Türkmenistanyň Halk Maslahaty – Geňeşli iliň döwletli ýoly
Kitaphanalar
06.08.2026Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty–Geňeşli iliň döwletli ýoly» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ösüşiň täze belentliklerine tarap barýan asuda ýurdumyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri, häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýändigi, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli özgertmeler, ilkinji nobatda, adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilýändigi hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän geňeşmek däpleriniň häzirki döwürdäki aýdyň beýany bolup, türkmen halky möhüm döwlet meselelerini çözmegi hemişe ýaşulularyň parasatyna, il sylagly adamlaryň maslahatyna daýanýandygy, şonuň üçin hem halk arasynda “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz”, “Geňeşli salamat bolar” ýaly birnäçe pähim–paýhasly nakyllar nesilden-nesillere geçip, biziň günlerimize gelip ýetendigi barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.