýet, sungat, döredijilik wekilleri Gurama agza döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyklaryň çäklerinde birek-biregiňkide geçirilýän medeni çärelere işjeň gatnaşýarlar. Mejlisiň işine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan Türkmenistanyň Medeniýet ministri hem öz gezeginde Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyna hem uly ähmiýet berilýändigi barada belläp geçdi. Şeýle hem ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça nobatdaky 40-njy geňeşiniň mejlisiniň gün tertibinde seredilen meseleleri Türkmen tarapynyň goldaýandygy, geljekde bu dostlukly döwletler bilen medeniýet babatdaky hyzmatdaşlygy işjeň ýagdaýda dowam etdiriljekdigi barada aýtdy we mejlisiň işine gatnaşanlara işlerinde üstünlik arzuw etdi.

No image
BILDIRIŞ !

Teatr we kino dünýäsi

17.09.2025

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsümiň başlamagy bilen, Arkadag şäheriniň «Aba Annaýew» adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy we Türkmenistanyň Döwlet sirkleri bilen bilelikde «Görogly» eposyndan, Göroglynyň döreýşi barada sahnalaşdyrylan täze sirk çykyşyny Size hödürleýär. Çykyşyň dowamynda Halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkleriniň artistleri çykyş ederler. Çykyşlar her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri sagat 19:00-da görkeziler. Giriş petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda «online» görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 39-80-44 / 39-80-45 / 36-10-95. Türkmenistanyň Döwlet sirkine hoş geldiňiz.

No image
AGZYBIRLIK BAGTYÝARLYGYŇ ÖZENI

Kitaphanalar

17.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» seýilgähinde «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Agzybirlik bagtyýarlygyň özeni» atly söhbetdeşlik geçirdi. Häzirki wagtda halkymyzyň ruhy ýörelgelerinden ugur alynyp geçirilýän Türkmenistanyň halk Maslahaty asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgeleri, pähim-paýhasy bilen halkymyzyň görelde mekdebi bolup gelýän halkyň ygtybarly wekillerine sarpa goýmagyň, agzybirligiň we jebisligiň subutnamasydyr. Döwletli maslahatda ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna degişli meselelere garalýar. Ýurdumyzyň ösüşi ugryndaky esasy wezipeler bilen halkymyz giňden tanyşdyrlyp, olary ýerine ýetirmegiň anyk ýollary kesgitlenilýär. Şeýle edilmegi bilen, bu gün türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda agzybirlikde, maslahatly kabul edilýän çözgütler bilen abadan durmuşuň berkararlygyny, täze ösüşleriň binýadyny goýýan. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda buýsançly gürrüňler edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Watanymyzy bir supranyň başynda jem edip parasatly başlangyçlary öňe sürýär Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

No image
2025-nji ýylyň 17-21-nji sentýabry aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň

Teatr we kino dünýäsi

17.09.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 17.09.2025ý. «Mukaddeslige tagzym» sagat 19:00 20.09.2025ý. «Hoşlaşasym gelenok» sagat 19:00 21.09.2025ý. «Yşgyň gämisi» sagat 19:00 TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 17.09.2025ý. «Gurbannazar Ezizow» sagat 19:00 20.09.2025ý. «Pursat» sagat 19:00 21.09.2025ý. «Talyp söýgüsi» sagat 19:00 TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 21.09.2025ý. «Söweşe garşy söweş» sagat 19:00 A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 20.09.2025ý. «Juwan kalbym joşanda» sagat 19:00 21.09.2025ý. «Aşyk erkek» sagat 19:00 TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 20.09.2025ý. «Amanat giýew» sagat 19:00 21.09.2025ý. «Söýgi» sagat 19:00 ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 20.09.2025ý. «Pederleriň ýoly» sagat 19:00 21.09.2025ý. «Gumly gelin» sagat 19:00 TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 20.09.2025ý. «Maşa we aýy» sagat 17:00 20.09.2025ý. «Juwan kalbym joşanda» sagat 19:00 21.09.2025ý. «Bir towşanjyk bar eken» sagat 17:00 21.09.2025ý. «Mährem ene» sagat 19:00 BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 20.09.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00 DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 20.09.2025ý. «Gaýduwsyz serkerde» sagat 19:00 21.09.2025ý. «Ejekejan» sagat 19:00 LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 21.09.2025ý. «Syrak hakda rowaýat» sagat 19:00 MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 20.09.2025ý. «Biz öýlenmäge taýýar» sagat 19:00 21.09.2025ý. «Talyp söýgüsi» sagat 19:00

No image
«DÜNÝÄ GÖZELLIKLERINI ZENANLAR WASP EDENDE» ATLY KERAMIKAÇY GELIN-GYZLARYŇ DÖREDIJILIK SERGISI

Täzelikler

17.09.2025

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanmagynyň 34 ýyllygy ýurdumyz üçin aýratyn taryhy we syýasy ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarda ösüşleri üstünlikli dowam edýär. Her ýylyň sentýabry türkmen halky üçin aýratyn bir buýsançly pursatlara bagyşlanýar. Çünki Garaşsyzlyk–diňe bir taryhy wakanyň senesi däl, eýsem halkyň erkinliginiň, döwletimiziň ösüş ýolunyň, bagtyýar ýaşaýşymyzyň hem iň beýik gymmatlygydyr. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şanly çäreler geçirilýär. Uludan toýlanýan mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda, 2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymy Gülara Babaýewanyň we onuň şägirtleri Laçyn Toýlyýewanyň, Jemal Batyrowanyň, Maýa Tejenowanyň, Ogulbahar Annamuhammedowanyň, Patmagözel Atabaýewanyň «Dünýä gözelliklerini zenanlar wasp edende» atly keramikaçy gelin-gyzlaryň döredijilik sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/5.jpg) Keramika bu milli sungatymyza aýratyn öwüşgin berýän bezeg önümleriniň esaslarynyň biridir. Bu sungat örän gadymdan bäri adamzat jemgyýetiniň durmuşynda onuň ýaşaýşynyň ähli pudaklarynda giňden ulanylyp gelýär. Keramikaçylar döredijilik eserleriniň saldamly we nepis bolmagy üçin tebigatyň ösümlik, haýwanat, asman jisimleri we adam keşpleri bilen baýlaşdyrýarlar. Nagyşlaryň çylşyrymlaşmagy, olara tebigat şekilleriniň, adam keşpleriniň, haýwanlaryň çekilmegi, bir işiň ýüzünde kompozision äheňli keşpler toplumynyň ýerleşdirilmegi ýaly usullar häzirki wagtda keramikada has köp ulanylýan usullaryň biridir. Mugallym Gülara Babaýewa hem öz şägirtlerine keramika sungatyny ussatlyk bilen öwredip, eserleriniň ähmiýetini döredijilik sergisinde beýan edýär. Onuň şägirtleriniň ýiti zehininden dörän sungat eserleri halkymyzyň el senediniň özboluşly beýany bolup, ilimiziň ýürek töründe orun aldy. Türkmeniň milli halypa-şägirtlik mekdebiniň mynasyp dowam edýändigini görkezýän amaly-haşam sungatynyň sergisi ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde bu ýörelgäniň gymmatynyň bardygyny bellemek bolar. ________________________ Oguljan DAÝYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby

No image
GYRGYZ RESPUBLIKASYNDA HALKARA SYÝAHATÇYLYK FORUMY GEÇIRILDI

Halkara gatnaşyklary

17.09.2025

2025-nji ýylyň 15-16-nji sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Jalal-Abad şäherinde Türk döwletleriniň Guramasynyň Halkara Syýahatçylyk forumy geçirildi. Forumda durnukly syýahatçylygy ösdürmäge, türk ýurtlarynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmäge we öňdebaryjy tejribe alyşmaga bagyşlandy. Foruma döwlet edaralary, syýahatçylyk kärhanalary, halkara guramalary we Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Wengriýanyň 150-den gowrak wekili gatnaşdy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/25.jpg)